Bilýäňmi kämahal pikir edýän… durmuşda mydam biziň isleýşimiz ýaly bolmaýar. Umyt bilen seredýäň penjireden daşary, emma diňe boşluk bar ahyry ol ýerde. Asmana bakyp ýyldyzlara seredýäň, tüýs hudaýa çokunýan deý bir pursat… Seniň OŇA birzatlar diýesiň gelýär, emma näbelli birzat seni saklar şol halda. Sen dyza çöküp, onuň adyn gygyrasyň gelýär. Ony göresiň gelýär, oňa ýärym diýesiň gelýär. Dogursy şol wagt şeýle ajaýyp boljakdygyny göz öňüňe getiresiň gelýär. Ýöne seniň durmuşyňda şatlyk görmek nekaýda. Hemme isleg arzuwlaryň hakykata deň gelmese. Şol jebir-jepany, gam-gussany, öýke kinäni unutmak üçin dyrjaşýaň. Hemme zat gowy, ýöne diňe daşyndan. Düşünjek bolýaň näme sebäpden başga gitdi. Sebäp ýamanlyk etmändiň sen hiç hili oňa. Soňunda duýan syzan zatlaryň bir gorkunç düýşe meňzeş. Her ýaşanan gün bolsa teniňda elhenç yz galdyrýar. Ýolda yolagçylara seretmän ýol ugry barýaň ýene-de. Unutmak isleýäň, emma başaraňok ahbetin, sebäp saňa gymmatlydyr her zatdan beter Güneş nurundan ajap, onuň bagtly gülüşi. Onsuz seniň dünýäň, diňe ýumrulýar hem batýar. Şol barmana hakydaňa diňe bir pikir gelýär : “Allajanym, alma ony menden...” diýýäň. Ol seniň durmuşyň manysy, wah arman ýok seniň ýanyňda indi. Bu käbirlerine düşnüksiz geler belkem, Bilýän ajy jebir içden we oňa degmek gerek däl hijem. Goý öçsün, kül deýin ýeller dagydyp. Arka dönüp giderin, emma ýürek tersini isleýär… Ýürek diňe onuň söýgisini isleýär, diňe ony ýekejämi Gujagyma alyp bilmek, mährinden doýup söýup öpmek “Onuň seniňkidigini!” bilmek Emma düşünmeli indi, ol gitdi başgasy bilen, diňe onuň ýanynda Ol mydam bolasy gelýär, hat-da käwagt ýatlasa-da meger Hijem söýgini yzyna döndürip bilmez Gam-gussa ýürekde- bu maňa tanyş. Ol seni unutdy, ol başgany tapdy. Unut senem ony, diňläý bir gezek meni. Sebäp gijeýärym gözýaşlaň, edýär para-para bilýärmiň bu kalby. Men görüp bilmen indi, seniň paralanan kalbyňy. Düşün! Kysmatdyr bu! Gutulyp bolmaz ondan hijem! Ýokardan ýazylandyr, durmuş ýoly şeýle geçmek saňa. Hemme zat tükeniksizlige uçrady, döndürmäge dyrjaşmaga gerek ýok. Döndürip bolmaz yzyna gaýtalanmajak zady täzeden. Diňe ünsüňi başga berseň azatsyň, edil guş deýin Ýene azajyk dyrjaş! Seni akym alyp gider. Ykbalyň her bir öwrümi – bu seniň durmuş mekdebiň “Her kimde şeýle pursat bolýar, özüne erk edip bilmez. Haçan-da özüň hakly saýyp, başgalaň pikrin diňlemez” Belki seniň hakykatyň has ýürege batandyr. Giç indi soraglamak kimsäni, eýýäm gapylar mäkäm ýapyldy. “ Men seni nähili güýçli söýýändigimi aýdasym geldi! Sensiz ýaşap bilmeýänligimi aýdasym geldi” Emma söýmedik adam söýmezem hiç haçan. Umyt ölen ýerinde, boşluk emele geler. Sen özüňi öldürýäň! Durmuşyňy manysyz gutaryp. Özüňde jogap gözleýäň, hakykatdan daşlaşyp. Sen öçüp barýaň, özüň hem muny bilmän. Gerekmi aýtsana saňa, seni şeýle agyr jeza bendi etdiren. “Hudaya deňärdim men öz güljagazymy! Men özümi ýalňyş alyp bardymmy ýa? Men ýalňyşdym diýjek dönse o peri! Söýgini dogry berip bilmedimmi ýa!” O seni hasap edmeýär eý akmak däli. Belki men ýalňyşýanymy aýtsady birileri Emma söýülmege degmeýär belli Göge galdyrýanlar alkymyny “Maňlaýa ýazgyt şeýledir, goý eşitsin kalbym meniň. Aklym gaýtalaýar has hem alçaklap Sözler ýitýär, daşlar ýagdyryp. Ýara bitýär, ýöne elhenç yzlar galdyryp.” Emma hyýalyňdaky ikijäk mahaly umyt edip ýürek bilen ynanýaň, , , Seniň üçin şeýle ähmiýetli bolan, onuň üçin biderek zat ynan Düşünýäňmi, seniň kalbyň ýarasy, onuň üçin perwaýsyzdy elmydam Ýöne ýene ynanasyň gelýär Onuň ýatdan çykarmadygyny hemme sözleri… Söýup birýerlerde saňa garaşýanyna…

Köneler, imperator tarapyndan 15 years ago
    Nechka94 14 years ago
  • Men muny kopyalap 1 nji gusuma oz adymdan ugradayyn. O meni tazeden soyer onson.
    Crash 14 years ago
  • hehe
    Ashyksergezdan 14 years ago
  • Crash hemmelere gerek diyip pizdes gowy tema acdym. Girsen onyny turuzya goni.
    Crash 14 years ago
  • gordumlay mla haha. blya beytmeli daldarow. barde gyzlaram bara.
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri