Awariýa bolup, aldyrdym bir aýagy,
Aglatdylar gelnime berip, ajy habary,
Elime tutdurdylar iki sany taýagy,
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Şol günden soň gelnim meni terk etdi,
Maýyplyk sebäpli ojagym batdy,
Aýralyk hem maýyplyk menini ýykdy,
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Şeýtdirip garradym ýaşlyk çagymda,
Iki pişek ýoldaş boldy ýanymda,
Bagtly geçen
günlerim elmydama ýadymda,
Aýdyñ indi ýaşamalymy, ölmeli.

Hudaýym! Hiç kimem bolmasyn maýyp
Uçyp gitýär ömüriň elinden gaýyp,
Şükür ediň gülmäň utançdyr aýyp,
Aýdyñ indi ýaşamalymy, ölmeli

Awtor: Kakajan Meredow (gyzylarbatlym)

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir