Haýsy bir adam dünýäniñ öñde gelýän, ABŞ, Hytaý, Russiýa ýaly ýurtlaryñ edip bilmeýän zatlaryny etmek islär? Munuñ jogabyny köpüñiz bilýänsiñiz belkem, Elon Musk (Ilon Mask). Ýöne Musk pikirleri näçe samsyk ýaly görünse-de, ýeterlik wagt berilse amala aşyrýandygyny görkezdi. Bu makalada 2019-njy ýylda okan kitaplarymyñ biri bolan, Elon Muskyñ biýografiýasy baradaky kitapdan okan zatlarymy paýlaşmakçy. Kitapdan esasy gowy gören zadym Muskyñ işde özüni nähili alyp barýandygyny jikme-jik öwrenip bolýar. Netijede Musk, Paypal, SpaceX, Tesla, Hyperloop, The Boring Company, OpenAI, Neuralink... ýaly kompaniýalaryñ düýbüni tutdy we esasy uly kompaniýalary bolan SpaceX we Teslanyñ hem CEO-sy (baş ýerine ýetiriji direktory ýa-da başlygy diysek hem bolar). Näme üçin bu kompaniýalar ýurtlaryñ hem edip bilmedik zatlaryny ýerine ýetirýär, ony bolsa makalanyñ dowamynda öwreneris. Musk-da esasy gowy görýän zadym dünýädäki global meseleleriñ öñüni aljak bolmasydyr, adamzadyñ ösüşine düýpli goşandyny goşýar. Aslynda Musk barada aýdyp boljak maglumat gaty köp, ýöne bu makalada diñe kitapdakylary paýlaşmakçy, beýleki maglumatlar üçin belki ýene bir makala ýazyp bilerin.
Elon Musk Kanadaly ejesi, Günorta Afrikaly kakasy bolany üçin Günorta Afrikada dogulyp, ulalandyr. 10 ýaşynda özü programmirleme öwrendi we 12 ýaşynda Blastar oýnuny döretdi we 500 dollara satandyr. Uniwersitet üçin Kanada gitdi, soñra Amerika, Amerikada ekonomika we fizikadan bakalawr derejelerini gutardy. Ph.D. okamak üçin Stanford uniwersitetine gireninden 2-3 gün soñ işlemek üçin okuwy taşlady we dogany bilen Zip2 kompaniýany döretdiler. Bu kompaniýa 1999-njy ýylda 340 milýon dollara satyldy, we mundan Muska 22 milýon dollar gazandy. Ondan soñ onlaýn töleg hyzmatyny ýerine ýetirýän X.com-yñ (şu wagtky ady Paypal) düýbüni tutdy. 2002-nji ýylda Paypal hem 1,5 milýarda satyldy, we Musk mundan 165 milýon töweregi gazandy. Bu iki kompaniýalardan soñ SpaceX-iñ düýbüni tutdy. SpaceX-iñ asyl maksady kosmos gatnawynyñ (planetalar arasy transport) töleglerini azaltmak we Mars planetasynda adamlaryñ ýaşaýşyny döretmek. Muskyñ başga bir kompaniýasy hem Teslany, 2003-nji ýylda düýbi tutulandyr. Tesla elektrikli awtomobilleri öndürýär.
