Bir ökde suratkeşiñ şägirdi okuwyny tamamlapdyr. Suratkeş şägirdini ugradanda suratlaryny şäheriñ iñ bir köplük ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerlerine X goýmalary üçin ýazgy taslamasyny buýrupdyr. Okuwçy birnäçe günden soñ, onuñ X-lardan doludygyny görüpdir. Muña bozulup halypasynyñ ýanyna gidipdir. Suratkeş darykmamasyny we täzeden işini dowam etdirmekligini aýdypdyr. Şägirt suratyny täzeden çekipdir. Ussat suraty ýene şäheriñ iñ gelim-gidimli ýerinde goýmagyny aýdypdyr. Ýöne bu gezek her dürli reñkler bilen birnäçe çotga goýup, ýanyna hem adamlardan halamadyk ýerlerini düzetmekleri üçin ýazgy taslamasyny isläpdir. Okuwçy aýdylanlary edipdir. Birnäçe günden soñ görse, suratyna hiç el degmändir. Begenip halypasynyñ ýanyna barypdyr. Halypasy şeyle diýipdir:
-Birinjiñde ömründe surat çekip görmedik adamlaram seniñ suratyñy garalady. Ikinjiñde sen olardan dörediji bolmaklaryny islediñ, dörediji bolmak üçin türgenleşmek gerekdir. Hiç kimiñ bilmeýän zadyny üýtgetmäge gaýraty çatmady-diýipdir.

Internet sahypalaryndan.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir