SEN GELDIN-DE,GARYP GOWNUM BAY ETDIN, YONE NAMUCHINDIR,YNJALYGYM YOK? SEN MANA BAGT BERDIN ORAN ULLAKAN, ONY NADIP GORAJAGYM BILEMOK. YONE,SAHER-SAHER BAGTYMY OPUP, GORYAN OZ YUZUMI SENIN GOZUNDE. HER HAL,YOLDA YATAN DASH DAL EKENIM, ARTYK DAL EKENIM YERIN YUZUNDE! HORMATLY TALYPLAR,GELIN,TURKMEN EDEBIYATYNYN GAYTALANMAJAK SHAHYRY BOLAN GURBANNAZAR EZIZOW HAKYNDA GURLESHELIN.OL TURKMEN EDEBIYATYDE AYRYLMAZ YZ GOYAN SHAHYRLARYN BIRI,MANA ONUN GOSHGULARY DIYSEN YARAYAR.BELKI,SIZEM ONUN GOSHGULARYNY SOYIP OKAYANSYNYZ?
GAYTALANMAJAK SHAHYR
-
TURKBEL
15 years ago
- SALAM SERJON,GOWUMY YAGDAYLAR?DOGRYMY AYTSAM,ONUN OLUMI HAKYNDA 3-4 SANY MAGLUMAT BAR.OL YITIPDIR DIYANLEREM BAR,YONE MEN BIR YERDEN SENIN AYDANLARYNY HEM ESHITDIM.ONY RUSLAN OLDUREN BOLMAGY HEM MUMKIN.
-
kakabaş
15 years ago
- SerJon, TURKBEL ikiňizem nädogry bilýäňiz.ol ýiter ýaly iňňe däl ahyryn,ony rus dikmesem öldürmedi.
ol 1975-nji ýylda gullukdan gaçyp barýan hahol esger tarapyndan atylyp şonuň güllesinden wepat bolýar. wakanyň bolan ýeri gazanjyk etraby. aslyýetinde onuň elinde uçar biledi hem bar ekeni emma ol orsýetden gelen şahyrlar bilen maşynda bile gaýdýar. olar krsnawodskiýden gelýän ekeniler. elbetde wakanyň arksaynda bir mehanizim barmy ýokmy ony bilýän ýok. ýöne bir zat belli ol dirikä oňa görüpçilik edenler,onuň edebi zehinini gysgananlar, tankytlanlar hat-da ýazgaranlar ol ölenden soň hamana onuň ýakyn dosty ýaly görünmäge çalyşýarlar. bu hazirki gün hem şeýle. munuň sebabi bolsa öz abraýyny artyrmak. oglanlar size şahyryň " pikir derýasynda akyl gämisi" atly goşgusyny okap görmegiňizi maslahat berýän.
-
TURKBEL
15 years ago
- MANA BU GOSHGYNY DASHARY YURTDA TAPMAK KYN.KYN GORMESEN SHOL GOSHGYNY SHU YERE YAZAYSAN.
-
SerJon
15 years ago
- kakabash sen diyanin orslar tarapyndan duzulenspektakl.Fakt doretmek ucin duzyaler ony.A shol esger nadip yanyna girenini bilyanmi? Ol ilki olardan chilim sorapdyr.Yok diseler nas sorapdyrr. Oda yok diyseler spichka sorapdyr. Olar hic zat berman ugranlarynda olary yzyndan atypdyr.
Gullukdan gachan esger.ha haa. Sen pikir etmedinmi dost name uchin gelip sholara dushyar.Ozem gullukdan Aftomakly gachyar. Ozem gachybam gorkman adam olduryar! Ony hichkimin tapmanyny hem bilyanmi sho esgeri?
-
kakabaş
15 years ago
- serjon, seniň diýýänleriň nä dereje dogry, nä dereje galat ony men bilemok.sebäbi ol wagt metbugat erkinligi bolmansoň hiç ýerde anyk zatlar ýazylmady we jurnalistik derňewler geçirilmedi.
mende hem tassyklap bolmajak käbir maglumatlar bar. men olary bärik ýazmakdan saklanýan. ýöne bir zat aýdyp biljek. ok öňden atylypdyr. şahyr egninden ýaralanypdyr.
ýene bir bellemeli zat şahyr öz goşgularynda lermantowyň, puşkiniň atylyp öldürilendigi barada kän ýazýar. özü hem atylyp öldürülýär.
şahyryň magtymguly bilen hem meňzeşlikleri bar. ol hem zegär,hem şahyr bolupdyr.onuň atasy ussa bolupdyr.magtymgulynyňky hem ýonaçy. megtymgulynyň durmuşynda meňli atly gyzyň bolanlygy aýdylýar, gurbannazaryň aýalynyň ady bolsa hally.
-
TURKBEL
15 years ago
- "O WAGTLAR METBUGAT AZATKTGY YOK"DIYIP,SHU WAGT NAME BARMY?
-
SerJon
15 years ago
- shu wagtam yok azatlygy turkbel.100% razy!
Kakabash dost dushundim!
-
kakabaş
15 years ago
- gürrüň şol wagtlar barada barýar.
-
TURKBEL
15 years ago
- g.ezizowyn ejesi shu wagt hem diri diyip eshitdim.
-
TURKBEL
15 years ago
- shu gunlukche sag bolun.
-
SerJon
15 years ago
g.ezizowyn ejesi shu wagt hem diri diyip eshitdim.
TURKBEL | 2009-01-25 07:06:16
Menem eshitdim hemem 2 gyzy diri,dashary yurtda adamlary bn diyaler.
-
DangerOus
15 years ago
- g.ezizow goshgylarynda güyzi tukat görkezipdir. ezizow güyzde aradan Çykdymyka diyyän. onuñ köp gosgularyna düsünmek sheyle kyn. ezizow barada tm tv-de geplesik hem tayyarlapdyrlar.
-
halk
15 years ago
- g.ezizow shahyr aramyzdan ir gitdi yatan yeri yagty bolsun turkmen edebiyatynda ocmejek yz galdyran shahyryn doredijiligini gelejekki yash nesle yetirmeli we yitirman saklamaly
-
kakabaş
15 years ago
- ***
Nadanlar şat ýaşar diňe bir pasyl,
Sen, dost, şagalaňa gyzygma asyl,
Howlukma sen, günüň güni zähmet çek,
Zähmet bilen päk döwletiň parlasyn.
Görejiň deý gora köňül baýlygyn,
Baş alyp gaç görseň mugtuň barlygyn.
Göwni kiçi tutsaň, hor bolmarsyň sen,
Nurana gün, aýazly gün, garly gün.
Derdiňi paýlaşma her ýeten bilen,
Hüşgärligi üçin yok entek ölen,
Ýogsa gojalykda seniň derdiňe
Ne bir dostuň aglar, ne duşman güler.
Nadana ne derkar sözüň dogrusy,
Nadanyň gözlegi sözüň egrisi.
Dostum, özüň görüp dursyň ahyry,
Olar ahyr bolýar iliň ogrusy.
-
kakabaş
15 years ago
- PIKIR DERÝASYNDA AKYL GÄMISI…
II
Gel, oturyp dünýe hakda sözläli,
Ýakyn edip ara düşen yragy,
Rastym aýtsam, jedelleşmek meýlim ýok,
Men nire, sen nire, eziz Pyragy!?
Döwür elmydama üýtgär-de durar,
Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez.
Ýeke bir hak dostuň bitiren işi
Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez.
Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy.
Emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
Uly ýürek ulusyny göterdi.
Namart gülýär mert kişiniň halyna,
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ejiz ýürek bilen ýaşasa bolar,
Uly ýürek bilen ýaşamak ne kyn.
Ýagşylyk, ýamanlyk elmydam birdir,
Kimse haýryň zary, kim şeriň zary,
Bu gün ýamanlygyň bolany üçin,
Ýetýär adam başa bäş batman däri.
Her adam başyna bäş batman ölüm?!
Her adam başyna bäş batman däri?!
Bir başa bir ölüm ýeterlik bize,
Bir başa bäş batman?
Artygrak dälmi?
Adam ähli söýüp, urşup, ýigrenip,
Gör-bak, näçe ýüz müň menziller geçdi.
Ähli döwürleriň haýyr, şer işi
Maňzy,
Asly,
Durky bilen meňzeşdir.
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ähli döwürleriň geniý nesili,
Ýanyp ýaşaýarlar ahyr içmäge
Salýeriň awuly pyýalasyny.
Adamyň zehini beýik bolanda,
Bahyllar üstüne labyryn atar.
Ýöne akyllaryň ýogalan güni,
Hatta şol milletem başyny tutar.
Kimse çykar uzak-uzak ýollara,
Şatlyk buşlap, gapylary kakmaga,
Kimse çykar şol buşlukçyň öňünden
Onuň tigirine taýak sokmaga.
Şeýdip, çüýrük merdiwana çykarlar,
Köňüllerin bir pasyljyk şat edip.
Han-begler,
Şazada,
Şalar ölýärler.
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.
Çünki hak şahyrlar iliň namysy,
Agysyna aglap, gülse gülýärler.
Il-günüň hasratyn ýüregne çekip,
Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler.
indi türkçe terjimesi:
FİKİR DERYASINDA AKIL GEMİSİ
II
Gel, oturup bahsedelim dünyadan
Yakın edip aradaki uzağı.
Elbette ben, tartışacak değilim.
Ben nerde, sen nerde koca Pıragı
Devir, devinir, değişir hep.
Bugün düne gider. Dün geri gelmez.
Tek bir gerçek dostun ettiği yardım
Binlerce yoldaşın elinden gelmez.
Senin devrin, biliyorsun, ağırdı.
Ama dağına göre kar, âdettir...
Küçük yüreklere biraz kar yağsa.
Doruklar boradır, buzdur, afettir.
Namert güler mert kişinin hâline.
Çünkü şerirlik rayiçtir dünyada.
Aciz yürekle yaşansa yaşanır.
Büyük yürekle yaşamak zordur ama.
İyilik, kötülük her zaman aynı
Hem Cebrail melek, hem Harut-Marut.
Bugün şerirlerin galebesinden
Düşmekte kişiye beş batman barut
Her adam başına beş batman ölüm!
Her adam başına beş batman barut!
Bir başa bir ölüm yeterdi bize.
Bir başa beş batman? Kalmadı umut.
Adem oğlu bir sevgi, bir nefretle
Gör bak, aştı binlerce menzilleri.
Bütün devirlerin hayrı ve şerri
Hep birbirine benzer, hep beşeri.
Dünyada kötülük olduğu için.
Bütün devirlerin münevver nesli
Yanar yaşar, içmek için akıbet
Salyer'in ağulu piyalesini.
Bir insan dehasıyla yücelmişse,
Kıskançlarca binbir ad takılır.
Ama o dahi oluverse birden.
Hatta öyleler de yanar yakılır.
Kimi çıkar uzun uzun yollara.
Hoş haberle kapıları çalmaya.
Kimi çıkar çomak sokup tekerine,
O müjdecinin önünü almaya.
-
kakabaş
15 years ago
- gurbannazary ýatlap...
şahyryň ejesiniň we aýalynyň ýatlamalary
"-Men-ä atasyny görmedim.Ÿöne Gurbannazar,”Atam ýogalansoňam her gün ýatjak bolamda kulhuallany okap ýatardym” diýip, gürrüň bererdi-gelni gaýnynyň aýdanlaryna goşuldy.
Gülnabat daýza Hümmet agaň suratyny maňa uzatdy.Meniň gözlerim owadan ak sakally, eli gülýakaly nurana ýaşulyny-Hümmet mollany synlasa-da aňym Gurbannazardady.Kiçijik Gurbannazaryň atasynyň aýdanlaryny gaýtalap,näme diýýänine düşünmese-de üýtgeşik täsir edýän kulhuallany öwrenip oturşy göz öňüme gelýär.
Kulhuallahu ahad,Allahussamad...
Atasy oňa bu keramatly sözlerı her gıje ýatmazyndan ozal gaýtalap, onsoň uklamagyny tabşyrýar…
Halnabat gelnejem Gurbannazaryň Hudaýa ynanandygyny dữşindirjek bolýardy.
-Kulhuallany daşyndan okaýardyda:”Şu goşgy bilen ýazylan. Özem şeýle bir täsin formada ýazylypdyr, şuň formasy gaty ữýtgeşik” diýýärdi. Soň ýene gaýtalap okaýardy. Kulhuallanyň owazyna diň salýardy. Ýöne kän bir “Hudaý”diýip diline alyp ýörmezdi. “Hudaýyň biz bilen işi ýok, bizem näme edeli oňa azar berip” diýerdi.
Halnabat gelneje Gurbannazaryň arkasyny aljak bolỳan ỳaly:Ýöne goşgularynda kän “Hudaỳa şükür”,”Taňryỳalkasyn” diỳỳändir diỳdi.
Ýadyma düşỳär,dogrusy hiç ỳadymdan çykanok Gurbannazar ỳogalansoň onuň mazarynyň baş ujuna daş goỳmagy maslahat bildiler. Ol daşyň ỳüzününede oỳup:
“Käte kökden indim kä göge galdym
Ýöne hiç ỳitmedim, Hudaỳa şükür”
diỳen iki setirini ỳazdyrdylar. Bilmedim nähili,niçik boldy. Ol ỳazgyly daş entek onuň mazarynyň baş ujunda barmyka, kimileri onuň ỳüzündäki “Hudaỳa şükür” sözüni halamandyrlar. Indi täzeden, täze daşa Gurbannazaryň”Hudaỳa şükür” diymedik setirini oỳdurmalydy.Bu zatlaram pula durỳar. Onsoň uly alada galan dost-ỳarlary başka bir bölejik ỳuka daşynyň ỳüzüne şahyryň başga iki setirini ỳazyp(onuň Gurbannazaryň haỳsy setirleridigi häzir ỳadyma düşenok) şol daşam “Hudaỳa şükür”setirleriň üstüne ỳelmesek laỳyk bolar diyen netijä geldiler. Şeỳdip şahyryň iki setiriniň üstüni onuň başga setiri ỳapdy. Adamlaryň edip ỳören işine aklyň haỳran galỳar. Öz setiriň bilen öz setiriň üstüni ỳapỳarlar, soňam ony eltip baş ujunda goỳỳarlar. Kimi günäkärlejegiňem biler ỳaly däl. Aslynda bilende name? edil ol bilinmänem duran däldir-le, Ýöne eger şo-da edilmedik bolsa, ỳöne jaylap dagaşylỳan bolsa nähili bordy? Ýene Gurbannazaryň sarpasy tutuldy. Nähili päsgelçiligem bolsa ,onuň mazary ỳitmez ỳaly edildi. Häzir mätäjiniň ỳatan öwliỳasy bilinse-de, jaỳlanan ỳeri anyk bilinỳändir öỳdemok. Ol ỳigitler gowy iş ettiler. Şeydip ỳagşylyk bilen ỳamanlyk şahyryň “mazaryna büdredi”. Kim bilỳär, onuň setirleri özlerini döreden ynsandan aỳrylyşyp bilen däldir. Şonuň öçin hem biri beỳlekisinden galman onuň baş ujuna gelendir?! Soň BAGT o zatlaryň hemmesini gaty ỳönekeỳ usulda ỳerbe-ỳer goỳdy.Säheçe aỳdan daşy-daşa ỳelmeşdirip saklaỳan elim gopdy.Kim bilỳär aỳ-aỳdyň gijedir, kim bilỳär tomusyň janyňa jaỳ tapyp bolmaỳan süýr günortanyň yssysyna ýüzi iki setirli ýuka daş gopup aşak gaçypdyr. Gaçypdyram, onuň bir gyrasy jezasyny çeken ýaly döwlüpdir. Ýöne onuň ýüzündäki setirlere zeper ýetmändir.Şeýdip ýapyljak bolan setiriň üsti açylypdyr. Gurbannazar :
“käte gökden indim, kä göge galdym,
Ýöne hiç ýitmedim, Hudaýa şükür!”
diýip, Hudaýa şükür edip ýatyr. Hudaýa şükür edip ýaşan, neneň, Hudaýa şükür edip ýatmasyn."
sitatanyň soňy.
sitata şahyryň ýakyn tanyşlarynyň biriniň ýatlama kitabyndan alyndy
-
kakabaş
15 years ago
- hally gelneje bilen söhbetiň dowamy:
-Halnabat gelneje, birhili gelşiksizrägem weli, Gurbannazary gyzkaňam tanaýarmydyň?
-Ýok.
Öýlenmänkä, görjek dagam bolmandyr?
Görjek diýipdir. Kerim aga bilen barypdyrlaram weli, görübilmändir-dä...
Meniň ýüregim jigläp gitdi. Onuň gyzka Gurbannazara görnüp bilmänine gynanjy görnüp giden ýaly boldy. Türkmen seniň edebiňe döneýin.Görüşmán bilişmán durmuşa çykan bu geliniň telim duşuşyp durmuşa çykanlaryňkydan kän çuň duýgusyny gözüň bilen görmeseň náçe ýazsaňam bárden gaýtjak.
Mümkin, şol sähelçe salymlarda şolar ýaly üýtgeşik ýazgylar ýazylýandyr. Men Halnabat gelnejäniň gözlerinde näçe gussa görsemem Gurbannazara sataşanyna gynanç görmeýärdim.Ýogsa, ňäçe islemese-de Gurbannazar ony ýaňa otuza ýetende ýeke goýup gidipdi. Biz hemme zady ýyl bilen ölçemäge endik edipdiris.Ýöne ýanyndaky bilen tükeniksiz ýyllar bäri bile ýaşap ýören zenanlaryň içinde Halnabat gelnejäniň şol on ýyljagazyna zar bolup ýörenleriniň bardygy belli. Onsaň oturýaň-oturýaňda adam ýyl diýlen, wagt diýlen zady özüni aldamak üçin oýlap tapýan ýaly görýň. Adamyň doglan güni bäbek bolup zemine gelen gününden däl-de has başgarak günden başlanyp,ölen günem deminiň sogrulan gününden däl-de has başgarak günden başlanmaýarmy eýsem?! Asla dogulman ölüp gidýänlerimizem aramyzda bar ýaly. Edil şonuň ýaly asla ölmeýänlerem aramyzda bar.
-Çaga ýalydy-da, birhili.Hamala ol meni aýal hökmünde kabul edenokdy-da kiçijik, lälijek çaga saklan ýaly özüne öwrenişdirjek bolýardy. Öň jigilem kän bolansoň, köplügräk ýerden gelensoň, ýeke özüm çolasyrýandyr öýdip, goňşylarynyň çagalaryny çagyryp getirýärdi.Dutar çalyp, olara aýdym aýtdyryp, ýeke özi ýüregi gysmasyn diýip şeýdýärdi. Edil çaga ýalydy-da. Ýogsa öýlenende ýigrimi bäş ýaşyndady.
``Heleýi ýaşdan, çagany başdan diýipdirler`` diýip bir tanyş oglanyň täze gelen geliniň ýanyny sakgalyny ösdürip barşyny gürrüň, bereni ýadyma düşýär. Onuň başgada gelini bile ``terbiýeçilik işlerini`` geçirşi ýadymda. Şu wagt, Halnabat gelnejeniň gürrüňini bölüp olary gürrüň bermäýin.
Görmegeý, syratly ýaş oglan. Ne gözel,bilimli gyzlar bilen tirkeşipdir.Iň soňynda-da ýedi klas bilimli oba gyzyna, görmän-bilmän bir samsyjak gyza öýlenip oturuberipdir diýýän kä wagt öz-özüme. Hem haýran galýaryn. ”Men nire, sen nire eziz Pyragy?” diýmeýärmi özi.Şoň ýaly, men nire, Gurbannazar nire?! Ýazgyt diýlen çyn boldygy-da. Alty ýaş dört aý ondan kiçi. Atasy pahyr elli dokuzynjy ýyl ýogalypdyr-da. ”Ölmänkäm ýöreýin, öýleneniňi göreýin” diýse Gurbannazar etmändir.Şonda sen etmediň, öýlenmediň diýýäde ejesi weli”O wagt Hally kiçijikdi ahyryn. Men onsoň nädip öýleneýin?” diýýädi.Bizem gülüşerdik. O wagt gülki bolup görünerdi indi weli şol sözleri ýadyma düşýärdi...
Halnabat gelneje sözlerini gutaryp bilmedi. Bokurdaky dolany, gözüne ýaş aýlanany üçinem däl. Käbir sözlemler bolýar, olary hiç gutaryp bolmaýär. Edil ol sözler dile niýetlenen däl ýaly. Olary kişi gulagyna-da dözer ýaly däl.Ol sözler hiçwagt gutarmaýarlar.
-
kakabaş
15 years ago
- Gülnabat daýza-da, Halnabat gelneje-de, başga-da Gurbannazary içgin tanaýan adamlar gürrüňleriniň içinde gaty kän gezek “çaga ýalydy” diýdiler. “Çaga ýaly ynanjaňdy”, “Çaga ýaly ýüregi ýukady”,”Çaga ýaly mähirlidi”, ”Gyzygan zadyna çaga ýaly gyzygardy”
Injilde İsa pygamber bir çagany ýanyna çagyryp şeýle bir söz diýýär:
Adam ýaşadygyça durmuş tejribesi artýar, kirleýär. Gurbannazar weli päkizeligini durmuşyň ýeňilişlerinden, ähli adama mahsus bolan şohratparazlykdan, göriplikden, bahyllykdan... gorap saklap bilipdir. Göwnüme bolmasa, onuň iň uly goragçysy goşgylary hem tä alty ýaşyna ýetinçä, kaka ornuny tutan, kakasy gelensoň-a hasam uly mertebä göteren atasy Hümmet aga bolsa gerek. Gurbannazar biziň ruhumyzy ýuwan goşgulary ýazýarka, şol goşgular ilki bilen onuň oz ruhuny ýuwan ýaly görýärin. Kulhuallany okap “Şu goşgy bilen ýazylan, menem şu formada ýazasym gelýär” diýen Gurbannazar diňe bir forma ýa-da owaza üns beren däldir. Atasynyň kakasy Çaka mollanyň, soň atasy Hümmet mollanyň ruhuny tämiz saklap bilen bu aýatlaryň güýjüne-de, olaryň päkizelige çagyryşyna-da, megerem Gurbannazar diň salandyr.Gurbannazardan dini şahyr ýasajak bolýar diýip göwnüňıze getirmäň.İnjilden ýene bir mysal getireýin.Belki şonda aýtjak bolýanym has düşnikli bolar.
İsa pygamber asmana getirilende onuň sahabalarynyň biri muňa müňkür bolýar hem eger İsany görmesem ynanjak däl ol ölendir diýýär.Sońra İsa asmandan inip ońa görünýär tenindäki ýaralaryny görkezýär hem “Sen Meni görüp ynandyń ýöne Meni görmän Mańa ynanjaklar nähili bagtlydyrlar imanlydyrlar”diýýär.
Säher turup syl ýüzüńe çagańy.
Päkliginde bolup bilseń şonça bol.
Sen sanama gara saçyń agyny.
Sen sag-aman ýörenińe monça bol.
-diýen şahyr,belki her aýda hudaýýoly berse-de,eli,dili haramdan gaýtmaýan,okan namazy örküzen gurbagasyna degmeýänden has ymanlyrakdyr.
-
kakabaş
15 years ago
- hally gelneje bilen edilen gürrüňiň dowamy:
-Ýetmiş dördüň ýigrimi ýedinji sentýabr günidi,uly jaýa düşek ýazan günimiz.Ýetmiş bäşiň ýigrimi ýedinji sentýabram giden güni …Çaga ýaly begenýä-dä. “Gel, diýýä,düşeklerini ýazaly” diýýä.Bile düşek ýazyp ýörüs weli,keçeleriň biri ulurak gelýä,biri kiçiräk gelýä.Ilki bada laýyk getirip bolanok-da düşekleri.Men kän bir darygamogam weli, “Hally sen howlukma”diýýä, “bulaň hemmesi öz ýerli-ýerini öz-özleri tapar”diýýä.Keçelere diýýä…
Ol-a keçelere diýýä.Indem çagalary ulalýa.Biri okuwa girýä,biri durmuşa çykýar,biri işe girýär.Adamyň ýüregi etden-dä,birden gyssanýan,aladalanýan weli “Hally,sen gyssanma,öz-özi ýerini tapar” diýeni gulagyma gelýär,ýüregim düşüşýär.Şo diýşi ýaly-da hemmesi öz-özleri ýerjagazlaryny tapýar-da.O-la keçä diýipdi weli,meň gulagyma çagalaryna diýen ýaly eşdilýär-dä.
Hemme zat öz ýerini tapýar.Bir Yeriň-gögüň diregi özümizdir öýdýäris.Biz bolmasak çagalarymyz ajyndan öläýjek ýaly,içerimiz,döwletimiz tozaýjak ýaly görýäris. Adam ölýär. Onuň yzynda galanlar bolsa öz ýerlerini tapyp gidip otur. Biz münüp oturan maşynymyzy, eýeläp oturan wezipämizi we şuňa meňzeş şu dünýäniň zatlaryny ähli zatdan eý görýäris. Sebäbi biz o zatlar üçin iň eziz zadymyz janymyzam aýamadyk ahyryn. Ýöne adamyň iň eziz zady janyny alanyňda-da onuň yzyndakylar öz ýerlerini tapyp gidip otyr. Dogrusy, janyň aýanyňa degýän zatmy beri? Ony näçe aýasaňam bu guwanyp ýören teniňi jesede öwrip çykyp gider. Onsoň ol hülläläp bezän teniňi äkidip gömäýmeseň başga zada ýaramaz. Onsoň, näme etjek ony aýajak bolup, ondan mal-zat toplasaň, bolmanda, çagalaryňa galar, ölýänçäňem özüň olaryň hözirini görersiň. Göräýmäge bu düşünje dogry ýaly. Ýöne ondan alaçsyzlyk görünýär. Alajyň name, ýygnan malyňam taşlap gitmeli, janyňam wagtlaýyn bir zat bolsa, onsaň nätjek? janyňy aýamak diýlen näme? Tomus kölegede, gyş eliňi sowuk suwa urman gezmekmi? Şeýdende-de ajalyň ýetse sebäp tapylar. Şeýle bolansoň, islegiň bakylyk bolsa, başgarak ýaşamalydygy köre hasa. Gurbannazar nähili ýaşamalydygyny bilýän, bilendenem beter düşünýän, anyk gözüni ýetiren ýalydy. Biz ony bilsegem oňa göz ýetirip bilmeýäris. Mümkin, Gurbannazar bilen biziň aratapawudumyz şundadyr. Ol öňi-soňy “otuz bäşimde ölýän, yzymda çagalarym hor bolmasyn” diýip, mal toplan adamam däldi, ýa-da şu dünýäň keýpini göreýin, nä derdim onuň pikirini edip diýip geldi-geçer ýaşan adamam däldi. Ol öljeginem bilýärdi, ölüme-de düşünýärdi, dirilige-de akyl ýetirýärdi.
-
kakabaş
15 years ago
- halnabat gelneje bilen sohbet:
Gurbannazar nämäni höwes edipdi?
-İlki gelen günümden başlap oglum bolar, ulalansoň o bolar, bu bolar diýerdi. Ilkije çagamyz, Ýazgül bolmanka, “Adyny Batyr dakarys” diýdi. “Batyr jan, Batyr jan”. işden geler dänim zatlaryny goýmanka, “Nähili, otyrmyň? Batyr jan nämili, ulalýarmy?” diýýä. Dogtora gatnap başladym weli, ynha pylança hepdeden bolýa diýseler hepdänem güne öwürerdi. Ynha ýene 189 gün galdy gerek? Batyr jan şonda gelmeli. Nähili ulalýarmy? İlki gelip şony soraýar. Şeýdip, şeýdip Batyr jan,Batyr jan diýip ýördi, o-da gyz bolaýdy. Şo gyzdyram öýdemizokdyk.özümiz şeýle ynanypdprys-da. Ejesiniň ýanynda “Hally ikimiz-ä muňa oguldyr öýdüp ynanypdyrys” diýipdir. Soň ýöne gyz diýmedi. Göterip, nemedip. Şeýle gowy görýärdi. Bir gün Nury bilen (Nury Halmämmedow) Bäherdene toýa gitdi. O taýda-da iki gün dagy ýatyp gelipdir-dä. Geldi-de: “Eý! Eýýäm ulalaýypdyr-eý” diýip, bir begenýär. Ýogsa, bar görmedigem iki gün. “Agzynam gymyldadýar. Honha, gözünem gymyldadýar” diýip bir geň görýä. Çaga ömründe görmedik zady-da. Atasam şeýledir. İkisem ýüzüne seredişip, şeýdişip pturandyrlar. Onsaň Arzygülde Serdar dakjak diýdi adyna. Edil öňki ýaly gününi sanamasa-da, oňa-da “Serdar jan,Serdar jan” diýdi ýördi. Serdar diýip goşgusam bar (Uzak ýaýlada enäň hüwdisi) şonam şol wagt ýazypdy. Onsaň büýäm gyz boldy. Şol bolmanka-da, “Ulalsa o bolar, bu bolar. Özem saryýagyzja bolar” diýip sypatyna çenli suratlandyrýardy. O-da gyz bolaýdy...
Onsaň:” Hally”-diýdi-indi oglan adyny dakmaly-diýdi-Muňa gyz adyny dakaly-diýdi.-Oglan adyny dakýas weli gyz bolaýýar-diýýär.İndi özünem aldap,Hudaýam aldajak bolýan ýaly-da.Ýa-da yz-yza iki gyzynyň bolmagyny özüniň ogla aşa höwes edýäninden görüp,onam Hudaý halaman gyz berýändir diýip göwnüne getirýärmi?Onsaň “Aý,gyzymyz bolar,adyna-da Maýa dakarys” diýen bolýa.Onda-da ýene gyz boldy.Onsaň dördünji gyzy Ogulnabat bolmanka, “Aý indi at dakmaly.Öňünden at daksak gyz bolaýýar”-diýdi.Onsaň oňa at dakmamyzam goýdyk.O-da bolmady-da,yrym diýilýän zada berilýän zat ýok boldygy-da.Şo oglum bolsa,oglum bolsa diýi-ip...
-
kakabaş
15 years ago
- Şonça ýyllap gün sanalyp arzuw edilen, daglara çöllere çykylyp dileg edilip alyp bolýan bolsa gije-gündiz dileg edilip oturyljak ogul dünýä inýär.Her kimiň begenjiniň çägi ýok. Her kim oňa uzak ýaş dileýar., Gurbannazaryň ýerine geldi diýişýär.Ýöne bu ýerine gelmäniň nähili jebirdigini iki dünýe ýanýoldaşy bilýär. Her gutly bolsunlar, ýaşy uzyn bolsunlar onuň ýüregine ok bolup degýär. Hamala olar Gurbannazaryň gaýdyp geljegine ynamyny öldürmäge synanyşýan ýaly. Gurbannazarsyz dünýä inen ogulam bolsa ol onuň ýüzüne seredip bilenok. ’’Ýaşanyňa juda degýän’’ dünýäniň bu edişine näme diýjek? Käşgä Gurbannazarda bir uly günä bar bolsa, ýa-da onuň biçäre gelninde ýazyk bolsa, ýa-da şeýle dilenip ýetilenje, ýetilensoňam ejesi ýüzüne seredesi gelmeýän çaga nämä günäkär? Şahyr seni şeýle söýýärdi, seniň güýzüňi, gijeleriňi, gündizleriňi wasp edip arşa çykarady, başarsa çybynyň burnyny ganatmajak bolardy.
Pöwrüzede ýazyjylaryň daçasynda bolup ýazýarka onuň gapysynyň agzynda ary öý edinipdir. Ýeke Gurbannazaram däl, dynç Günleri ýanyna gelýän çagalaram şol gapydan girip-çykyp dur. ’’Gurbannazar, bu aryň öýjügini ýok etmeli ekeniň-dä, çagalary çakjag-a bular’’ diýseň ’’Aý, ýaşasynlar-da, çagalaram seresap bolarlar-da’’ diýip aryň öýüni bozmaga dözmedik oglana, onda-da şahyr oglana neneň dözdüň? Janyny aljak bolsaň “Hudaý jan, indi menem ýanyňa ýygnaý” diýip dileg edip ýatan ýaşy ýüze golaýlan garryň gytmydy? Gelip-gelip biriniň ýeke ogluna,olam ýekeje ogula garaşyp ýörkä, aý ýarym öňünden janyny alyp oturbermäge Ezraýyl neneň dözdükä? Ýogsa Ezraýyl seň halyňa dözmezçilik edip başyňy sypalanam-a Gurbannazardy. Beýdip alyp ötägitjek bolsaň ony şahyr edip nätjekdiň, özüňe juda ir höwrükdirip nätjekdiň, şeýle ýürekdeş maşgala duşuryp nätjekdiň? Patyşa gulluk edeniň muzdy gara gylyç diýilýär, saňa gulluk edeniň muzdy ondanam aýylgançmy? Sende hany many, hany ýapyşalga? Şundan soň nädip içegene içegen diýjek, ogra ogry diýjek, haramzada haramzada diýjek? Hemme zat başa baş manysyny, ahyry ahyr manysyny ýitirmedimi? Mauthazeniň şum düzgüninde ejizlemedik Eziz aga Gurbannazaryny aldyransoň’’İndi meň kürrämiň gitdigi-gitdigi bolaýdymy?’’ diýip çiň arkan ýykyly-berdi. Muny görenler’’Arkan ýykylyp ugrasa adam uzak ýaşamaz’’ diýişdiler. Ol yzynda bir ýyl ýaşadymy-ýaşamadymy gitdi. Bäş sany çülpe çaga bilen iki naçar yzynda galdy.Beýle ýowuzlygy bilse iň gana suwsanam etmez. Senden bidiň çöp başy gymyldamaýar ahyryn. Bu näme üçin beýle boldy? Hany seniň manyň? Ýa-da Gurbannazar neressäňki ýaly
“Me saňa, me saňa, me saňa peder’’
diýip zowladybermelimi?
-
kakabaş
15 years ago
- hally gelneje bilen sohbediň dowamy:
-Gurbannazaryň sowgat beýleki alyp beren wagtlary bolupmydy?
-Ýok-la. Bu dünýäň zady ony gyzyklandyranokdy-da. Özi üçinem, meň üçinem. Pylan zat alynaýyn diýsem: “Hä, alaý, näme, al-da” diýerdi. Ozüne-de zat alynmaz, öýe-de. Neresse çaga ýalydy-da. Öňem bir patyşa, näçe ýyl patyşa bolduň? diýdiripdirler, weli “Ýedi ýyl” diýipdir. Ol özüniň çaga ýyllaryny aýdypdyr. Käwagt öz ýanymdan Gurbannazara “Senden bagtly adam ýok, sen otuz bäş ýaşyň otuz bäşisinem şa bolup geçirdiň” diýýän. Şu çagalaň biri bilen deňdi-dä. Aýlygyny alar ejesine öýüň-içeriň, hemme zadyň garamatam şoň bilen gider. Onsoň hiç zat bilen işi ýok-da, özüne-de ejesi bir zat alyp bers-ä geýäýer, ýogsa-da şol köne bolsun, täze bolsun geýer süýrär ýörer. Geýinmek alynmak diýen ýaly zatlaň gyzygyny bilmedi. Menem şoňa sen şeýle diýip iňirdemäni bilmändirin. Näme alsalar şoňa razy, dünýäň zady bilen işim bolmaz. Käwagt aýdan ýyldan öýmüze gitsem diläp alardym ejesinden, soňam gaýtargysyny köpügine çenli getirip bererin. Ýogsa ejesem bir puluny maňa getir ýa näme aldyň name sowduň diýip oturan adam däl. Elbet, özi nähili bolsa, meni hem şonuň ýaly edendir-dä. Ol pul adamyny adamçylykdan aýyrýar. Aýalyma-da pul görkezmerin, çagalarymada diýýän eken. Şo diýeninem etdi.
Gurbannazaryň ejesi Gülnabat daýza gürrüň berýär:’’Aýlyk alsyn gonarar alsyn, getirip maňa berer. Soňam her gün işe gidende, bir manat bermelidir. Saçakdaky çörekden başlap, engine geýjek eşigine çenli özüm alardym. Öýli-işikli bolansoňam, tä Krasnowoda gidinçä şeýdendir’’.
’’ Gurbannazar sowgat äbermedi, ýa-da doglan günümi bellemedi’’ diýip, Halnabat gelnejede sähelçe-de göwün-kine ýokdy. Onuň üçin Gurbannazaryň bir ýylgyryşy ullakan sowgatdy.Ol nähili owadan ýylgyrardy.
- Onuň halamaýan zady nämedi?
Ynha, men:’’öýmize gitjek ’’diýýän.’’Gitmersiň’’-diýýär.Näme işiň bar, ýaňy dyndy o bendeler-ä senden indi bir günde-günaşa gatnap bizar edip durma o bendeleri. İň halamaýan zadym:’’atasy öýüne köp gatnaýan gelin hem gaýynlaryna barýan giýew’’ diýerdi. Maňa diýen zady-ha şol. Altmyş dokuzynjy ýylda Hytaý bilen dawa bolmadymy? Her kimi öýünden alyp gitdiler-dä. Atasy pahyr hemme zadyň ýagdaýyny bilýärdi. İçiňi biler durardy. Halnabat diýdi “senem erkek doganyňda habar tutyp geläý, üç-dört günem bolaý şo taýda” diýdi. Hezil etdim-dä. Özüm-ä diýmäge çekinip ýörün. Onsaň Gurbannazara “kakaň şeý diýýä, üç-dört gün bol-da geläý diýýä” diýsem “yok” diýdi “bir günden artyk bolmaz” diýdi. Menem: “Ýok, kakaň rugsat berdi, üç-dört gün boljak” diýdim. Onsaň irden işe gitdi. Günortanrak atasy bilen bizem çagalaň eşigini geýdirip durdyk weli ýaňky geldi. Öwezmyratlara Molla Çäkli gelipdir, dutar almaga geldim diýip. İndi şu,biziň geýnip duranymyzy gördi-de gapyň agzynda lampa özüni aşak goýberdi. “İndi gitjek bolýaňyzmy?”diýýä.Menem: “Hawa”diýdim. “Onsaň näçe gün bolýaňyz?”diýdi.Menem dört barmagymy görkezdim.Olam “ertir geliň” diýýär. Ahyry dutaryny aldy-da gitdi. Atasy pahyram teke bazaryndan bizi maşyna mündirdi-de, “bagşy geldi” diýlensoň, o-da Öwezmyratlara barypdyr. Şo taýda, köpçülügiň içinde “Kaka, çagalar haçan gelýär-aý? Diýýärmiş-dä.Atasam meň barmaklarymy görkezýänimi görýäneken-dä, o-da dört barmagyny görkezipdir. Gidensoň, enesinden pyşyrdap: “Haçan geleýin?” diýip sorapdym-da, enesem oň bolup oturyşyna dözen däldir-dä: “Ertir geläýsene, Halnabat” diýdi. Ertesi onsaň bäşlere dagy geldim-dä, weli ýüzüni sallap gelýär-dä işden, ýokdur öýdüp. Ýogsa bäşde işden gelme nire, mydam daňdan bäşde gelýär-ä ol. Onsaň birden ýüzüni galdyrdy weli bize gözü düşip ýüregi ýarylan ýaly boldy. “Hih, geläýdiňizmi, çagalaram geläýipdir-ä” diýip begenýä. Guş bolup uçaýjak bolýar. Biz öýde bolsag-a wagtynda geleňok diýýän-dä weli, “Oňam öz keýpi bar. Çagalaň öýde ýokdugyny bilseň, oglanlar bilenem oturyp keýpiň bolanok” diýýär.
-
kakabaş
15 years ago
- Halnabat gelneje, Gurbannazar senden närza bolanda nädýärdi? Adamçylykdyr birden göwni galýan ýerem bolýandyr.
Bolýandyr-la. Ýöne Gurbannazar ony bildirdäýýämi? On ýyl-da bile ýaşanymyz. On ýylam az zat däl weli, indi şoň bile oturmadyk ýaly, görübem eşitmedik ýaly-da. İne-gana görübem eşidip bilmändiris. Görmändirisem-dä, ýöne. Ettir ir bilen dagy men käseleri çaýkaşdyryp goýýançam iki gezek çöregini batyryşdyrar iýer, men gelip oturýançam ol eýýam bolandyr. Birhili çalasyndy. Sakgalyny dagam dik duran ýerinden syrardy. Alňasak däldi weli, birhili çaltdy. Haýallykda-da menden haýal adam ýok-da. Ol-a şeýle çalasyn, menem şeýle haýaldym-da. Aýdýan-a şony arkaýyn görmedik ýaly-da. Otuz bäş ýaşynda ýaňy bir jahyllykdan saýlanyp ýigit ýeten şahyryny tutuş türkmenem görüp ýetişmedik ýaly. Ýanýoldaşy ýetişmänsoň il-gün neneň görüp ýetişsin?!
Aýal pahyr näme, şol içirjek däl, gezdirjek däl. Arkaýyn çagalarynyň arasynda rahatja oturan wagty dynç alsyn, ýazan wagty ýazsyn dipip şu gorajak bolup ýörüs-dä weli olam eliňde däl. Gorap bolanok-da. Bir gün ynha, irräjik öýe geldi weli begenip, çaý goýaýyn diýip gaşaryk çykdym weli Öwezmyrat pahyr söm bol-y-yp dur-da. Wah, irräk geldi diýip ýaňy begenipdim-dä. «Gurbannazar barmy?» diýdi o weli içimiň ýangyjyna «Bardyr-la» diýäýipdirin. Onam baryp aýdypdur. Gurbannazar şo wagt ýadyndan çykarypdyr. Soň bir salym oturdylar weli ýene-de ýatladýa-da şony.Gurbannazar onsoň «Şeý diýdiňmi?» diýen bolýar. Uly käýinji «Samsyk» diýen bordy.Onam bir çaga ýaly sokduryp birhili edip göwnüňe almaz ýaly edip diýerdi. Diýişinden göwnünde gahar ýa kine ýokdugy bildirip dur-da. Menem bilgeşleýin «Kim samsyk?» diýýän weli «Men samsyk bolsam bu goşgulary kim ýazar» diýip degişerdi.
-
ajar
15 years ago
- shahyryn goshgularyny näçe okasamam shonca az yaly bolup dur. Onuň "söýmäň meniň goshgularym boýunca" diymegine garamazdan bu durmusha onuň gözleri bilen garamaga synanyshyaryn.
-
TURKBEL
15 years ago
- ol"menin gadrym olenimden son biliner"diyipdir.dogurdan-da onun gadry diri wagty bilmandirler.
-
Chelsea
15 years ago
- g.ezizowyn goshgularyny nache okasam-da doyamok.manyly tema achypsyn turkbel.
-
kakabaş
15 years ago
- şahyryň çap edilmedik goşgularyndan...
***
Ynanma özüňi öwseler çenden,
Olar biwepadyr – geçerler senden.
Bir özüňe ynan! Seniň daýanjyň
Paýhas arkasyndan, zähmet elinden.
Öwürme atyňy myş-myş yoluna,
Ýalandan öwseler ynan päliňe.
Kyn günde ýalana ten berjekmi sen?
Ol gury salgymdyr düşme alyna!
Gam gelse - ýaýdanma taýyn bol jeňe,
Şatlygyň geläýse – begen her sene.
Ýüregiň teýine göz aýla käte,
Aýawly sakla sen duşsaň merjeňe!
-
kakabaş
15 years ago
- -Maýkaly telewizor görüp otyr, menem çagalar bilen arka ýüzüne otyryn. Birden gözüm düşäýdi-dä göwresi dagy eräp gutaraýypdyr. Ýüregim birhili bolup gitdi.
-Horlanaýypsyň-la – diýdim.
-Aý, diýdi
-Şu, aýagym-da – diýdi
-Agyrsam ýok weli, endamym gurşup dur birhili – diýdi. Onsoň ejesi geldi. Daşarda gyş üçin
pomidor ýapaly diýişdik. Boş çüýşeleri ýerzemine salýas-da, o ýerde-de tabydymyz durýardy. Özüm girip ýörmäýin diýip, Gurbannazara: «podwaldan çüýşe äbersene» diýsem «Gorkýan» diýýä-dä. «Aý, nerwim gowşapdyr, gorkýan» diýýä.
Owal ýanynda ýatsa-da azaryna bolmadyk tabytlaryndan, atasy Hümmet mollaň tarapyny tutup öýüňde tabyt saklamagyň gerekdigini, ölümi ýatladyp dursa adam üçin erbet däldigini ündäp «Tabyt» hekaýatyny ýazan şahyr bu gün şol tabytdan gorkýar.
Ol sowuk gök reňkli agaç at aňyrsy iki aýa-da ýetmän Gurbannazary äkidi. Türkmen özüniň iň ajaýyp şahyrlarynyň birini ýitirdi.
Dünýede sebäp köp başyň egmäge
Güýçliniň jigerin şer işler ezýä
Ähli oklar ilki bilen degýärler
Onuň Alyhezretleri Poeziýa
Gazanjygyň giň düzlüginde bir aklyndan azaşan iýşigaýdanyň atan oky saňa degdimi ýa Poeziýa? Saňa degdimi ýa Mautauzene-de döz gelen, «kürräm indi gelmezmi» diýip arkan arkan ýykylan Eziz aga? Saňa degdimi ýa gaýa ýaly egin-egine oturan hallaryna, birden pytrap ýere siňip giden dostlaryňa? Saňa degdimi ýa gözleri ýaşly daňyny atyrýan ýaryň Halnabat gelnejä? Saňa degdimi ýa ýerine men gitsem bolmaýamy diýip oturan eneňe? Saňa degdimi ýa şahyrym bar diýip guwanybam ýetişmedik halkyňa?
-
Elegri
15 years ago
- way mena bulary okasymam gelenok, gaty kan!!!
-
milliyetçi
15 years ago
- ýatan ýeri ýagty bolsun, beýik gurbannazar şahyryň! imany hemra, jaýy jennet bolsun!!!
beýik şahyrdy. halk ony hiç haçan hakydasyndan çykarmaz! men muňa kepil geçip biljek!
-
kakabaş
15 years ago
- Gam gelse - ýaýdanma taýyn bol jeňe,
Şatlygyň geläýse – begen her sene.
Ýüregiň teýine göz aýla käte,
Aýawly sakla sen duşsaň merjeňe
şu bent şahyryň çap bolan kitaplarynda ýer almadyk bir şygyrynyň iň soňky bendi.ýokarda dolulygyna goýupdym. ýöne şeýle bir sorag bar. esasanam "saýlanan2" bu soraga jogap berer diýip umyt edýan.
soragym bolsa şu bentdäki " merjeňe" diýen sözüň näme many aňladýanlygy. sebäbi sözlük baryny dörjeläp, beýle söze gabat gelmedim. siz ozal eşidip gördüňizmi şu sözi. ýada ýalňyş ýazylanmyka. eger ýalňyş bolsa dogrusy nähilidir diýip çak edýäňiz.
kimde nähili pikir bar.
-
kakabaş
15 years ago
- halnabat gelnejäniň gürrüňiniň dowamy:
Gurbannazar oglanrakka bilenokdam. Tabytdan gorkmalydyram öýütmezdi. Şu taýda, daşarda söýelgem durardy. Gurbannazaram bäri ýanynda ýatardy. O wagtlar göwünimize-de gelmändir, onka-da, meňkä-de. Edil Kransowoda gidäýmänkädi, aňry ýanymyzdan gumly bir gelip ýaş üstünde ýogalan eken, şu şonda tabydy çykaryp alyp, ugradylar welin «Üf-f» edip birhili body. Owwal edýän zady däldi. Elbetde ýüregi syzýandyrda.
-Gurbannazar goşgularynda ölüm hakynda kän ýazardy. Şol hakynda gürrüňem edermidi?
-Bir gezek ýazanja zatlary stolunyň üstünde dagap durdy-da welin Hally diýdi. Şu zatlar seň özüňe gerek zad-a. Ynha, men ölerin welin, şulaň hemmesini çykararlar diýdi. Saňa-da çagalaryňa-da çörek puly gerek bor-a diýdi. Men o wagt ol şeýle bolar diýip pikirem edemok-da,käýýedigidir öýdüp haýsy zadyňy nirede goýanyňy biler ýaly, özüň ýygnasaň gowy boljag-a. Men bir ýerik dykyşdyrsam, onsoň saňa tapmak kyn bor-a diýýän. Kämahal şoň ýaly zatlar diýäýmesi bardy. Onda-da meň ol öler diýip kelläme-de gelenok. Gaýta, her gezek çaga agyr bolansoň, özüm ölerin öýdýärdim.
-
milliyetçi
15 years ago
- kakabaş dost, salam! gowumy ýagdaýlaryň? ýokarda gurbannazar şahyryň goşgularyndan getirip bärde ýazanyň üçin taňryýalkasyn.
hany indi men seniň bu soragyňa jogap tapjak bolaýyn.
soragym bolsa şu bentdäki " merjeňe" diýen sözüň näme many aňladýanlygy. sebäbi sözlük baryny dörjeläp, beýle söze gabat gelmedim. siz ozal eşidip gördüňizmi şu sözi. ýada ýalňyş ýazylanmyka. eger ýalňyş bolsa dogrusy nähilidir diýip çak edýäňiz.
kimde nähili pikir bar.
kakabaş | 2009-01-26 22:42:56
goşgudaky "merjeňe" sözi kitapda nädogry ýazylandyr diýip, hasap edýärin. meniň pikirimçe, bu ýerde "merjeňe" sözüne "merjene" sözi bolmaly.
hany indi, täzeden okap gör, kakabaş:
"gam gelse - ýaýdanma taýyn bol jeňe,
şatlygyň geläýse – begen her sene.
ýüregiň teýine göz aýla käte,
aýawly sakla sen, duşsaň merjene"
merjen - gymmatbaha daş bolmaly.
orsçasy - коралл
коралл - известковый скелет некоторых видов морского кишечнополостного животного - камень ярко-красного, розового или белого цвета, используемый для изготовления различных поделок и украшений.
ýokarky terjime - bilemok dogrumy, nädogrymy?ony, bärde orsçany suw içen ýaly bilýän agzalar biläýmese. bilibem, öz pikirlerini aýtsalar, kem-ä bolmazdy.
-
kakabaş
15 years ago
- -Bir günem Pöwrüzede bolup ýörüs weli, enesi bilen atasy baryp gyzlary alyp gaýtdylar. Şolar gitdiler diýibem ýüregim gysyp aglaýan-da. Hydyr Derýaň gelni bar, Azat daýza. Näme boldy gelin? Diýip ýanyma geldi. Menem ýaşyryp bilmedim. Gyzlarym gitdi. Şoňa ýüregim gysyp birhili bolaýdym? diýdim. «Gelin-diýdi – olar ýeriň ýüzünde ýeke çagalaryny ynanyp, saňa berip goýberipdirler. Sen indi olara iki sany kel gyzyňam dözeňokmy?» diýdi. «Azat daýza, gyzlam olara azar berermikä diýýän» diýen boldum. Ýogsa şolardan birhili aýrylyşyp barýan ýaly-da ýüregim. Azat daýza: - bolmasa, maşyn gidýä, gitde alyp geläý – diýensoň, durubilmän gidip, yzlaryna alyp geldim. Bir bela bar eken-dä, men özüme ýorupdyryn-da.
Halnabat gelneje depelerinde pel-pellän ajaly özüne ýoranyna günäli ýaly birden sesini çykarman oturýar. Ol şeýdip oturan wagtlary ajal bilen gürleşýärmi ýa ony iberen bilen, ýa Gurbannazar bilen gürleşýärmi, anyk aýtmak kyn. Mümkin bu ýaş başyna kyn günler düşen merdem naçar olaryň ählisi bilen birden gürleşýändir. Ol bagtly günüň nämedigini bilensoň, agyr günleriňem agramyny has ýiti duýýardy. Bagtyň nämedigini oňa bilerlikli edenem Gurbannazardy. Ony bu agyr günde goýanam Gurbannazardy, ýene oňa goltgy berýänem Gurbannazardy.
-Dag ýaly bolup ýören adam o şeýle bolar diýip kelläňe geljekmi? Onsoň çagalary alyp gelmesem ýüregim karar tapmady ýene baryp öýe gaýtdyk. Gurbannazaryňam ýeke özi Pöwrizede galdy. Geldik weli ejesem Arçmana giden eken. Özümem ýüregim gysyp ölüp gaýyp gidip barýan ýaly-da. Bir ýeriň agyrsa agyrýan ýeriňi duýýaň, çydajak bolýaň, munda beýle-de däl. Agyrym-a asyl duýamok weli, özümem duýamok, ýöne gaýyp gidip barýan. Hiç tutalga-da ýok. Içerini ýygnanyşdyryp bolup ýören weli derrew ýadaýaň. Gurbannazaryň ýatýanja krowadyna baryp şeýle gyşardym-da gözümi ýumdum weli, heniz irkilemogam, ýaňky gyzlaň dördüsem bir-biriniň elinden tutupdyrlar-da yzlaşyp barýarlar-da. Ýetim çagalar-da gözüme göründi-dä. Ýüregim ýarylan ýaly bolup, gözümi ýalpa açdym. Indi gorkym öňküleň çenem bolmady, Çagalaň arasynda aglap otursaňam däl-dä. Daşyňdan göräýmäge hemme zadam ýerbe-ýer. Aglamajak bolup oňa-muňa gümenýäň, bolanok. Ahyry içki tama girip aglap-aglap içimi sowatdym. Görsem, Gurbannazar Pöwrizeden geläýipdir. Onuň şol gelşine, şu wagtam oturyp-oturyp haýran galýan. «Maşyn gaýtdy-da menem çagalary görüp gaýdybereýin diýäýdim» diýip otyr. Şeý diýip otyr weli ýüzüni ýerden galdyryp bilenok. Şol ýüzüni aşak salyp oturyşyna, ýüzüme seretmedi-de: «ýüzüňem-ä gyzarypdyr» diýdi. Ýogsa meň öň oňa «ýüregim gysýa ýa ölüp barýan» ýaly zat diýemokdym. Syram beremokdym. Gynandyrmaýyn diýýän-dä, Bu gezek näme, aglandygyň belli bolup dur-da, onsoň boýun aldym. «Aý, agladym-da» diýdim.
- Näme üçin agladyň? Diýdi
-Ýüregim gysýa – diýdim. Sesinem çykaryp bilenok, ýüzüme-de seredip bilenok. Öz içinde-de gussasy bar eken-dä. Öňküligi bolanda degşip, güldürjek bolup, gürrüň tarapdy weli, şo wagt maňa göwünlik bermäge-de, ýüzüme seretmäge-de ýagdaýy ýok. Indi seredip oturýan weli şo wagt özem meň ýaly eken-dä, Türkmeniň edebinde ýok zat, ýogsa, ikimizem aglaşyp otursak oturybermeli ekenik.
Hesretiň gara deňizdende
Gark bolup ýörüşiň seniň
Bu setirleri duýmasaň nädip ýazjak? Bular ýaly setirler Ýöne kesbi-käri şahyr adamyň diline geljek setirlermi, Olar syýa bilen däl, ýaraly ýüregiňden damyp duran gan bilen ýazylan ýaly.
-
kakabaş
15 years ago
- milliyetçi, gyzyklananyň üçin sag bol. ol sözi ilki menem şeýle pikir edipdim. ýöne beýle dälmikä diýýän. goşguda ýerine goýup okasaň many üýtgän ýaly duýulýar.meniňçe könelşen sözlerimiziň biri bolmaly. näme many aňladýanynam bilemok.
belki seniň diýýäniňem dogry bolmagy mümkin.hany bakaly, başga nähili pikir orta atylarka.
-
kakabaş
15 years ago
- "saýlanan2" soragymy görmediňizmi.
onda ýene bir gezek gaýtalaýan.
Gam gelse - ýaýdanma taýyn bol jeňe,
Şatlygyň geläýse – begen her sene.
Ýüregiň teýine göz aýla käte,
Aýawly sakla sen duşsaň merjeňe
soragym bolsa şu bentdäki "merjeňe" diýen sözüň näme many aňladýanlygy. sebäbi sözlük baryny dörjeläp, beýle söze gabat gelmedim. siz ozal eşidip gördüňizmi şu sözi. ýada ýalňyş ýazylanmyka. eger ýalňyş bolsa dogrusy nähilidir diýip çak edýäňiz.
-
TURKBEL
15 years ago
- meningem shu sozlering manysyny bilesim gelyar.
-
saylanan2
15 years ago
- kakabash! Senin bu soragyny gormandirin. Asyl shu mowzugy gormedim.Sebabi uzak wagtlar kompyuterde bolmadym.
Soraga jogap. Merjeňe`` diyen soz duzumi asla yok. Bolup bilse ``merjene ``bolmaly.Sebabi ayawly saklamak hakda gurrun gidishinden onun gymmatly merjendigini hem aydyar onson hem ``her sene`` bilen hem kapyyalashyar.Bu yalnyshlykdyr. Eger siz bu goshgyny Turkiyede chykan Nurmammesowyn tayyarlan kitabyndan okan bolsanyza ol yerde yalnysh gaty kopdur.Nurmammedowa hormat goysamda hat-da onun shahyryn ejesi bilen eden gurrundeshliginin hem derejesi gaty pes. Yazylyshy ussat jurnalistin elinden chykana menzemeyar.
-
ýadan.
15 years ago
- ýok, men ol ýerden almadym. meniň elimdäki golýazma. heniz kitap edilip heç ýerde çykarylanok.
-
saylanan2
15 years ago
- onda-da belki-de yalnyshlyk gidendir.merjeňe diyen soze gabat gelmedim men-a
-
ýadan.
15 years ago
- ýok, men ol ýerden almadym. meniň elimdäki golýazma. heniz kitap edilip hiç ýerde çykarylanok.
-
ýadan.
15 years ago
- ýok, men ol ýerden almadym. meniň elimdäki golýazma. heniz kitap edilip hiç ýerde çykarylanok.
-
saylanan2
15 years ago
- yadan! Yokardaky mowzugy okadym gaty gyzykly.emma ertir ukumy alyp yene bir gaytalap okamasam bolmayar. Sebabi bu zatlary beyna sindirmeli.Gaty owadan unudulmaz yazgy eken.Tanryyalkasyn. Wah name uchin bu mowzugy gormandirin. ka mahal talyplarda menin name ishim bar diyyan. Ine shular yaly zatlar hem chykayyar talyplarda. Berekella talyplar.sizden tamam hem sheyledi.TURKBEL sana ayratyn sag bol aydyan. berekellany menden geregiche al.
-
ýadan.
15 years ago
- onda dogrudyr.ýalňyş ýazylandyr. menem ilki şeýle pikirdedim. soň oýlandym belki könelişen ýa bolmasa alynma sözlerdendir diýip.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Turkbel, kakabash, saylanan! Sheýle gyzykly ýazgylar ýazandygyñyz üçin size ullakan sag bolsun aýdasym gelýär. Bulary okap keýpim göterildi.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Turkbel, kakabash, saylanan! Sheýle gyzykly ýazgylar ýazandygyñyz üçin size ullakan sag bolsun aýdasym gelýär. Bulary okap keýpim göterildi.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Turkbel, kakabash, saylanan! Sheýle gyzykly ýazgylar ýazandygyñyz üçin size ullakan sag bolsun aýdasym gelýär. Bulary okap keýpim göterildi.
-
ýadan.
15 years ago
- SERPAÝ
Söýüň meni – ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni,
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
Bir pursatlyk söýüň siz meni.
Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.
Söýüň meni – ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.
Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.
Men size bahasyz serpaý ederin, -
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
-
ýadan.
15 years ago
- çykmadyk kitapdan:
bir agaç-tokaý däl.
bir jaý şäher däl.
ýene köp paýhasy irmän okaýan.
a meň öz paýhasym,
öz pelsepäm bar,
bir damjadan düzülýändir okean.
bogazymda büdür südür tegek deý,
il hasraty direlip dur - derdi kän.
adam beýikligine ýetmese aklym,
onda adamzada düşünermikäm?!.
-
ýadan.
15 years ago
- Halyl kulyýewe bagyşlan goşgusynyň iň soňky bendi:
Bilýän, bir wagtlar bolmaryn menem,
Bolmaryn, elbetde hemme düşünýä.
A men öz ömrümi şeýle sürerin,
Goý, ölemde men ýetmäýin bu dünýä!
1963
-
ýadan.
15 years ago
- hakykatdan hem dünýämize, edebiýatymyza gurbannazar ýetmeýän ýaly.kä halat oturyp pikir edýän, eger gurbannazar diri bolanlygynda hazirki günlerimizde nähili eserler dörederdi. belki nobel baýragyny alan ilkinji türkmen şahyry bolardy. onsoň dünýä halklary hakykatdanam gaýtalanmajak zehiniň önümlerini gaýtalanmajak söýgi bilen okarlardy.belki dünýä halklary türkmenistanymyzy gurbannazaryň ady bilen tanarlardy.
arman, bir bigänäniň atan güllesi türkmen edebiýatynyň ýagty geljegini gana bulady,tümlüge öwürdi.
ýene-de bir zada haýran galýan, bary ýogy 35 ýaşan şahyr aklyňy haýran galdyrjak derejede gunt ýaly edebi miras galdyryp bilipdir. şahyryň ýaşynyň iki essesini ýaşan özüne şahyr diýdirip ýören käbir adamlar bolsa agramy periň agramyçada bolmadyk ýuwan sözlerden aýagaldygyna eňterip oturandyklaryna garamazdan gurbannazaryň edebi mirasynyň ýarysynyň deňine hem ýetip bilenoklar.
TURKBEL,hakykatdan hem gaýtalanmajak şahyr barada açan blogyňa gaty ýerlikli sözbaşy saýlapsyň. munuň üçin saňa sagbolsun aýdýan.
-
ýadan.
15 years ago
- gurbannazar ezizowyň gündeligindäki ýazgylardan:
***
öýde maňa käýeýärler. esasanam kakam. ir ýatmagymy talap edýär. men oňa giç ýatmagy endik edendigimi aýdýaryn.ol bolsa bir-iki gün kitaplary eliňe almasaň, soňra ýuwaş-ýuwaş olary ýatdan çykararsyň diýýär.
***
düýn mämmet seýidiň ýanyna bardym. ol güldi-de:
- sen, how, her ýetene ýassyk bolup barýaň-la - diýdi.ol meni goldaýar. men hakda aýdylýan zatlaryň esasy ýok diýýär. hemişekileri ýaly ol maňa ynanýar. "miwesiz agaja daş zyňylmaýar". onuň şu sözleri ruhumy göterdi. birnäçe dogmatikler şindi edebiýatda barkalar meniň iki ýaňagym mydam gyzryp durar. nähili küteklik.
***
öýkünjeňligiň gutaran ýerinde şahyr başlanýar. ol ýazýar, köpleriň aýtmagyna görä, oňat ýazýar, ony söýýärler.ýöne günleriň biri, ol özüne öýkünip başlaýar. düşünýärmisiňiz, bir wagtlar beýiklere öýkünen, indi alýarda özüne öýkünip başlaýar.muňa çarhyň boş aýlanmagy diýilýär.muňa öz şahyrçylyk talantyňa buýsanmak, tersine aýtsaň weli, öz zehiniň barlygyna "müňkürligiň" ýoklugy diýilýär.
şahyr her gezek stoluh başyna geçende ýa-da her gezek täze goşga başlamazdan öň öz güýjüňe müňkürlik etmese, goşgynyň şowly çykmajagy belli.
öz özüňe ynamyň başlanan güni şahyr gutarýar.
***
şahyr iň oňat goşgusyny öleninden soň ýazýar.
***
iň beýik şatlyk şatlyga garaşmakdyr.
***
edeplilik- boş awtobusa giren goja öz ýeriňi bermek däl, ýogsa biziň birtoparymyz şeýledirem öýdýäris.
***
şahyrlar goşgularynda "adamzat" köp ulanýarlar. ýogsa olaryň birem adamzady tutuşlygyna görenok ahyry.
olar käte adamzada ýüzlenip, adamyny unudýarlar. hakyky şahyr bir adamynyň üsti bilenem adamzady wasp edip bilýär.
-
ýadan.
15 years ago
- "çykmadyk kitabym" kitabyndan
durmuş kynçylygyna duşsaň sen eger
gynanmagyn oňa, gam çekmegin hiç.
agyr günde sen sabryňa kuwwat ber,
şatlykly günlerde geler iru-giç.
ýürek mydam geljek bilen urýar şat,
bir gün gam getirer her bir ynsana.
hiç bir zat baky däl, öter hemme zat,
ötenleň hemmesi hoş geler jana.
1959 ý.
-
ýadan.
15 years ago
- gurbannazary tanaýanlar "üýtgeşik gowy adamdy" diýip ýatlaýar.şonuň üçinem onuň goşgulary goşga düşünýänler üçin üýtgeşik gowy goşgy.emma olam adam. elbetde eserleri barada kemter ýanlary hem bolandyr. şol döwrüň tankytçylaryndan oňa şeýle baha berenleri hem bolupdyr: "onuň goşgularynyň dili çylşyrymly, döwürden üzňe we ş.m." emma aslyýetinde beýle däl. gurbannazar pikiriň hatyrasyna dili gurban edipdir. ol döwre däl-de, ýürege barýan eserler döredipdir.gurbannazar galyby böwsüp başaran şahyrdyr.
-
yadan
15 years ago
- eger-de gurbannazar dili pikirden öň planda goýan bolsady onda ol dilimiziň iň inçe tärlerini ulanyp goşgy ýazardy. bu ugurda da belki onuň derejesine kän adam çykyp bilmezdi. munuň şeýledigini şahyryň käbir goşgularynda açyk aýdyň görüp bilýäris.
beýle gürrüňi owadan sözlerden we gysyr pikirlerden ybarat goşgy çyrşaýanlar diýip bilerler.
ol goşgularyňam ömri çybynyň ömrüne barabar bolýar. beýle goşguly kitaplaryň nyrhy mugtdanam arzan, şahyryň agramam bolsa pamyga bararbardyr.sözümi gurbannazaryň şu setirleri bilen dowam etdireýin:
goşgymyzyň orny tekjede däldir
ýüregiň töründe goşgynyň orny
sary hyýar arzanlasa aýby ýok,
goşgynam bir arzanlatmak bolarmy?
goşgynyň sarpasyn belent tutalyň!
oňa bagş edeliň yhlas baryny.
arzanlatmaň adam ýüreklerini!
arzanlatmaň pyragynyň kärini!
balagyň biçüwi könelen bolsa,
diýmek, onuň ahyreti gelipdir,
goşgynyňky welin ýeke günlük däl
goşgynyň biçüwi hemişelikdir.
-
yadan
15 years ago
- gurbannazar şahyr, poeziýa garaýşyny bir edebi üýşmeleňde şeýle beýan edýär: "poeziýa- duýgynyň hemem aňyň mukaddes nikasyndan dogulýan sagdyn perzent".
ine şahyr ömrüniň iň ahyrky pursadyna çenli şol mukaddes nikanyň goragynda, onuň berkemeginiň tarapynda bolupdyr. mukaddes nikadan dörän perzendiňem asyrlardan asyrlara ömür sürjegine ynanypdypdyr.
-
yadan
15 years ago
- şahyry ýakyndan tanaýan biriniň ýatlamalaryndan:
"Men saňa düşünjek bolýan,ýöne sen düşüniksizem däldiň ahyry. Gurbannazar gaty durudy. Onuň aňyrsy görünip durdy. Gurbannazar üçin töweregindäkiler eliniň aýasynda ýalydy. Oňa weli söwer dostlaram doly düşünendirler öýdemok.
Dostlar näme giden günüň aglaarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar – köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar,
Soňra? Soňra aglamasyn goýarlar.
Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam,
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
‘’Saklan!’’ diýýän ýaly, mähriban adam.
Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başyňyz jem?!
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaryň birisem...
Gurbannazar bu goşgusyny birnäçe dostlarynyň arsynda okap beripdi. Olar “Hawa,dogry” diýýän ýaly başlaryny aşak sallardylar, käbirleri bolsa “şol goşgyňy okap bersene, Gurbannazar” diýerdi. Emma olaryň hiç birem “aýdýanyň name?” diýmezdi. Diýer ýalymy?! Onuň aýdýany dogrudy. Onuň aýdýanlarynyň dogry ekendigini indi hasam açyk görünýär. Göwnüme bolmasa, oňa düşünmek kyn däl-de, oňa eýermek kyn. Ýa-da gedemligini, görübilmezçiligini, ýalan buýsanjyny unudyp hakykatdanam saňa, seniň päkize goşgularyňa düşünmäni başaran adam saňa eýermenäm bilmez? Näçe kyn düşse-de men saňa düşünjek bolaryn. Saňa düşünen günüm saňa eýerjegimi bilýän. Sebäbi saňa düşünen günüm men gaty köp zatlara düşünerin."
-
TURKBEL
15 years ago
- SENI SOYDIM,SOYIP BIR GEZ BEYGELDIM,
SENI SOYDIM,HAS GINGEDI BU DUNYAM.
OZ YENGLES GYLYGMA GAZAPLY BOLDUM,
OZ DURMUSH UGRUMA INDI DUSHUNYAN.
ADAMLARA HAS YNAMLY GARADYM,
YENGISH BILEN TAMAM BOLDY GOZLEGIM.
KYN PURSADYM MEDET BERDI KALBYMA,
JADYLY DAL SENING YNSAN GOZLERING.
KIM MEN,JOGAP TAPMAN SHU GUNLERE CHEN
SENI SOYIP KIMLIGIMI BILDIM MEN,
YENGIL GOPDUM,BASHYMDAKY OYME DEK,
DIYDIM,BU DUNYADE SOYMEDIK.
SENI SOYUP GOZ YETIRDIM BIR ZADA,
KYNCHYLYK YOK,EJIZLIK BAR DUNYADE.
-
Chelsea
15 years ago
- bu yerde yazylanlaryng hemmesini okap chykdym,gaty gyzykly maglumatlar.shular yaly sahypalary kopurak achmaly.
-
ýadan.
15 years ago
- indi şu ýere şahyr we onuň goşgulary barada öz şahsy pikirlerimizi ýazsak gowy we gyzykly bolarmyka diýýän. sebäbi her kim gurbannazara özüçe düşünýär, özüçe garaýar we özüçe baha berýär. aslyýetinde şahyryň arzuwy hem şeýledi. dürli pikirlilik diriligiň alamaty, ýaşaýyşyň özeni.
-
ýadan.
15 years ago
- "ойланма"-nyng dykgatyna, gurbannazar barada pikirleringi we başga bir bloga goyan "kynçylyk yok,ejizlik bar dünyade" goşgyngy şu yere goysana.
-
ýadan.
15 years ago
- Gullukdan gachan esger.ha haa. Sen pikir etmedinmi dost name uchin gelip sholara dushyar.Ozem gullukdan Aftomakly gachyar. Ozem gachybam gorkman adam olduryar! Ony hichkimin tapmanyny hem bilyanmi sho esgeri?
SerJon | 2009-01-25 06:24:55
serjon, gurbannazara we onung yanyndakylara yarag çenan hahol esger ozal hem psihiki taydan nasag esger ekeni.şol wakanyng yzy süre wakanyng bolan yerinde özüni hem atyp öldüripdir.
elbetde bu bilinyan tarapy.
-
ýadan.
15 years ago
- ol esgering kakasy hem harby ekeni.
-
BASTA-MAR
15 years ago
- kakaba$ $ahyr hakynda kop zat bilyan eken,bu blogy achanyma 4 ay bolup baryarow...
-
ýadan.
15 years ago
- indi şu ýere şahyr we onuň goşgulary barada öz şahsy pikirlerimizi ýazsak gowy we gyzykly bolarmyka diýýän. sebäbi her kim gurbannazara özüçe düşünýär, özüçe garaýar we özüçe baha berýär. aslyýetinde şahyryň arzuwy hem şeýledi. dürli pikirlilik diriligiň alamaty, ýaşaýyşyň özeni.
-
muslimah
15 years ago
- merjeniňe bolan bolaymasyn,merjene birhili manysyz,olam zhemchug diyen yaly,sen dushsan perine diyen yaly gyzy owadan zatlara menzedyandir,gul,peri,merjen,bary gowy manyda
-
ýadan.
15 years ago
- goşgyny gaýtalap okap göreliň.
Ynanma özüňi öwseler çenden,
Olar biwepadyr – geçerler senden.
Bir özüňe ynan! Seniň daýanjyň
Paýhas arkasyndan, zähmet elinden.
Öwürme atyňy myş-myş yoluna,
Ýalandan öwseler ynan päliňe.
Kyn günde ýalana ten berjekmi sen?
Ol gury salgymdyr düşme alyna!
Gam gelse - ýaýdanma taýyn bol jeňe,
Şatlygyň geläýse – begen her sene.
Ýüregiň teýine göz aýla käte,
Aýawly sakla sen duşsaň merjeňe!
menem "merjene" diýen sözi çaklaýanlar bilen ylalaşýan. ýöne gyz, peri manysynda dälmikä diýýän.
umuman men soňky iki setire şeýleräk düşünýän:
adam allanyň ýaradan janly jemendesiniň arasynda iň aňrybaşy hasaplanýar.şonuň üçinem onuň kalbynyň töründe şeýle jöwher zatlar bolup bilýär. herbir adam özüni tanap,özündäki allanyň gudratyny(tejellisini)ýagny şol jöwheri gorap saklap adamzat bahbidine bagş edip (sunup) başarmaly.meniňçe şahyryň şol setirlerine şeýle düşünilse dogry bolar we goşgynyň ýokarky setirleri bilen örtüşer.
-
ýadan.
15 years ago
- sentiýabryň ahyry şahyryň ýogalan güni.
geliň, gurbannazaryň poeziýasynyň aşyklary, ony söýýänler umuman edebiýat bilen gyzyklanýanlar şol güne çenli şahyr barada elimizde bar bolan ýöne halk köpçüligi tarapyndan juda bilinmeýan maglumatlary, ol barada garaýýyşlarymyzy, onuň goşgularyny şu ýere ýerleşdireliň. ýöne goşgularyny goýanymyzda syn hem ýazalyň, ýagny ol goşgy barada pikirlerimizi hem yazalyň. bu ony özboluşly hatyraladygymyz bolar. onuň ruhunyň öňünde özünden soňky nesilleriň baş egdigi, sarpaladygy bolar hem-de ruhuny ýad edip, şad ederis.
magtymguly atamyzda şeýle setirler bar:
her söhbetde mejlisde ýad ediň biz garyby,
eý ýaranlar şad ediň haýry dogada bizni.
şonuň üçin agirtlerimizi ýatlap durmak, olary hatyralamak minnetdar nesilleriň sargydy ýerine ýetirdigi bolar.
-
Gulshirin
15 years ago
- Gowy tema. Kakabash aga (yadan aga) kop kop sag bolun. Gol yazma diydiniz welin, bular kimin gol yazmalary?? Mende dine kitapda gazetda chykyan zatlar bardy, bulary ilkinji gezek okap goryan. Sheyle begendim okanyma.
Hemme zat oz yerini tapyar diyya, Halnabat gelneje “biz ony gorubem yetishmedik” diyipdir welin, gynanyp gitdim. Adam yogalanyndan son dine ol hakdaky yatlamalar bilen yashalya.
Halnabat gelnejan ozi 7 klasy gutarsa hem akylly ayal bolmaly. Radiodan bir gezek Halnabat gelneje bilen sohbet bolanynda Halnabat gelneje gurrun berdi Gurbannazar Ezizow ona: “sen bu bilimin bilen yokary okuw jayyna-da girip bilerdin” diyipdir.
**
“Edebiýat we sungat” gazedinden alyndy.
Bir ýaş şahyryň goşgularyny G.Ezizow gowy görüp, gazetde çap etdiripdir. Awtor begenip, G.Ezizowyň öýüni tapyp, oňa sowgat getiripdir.
Şahyrymyz onuň sowgatlaryny yzyna gaýtaryp:
-Goşgularyň erbet bolmasa-da, özüň entek gowy “bişmänsiň”, sowgatlaryňy çagalaryňa äkit. Hakyky şahyr boljak bolsaň, bu erbet gylygyňy taşla – diýip, myhmany ugradypdyr.
***
Okyjylar G.Ezizow bilen bolan bir duşuşykda ondan: “Haçan goşgy ýazmaga başladyňyz?” diýip soranlar. G.Ezizow gülüp:
-Haýsy klasdadygym ýadyma düşenok, ýöne bir ýalta klasdaşym bardy. Şony tankytlap goşgy ýazypdym. Ol hem mekdebiň diwar gazetinde çykypdy. Dogry ol oglan özüne “bagyşlan” goşgym üçin bir şapbatjyga dadyrypdy. Şola ýadymda - diýip ýylgyryp jogap beripdir.
“Sazlaşyk”
Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.
Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.
Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.
Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.
Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.
Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär – ýapraklar, meýdanlar solýar.
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.
Häzir bolsa bu paýhasly güýz bile,
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!
***
“Urşa ýüzlenme”
Oňa kyn söweşde ölendir öýdüp,
Uzak ýerde ýadygärlik dikdiler.
Ýyllar geçdi. Geldi öýüne gaýdyp.
Ýyldyz berip, Gahryman at dakdylar.
… Ine, dur ol öz-özüniň öňünde,
Olaň biri öli, birisi diri.
Şeýle bir gam dömdi garry göwünde,
Beýle gam çekmändi doglaly bäri.
Söwşende ärdi. Soňam ärdi ol.
Ýöne häzir bir ejize meňzeýär.
Öz öňünde çal başyny egýär ol,
Onuň öz öňünde nä günäsi bar?
Agyr gamdan ýere çümdi dyzlary,
Ol saňa sedasyz okady nälet.
Bireýýäm bitipdi tygyň yzlary.
Şindem öleňokmy?
Indikiň näme?..
**
-
Gulshirin
15 years ago
- Okamak.com sahypasynda shahyrymyzyn mashgala suratlary bar gorseniz.
Aslynda biz kopimiz koplench sowet dowrunin edebiyatchylaryndan dine Kerim aga bilen Gurbannazar Ezizowy yatlayas. Elbetde guychli shahyrlar, yone bashga-da yatlamaga mynasyp shahyrlarymyz, edebiyatchy, shahslarymyz gaty kan. Mammet Seyidowa, Gara Seytliyew, Annasoltan Kekilowa, Halyl Kulyew, Italmaz Nuryyew, Saylaw, Abdylla Myradowlar, Baymuhammet Garryyew, Mati Kosayew…
Bizin shol dowurde chykan, shu gunki gunde hem yashap yoren shahyrlarymyzam bar sholarynam gadyryny bilmeli.
-
Gulshirin
15 years ago
- Shahyryn esasan kimdir birinin olumine bagyshlap yazan goshgulary sonky gunler gaty unsumi chekya. Abdylla Myradowyn olumine bagyshlap yazan goshgusam sheyle gowy gordum.
“Iş üstünde tragiki ýagdaýda aradan çykan dostum, atdaşym Gurbannazar Nepesowa”
Oýnadyp ýeserje gara gözleriň
Meň ýanyma geleniňde her gezek
Ýazyp oturanmy görüp, diýerdiň:
“Men azar bermäýin, işlemek gerek!”
Ol gezegem şeýdip, çykdyň-da gitdiň,
Birküç sany wäşi sözüňi oklap.
Indem uzaklarda ümsüm ýatyrsyň,
Bütündünýä Ümsümligin gujaklap.
Eýýäm şu gün ýitgilerňi sanasaň,
Otuz ýaş asyr deý uzak görünýä.
Paýhaslanýas, hyjuwlarmyz köşeşýär,
Biz ýitirip düşünýäris bu dünýä.
Seniň baryp ýeten uzak ülkäňe
Otlular gatnanok, maşyn baranok.
Bu gün sen barada goşgy ýazýaryn,
Senem gelip, maňa azar bereňok.
Bu gün iňrik çöküp dagyň üstüne,
Gije göge seçeninde pişmesin,
Sen-ä gelip maňa azar bersediň,
Menem şu goşgyny ýazman geçsedim.
**
In halayan gosgularymyn biri. Shu goshgyny dashyndan yuwashlyk bilen howlukman okanynda uytgeshik owadan okalya.
Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady
Leýlisaçlar eda bilen, saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men, bu golaýda bu çakda,
Birden agyr oýa batdym, ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalar agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal näzik şemal,
Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal.
Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň.
Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörşiň seniň.
Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görşüň seniň.
Diýdim şonda öz-özüme: “Eý ýok zatlaň pikrin eden,
Heý ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?”
-
bygja
15 years ago
- shahyrlaryn in kop yeri marydyr
-
Gulshirin
15 years ago
- “Daglar” diyen goshgusynyn shu setirini sheyle halayan:
Syn et ummanlaryň gözel görküne
Beýik binalaryň synmaz erkine
Ýamanlygmy goý özümiň erkime
Ýagylygmy welin, aparyň daglar!
Shu goshgysam gaty gowy. Ay okasan biri-birinden gowy goshgulary birini ayyryp beylekini goyar yaly dal.
“Sag bol, durmuş”
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagyma kemenok çörek
Ýöne adam
Çörek bilen adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerine ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.
Dahana söz berdiň waspyn diýere
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp
Dost kyn günüň gerek
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.
Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip
Iň soňunda galam berdiň elime
Gije-gündiz galamymy oýnatdym
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan
Aşagyndan çykar ýaly däl eken
Kän zat alan ekenim men durmuşdan
Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
ÝA-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan
Atyň eýerinde tanys oýnaýyn
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn
Köp zat berdim diýip gynama meni
Berenleriň üçin taňryýalkasyn :))
Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz
Elimde galam
Menem bir gün bergilemden çykaryn!
****************************************
Neneň oňat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär, türkmen düzünde,
Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde!
Neneň oňat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saňa ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oňa ynanylýan döwürler.
Men diňe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saňa sag-aman
Ýaşap ýöreniňe ýeriň ýüzünde.
Güýz donun geýipdir türkmen düzleri
Baglaram sypaýy miwe bişende
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýaň iňrik düşende.
Neneň oňat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden tçrkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde
**
“Razy” diyen goshgusynyn shu bendini ayratyn halayan:
Razy – çynym bilen sadany söýýän,
Razy – halal saçagymda çöregim.
Razy – çalarypdyr saçlarym eýýäm
Razy – hernä üýtgemändir ýüregim.
**
“Gyzlaryma” diyen goshgusynda, gyzlaryna nesihat berya, yone in sonky setirini okanynda yylgyrdya :)
Durmuş guruň, ylalaşyň,
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizede
Dyzap durmaň öýüňize.
-
Gulshirin
15 years ago
- Şu linka göz aýlasaňyz öň şahyr hakda gürrüň edipdik.
http://www.talyplar.com/2605-gurbannazar-ezizow--yatlalyn-.html
we şu linkda-da bar http://www.talyplar.com/3155-bizi---gunamiz.html
Annasoltan Kekilowa hakda şu ýerde bar
http://turkmenworld.com/groups/ysforum/?action=goto&topic_id=51
-
Gulshirin
15 years ago
- Oz temalaryny reklama edya diyayman birden :))
-
Gulshirin
15 years ago
- Bagyshlan, ynha-da wank bolsan, uns bermandirin, bolmalysy sheyle:
Ýamanlygmy goý özümiň erkime
Ýagşylygmy welin, aparyň daglar!
-
ýadan.
15 years ago
- köp sag bol gulşirin.sen tüýs inçe duýgynyň, çeper we şahyrana sözüň aşygy ekeniň.
seniň bu ýere ýerleşdiren zatlaryňy okap hezil etdim. seniň sowet döwründe ýaşap geçen beýleki ýazyjy şahyrlarymyzy hem-de aramyzda ýaşap ýören edebiýat wekillerimizi hatyralamak baradaky pikiriňi iki elläp goldaýan. bilmeýänler tanarlar, bilerler, bilýanler bolsa gaýtalarlar, üstüni ýetirerler. gaty makul pikir.
hatda tanalman bilinmän ya-da az bilinip geçip gidenler hem bar. meselem bapba şahyr, paýzy oraz,akmyrat şir, ahmet bekmyrat we ş.m olar hem bilinmeli.
elbetde bu hemmäni gyzyklandyrmany hem biler.
şonuň üçin saýta ýörite edebiýat bölümi döredilse we maglumatlar arhiwlense gaty gowy bolardy.
ýeri gelende ýene-de bir gezek nygtap geçeýin. saytyň ady hem üýtgedilse gowy bolarmyka diýýan. sebaplerini 'talyplarda reforma geçirmeli' diýip açan blogumda ýazypdym. egerde saýtyň ýaşlar bilen baglanyşykly ady bolmaly diýilýan bolsa onda www. ýashnesil.com ya-da bir wagtky "yaşlyk" jurnalynyng adyny alsa hem bolardy. bolmasada www.turkmensesi.com diyilse gaty jaydar boljak.
-
adatyadam
12 years ago
- Ynha gowy tema. Yaltanman doly okap gorun
-
uky
12 years ago
- Hakykgy:(
-
uky
12 years ago
- Hakykgy:(
-
Bayramsoltan
12 years ago
- käşgä
gurbannazarda bir uly günä bar
bolsa, ýa-da onuň biçäre
gelninde ýazyk bolsa, ýa-da şeýle
dilenip ýetilenje, ýetilensoňam
ejesi ýüzüne seredesi gelmeýän
çaga nämä günäkär? şahyr seni
şeýle söýýärdi, seniň güýzüňi,
gijeleriňi, gündizleriňi wasp edip
arşa çykarady
Mena gozyashlarymy saklap bilmedim, shu yerlerini okap. Bir kitap okan yaly duyyan shu wagt ozumi(men bolsa bu shahyr kop zady bilyandirin oydup yorun, hich zadam bilemok ekenim) kakabash agza hemem bu temany arhiwden tapan adatyadama minnetdardyryn.
SerJon 15 years ago- Salam Turkbel. Menem dogrudanam Gurbannazar Ezizowyn goshgularyny gaty gowy goryan.Ol yadyma dushushune gora yash wagty olyar oydyan. Ozem ruslar tarapyndan.Avtomobilde gidip baryarkalar rus dikmesi ony olduryar.dogrumy?