GÖRIPLIK NÄME?
Göripligiň düýp manysy bäsdeşlikdir, has takygy, özüne degişli bolmadyk üstünlige, baýlyga, bagta eýe bolmak islegi bilen, garşydaşyňy habarly etmezden amala aşyrylýan gizlin bäsdeşlikdir.
■ Göriplik duýgusy
Göriplik duýgusy öýke, agressiýa, öjükme ýaly emosional ýagdaýlar bilen utgaşykly gelýän duýgudyr. Adam özüni başga adamlar bilen, has dogrusy olaryň üstünlikleri we maddy ýagdaýlary bilen deňeşdirýär. Öz isleýän, arzuwlaýan zadynyň başgalarda barlygy üçin ýigrenç döreýär. Käwagtlar göriplik sussupeslige, janyýangynlylyga getirip bilýär.
Göripligiň psihologiýasy başga adamlaryň bagtyna guwanyp bilmezlik, olaryň bagtynyň beýgeldigiçe, negatiw emosiýalaryň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Psihologiýa göriplige birwagtda şahsyýet üçin çäklenme we üstünlige itergi hökmünde garaýar.Adam göripleýän adamsyna ökünmek, ony kopiýalamak bilen öz şahsyýetiniň çökmegine, ýitmegine, çäklenmä getirip biler. Tersine göripleýän adamsyndan ýokary netijeler gazanmak üçin, maksadaokgunly hereket etmäge itergi hem berip biler.
■ Göripligiň esasy sebäpleri
Göripligiň esasy sebäpleri hökmünde Mätäçligi (Islendik zada,şol sanda söýgä, mähre, dostluga…), kanagatlanmazlyk duýgusyny, şahsy üstünliginiň ýoklugyny, maddy ýagdaýyň pesligini, öz-özünden göwnüniň bitmezligini, närazylygyny bellemek bolar.
■ Göripligiň görnüşleri
Göripligiň görnüşleri köpdür: gysga wagtlyk,uzak wagtlyk, köpçülige niýetlenen, gizlin, duşmançylykly, kemsidiji… bular ýüze çykarýan häsiýetleri degişlilikde ak we gara göriplige bölünýärler.
Ak göriplik- göripleýän adamsynyň derejesine ýetmek üçin, zyýansyz hereket edýan, gysga wagtda geçip gidýän duýgudyr.
Gara göriplik- ýaňsylama, öjükdirme, kemsitme arkaly agressiw hereketleri bilen göripleýän adamsyna zyýan ýetirmek isleýän,iň gorkunç we ýakymsyz duýgudyr.
■ Göripligiň zyýany
Başga adamlaryň ýaşaýşyny, üstünliklerini göriplik bilen synlaýan,yzarlaýan adam öz durmuşyny arkaýyn ýaşap bilmez. Kimdir biri bagtly ýaşaýar, kimdir biriniň ähli zady gowy diýip ejir çekýän adam bilen ýaşamak kyn bolar. Galyberse-de, göripligi başdan geçirýän adamda ýüze çykýan agressiýa, ýigrenç, sussupeslik ýaly duýgulary ony jemgyýetçilik düşünjesinden daşlaşdyryp biler. Özüň awy içip, başga adamynyň ölümine garaşmak diýleni ýaly-da.
Görüplik diňe günä sebäbäp bolýan ýürek keseli bolman,bir tarapdan eýesiniň gowy gylyklarynyda aradan aýyrýar.Gürrüňe degişli hadys-y şerifde şeýle diýilýär: "Ot töňňäni iýip dynyşy ýaly, görüplik-de gowylyklary iýip dynar."(Ebu Davud, Ibn-i Mace)
Başgasyna berlen nygmaty gysganan adamlar, ýüreklerinde biderek ýere gynanç göterýärler. Çünki duýan gynançlary görüplik edýän nygmatlary azalmaýar ýa-da özlerine berilmeýär. Şeýlelik bilen görüplik edýän adam maksadyna ýetmeýär we Allahyň kömek edenleriniň hataryna goşulmaz. Görüplik doly kalp eýesi, hem dünýäde kynçylyk we hasrat içinde ýaşar, hem-de ahyrýetde uly ýitgä sezebar bolarlar.
