Yene-de gundeligimden. Okap hezil edyan yazan zatlaryma. Menin uchin gyzykly bolany uchin sizin bilenem paylashayayyn diydim. 31.03.04. 3(yagny 3. gun) 19:28. Shu wagt uniwersitedimizin kitaphanasynda otyryn. Kitap okamak niyeti bilen gelipdim. Bir sagat toweregi kitap okaryn diyipdim. Yone yanymda gundeligim hem bolanson birzatlar yazayyn diydim we bashladym yazmaga. Kitaphana gelyarkam “name yazsamkam?” diyip sorag beryardim oz-ozume. Yone birden shu geldi kellame: “Edil shu wagt obada bolsam name ederdim?” Obada bolan bolsadym… Ikindiden sonra… oba durmushynda nameler yashanyp bilner?!. Oba durmushynda mal-gara, ekin-dikin bolyar. Pikir edip gorun botlamaly bir duyaniz bar, tanaly iki sygyrynyz bar, iki-uch sany hem goyun gechi… Ynha shujagaz mallar senin 1.5, 2 sagadyny alyar. Nahili mi?! dinle dal-de oka yazayyn!.. Uludan bashlaly. Duye… ozi hem botlamaly yakynda. Oz-ozunden belli bolshy yaly gunizin elde saklamarsyn. Ayagyny dushaklap duze kowarsyn/ugradarsyn, ertir bilen. Ikindiden sonra bolsa yzyna getirmeli… Muny barde keseli. Tanaly sygyra gecheli. Bilshiniz yaly sygyrlar ya ertir bilen ya-da agshamlary duze otlamaga gidyarler. Bizinkiler bary yogy iki bolsalar-da her haysy bir wagtda gidyar. Biri ir bilen gidyar agshama yakyn; ikindin gelyar. Onun gelen wagty beylekisi gidyar. Ol giden bolsa ertesi guni ir bilen yagny gushlugyrak wagty gelyar. Ynha bularyn ikisinin hem bir wagtda oyde bolyan wagty ikindin. Onson bularyn iymini bermeli. Biri yany duzden gelipdir, birini bolsa indi ugratmaly. Name uchin “ugratmaly” diyyarin?! Ony hem dushundireyin size. Ynha sheyle: Duze indi gitmela iym bermeli. Ol shona garashyar. Iym berdinmi, sagdynmy, onson ol ugrayar duze. Yany duzden gelen bar-a, ona-da iym bermeli we sagmaly. Mamash sagyar. Ynha gorshuniz yaly bular-a iymledik. Indi bolsa iki, uch sany goyun-gechi bar-a, sholara gecheli. Oyumizin yanynda bagymyz/ekinimiz bar. Ichi nar agajyndan doly. Bu gechileri hem gushluk wagtragy shol bagymyza salyarys. Sygyrlan iymli iyshini gutaramyzson mesele/ish shol bagdaky gechilere gelyar. Bulary hem howa garalmanka oye getirmeli we iymlemeli. Bulary hem oye getiryaris we iymini berip yataklaryna salyarys. Indi duyeli mesela geleli. Duyani dushaklap ya-da dushaklaman ugradypdyk/kowupdyk duze ir bilen. Gechileri hem yerleshdirdigimize gora geldi ish duya… Duyani hem alyp gaytmaly. Bu hem in azyndan 40-50 minut wagt alyar. Gidende gaty gidyan yone gaydanynda yuwash gaytmaly bolyar. Sebabi duye alyp gaytmalyda… ony hem getirip iymini bermeli we yataga salmaly. Ynha sheylelik bilen mal-garaly ishimiz hem gutaryar. Oye gelip egin-eshigini chalshyrmaly we taredin yok bolsa taret almaly, bar bolsa keypin kellande. Agshamdan gija galyp baryan bolsana wezipani yerine yetiraymeli. Yogsam-da taredini tazelap, rahat-rahat ishini gutaraymaly/bitiraymeli. Indi bolsa mashgala yygnanyshygy. Oz ishimi hem gutardym. Indi mashgala bolup sachak bashyna. Nahar bishen bolsa nahar iyersin. Yogsa-da chay ichersin. Bizin oyumizde koplench nahar agshama bishirilyar. Sebabi mashgala agzalary agsham jem bolyar. Pahan ishde. Chagalar ejelerinde. Gunortan hem nahar bishmeyar dal. Hich bolmanda yumurtga bishirilip iyilyar. Chayyn yanynda yagny… Men bolsa, keypim kellamde. Chay-nahardan son dashary chykyp gezmelasim gelse gonshulara gidayyarin. Ya-da dayymlara, ya bolmasa dostlaryma, ejemlere gidayyarin. Ynha sheyle. Obada bolan bolsadym shu zatlary edyan bolardym. Onson shu zatlary pikir edip oba gidesin gelyar. Name “towshana dogduk depe” diymanmidirlermi… Men hem shol towshan-da…

Köneler, hoshowaz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir