telekeçi Mantyýewler we olaryň edýän işleri barada telekeçi Mantyýewler we olaryň edýän işleri barada anyk maglumatlar gyt bolsa-da olaryň edýän işleri türkmeniň kalbyny buýsandyrýar. bir firmanyň (maşgala firmasynyň) beýle ýokary derejelere baryp ýetmegi we goňşy döwletler bilen aragatnaşyk saklamagy guwandyryjy. mantyýewler esasy doňdurma çykarmak we konditer önümlerini çykarmak bilen meşgul. onuň doňdurmasyny tm-de iýmeýän ýok, doňdurma gatnadýan maşynlary, holodilnikleri hem özleri berip her burçda galan kommerçeskilere çenli doňdurma satdyrýar. her girdejili maşgala üçin doňdurmalary bar, ýagny puly aza hem puly köpe hem ýüzlenýär. goňşy döwletlere hem satýar. beýle ugrugan telekeçileriň sany köp bolsun! türkmen bereketli baýlary döresin!

Köneler, dokmacy tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir