salam!shu zat yadyma dushdi yany ,yash wagtymyz oye kop myhman gelyadi kakamyn ishdeshi klasdashy we sh m shonda bizem myhman jaya baryp sachakdaky suyja goz gyzdyryadyk ,eger shondan myhman bar wagty alyp iysen ,myhman giden son ishin gaydyady ,gorumsiz name sizi ach saklayanmy beremokmy ach goz diyip,shon u/n ozala myhmanjaya girmek bolanok girsenem suyja goz dikmeli dal gaty kyndy shol dowurler menem shol sachakdan alyp iyesim gelyardi,name uchindiryogsa tak oz ozlerimiz iysek kan gyzygy yokmy namemi,ha myhmanyn chagalary arkayyn alyp iyyar biz bolsa gozumizi satyp oturmaly,shu temany chagalykda biguna iyen tayaklarmyz hakynda gurrun etjekdim gepin gysgasy myhmanam bir bahana men koplench subse,(supurguch diyen manysy hem bar)tayagyny burcha gabalyp iyyadim ,yone mena oz chagalarymy beydip uruba terbiyelemen nesip bolsa ,bir tarapdan gyzygam yada dushse.
Myhman gelende
-
muslimah
15 years ago
- hehe,yashlygymy yatlatdyng,shu wagt bir mashgalamda bolup gechen wakany gurrung bereyin:
men o wagtlar hali dunya inmandim ,oye myhman geldi,agamam 4 yashlaryndady,kakamyng bashlyklary gelen oye,olam bar gymmat suyjilerden we chereshnadan alyp sachaga goyan(olam angsat tapdyranok,tapdyrsada yaman gymmat)song agamam shol chereshnya goz gyzdyryp eylak beylak gechipdir,welin barmana gorkyar sachagyng bashyna,song ahyr baryp kakamyng bashlygynyng gujagynada oturup shey diyipdir:men size hazir bir fokus gorkezjek,sereding shu chereshnya(hemmelere elini aylap gorkezyar chereshnany,song agzynyng yanyna eltip bildirmanjik iyip)indi sereding fokus mokus chereshnya yok-diyyamish,myhmanlar hem onung chereshna iyesi gelip ugruny tapyp iyenine gulseler,agamam mening fokusyma ynandylar diyip bar chereshnany fokus-mokus gorkezip iyip gutarypdyr :)))
kichi uyam bolsa hem myhmanchylykda sachakdaky suyjileri iymane gowy goryadi,ejemem myhmanchylyga gitmezden ongurti bar suyjilerden napitokmy ongune alyp ine iy,song baran yerde bir masgara etme diyip iydirsede,yenede myhmanchylyga baran yerindaki suyjiler uyamyng gozuning ongunde suyji bolup gorunyadi,yone mena akyllydym,iyme diyseler iyemokdym :)))
-
hakykat1
15 years ago
- gulip yykyldym:)yene sende guna yokda:):):):):)
-
muslimah
15 years ago
gulip yykyldymyene sende guna yokda
hakykat1 | 2009-06-10 08:59:29
mena yash wagtym kan gurlemeyan birhili yuwashja gyzjagazdym,ozume elem degirtmeyan,birileri meni gowy gorup laliksiretjek bolsa elinede aldyramok ekenim:))) ejeme sheydiyyar
-
hakykat1
15 years ago
- mekdebe 1 nji klasda men bashlikchidim yone mugalymymyz bilgeshleyin meni soyup seredip oturmak u/n uzaldylan gune alyp galyady.
-
hakykat1
15 years ago
- ozam owadanja mugallymady yone .
-
aJy
15 years ago
- wahah!muslimah yazan hekayana gulup gukup yijkildim!:))
-
Ayazkaka
15 years ago
mena yash wagtym kan gurlemeyan birhili yuwashja gyzjagazdym,
ozume elem degirtmeyan,birileri meni gowy gorup laliksiretjek bolsa elinede aldyramok ekenim ejeme sheydiyyar
Shu wagt sen ozune el degirtyäňda onda, yagny elletdirýäň
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Hakykat! Myhman gidenden soñ saçaga özüñi zyñaýmaly ekeniñ! oñarmansyñ.hahahahaha
-
Bayram-Jm
15 years ago
- ayazkaka
shu wagt sen el degirtýäñde onda, yagny elletdiryan
samsyk zatlar ýazjak bolsañ, gaýrat etde ýazma. Saña bir düshünjelimikä diýip ýördüm.
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Ondan gaty görme ol öñki n97
-
dokmacy
15 years ago
- mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
namart özün gizlär myhman ýoluksa
biziň pederler mert bolmaly. sebäbi özüniň iýmeýän, çagalaryna iýdirmeýän zatlaryny myhmana hödürleýär. çagalar hem utanjyna öýde hem iýýäris diýse-de edil göz doýar derejede iýilenokdy. onsoň myhmançylyga gitmänkäň "doýan guş ýaly bolup oturyň" diýip sargyt ederlerdi. doýmadyk guş hem bolsaň bolýar ýöne öýe geleňsoň hem jezajygy bar-da. onsoň hem pederleň ýüzüni gyzardasyň hem gelenok.
indi öz çagalaryma seredýän weli Allaha şükür men-ä myhmançylykda iýme zat diýip tabşyramok. gerejigini iýýärler. onsoňam myhmana çydajak bolsa çagyrsynlar-da...
-
man7
15 years ago
- Shu wagt sen ozune el degirtyäňda onda, yagny elletdirýäň
Ayazkaka | 2009-06-10 13:47:06
dost sen baran my,okuz mi, gatyr my,eshek mi?:)
prikol u4in yazdyn my ya samsyklygyndan bilman yazdyn my?
ozini shol gyzyn agasynyn yerine goyup gor.
-
dereksiz
15 years ago
- ayazkaka sena sams7ylk ekenlay gyzy tanaman bir zat diymek gowulyga dal.....muslimah diysen gulkuchje yatlama yazypsyn
-
dereksiz
15 years ago
- ayazkaka sena sams7ylk ekenlay gyzy tanaman bir zat diymek gowulyga dal.....muslimah diysen gulkuchje yatlama yazypsyn
-
bond
15 years ago
- ayazkaka sen yene biderek zat yazyp bashlapsyn arada duzelen yalam boldun welin,ay bolyada bilman yalnyshyp yazandyr ozam pushman edyandir(menin pikirim)muslumah goryanmi nache adam sen bn yazyber yaz name yazsan seni halkyn goldar,oykeleme diyjek bolyan men bu ayazkaka bn on kop sowesh gurdum ,arkayyn bol ellemane zat tapyp bererin men ona,olar yaly ellasi gelyan bolsa,ay bolyada sheydip ne gozel temalary bulayalar ,yzyny dowam edin ,temadan chykman.
-
muslimah
15 years ago
- bond,gowumyng?gornengok?ay beyle adamlary Allaha tabshyrdym,ol sheyle diyip yazan diymek shey diyip pikir edyar,yalngysh bolsada,ola elbetde yazanlary yalngysh,aydan sozi tohmet bolyar,tohmeting gunaside ing agyr gunalering arasyna dushyandir,ondada arassa pak gyza erbet pikir etmek,ol erbet gunadir elbetde,men bagyshlasamam Allah bagyshlamasyn shony,men arkayyn,tohmet atan adamyng bar eden yahshy amallary tohmet atan adamyna gechyandir,we allah onung bilen irde gichde hokman hasaplashar,shonga men arkayyn
yokarda goldap yazan agzalarada minnetdar,zashitnik kop hudaya shukur:),ol yazan adama yuzlenesimem gelenok,sebabi bir agyz bilen yazjak"on togo ne stoit"
-
chopan
15 years ago
- yaznlarinizi okap yilgiranini duyman galyan! yöne, özüni bilmeyanlerin yazyanlari ginandiriji.
ol yazan adama yuzlenesimem gelenok,sebabi bir agyz bilen yazjak"on togo ne stoit"
muslimah | 2009-06-11 03:14:48
dogri diyipsin dogan. kim bilen den bolsan şondan tapavudin galmayar.
menem kiçikam kan geplamok ekenim, yöne bir yerde otirtmak kin eken. esasanam mihmançiliga gidenlerinde men yok bolsam derrew gözlege çikyan ekenler, bir zatlar etmesin diyip. biz haçan babamlara gidenimizde babam pahir menin gelenimi görüp derrew tuvalet sifoninin(çekilyaninde garaja pökga menzeş birzat bar) tutulyanini yignayan eken. bolmasa her gezek men barip gaydamson taze almali bolyar eken.şuvagtam baran vagtim şoni yatladyarlar velin yer depip duran bolyan!
-
hakykat1
15 years ago
- senem bet ekenin chopan aga.:):):):):)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Oooohooow booond doost senem barmaý ýitip gitdiñ! ýagdaýlar oñatmy?! Sen häzir tm-damy?
-
merdanmr
15 years ago
- Ilki myhmançylyk barada:
A - türkmen nakyllary (käbirleri döwrebap ýa üýtgedilen) :
1- Myhman ataňdan uly;
2- Myhman öý eýesiniň guly;
3- Myhmanyňky 3 gün, üç gunden göçgün;
4- Myhman 1-nji gün altyn, 2-nji gun kümüş, üçünji gün mis, 4-nji gün pis;
5- Myhman myhmany öý eýesinden gysganar;
6- Doýan ýeriňde doklugyňy siňdirme!
B - yrymlar:
1- Käsäň içindäli çaýda şemme (uzyn çöpi) galsa myhman gelýär;
2- Gaşyň gijese myhman gelýär, duşuşyk bolýar;
Ç - Kuranda:
Hz.Ýusubyň "...göreňzokmy?! Men ölçegi nogsansyz doldurýaryn we men myhmansöýerleriň iň gowusydyryn" (Ýusuf süresi, 12/59) hem-de Hz.Ibrahimiň myhmansöýerligi barada öwgüli aýat bar. (Hijr, 15/51-52)
D - Hadyslarda:
1- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe ynanjy bolsa, gonşusyna yagşylyk etsin. Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe imany bar bolsa, myhmanyna hormat etsin. Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe iman getirse, sözlän mahaly tapdygyndan yagşy sözlesin, yagşy söz tapmasa dymsyn. (Suneni ibni Maja, 2j., 204 sah.)
Şerhi: Gonşylary dil bilen ya el bilen ynjytmak Yslam hökümine görä günä işdir. Musulman däl gonşyn gonşulyk haky, musulman gonşyn hem gonşulyk hem musulmanlyk haky haky, musulman gonşyn, gonşulyk hem musulmanlyk hem-de mahramlyk haky bardyr. Gonşulyk haky dine ynjytmazlyk bolman, belki olardan yetyän azary hem götermekden ybaratdyr. Yene Yslam dininde myhmana hormat etmek (çagyrylyp gelen bolsun özi gelen bolsun) yagşy gylyklaryn biridir. Emma adatdan daşary urlup-çapylyp ya ömür we mal ysrap edip hormatlanmak şert däldir. Beyle etmegin günäsi, hormat etmegin sogabyndan artykdyr. Söz dogrusynda Magtymguly Pyragynyn
"Tapdygynça mydam yagşy sözlegin,
Yagşy söz tapmasan otur sem bolup" diyen setirleri şu hadys şerifin delalaty bilen aydylandyr.
2- Sahabalardan Zeýd bilen Sabit (r.a.) hezretleri: "Pygamberimiz adamlaryň arasyna baryp, olar bilen dürli meseleler barada söhbet gurardy" diýip güppüň berýärler.9 Myhmançylykda bolanda, pygamberimiz öňünde arpa nandyr hurma goýulsa-da ony höwes bilen iýip, öý eýesini utandyrmajak bolardy.10
3- Alysdan gelen wekillerden ýaňa Medinede ýer tapylanokdy.
Hezreti pygamberimiz olary döwlet myhmanhanalarynda ýerleşdirýärdi. Mümkinçiligi bolan baý musulmanlar gelenleriň käbirlerini toplumy bilen öz öýlerinde myhman alýardy. Toplum biçak uly bolsa, onda ony böleşip öýlere paýlaýardylar. Olary iýip-içirmek öý eýesiniň boýnunady. Öý eýesiniň myhmanlary üpjün edip bilmejek wagty olaryň çykdajysy döwlet hazynasynyň hasabyna alynýardy.
Hezreti pygamberimiz bu toplumlary köplenç mesjitde kabul ederdi, şol ýerden hem olary myhman alynjak ýere ýollardy.
....
Pygamberimiz öz ýanyna alysdan gelýän taýpa ýolbaşçylyryny myhmanhanalara ýerleşdirerdi, olaryň aladasyny ederdi, mugallymlar taýýarlardy, maddy mätäçliklerine seredýän ýörite adamlar bellärdi, yzyna, kowumlaryna gaýtmakçy bolanlarynda azyk taýýarladardy, täze lybaslar alyp, sowgat bererdi. Yslam dini bilen gyzyklanyp, Medinä gelen bu adamlary ýatlaryndan çykmaz ýaly mähir bilen ýola salardy....
Doly okamak üçin "Pygamberimiziň (SAW) alysdan gelýänleri kabul edişi" atly mowzuga, soň şu ýere seredip görüň!
E - Pikirler:
Sorag:Men 1-2 sany ýurtda bolup gördüm welin hemme kişi biziň halkymyz myhmansöýer diýýär. Şol öwünmekmikä ýa hemme halk deň derejede myhmansöýermikä? Ölçegi barmy şol zadyň. Myhmansöýerlik öýüňe çagyryp nahar bermekmi, restoranlara äkitmekmi ýa öýden getirip birzatlar hödürlemekmi, şoňa düşünip bilmedim.
Öz düşünjäme görä öýüňe çagyryp myhmana gowy seretmek myhmansöýerlikmikä diýdim. Onda biz myhmansöýer diýip aýdýan adamlar köp myhman çagyrmaly bolýar şeýlemi? Ýa-da ömründe ýekeje myhman çagyryp şoňa ömür etmedik hezzetiňi etseň olam myhmansöýerlikmi?
Gowja jogap:myhmansoyerligin olcegi barmy? belki ol olcheg dal-de ol her yurtda, her shaherde we her oydaki dap dessura gora kesgitlenishidir. ony adamlar kesgitleyar, yagny sen ya men. yone umuman hemme yerde-de shol bir zat. diyeli bir oyde myhmany kabul etmek dabi, yorite chagyrylan bolsun ya-da ozi gelen myhman, yagny Allahyn iberen myhmany :) ine saglyk amanlyk soralanson, baryndan sachagy ginden acyp bashyna chagyrylyar oturjak yerine iki gat korpeche dusheyan, gyzykly gurrunler edyan we ony sacak basynda utandyrmajak bolup alada galyan..yogsa in halanmayan zatlaryn biri, bir yere baranda agzyna seredip otursalar, myhmany rahatsyz oturtmaklyk. dokam bolsa myhmana hodur kereminden iydiresin gelyar, ony oyunde yaly ya ondanam has gowy yerde yaly rahat oturdasyn gelyar. onson seni nahili kabul etmeklerini islesen edil shon yalam myhmana hormat goyyan.
men pikirimche, "men myhmansoyer.." diyip oyune chagyrmagyn sanyna bagly dal we onun bilen chaklenenok myhmansoyerlik derejesi. kabir adam nace chagyrsada barasyn gelenok, a kabiri bar olara myhman bolmak uchin ozun "naprashivatsya" edyan orslaryn aydyshy yaly. iki soze matach diyyani hak myhmanyn.
myhman atandan uly diyip atalamyzyn ozi aydyp gecipdir-a
ýene biri:Myhmansoyerlik hakinda bolsa in esasy zat guler yuzuni gisganmazlikmika diyyan. Ay Magtimguly hemme zadi aydip gechipdir:
"Gelen ash diyip gelmez, turshutmagil yuz,
Nana matach daldir, soze mihmandir."
