Salam hormatly talyplar! Soñky döwür agzalaryñ arasynda bir-birini kemsidiji ýazgylar döräp bashlady. Siz özüñize sorag berip görüñ! "Men shu saýda näme maksat bilen geldim!". Men öz jogabym: dost gazanmak üçin we pikir alyshmak üçin. Paýysh sözleriñ näme peýdasy bar??? Men her tomus aýlary oba balyk tutmana gitýän. Men günebakardan ýasalan halwany gowy görýän. Ýöne men balygy özümiñ isleýän zadym bilen dälde, olaryñ halaýan zady bilen tutýan. Ine dost tutmakda-da sheýle. Näme üçin biz özümize gerekli zat hakda gürrüñ etmeli? Elbetde bu ýol bilen özümizi gyzyklandyryp bileris. Ýöne köp adam üçin gyzykly däl. Shonuñ üçin adamyñ isleýän zady hakda gürrüñ etmeli we oña maslahat bermeli. Ine shonda biz hakyky söýgi gazanyp bileris. Men size mysal getireýin: bir oglan göläni ýataga saljak bolýar. Göle girenok. Oglan zorlap süýräp saljak boldy. Bashartmady. Bulary synlap duran oglanyñ ejesi ýataga bir gujak ot tashlady. Göläniñ özi girip gitdi. Nýu-ýorkuñ telefon kompanýasy barlag geçirdi. Gepleshikde haýsy söz köp ulanylýar. Siz bildiñiz: bu söz "men". "Men". "Men". 500 sany telefon gepleshiklerde 3990 gezek "men". "Men". "men". Eger-de siz klasdashlar bolup düshen suratyñyza seredende ilki kime gözüñiz düshýär? Elbetde özüñize. Näme üçin adamlar siz bilen gyzyklanmaly, eger-de siz olar bilen gyzyklanmasañyz? Talyplar.com'yñ maksady türkmen talyplarynyñ dünýägaraýshyny ösdürmek. Biz bolsa köçede ulanýan sözlerimizi jogaplarda çyrshap barýas. Siz shu zatlar barada pikirleriñizi ýazyp bilersiñiz.

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir