IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 13.

61) Kakasy bilen ogly maşynda awariýa düşýäler. Kakasy ölýär ogly balnissa düşýär. Dogtarlaryň biri bu oglany görüp "Bu meň oglum, men bu oglanyň kakasy" diýýär. Nädip ol oň kakasy bolýar? Oglanyň kakasy öldi ahyry!?
============================
62) Bir oglan bir gyzy gowy-görüpdür. Emma gyz oglany gowy-görmändir. Soňra ol oglan gyza ýönekeý bir zat sowgat beripdir. Gyz bolsa şol sowgatdan soň ol oglany gowy-görüpdir, halapdyr, belki söýendirem. Sorag! Oglan gyza näme sowgat beripdir?
============================
63) Bir akylly we bigünä oglany türmä basypdyrlar. Muňa türme-başlygyň nebsi agyryp, ol oglanyň ýanyna gelip "Al şu palawdan bir çemçe iý" diýýär. Oglan palawdan bir çemçe iýýär. Soňra türme-başlyk "Inni bolsa jogap ber, şu bir tabak palawyň nämesi kem? Eger dogry jogap berseň türmeden boşatjak" diýýär. Oglan jogap berýär we türmeden boşadylýalar. Oglan näme jogap berdi?
============================
64) Howuz üstünde gowak,
Gowak üstünde gapy,
Gapy üsdünde holtum,
Holtum üstünde çyra.
Çyra üsdünde galam,
Galam üsdünde meýdan,
Meýdan üsdünde depe,
Depe üstünde jeňňel.
============================
65) Samandan ýeňil,
Polatdan agyr,
Ele düşmez,
Terezide çekilmez,
Bazarda satylmaz.

Toplan: IDEALLIDER

Howwa. Soraglar gaty kyn. Şondada öň okap jogap tapanlar üçin aňsatjak🙂👍

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir