Bagt name? Bu sowala her kim ozuce dusunyar, ozuce jogap beryar. Menin pikirimce, adamyn jany sag, kalby rahat, durmusy asuda bolsa, sol in uly bagtdyr. Her bir adam omrunde kop arzuw-hyýallara beslenyar we solara yetmek ucin yasayar. Emma, bu arzuwlara yetmek ucin durmus synaglaryny yenip gecmeli bolyar.
Synpdasym Selbi bilen mana lukmancylyk uniweritetinin talyby bolmak bagty miyesser etdi. Selbi kicigowunli, pespal gyzdy. Onun turkmen gyzyna mahsusbolan asylly gylyk-hasiyeti koplere yarayardy. Gyzyn bu hasiyeti synpdasymyz Jeyhuny ozune maýyl etdi. Bu gyzyn owadanlygy, mylaýymlygy, agraslygy yigidiň gownune yarady.
Mekdebi gutarandan son, her kim oz durmus ýolyny saylap aldy. Jeyhun hem yokary okuw jaýyna girmegiń arzuwyndady. Ol su maksat bilen hem giris synaglaryna taýynlandy. Ýokary okuw jaýyna girip, yşkynda ýören gyzy Selbi bilen bir şäherde boljak gunlerini goz onune getirip ganat baglap uçaýjak bolyardy.
Emma durmusda hemise gowun-islegin bolup durmayar. Jeyhunyn yokary okuw jayynyn giris synagyna gitmeli guni duýdansyz gelen jaň yigidiň durmusyny butinley üýtgetdi. Telefonda kakasynyn isdesi Berdi aga Myrat aganyn yol helakciligine ucranlygy baradaky şum habary kynlyk bilen yetirdi. Bu wakadan soň, Jeyhun yokary okuw jayyns girmek hyyalyny wagtlayynca sona goymaly boldy. Sebabi, ol masgalanyn ulusydy. Ejesine, jigisine seretmelem, masgalanyn keşigini cekmegem indi onun boynundady.
Selbi bir yyl okandan son, tomusky dync alysda oba geldi.
Durmusyndan gownuhos gyz has hem gozellesipdi. Jeyhun ona yuregindaki soygusini duydurdy. Gyzyn hem onda gowni yok daldi. Emma gyz ejaby birbada razylyk bermage yol bermedi. Aradan bir yyl gecmanka, Selbi Jeyhuna oz razylygyny berdi. Dunyade bu ikisinden bagtly adam yokdy, pynhan dususyklar suyji arzuwlardan doludy.
Jeyhunyn ejesi Selbilere sawcylyga bardy. Ol garyndaslyk acmaga gelendigini, yaslaryn biri-birinde gownunin bardygyny duyduranda, Selbinin ejesi ör-gökden geldi we gaydyp gyz diyip gelmezligi, her kimin oz deni bilen garyndaslyk acyandygyny, ýitigini basga yerden gozlemelidigini çürt-kesik aytdy. Selbi iki odun arasynda galdy. Hacanda ol Jeyhuny soyyandigini duyduranda, ejesi çürt-kesik Jeyhuna bermejekdigini, gaydyp hem bu barada agzamazlygyny aytdy. Ol ejesinin bagty baylykdan gozleyandigine gynanyardy, emma olaryn raýyny ýykyp bilmeyardi. Gadyrly saýtdaşlar, agzalar(agalar-ýeňňeler,jigiler-uýalar,deň-duşlarym) şular yaly omur sepgidinde kim name ederdi? Oz pikirlerinizi beýan etseniz?!
25.07.2021 0:25

Sorag-jogap, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir