Bilgiçlikdäl. Öňdengörüjilik. Jemleýji 2-nji bölüm.

Ylgap giden Mergeniň yzyndan seredip galan bir şepagat uýa:
- Gorkak züwwetdin diýsäni. Biz durs ine gandan gorkman, bizçede bolmady! - diýip başgalara eşitdirip hüňürdedi. Mergen ylgap barşyna polisiýa jaň etdi:
- Alo salam. Ýaňyrak plany adressde erbet awtoulag awariýa boldy. Awtoulagyň döwlet belgisi plany. Sürüjini plany hassahana getirdik. Şol sürüjiniň maşgalasyna duýdurup beriňsene! - diýip bir dükana kürsäp girdi. Eli, üsti-başy ganly Mergeni görüp, satyjy oglan hopugup "sataşdymo bir dälä" diýip gorkmaga başlady. Mergen:
- 1kilo şeker, 4 sany şokolad, bir baklaşka arassa suw ber! - diýip çaltlyk bilen sanady. Öňem gorkup duran satyjy şol pursat sanalan zatlary Mergeniň öňünde goýdy. Eýýäm puly elinde duran Mergen pakedi hem özi alyp, alan zatlaryny ýolda ylgap barýan ýerinde pakeda saldy. Öz, eliniň tirseginiň ýokary ýanyndan(bisepsiň aşagy) basyp, bogup başlady. Geldi hassahana. Derrew bir dogtary saklap:
- Boýnundan gany akyp duran ýaňja getirilen ýaş oglana gan berjek, nirä barmaly? - diýip sorady. Dogtar gyz aňka taňka bolup:
- 27-nji kabinet- diýdi. Mergen 27 otaga ylgap başlady. Baryp girdi, ýene bir şepagat uýa otyr. Mergen:
-Gorkmaň, men dälidäl, şuwagt gany köp giden hassa getirildi. Ol operasiýada. Häzir oňa gan gerek bolar. Ganym +2-nji gruppa. Menden alyň. Eger ol hassaňky bilen meniň ganym deň gelmese başgasy bilen meňkini çalşyň. Sagdygymy meň çalt aýdan sözlerim subut edýär, däliler beýdip başaranok! - diýip ýeňini çermedi. Dogtar çaltlyk bilen gan alynýan gaby alyp gan almaga taýynlandy. Hälden bäri basylyp saklanylan elde damarlar agaçýaly görnüpdur. Şepagat uýa:
- 5 diýenimde iňňäni sokaryn. 1! - diýip iňňäni sokdy. Gan, gaby doldurup başlanda Mergen şepagat uýa:
- Özümden gidýänçäm alyň, men sanap başlajak, sanymda bulaşsam ýa uklasam bes ediň. Ine şu suwa şu şekeri garyň, şokoladlary açyp beriň- diýip Mergen ýaňky azykly pakedi şepagat uýa uzatdy. Özi bolsa sanap başlady:
-1. 2. 3. 4. 5...
Esli wagtdan soň Mergen ukalamaga başlady. Şepagat uýa çaltlyk bilen gany saklap, Mergeniň eline plastr goýdy. Mergen çala özine gelip çaltlyk bilen şokoladlary iýmäge başlady, şeker garylan suwdan içdi. Şol wagt hälki hüňürdän şepagat uýa gapydan girdi. Mergeni görüp:
- Wii, bärdemiň asyl. Gaçansyň öýtdim. Nämişleýäň? - diýip sorady. Mergen:
- ine ganyňyz. Çaltjak öz işiňizi ediňsene! - diýip ýüzüni küşşertdi. Sürüji-hassanyň(awariýa bolanyň) gany nämede bolsa Mergeniňki bilen deň eken. Operasiýada gowy geçipdir. Bir az salymdan operasiýa gatnaşan dogtarlaryň biri Mergeniň ýanyna gelip hassasynyň ýagdaýlarynyň gowlaşjakdygyny aýtdy. Şol mahal Mergen çalaja ýylgyrdy we nähilidir bir düşnüksiz ýagtlyk, nur asmana göterildi.

Soňy. Gutardy. Yzy ýok. Tükendi. Tamam. Dowamsyz. Nokat.

Awtor: IDEALLIDER

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir