Salam Talyplar!* Men Türkiye Stambulda \"Yıldız Tehniki Unv.\" nin Ykdysadyet Bölümünde 4-nji kurs talyp. Yany yakynda meni Bölümün Başlygyna Asistent edip bellediler. Yöne hali 2 yyl mundan ozal sapaklarym öran erbetdi. Men sizin bilen sonky iki yylda edinen tejribelerimi paylaşasym gelyar. 1. Birinji egzamende(vize)** erbet alsam-da hiç wagt goy bolsun etmedim we ikinji egzamene hasam yhlasly tayyarlandym. 2.Sapaklaryn dowamly üstünde duranym üçin sapaklar wagtyn geçmegi bilen ansatlaşyp başlady. 3.Sapaklaryn kabir yerlerinde baglanyp galmadym. Sebabi baglanyp galanymda beyleki sapaklary okamak we gezip-tozmak üçin wagtym galmayardy. 4.İlkinji iki egzamende erbet baha alsam hem sonky egzamene(final egzameny) tayyarlandym we gatnaşdym. Egzamenlerde naçe baha alsam hem hemişe şol sapaklary geçmek üçin çydalaşdym. 5.Eger haysyda bir sapakdan galan yagdayymda şol sapagyn indiki semestrlarda(yarym yyl) artykmaç yük boljagyna düşündim. Talyplara okuwlarynda üstünlik arzuw edyarin. PS: Niyetim akyl bermek dal, dine başdan geçiren tejribelerimi sizin bilen paylaşmak. Üns berip okanynyz üçin sag bolun. *(Menin üçin her adam bir talyp sebabi öwrenmegin yaşy yok diyip pikir edyan) **Türkiyede köp Universitetlarda her sapgyn 2 sany Viza Egzameny ,1 sanagam Final Egzameny bolyar.

Köneler, tmEconomist tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir