■ HEZRETI PYGAMBERIMIZ (s.a.w) WE PIŞIKLER 

Yslam dininde pişiklere "arassaçylygyñ" simwoly hökmünde garalýar. Uhud söweşinde goşunyñ öñünden çagajyklaryny emdirip duran pişik çykypdyr. Şonda pişigiñ aýak astyna düşüp depgilenmezligi üçin pişigiñ ýanynda ýörite bir esger nobatçy goýup, goşun aýlanyp geçer ýaly edilipdir. Söweşden soñra garawul goýlan esgerden pişigi getirmegi soralýar we adyna "Müezza" (hormatlanan, at-abraý beren) goýulýar. Pişigiñ bokurdagynda tegmiller bar ekeni. Seýrek duş gelýän bokurdagy tegmilli pişikleriñ "Müezzanyñ" neslinden gelýändigine ynanylýar. Pygamberimiz bakyýete göç edenden soñra ol pişige howandarlyk edilipdir we onuñ neslinden gelen pişikler goralypdyr. 
Rowaýat edilmegine görä Osmanly soltany Ýawuz Soltan Selim hem Müsüri eýeländen soñra "Mukaddes amanatlary" Stambula getireninde "Müezzanyñ" neslinden bolan pişikleri getirenmişin we olary belli-belli tekkelere ýerleşdiripdir. 
Hezreti Pygamberimiziñ özi "Müezzany" şeýle bir gowy görýän ekeni, bir gezek Müezza Pygamberimiziñ donunyñ syýynda uklap galypdyr. Ne gözel bolup uklap ýatan pişige dözmedik Pygamberimiz "Müezzany" oýandyrmajak bolup donunyñ syýyny usullyk bilen kesmegi makul bilipdir. 
Hezreti Muhammet (s.a.w) bir gezek pişigi "Müezzanyñ" içen gapdaky suwundan täret aljak bolanda, sahabalardan Ebu Nuaým (r.a) "Ýa Resulalla, ol suwa pişik agyz urdy" diýipdir. Şonda Pygamberimiz “Olar iñ arassa agyza eýedirler” diýýär we ol suwdan täretini alýar. 

■ "PIŞIKLERIÑ ATASY" 

Abdyrahman ibn Sahr atly bir sahaba köçede galan pişikleri öýüne äkidip, olary iýdirip-içirermiş. Sahabalardan biri bu barada Pygamberimizi habarly edýär: "Hapa pişikleri toplap külbesinde saklaýar!” Şol wagt sesini çykarmandyr. Pygamberimiz soñra Abdyrahman ibn Sahry köçede görýär. 
Şol wagt bu sahaba bir pişigiñ çagasyny tapýar-da, özi barada hem Pygambere aýdylandygyny bilensoñ, Pygamberimiziñ özüne bir zatlar diýmeginden çekinip, pişigi derrew donunyñ içinde bukýar. Pygamberimiz oña donunyñ aşagynda näme bukandygyny sorap, dony açýar. Görse, kiçijik bir pişik çagasy! 
Pygamberimiz pişijegi eý görüp ogşaýar we sahabasyna: “Ebu Hureýre mundan utanma, gaýtam buýsan. Sen pişikleriñ kakasysyñ” diýýär. Şol günden başlap Abdyrahman ibn Sahra edil Pygamberimiziñ (s.a.w) ýüzlenişi ýaly “Ebu Hureýre" ("Pişikleriñ atasy") diýip başlaýarlar. (Ymam Buhary: 5, 811). 

■ PIŞIGI SÖÝMEK IMANDANDYR 

Bir gün sahabalary bilen söhbet edip otyrka Resululla Serwerimiz (s.a.w) ýanyndakylara: 
”Hubbül hyrraty minel iman”  ("Pişigi söýmek imandandyr") diýýär. “Näme üçin?” diýip soranlarynda, “Ebu Hureýre biler” diýýär-de, başga hiç zat aýtmaýar. 
Pişikleriñ mährem dosty bolan we Pygamberimiziñ köp sanly hadyslaryny aýdan Ebu Hureýre Hezreti Muhammediñ (s.a.w) pişik söwdasyny gadagan edendigini hem aýdypdyr. Hatda Ebu Hureýräniñ aýdan hadyslarynyñ birinde “pişigini aç saklan aýalyñ dowzahda çekjek jezasyndan” gürrüñ gozgalýar. 

■ PIŞIKLERIÑ NÄME ÜÇIN ARKASY ÝERE DEGENOK? 

Köpüñiz bilýänsiñiz. Pişikleriñ hiç arkasy ýere degýän däldir ! 
Bir gün namaz okap durka bir ýylan Hezreti Muhammediñ (s.a.w) arka tarapyndan golaýlaşýar we Pygamberimizi çakjak bolýar. Ynha edil şol wagtam şol ýerden geçip barýan bir adamyñ pişigi ýylana topulýar we ony bogýar. Bilşiñiz ýaly ýylanyñ iñ gorkýan jandary pişikdir. Zäherli ýylanyñ howpundan halas bolan Pygamberimiz pişigiñ arkasyny sypapdyr. Şol günden bäri pişikleriñ arkasy hiç ýere degmeýärmişin. 

■ PIŞIKLER AÑSYZMY? 

"Gurhanyñ" birnäçe aýatlarynda janly-jansy hemme zadyñ Allanyñ adyny zikir edýändigi aýdylýar. 
“Ýedi gök, arz we bularyñ içinde bolanlar, Ony tesbih ederler. Ony öwgi bilen tesbih etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryñ tesbihlerine düşünmersiñiz. Ol Halymdyr, örän bagyşlaýjydyr” ("Isra" süresi, 17/44). 
Käbir alymlar pişikleriñ çykarýan myrryldylarynyñ “Ýa (Er) Rahym, Ýa (Er) Rahym” görnüşindäki bir dogadygyny, pişikleriñ munuñ ýaly görnüşde şükür we zikir edýändigini aýdýarlar. 
Rowaýat edilmegine göra itler ryzkynyñ öz hojaýynynyñ elinde diýip düşünýändigi üçin eýesine örän wepalydygyny, pişikleriñ bolsa ryzkynyñ Alladan gelýändigini bilýändigi üçin käte eýesine añsyz hasap ediläýjek hereketleri

Bilim, Zalymm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir