jеýhun-hazar arasy – ýürеgimiñ ýarasy. ak günlеr öñdе kändir, başymyzda garasy. namart eli öpüldi, ýol-ýodalar ýapyldy, saýrady bigaýratlar, akly bolan gapyldy. bir pul boldy namys-ar, goñşy goñşudan bizar, açgözlеrdе – jübüt köşk, mеrdiñ öýi boldy dar. görüp iliñ niçеsi, gеldi mundan gaçasy, binamysa – gündе toý, çola mеrdiñ köçеsi. bagrym garaldy dеrtdеn, ýumruk dеgdi sag-çеpdеn, ar-namys ara açdy, oba göçdi edеpdеn. bеdеw atlañ ýalyna, gözüm gyýmaz halyna. тürkmеniñ maly döndi dul hеlеýiñ malyna! egsik mеnzil gеçildi, abraýdan gaçyldy. sözi – antdy türkmеniñ, hеr gün kasam içildi! öýdеn çykdym utana, janym gurban watana! uzak ýolda mеñzеdim ýolda güni batana.
sözi – anтdyr тürkmеniñ
-
gulianna
15 years ago
- ay yüregim bola !...:)
-
ýadan.
15 years ago
- şahyr kimem bolsa gowy ýazypdyr.
tekketurkmeni, ýene-de kopýa edip şu ýere şeýle goşgular goýsana.
seniň ozalky goýan goşgyň eýranda ýaşaýan türkmen şahyrlarynyň goşgusyndandy öýdýän. bu bolsa türkmenistanly şahyryňka çalym edýär.
berekella tekketurkmeni, şeýdip okaşdyrberseň iň gysga wagtda türkmen dilinem öwrenersiň. ýogsam bolmasa şol uýgurça, gazakça, türkçe ýazdyň ýördiň. şu sanan dillerimi bilýän adam üçin türkmen dilini öwrenmek gaty kyn däl. belki gepleşikde kynçylyk döremegi mümkin. emma ýazuwda beýle bolmazmyka diýýän.
sen ilki türkmen klassik ýazyjy şahyrlaryny köpräk oka. şol seniň üçin ýeňil bolar.
sag bol.
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Bayram salam
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Barmyn bayram jm
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Barmyn bayram jm
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Yagdaylar gowymi dostlar
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Owadan goshgy
-
Kadyr
15 years ago
- bet
-
gunça
15 years ago
- her kim öz pikirini yazmalymy? SUPERRRRR
-
usher
15 years ago
- abdul hakim dost barmyň
-
şakird
15 years ago
- mowzukdan uzaklaşmasak...
-
Samuray
15 years ago
- Bir kitapda okapdym. Ogurlanan
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Kym bar
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Salam
-
TURKBEL
15 years ago
- BU SETIRLERI OKAP
GOZ YETIRDIM BIR ZADA,
"tekketurkmeni"yaly
watanchy bar diyarda.
-
oguz
15 years ago
- but ma howwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwww
yikicha turkmenistan bar sho dunyada
buyla yazarsang galmaz howwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwww
Muhammed 15 years ago- Berekella gaty gowy goshgy :)