Geleli näme üçin bu kompaniýalar döwletler bilen ýaryşýar. Öñler kosmosa diñe döwletler ýa-da Nasa ýaly halkara kompaniýalar roketa ugradyp bilýärdi. SpaceX bu babatda roketa ugradan ilkinji şahsy kompaniýadyr. SpaceX kosmosa roketa ugratmak boýunça bir giden täzelikler döretdi. Şu wagta çenli roketalarda 1970-nji ýyllardaky tehnologiýalar, enjamlar ulanylýardy. SpaceX köp enjamlary has arzan we ýokary hilli ýasamagyñ ýollaryny hem tapdy. Şonuñ üçin roketalaryñ çykdaýjylary az bolýar. Meselem öz ýasan bir enjamlarynyñ agramy öñkiden 20% ýeñil bolupdyr, bahasy bolsa 50000–100000 dollardan 5000 dollara düşüpdir. Başga-da bir enjamyñ barlagy 3–5 sagatlyk eken, SpaceX-iñ işgäri bu enjamyñ üstünde 6 aý işläp, 5–10 minutda barlar ýaly edipdir. SpaceX-iñ roketalaryñ enjamlarynyñ 90%-ini özleri ýasaýandyr. Sebäbi kitapda aýdylmagyna görä SpaceX başga birine bil baglamany ejizlik görüpdir. Biziñ hemramyz Türkmenälem 52.0E hemrasyny hem SpaceX kosmosa çykardy.
Tesla elektrikli awtomobil öndürýän ýeketäk ýa ilkinji däl, ýöne bu babatda iñ gowusy boldy. Teslanyñ awtomobilleri iñ çalt tizlenýän awtomobilleriñ biri we beyleki awtomobiller ýaly benzin bilen işlemeýändigi üçin tebigata peýdaly. We şu wagt girdeýjisi boýunça dünýäniñ islendik awtomobil kompaniýasyny geçmegiñ bärisinde. Tesla maşynlaryndan esasy gowy gören zadym telefon bilen hem dolandyryp bolmagy, maşynlaryñ awtopiloty şu wagta çenli iñ gowylaryñ biri. Türkmen youtuber Ahmet Meredow hem Teslanyñ iñ soñky modeli bolan Cybertruck maşynyny onlaýn satyn alypdy. Cybertruck baradaky pikirleriñizi teswirlerde paýlaşmagy unutmañ.
Geleli Elon Muskyñ öz aýratynlygyna. Musk uniweritetde gowy okan däl-de, üýtgeşik proýekt edenleri işe aljak bolupdyr. Musk SpaceX-e işe alynanda birinji 1000 kişi bilen gönimel özi gürrüñdeşlik geçiripdir. Gürrüñdeşliklerde esasy ilki bilen şu soragy sorapdyr: “Dünýäde bir ýerde dursuñyz. 1 mil (1,6 km) günorta, 1 mil günbatara, 1 mil demirgazyga ýörediñiz we ýöräp başlan ýeriñize geldiñiz. Bu ýer niresi?”. Jogabyny bilenler teswirlere ýazyp bilersiñiz? Musk bu soragy bilenler başga-da gyzyklar soraglar barada gürrüñleşer. Musk üçin esasy soragyñ dogry jogaby möhüm däl-de, nähili çözjek bolşyñ möhümdi. Musk hepdelik ýygnaklarda gaty agras bolup bilýärdi. Işe girenleriñ köpüsi bu sebäpden ýa-da hepdede 90 sagat işlemäge öwrenişmän 2–3 aýdan işden çykýan ekenler. Belki hepdede 90 sagat size kän ýaly däl bolup biler, ýöne muny açsak, hepdede 6 gün iş, onda her gün 15 sagat işlemeli bolýar, bir adam ortaça 16 sagat oýa bolýar diýip hasaplasak, nähili kyndygyna düşünersiñiz. Muskyñ özü hem email-lerinde grammatika ýalñyşlyklary bolanlary we üýtgeşik zat etmedikler işden kowupdyr. Muskyñ çydap bilmeýän zatlarynyñ biri hem bahana we planyñyzyñ bolmamasydyr.
Muskyñ bu talap edijiligi we köp sagatlar işlemesi köp adamlara Stiw Jobsy ýatladýar. Stiw Jobsyñ işdeşleriniñ aýtmagyna görä: “Jobs ýalylar her näçe ajaýyp zehinli bolsa-larda, iş meselesinde hem örän talap edijidirler. Şonuñ saýasynda işler gowy bolar”. Muskyñ bu aşa talap ediljilik häsiýetini köp kişiler halamasada, hem işgärleri hem işden çykanlar Muska haýran galýan ekenler.
Elbetde Musk işgärlerine dynç bermäni hem bilipdir. Käbir şenbe günleri Musk işgärlere kompýuterlerde oýun oýnamaga rugsat beripdir we counter-strike oýnapdyrlar. Adatça Musk oýunda Random9 ady bilen oýnap, oýunda ýeñiş gazanýan eken. Mundan başga-da işgärleriniñ işlemekleriniñ öñünde böwet bolmazlygy üçin elinden gelenini edipdir. Bir gezeginde bir işgäriniñ gözü üçin operasiýany Muskyñ özi töläpdir.
Musk şol bir wagtda sabyrly bolupdyr. SpaceX ilkinji üstünlikli roketasyny 4-nji synanyşmasynda, SpaceX gurlanyndan 6 ýyl soñ uçuryp bilipdir. Bir roketany uçurmak näçe çykdaýjyly bolsa-da bulary peýda hökmünde görüpdir.
2008-nji ýyl Muskyñ kompaniýalary üçin örän kyn ýyl bolupdyr. Muskyñ puly gutaryp işgärleriniñ hepdelik pullaryny hem dostlaryndan karz alyp bermeli bolupdyr. Käbir internet sahypalaryna görä Tesla Roadster 2007-nji ýylyñ iñ erbet üstünliksizligi diýip atlandyrylypdyr. Teslanyñ nähili ýok boljagy barada 50 makala çykypdyr. Musk hem şol günlerde örän agyr günler geçiripdir. Ýöne 2008-nji ýylyñ dekabr aýlarynda Musk bu kyn ýagdaýdan baş alyp çykypdyr. Teslanyñ işgärleriniñ biriniñ aýtmagyna görä: “Musk tanaýan hemme kişimden has köp işleme we strese daýanma ukybyna eýe. 2008-de başyna gelenlerden Muskyñ ýerine başga biri bolsa baş alyp çykyp bilmezdi. Diñe diri galmady. Işlemäne we ünsüni goramaga dowam etdi”.
Kitapdan esasy öwrenen zatlarymyñ biri hem başlarda 5–10 sany çynlary bilen işleýän, üstünlige aç adamlaryñ zähmeti bilen şeýle komponiýalar gurulýan eken. Başda işe alnanlaryñ käbiri programmist bolsun, inźener bolsun, kärine üns bermän kompaniya ulaltmak üçin elinden gelenlerini edýärler… Işde adamlar bilen nähili öziñi alyp barmalydygyny, gatnaşmalydygyny… öwrendim. Başga-da ýeterlik sabryñ we gowy planyñ bolsa uly işleri ýerine ýetirip bolýandygyny. Köpümiz plansyz sabyr etýäris, maksatsyz hereket edýäris. Islendik zadam maksatsyz hereket etseñ düzelmeýär, gerek ýerinde töwekgelçilik (risk) almaly. Rahatlygyñy aýyr. Arzuwlaryña tarap herekete geç.
Şeýle samsyk pikirli adam barmyka?
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Gowy makala we görelde alarlyk şahsyýet eken.
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Belki senem TM-da bir gün şeýle adam bolarsyň
-
Pegas
3 years ago
- Awtory kim bu makalaň?
-
Yylgyn
3 years ago
- Makalan ozi gyzyklymy awtory bilen name isiniz bar awtoryny paylasanda paylasmanda sizin edip biljek zadynyz yok
-
Durmus_Myradow
3 years ago
- Pikirlen akkauntynyň ýazan makalasy bu instagramda sahypasy bar, şeýle hem imoda-da akkaunty bar.
-
Ylmytalyp
3 years ago
- @Durmus_Myradow, goşulmak üçin imodaky nomerini berýiň?
yashalym 3 years ago- Berekella!
Senden bu hili bloga garashmandym.
Men aytyadym "senem acylsarsyn" diyip. Seyle gyzykly bloglary dorediber.
/21.6.17.2/