Dunýäniň işleri, elmydama aýaga oralaşyp gyssaýar adamy.
Adatdaky ýaly dik aýakda durup mesge çalynan çöregi gyssanmaç iýip durdum. Ejem her sapardakysy ýaly meni rahatlandyrdy:
- Oglum gyssanma, arkaýyn oturyp çaýyňy iç.
- Ýok Eje, işe gijä galýan. Boldy men gitdim!
- Gyssanma oglum! Ejem gözume adatdakysyndan başgaça seretdi. - Gep bar!
Howsylarap sagada seretdim: Häli zaprawka baryp benzin guýmaly, işe barmaly, ýygnak...
- Näme gep Eje?
Ejem entägem gözlerime mähir bilen seredip otyrdy:
- Surata duşeli - diýdi tötänden.
Haýran galdym.
- Näme uçin?
- Ýakynda men ölýärin! Ejem bu sözi edil "goňşylara çykyp geleýin" diýen äheň bilen aýtdy. Gülip goýberdim.
- Goýsana Eje! - şeý diýdimde çykdym gitdim.
Aradan iki hepde ötdi..... Gijelerine oýanyp gidýän, oýlanýan... Oýlanýan: sen namard, sen akmak şonda nämä guldiň, nämä?
Surata düşmäne wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa tapýaňa jurnal uçin, kitap uçin, ýaryň üçin, dostlaryň üçin, işiň üçin... Sen näme kinoýulduzmy sen? Dunýe tanan şahsmy sen?
Ana bir desse suratyň ýatyr her hili, her ýerde...
Diňe... Diňe Ejeň bilen düşen suratyň ýok.

Ötkir Haşimov

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir