salam talyplar,kerim agan shu goshgusyny siz bn paylashasym geldi,meni duygulandyran goshgy.. Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy, Onda-da ne gaýtarma! Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy. Ykbal bu üç bagty berenok hemmä. (Kä ikisin berip, birin berenok, Käte birin berse, ikisin kemýä). Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy. Ady dilindedi uludan-kiçiň. Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol, Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.
Kerim gurbannepesow "gaytarma"
-
Laplandiya
14 years ago
- Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber “begen-de”
Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma!
Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. Özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
Oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut.
…Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.
Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Ýene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna.
-
Laplandiya
14 years ago
- - Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! -
Çopanyň yzyndan ylgady Nabat.
Näme bolanyna düşünmän galdyk –
Aýylganç gümpüldi edildi şo bat.
Ýene bir gümpüldi… Gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa –
Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar.
Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.
..Müňkürlik diýen zat
Hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny.
-
kapriz
14 years ago
- laplandiya!gynandymay, tuveleme govuja zatlar tapyaňay.kerim aganyň ''yazmasy agyr düshen goshgy''sy yadyňdamy?
-
Laplandiya
14 years ago
- hawwa kapriz,olam diysen duygulandyryjy goshgy..
-
Chakan
14 years ago
- Bet goshgy laplandiya! Bu goshgyny öñ okap görmändim. Kerim agañ goshgularyny yene yazsana (hayisht)
-
Laplandiya
14 years ago
- “Bir meýlisde”
Ýaşuly, ýaş kiçi,
Birtopar kişi –
Adamdan doludy
Otagyň içi.
Boşady bäş sanak
Palawly çanak.
Çanaklaň deregne
Aýlandy çäýnek.
Gök çaýyň başynda
Gyzyşdy gürrüň:
“Plan ýerden, awdan
Gelýärdim bir gün.
Goýberdim tazyny,
Uçurdym guşy…”
Garaz, agyrdyldy
Müň gepiň başy.
Gürrüňiň az-owlak
Gaçyşyp duzy,
Anekdota ýazdy
Gürrüňiň yzy.
Onýança ýerinden turdy-da Oraz?
Diýdi: “Bolsady hem ekeliň biraz.
Ynha, bar aýdaly, meselem, häzir,
Tamyň depesinden gelip bir owaz,
“Bir uly dilegňi bitirjek!” diýse,
Näme dilärdiňiz, adamlar, eýse?
Meselem, sen näme dilärdiň, Geldi?”
-Menmi? Gök WOLGALY lotereý bildi.
-Hany diý, sen näme dilärdiň, Kemal?
-Uzyn boý, ak ýüzli bir sahypjemal.
-Ýeri, sen nämejik dilärdiň, Pena?
-Bir oguljyk bolsa, oňardym menä.
-Ýeri seň dilegiň nämedir, çakmak?
-Meňkimi? Jahana aýlanyp çykmak.
-Saňa näme gerek aý ýadaw ýigit?
-Ölýänçäm iýjegim bolaýsa mugut...
-Ýeri sen dilegsiz oňjakmy Çary?
-Bir oňat goňşynyň zary men zary.
-A-how seň dilegiň nämedir, Bäşim?
-Elliden ýigrimä geläýse ýaşym...
Garasaý ekildi bolsada bary,
Biri ömür baky ýaşlyk diledi.
Biri palowdan soň çişlik diledi
Bir ýigit (student bolara çemli)
Ertir fizikadan bäşlik diledi.
Käsi agtyk, käsi çowluk diledi,
Käsi çowlukdan soň ýuwlyk diledi.
Käsi dosty üçin saglyk dilese,
Käsi özi üçin saglyk diledi.
Biri (meger oglun öýlendirjekdir)
Gyňaçlyk on sany ýaglyk diledi.
Aý garaz hemme zat dilenip çykdy
Gök WOLGAdan başlap GYŇAJA çenli.
Ýöne weli akyl dilän bolmady...
Akyldan kösenýän ýok bora çemli.
-
fistik
14 years ago
- kerim gurbannepesov ahli goşgularyn halayan.laplandiya yenede yazayda govy goşgularyndan
-
Lark
14 years ago
- sag bol laplandiya ! ýene ýazsana dost.
-
Chakan
14 years ago
- Laplandiya, Kerim agañ ''ömrümde bir gezek yalan sözledim'' diyen goshgusyny yazayda bilyän bolsañ. Öñ bir gezek gezek okapdym sho goshgyny, gowy goshgy eken.
-
Chakan
14 years ago
- Laplandiya, Kerim agañ ''ömrümde bir gezek yalan sözledim'' diyen goshgusyny yazayda bilyän bolsañ. Öñ bir gezek gezek okapdym sho goshgyny, gowy goshgy eken.
-
Lark
14 years ago
- bagyşlaň agzalar arapreýhan sahypa açsana sa ňa soragym bar. men övrenje.
-
arapreyhan
14 years ago
- salam lark..
soraber soragin bolsa sutayda,
gizlin dal bolsa goy bilsin hemme,
ovrenere zat kop hemmamiz talip,
acaris sahipa taliplar komda.
-
Bayja
14 years ago
- Gowy goshgy eken
-
Ayyuzli
14 years ago
- laplandiya,'gaytarma'ny menem gowy goryan.oran uytgeshik yazylan
-
samser
14 years ago
- Sagbol lappy...
-
Cwetocek
14 years ago
- Laplandiya kop kop minnetdar!!! Oran gowy goshgylar!
Laplandiya 14 years ago- Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.
Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi
Käriziň sagynda. Biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi –
O mahal her dürli keselem köpdi.
Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy
Bizem bagtly.