Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow 1938-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ruhabat etrabynyň Herrikgala obasynda eneden bolýar. 1956-njy ýylda obadaky orta mekdebi tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda işleýär. 1958-nji ýylda Juma Ýazmyradow Moskwanyň A.W.Žunaçirskiý adyndaky döwlet teatral institutyna okuwa girýär. Instituty tamamlap gelenden soň Türkmenistanyň döwlet teleradio ýaýlymynda işleýär. Juma Ýazmyrat işläp başlansoň tiz wagtda özüniň ýiti zehinini gaýgyrman yhlas bilen alyp baran gepleşikleri halkyň söýgüsine mynasyp boldy, olardan teleýaýlymynda "Ýarty gulak", "Satira we ýumor" radioýaýlymlarynda edebi drama gepleşiklerinde okan poemalary uly üstünlik getirdi. Juma Ýazmyradowyň bitirýän hyzmatlary üçin Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at berildi. (ýokardaky suratda: aýaly Ogulbagt Çaryýewa bilen Juma Ýazmyradow) başga goşgulary: http://turkmencafe.com/artist-348-juma-yazmyradow.html
Juma Ýazmyradow
-
Adybeg
15 years ago
- juma yazmygat
gekgi bolyp oynayan adam dal mi bu poşalak bilen oynayardy onler
-
Maxat
15 years ago
- "poşalak" bolup oynayana özi welin son "emenek" bardy yene bira bolmaly ona name diyilyani yada düşenok
-
bond
15 years ago
- enekuti:)
-
Adybeg
15 years ago
enekuti
bond | 2009-07-16 03:45:53
heheheheh
-
98765
15 years ago
- dogurdanam şo yokardaky suratdaky adam yaşayarmy?
-
98765
15 years ago
- çaga vagtymyz hezil edip televizorda göryardim.vaaaaaaaaay çagalyk vagtym yadyma düşüp gitdi.
-
CeriumOxide
15 years ago
- Juma ýazmyradow belli aýdymçy Mekan Ýazmyradow-yň kakasy, öööööööň Mekan Ýazmyrat barada şu ýerde de bir mowzuk açypdym... (Mekan ýazmyrat diridir ;))
Mekan ýazmyradyň aýdymlary şu ýerde bar.
Bulam Mekanyň meň söýgüli dostym Mährijan üçin düzen aýdymy :D:D:D wakrrrr
-
Eldarado
11 years ago
- Gecmishde gow temalaram bar ekeni
-
AAga
4 years ago
- Şu gün Juma Yazmyradow dünýeden gitdi. Ýatan ýeriň ýagty bolsun meşhur halypa.
-
mirasymyz
4 years ago
- Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda, ýagny şu güni amanadyny tabşyrdy. Ýatan ýeri ýagty bolsun!
-
mirasymyz
4 years ago
- Şu günem ýerlän ekenler.
Feya 15 years ago- dayy bilen dayzanyn yuzi yaman tanysh geldilay mana...
goshgulary gowja dushunikli okayan ekeni, turkmencafeda yorite bir gun oturyp dinledim. Kerim aganyn Rubagy hakdaky goshgysynam Juma aganyn okayshyndan dinlap shu yere yazypdym.
ceriumoxide, kop sag bolun bize yetiryaniniz uchin!