■ Göriplikden nädip saplanyp bolar?
Göripleýän zadyňyza näme sebäpden göripleýändigiňizi anyklamaly. Belki-de, siz şonsuzam bagtlysyňyz,şol zadyň size ähmiýeti hem ýokdur.
Adamlaryň şol bagta ýetmek üçin nämeleri başdan geçirendiklerini bilmeýändigiňe düşünmeli. Belki-de siz olaryň ýerine bolmak hem islemezdiňiz.
Başgalaryň bagtyny, üstünliklerini öwrenip ýörmän, özüňizi kämilleşdirmeli, özüňizi hakykatdan bagtly edip biljek zatlara üns bermeli.
Durmuşda göriplik duýgusyny ýeňip, ony başgalaryň bagtyna guwanmakdan lezzet almaklyga öwürip bilen adam, öz durmuşynyň hak eýesidir we bu adamynyň göriplap ýetip biljek derejesinden, has ýokary derejelere ýetjekligi şübhesizdir.
GÖRIPLIK NÄME?
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- Kime degişligini özüň subt etdiň :) sagbol haramzada inim
-
Yylgyn
3 years ago
- Ejen amylay :(
-
yashalym
3 years ago
- zet göribä seň özüň 😂
-
yashalym
3 years ago
- adminka saýtyny reklama edende üstünden gülliňä binamys
-
wagt
3 years ago
- Hakykatdanam yagşy iş edyän ya-da yagşy iş edyandigine tüys yüreginden ynanyan adam göriplere we ozüne edilen göriplige üns bermeýär, olara jogabam bermeyär, barmysyñyzam diýmeýär, göriplik we göripler diñe edyän yagşy işiñi dowam etmek hem-de dymmak bilen yeñilýär. Yöne bu yazgyny türkceden cala cula terjime eden (asyl nusgasynda erbet yazgam däl) ya-da paylaşan adam kimem bolsa ulalyp oñalmadyk (we bu oz yazmadyk zadyny özüne perde edinjek bolyan), elinden yeke yagşy iş gelmese-de ozuni hemme zady oñaryandyryn we başgalar hic zat oñarmayandyr öydyän, obasynda-da tanalmayan emma ozüni yurda belli ile gerekli biridir hasaplayan, galýusinasiýalar bilen yaşap ýören ruhy taydan näsag, öz näsaglygyny ilden göryän yaly görene azgyrylyp ýören, aslynda özi barypýatan görip, agzy hapa - tanamayan adamlaryna wirtualda paýyş soz sozlemegi ozune edermenlik saýýan, gorkanynyñ eşegi, adam tañryly bir betbagt yetginjegiñ acan birgiden sögüncli hem-de ozi yaly yeñles gyzjagaz bilen oz aralarynda bolan zatlaryna hekayadyr oyfyan suwjuk yazgylaryndan soñ nobatdaky ozuni ile akylly görkezjek bolşy diyp düşüniñ. ))
-
yashalym
3 years ago
- wagt agam cozdunlay prosta. shu yazgyny okayan bolsa ashagyna bakyp gezmeli bu oglana
-
yashalym
3 years ago
- Wagt siz gaty dogry aytyanyz ozem seylebir hakykatcyl,dozumli aytyanyz. MenA dogrysy size telpek goyyan hic wagtam men kimdir birine seyle dozumli zat aydyp bilmeyan, yone sizin aytyanlannyz yuregme junk bolayya
-
Jeksparro
3 years ago
- Gep eyesini tapar diyyärmi?
Yylgyn 3 years ago- Ejen sikeyin sana degisli tema eken