Birem mihman bilen gepleshen wagtin, ony dinleyandigini sizdirmak gerek. Mihmanin derejesinde yada ony giziklandiryan zatlardan geplemek gerek. Meselem obada hazirki dowurde asil gep gurrun jubi telefony we mashin..
munça ýeter-laý, hä :D
-
merdanmr
15 years ago
- indi bolsa aýazkakaň eden biderek hereketi barada aýtsam:
Türkmen gerçek goç ýigidine däp-dessurymyz, esasanam, ynanjymyz taýdan hiç-hili gelişmejek bir hereket. "Ody özüňe bas, ötmese kesekä" diýen nakylymyz boýunça, ilki şu zat barada öz ýakynlarymyz (ejelerimiz, uýalarymyz, gyz jigilerimiz, gelinlerimiz we ş.m.) batrada pikir eden bolsak, onda aňsat-aňsat beýle diýmezdik.
Şu ýerde ayazkaka sebäpkärden ötünç sorasa we Biribara-da toba etse öz haýryna we beýiklik etdigi bolar, ýogsa hak meselesi bar işiň içinde! Ynançly, namysly, päkize, gözel ahlakly we başga-da köp sanly belent aýratynlyklara eýe bolan türkmen gyzlaryna töhmet atmagyň jezasyny hem bu dünýäde bir ýagdaýda belli müçberde hem-de ahyretde dolulygyna çeker - bulam many taýdan hadys bolmaly!
Şeýle töhmetlere sezewar bolup, beýiklik görkezen uýalarymyza bolsa:
- "Allah hemme zady görýär, Ol ne gözel wekil we goldawçydyr" diýleni ýatladýaryn!
Sabyr şeýle ýerlerde gerekli. Şunam unutmalyň: Allah öz söýgüli bendelerini bu ýerde käbir zatlar bn synap biler, olary başaryp bilse, şol bendesiniň Özüne ýakynlygyny artdyrar. Belki, has agyrrak synaglary hem berip biler, elbetde, hiç bir gulyna göterip bilmejegi ýüki hem ýüklemez (Bakara, 2/286) Şoň üçinem, sabyr edip, haýyr netije şükür edeliň hemmämiz!
Uýam, garaz, sizem beýiklik görkezipsiň erbet jogap ýazmazlyk bn. Hatda, şahsyňyz adyna bagyşlap, yzyny Allaha tabşyrmahgyňyz hem her kişiň edip biljegi beýiklik däl - berekellah!
Allah sizi hem, bizleri hem Özüne has ýakyn bendeleriniň hataryna goşsun we bu dünýädäki duçar boljak ähli synaglarymyzy Öz razylygyna laýyklykda hötdesinden gelip bilmegimizi dilesin! Ämin!
-
Feya
15 years ago
- shu terbiye hemme yerde bar ekeni :) ay mena suyji kan iyemokdum, onsan onumde nache suyji dursa-da mana kan tapawut edip duranokdy hazirem sheyle.
men pikirimche myhman gelende ozuni onayly duymagy uchin ilki ozuň rasslablenny bolmaly. myhman hem arkayyn oturar yaly.
-
merdanmr
15 years ago
- Ýokardakyň dowamy hökmünde:
Nakyl:"Samsyk myhman öý eýesine hödür eder!" :D
www.zamantm.com dan hem degişliräk bir rowaýat:
Arzyly Myhman
Bir aýal öýünden çykanda onuň öňünden üç sany ak sakgally ýaşuly adam çykypdyr. Bu zenan olary görüp:
- Men sizi tanaýaryn, siz ajygan bolsaňyz gerek. Haýyş edýän, öýe giriň, bir zatlar garbanyň - diýipdir.
Ýaşulular ondan:
- Adamyň öýdemi? - diýip sorapdyr.
Aýal bolsa:
- Ýok - diýip jogap beripdir.
- Onda biz ol gelýänçä garaşaly.
Agşam adamsy öýe gelende, zenan oňa bu wakany bolşy ýaly gürrüň beripdir. Adamsy:
- Olary öýe gelenimi aýt-da bärik çagyr. - diýipdir.
Aýal daşaryk çykyp, ýaşululary öýe çagyrypdyr. Olar:
- Biz bir öýe ählimiz girmeýäris - diýipdir.
Aýal munuň sebäbini bilmek islände olar özlerini tanatmaga başlapdyr:
- Onuň ady “Baýlyk” - diýip, biri beýlekŷsini görkezipdir. Beýleki birine yşarat edibem:
- Onuň ady “Üstünlik”, meniň öz adym bolsa, “Söýgi” - diýipdir. - Ŷndi ýoldaşyň bŷlen maslahatlaş-da, haýsymyzy myhmançylyga çagyrjakdygyňyzy çözüberiň.
Bu sözleri eşiden adamsy begenip:
- Beýle bolsa, “Baýlygy” çagyraly. Öýümiz baýlykdan dolsun - diýipdir.
Emma aýaly:
- Näme üçin “Üstünligi” çagyrmaly däl? - diýipdir.
Şol wagt bulary diňläp oturan gyzy:
- “Söýgini” çagyrsak, gowy bolmazmy gaýtam? - diýipdir.
Ene-atalar öz perzendiniň saýlan myhmanyny çagyrmagy makul bilipdirler.
Aýal daşaryk çykyp, “Söýgini” myhmançylyga çagyrypdyr. “Söýgi” olara tarap ugranda beýleki iki ýaşuly hem onuň yzyna düşüberipdir.
Aýal haýran galyp:
- Men diňe “Söýgini” çagyrdym ahyry. Siz näme üçin gelýäňiz? - diýipdir.
Şonda “Söýgi”:
- Eger siz “Baýlygy” ýa-da “Üstünligi” çagyran bolsaňyz, beýleki ikimiz galardyk. Emma siz meni myhmançylyga çagyrdyňyz. Men nirä gitsem, “Baýlyk” bilen “Üstünlik” şol ýere gidýär - diýýär. - Çünki söýginiň bar ýerinde baýlygam, üstünligem bardyr…
-
merdanmr
15 years ago
- bäh, ýokarky ýazgyny ýazjak bolamda, esasy ýazjak zadym ýatdan çykyp, ýokarky hekaýany oklap goýberipdim, indi ýadyma düşdi şol zat :D
"Myhmançylyk" diýlende, türkmenlerde "Hatam Taý ýaly jomart, myhmansöýer" diýilýär. Aslynda, onuň myhmansöýerligi Hz.Ibrahim(Ybraýym) aleýhissalamyňky ýaly dälmikä diýýän. Her ikisem şeýle jomart ekenler. Men Hatam taý barada mowzuzkdan maglumatlar tapdym, onam paýlaşaýyn siz bn:
"Pygamberimiz ony "Yslamdan öňem gelen bolsa, Yslam ahlagy bn ýaşap, ölen adam" diýen ekeni. Çünki onuň hoşniýetli, jomart, pespäl, sadyk, namysly, mert we wepaly ýaly käbir häsiýetleri ynsanlar arasynda rowaçda ekeni. Iň esasy waspy hem jomartlygy ekeni. Onuň doglan ýyly barada takyk maglumat bolmazlyk bn, ölen ýylynyň 578-ligi, ýagny, pygamberimiz(saw) doglanyndan 7 ýyl soň aradan çykany bildirilýär.
.....
Ilki bilen-ä, Biribar hemmämize Allah razylygy üçin Yslam ýolunda onuňky ýaly jomart bolmagy nesip etsin! Soňam, dilegimiz: Hatam Taý we onuň ýaly milýonlarça, trilýonlarça ynsanlaryň Allahyň rahmeti boýunça baky hözire laýyk görülmegidir!"
Ýene bir zat, Daşoguzly ynsanlaryň myhmansöýerligi has ýokary diýýäler, umuman. Şu dogrumyka?! Barlap gören barmaý araňyzda:D
Men-ä şeýleräkmikä diýýän, tanyşlarymdan bar birnäçesi welin, şeýleräk şolar-a!
-
hakykat1
15 years ago
- merdan mr hay erinenogow sen dash edipsin.
hakykat1 15 years ago- beter kopa yazmadym 2 minutda okap gutarsa bolyar.