Men adam iýýän.

Günlerde bir gün dost oglanlar we gyzlar bilen daga oturmaga gitmeli diýilen karara geldik. Bu dynç alyşa biz 1 aý taýynlanyp planlar düzüp ýol-şaýymyzy gowy tutundyk. Ir bilen daglara bardyk. Aýlandyk, öýlän töweregi naharlar bilen gowja garbanyp, öýlänki-uka gitdik. Az-salym ýatyp ýene aýlanyp heziller edindik. Agşam düşdi. Agşamlygam edindik, günümiz gowy geçdi, özümiz hem gowy ýadap oduň başyna geçip göwündeş-ýürekdeş gürrüňlere başladyk, gitarada aýdymlar, goşgular. Ahyry gyzlaryň ýüregi gysyp başlady. Men gyzlaryň ýüregi gysmazýaly gowy emel-tapdym we gürrüňe başladym:
- Gyzlar, ýüregiňiz gysýarmy? Onda size bir wakany gürrün bereýin. Ünsli diňleseňiz? - diýenimde iki gyz çapak-çaldy, göräýmäge beýleki gyzlaram, elbetde höwesek bolarly. Bularyň diňlemäge höwesiniň döränligini bilip menem gürrüňe başladym:
- Waka geçen 50 ýyllykda bolup geçipdir diýip eşitdim. Çynmy ýalanmy bilemok, emma menä ynanýan. Gaty garry bolmadyk baý adam bar eken, ol tütjar baý bolsada, pahyr inwalid bolup ýöräp bilmändir. Ömrüni diňe inwalid-oturgyçda oturup geçirip ýaşaýar. Bu adam akylly hem bolsa özüni ýaşajyk we mekir gyza aldadyp, ol gyza öýlenipdir. Günlerde bir gün bu gyz, ol baý adamy öldürip, ähli baýlygy öz adyna geçirmek niýeti ýüregine düwüpdir. Şeýle günleriň birinde ol gyz, baýy inwalid-otyrgyjynda aýlan bolup, ikinji etažyň basgançagyndan itip-ýykyp göýberipdir. Ol adam ölüpdir we ony jaýlapdyrlar. Şondada ol erbet gyz ol adamyň baýlygyna eýe bolup bilmändir, sebäbi seýfiň kody ol baýyň barmagyndaky ýüzükde ýazylgy eken. Bir näçe gün geçeninden soň gyz eline pil-alyp, agşam öwlüýä tarap ýöräp başlapdyr. Baryp ol baýyň gabryny gazypdyr. Şonda bu gyzyň jynsy ýuwaşlyk bilen üýtgäp ugrapdyr. Gyz şondada mazary gazmagy dowam edipdir. Elbetde mazar gazsaň sypatyň oňňul bolmaz. Mazar gaty çuň eken, şol sebäpli gyz gaharyna pili-gaty gaty urup gazypdyr we ahyry jesede ýetipdir. Gaharly gazyşyna üsdi-başyna gan syçrap ýüzi-gözi görerýaly bolmandyr. Ahyram ýüzügi tapyp gabyrdan çykyp ýola tarap ýöräp başlanynda ýagş ýagyp-ugran eken. Şonda gyzda ýuwaşlyk bilen kijijek guýruk çykypdyr. Muňa hasda beter gorkan gyz ylgaşlap ýola ýetip taksa el galdyrypdyr. Bir sada taksist duranda ol gyz maşynyň münüp sessiz oturan. Seretse üsdi-başy gan. Taksis gyzy alanyna ökünsede alajy ýok. Gyz bolsa hiçzat gürlänok. Taksist ýolda barşyna gyzy synlamaga başlapdyr. Synlap barşynada gyzyň sypatynyň üýtgeýänini gören eken. Bir az ýol ýöränlerinden soň ol gyzyň saçy çalaryp, şahy çykyp, sesi hem üýtgäpdir. Ahyry gyzyň elleriniň, ýerine toýnaklar çykyp başlanynda, taksist bar güýjüni ýygnap "Gyzym sen kim?" diýip soranynda gyz "MEN ADAM IÝÝÄN" - diýip bar sesim bilen duýdansyz gygyrdymweli, ýaňky oturan gyz-oglanlardan diň bir gyz galdy, galanlary daş-ýerlere çalt ylgaşlap gaçyp gitdiler. Ol galan pahyr gyzam gorkudan ýaňa çabalanyp gygyryp ýatyr. Men bolsa hezil edip gülüp "Ana ýüregiňiz inni bir aýdagy gysman gezer" diýip hahaýlaýadym... Barlapgörseňiz maslahatym, hiçbir adamyň ýüreginde kemçilik ýoklugyna anyk göz ýetiriň. Ýogsa ölüm howply.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir