Kop wagt bari Talyplar.com girmandim. Girdim-de dogrusy gynandym.Bizin yashlarymyzyn geljegimizin sheyle yuwan suwjuk pikirleri yazyanlygy meni gynandyrdy.Bizin yashlarymyzyn bizin yurdumyzyn geljegi-yuzi-aynasy.Internet sahypasynda bolsa yashlaryn chekeleshyan chekishmesi gaty yenil.Gelin bu yerini chat meydanyna dal-de akyl;ly bashly oglan-gyzlaryn diskussiya girip biljek meydanyna owrelin. Turkmengozelinin ``soygi nahili zatkaray``-diyen yenles soraglaryna jogap beren hazir ady yadymda dal``Tuys turkmen gozelinin berip bilayjek soragy`` diyen yene birlerinin ``tohmet`` shekilli jogaplaryny adminler arassalasynlar. Biz biri-birimize tohmet atmak uchin dal-de pikir alyshjak bolmaly.Onsonam gayrat edin yazmankanyz pikirlenin onson yazyn.Yogsam bu yeri yenilkelle turkmen talyplarynyn sayty bolar. Sebabi bize yat adamlar hem gelyar synlayar. ``Dostuny egleme nepden galmasyn-dushmanyn saklama syryn bilmesin``.
Dushmanyn saklama-syryn bilmesin
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Men öñler agza köpelsin diýip ýördüm. Arzuwum hasyl boldy. Ýöne men begenmän gynandym. Sebäbi: soralan jogaplara oýun edip jogap ýazyp bashladylar. Bir-birine yrsarap bashladylar. Pikir etmän hapa sözler ýazyp bashladylar. Soñky döwür gowy temalaram azaldy. Oglanlar we gyzlar. Geliñ talyplar.com'a serýozny seredeliñ. Men bilýän hapa söz ýazýanlaram aslynda gowy oglanlar. Ýöne "sahypada bizi kim tanaýar" diýip etjegini edip otyrlar. Siz beýdip türkmen ýashlarynyñ medenýetini ashak gaçyrýañyz.
Çat hakda aýdylanda bolsa, adminler täzelik döretmeli. Kim birine bir zat aýtmakçy bolsa shonuñ adynyñ üstüne basanda hat ugradyp bolar ýaly etmeli. Privat görnüshde. Beýlekide bukjasyndan hatlary okar ýaly etmeli. Shonda temalaryñ ashagynda "göleli gürrüñler" bolmazdy. Hemem gödek agzalary banlar ýaly etmeli. Hapa söz ýazylan bolsa 10 sany ip shol sözlere aýyrmaly diýen butona basanda aýyrar ýaly etmeli. Adminleriñem ishi azalardy.
Shul aýdanlarym bolsa hemme zat gowy bolar.
Sizi hormatlamak bilen
-
juneythan
15 years ago
- Size gosulyan...
-
saylanan
15 years ago
- Panturkiste! meni yansylamak bilen siz ozunizi tanatdynyz.Ona derek gowyja manyly bir zatlar alyp boljak ya-da berip boljak temalary gozgasanyz. Emma sizin adynyz ozunizden uly.belki men ``duye``diyendirin. Emma siz ``duye `` diymediginizi subut edin-de manylyrak bir zatlar yazyn.
-
saylanan
15 years ago
- Herntash! sizin bu yazgynyzyn ashagyndan men hich hili Turkmene soygi gormedim. Sebabi senin dilin bir zat diyse-de yuregin isle isleme diline cholashyar.Bilyanmi name bir akyldar diyipdir.``Dil bir chemchedir-yurekde name bolsa shony susup alar`` seninki-de sheyle sen her nache ``turkilesen-de`` mus-musun Mustapasyny`` aytjak bolanda yigrench duyulyar.Eger sen dogrudan hem Turkmeni turk bilen bir jan bir ten bilyan bolsadyn Talyplardaky agzalara beyle beyle sozleri aydyp bilmezdin.Senin talyplara aydan sozlerin yonkan tohmetlerin bir cheti gelip mana-da degyar.Sebabi men TURKMEN.Olar yalnyshyp bilerler-emma olara asla- asla ``dash atmaga `` size rugsat bermen. men bu yokardaky yazgymdan hem olara gara yonkemek niyeti bilen dal-de )senin yaly)dine gowy yazgylaryn yazylmagyny isledim. Sebabi men olaryn akylyna gayratyna ynanyan we bil baglayan.
Herntash! sen meni oz yolun bilen yoreyan bir adam hasap etme!Bizin yolumyz ayry. sana- aytjak ahyrky sozum ``Suw akar-dash galar``. Belki dushunersin.
-
DangerOus
15 years ago
- Bu ýeri ýashulylaryñ saýty däl. Ýash bolsañ degishmede(ýagny seniñ ýuwan diýýän zadyñ) bolar.
-
mazmun
15 years ago
- saylanan, sag bol, gaty möhüm meseläni gozgapsyň.
elbetde, ýaşlar degişmeli,gülüşmeli emma degişmäniňem,gülüşmäniňem medeniýeti bolmaly.
her tema jogap ýazjak bolup,boş sözleri eňterip oturmagyň kime peýdasy bar.hiç kime.
onda, ilki şol endikden el çekmeli.degerli pikir ýazmajak bolsaň hiç bir tema jogap ýazmaly däl. boş sözler ýazyp,"meni hiç kim tanamaýar" diýeniň bilen keseden okan adama seniň kimdigiň gaty gowy bilinýar.bolmanynda umumy ýaşlaryň şu günki ýagdaýy aýdyň görünýar.bu hem geljegimiziň nähili boljagy barada pikir ýüwürtmäge esas bolýar. milletimiziň ýaş nesliniň adyna ysnat getirmäge biziň hakymyz ýok.
hasapsyz zat ýok hernä
ynsap baryn ýazarmyş.
erksizlikde ejizlän,
azatlykda azarmyş.
-
mazmun
15 years ago
- Bayram-Jm,teklipleriň üçin köp sag bol. şu teklipleri menem oňlaýan we goldaýan.
-
mazmun
15 years ago
- DangerOus, siniň pikiriň bilen ylalaşmaýan. ylalaşmaýanlygymyň sebäbi, elbetde ýaşlar
degişmeli,ýöne göwne degişmeli däl. gynansagam soňky wagtda hapa we paýş sözler ýazylyp,öte geçilýär.bu bolsa göwne degişmeleriň üstünden eltýär.
salyhatlylyk diňe bir ýaşuly nesilimize däl,ýaş nesilimize-de mahsus gylyk. ýuwanlyk,sujuklyk,haýasyzlyk bular erbet gylyk hasaplanýar.meniň pikirimçe şeýle erbet gylyklar biziň ýaşlarymyzda bolmaly däl.biz az sanly halk hem-de biziň bilimli sowatly adamlarymyzyň sany hem az.olaryňam köp bölegi şeýle gylykly bolsa geljegimiziň nähili boljagyny göz öňüne getirip gördüňizmi?
özara,ikiçäk degişmeler bolup biler,emma köpçülik ýerlerinde özüňi görüm göreldeli alyp barmak,türkmeniň edim-gylymyna laýyk gürlemek,gürleşmek zerur hasaplaýan.
dil bir öl ýerde biten zat. başyna goýbersen diýmeýän zady barmy.şonuň üçin "dil bela-diş gala" diýilýär
-
saylanan
15 years ago
- Mazmun! senin menin aytjak bolan zadyma dushenendigine minnetdar.menem ``goryan welin dogrudan hem menin yerim dal oydyan ``diyip talyplaryn arasyndan gitmeklige niyet edinipdim. Her name-de bolsa dushunjek bar eken.Onsonam yashy ulularyn yeri dal diyilipdir welin``Yashlaryn arasynda garrylar gerek`` diyen sozem bardyr-a.Yone men hazir garramok.(degishyan)Onda-da gayrat edin derde degjek zaTLARY ARA ALALYN maslahatlashalyn .Oz dilimiz taryhymyz edep-ekramymyz dap-dessurymyz turkmen buysanjy erk-ygtyyary umuman gurrun kopdur.
-
btp
15 years ago
- ýok, saylanan siziň pikiriňiz biziň üçin gymmatly, siziň yaly "agalar" we "ejekeler" bu saytda elbet-de gerek, bolmasa işiň suwuny çykaryalar kabir agzalar; ynha adminler seretman başlady welin türkçe bolgy geçdim uygurça da yazyp ugradylar barik; olara garşy bir garezimiz bolmasa da başga diyalekt ya da dillerde yazmaklary bolanok da, umuman problema gutarjak dal yaly bu saytda; yöne şeyle bir hakykadam bar; bu sayt şu magt iki elin barmak sanyny geçmeyan türkmençe saytlaryň içinde in köp zyýarat edilýän bolaymasa we bardaki gelişmeler mundan soňky açyljak türkmençe saytlara görelde bolar diyip pikir etyan mena, wagty gelenson göreris enşalla...
-
saylanan
15 years ago
- enşalla! sag bol!
-
1merdan
12 years ago
- Haý gelneje:-(
Panturkist 15 years ago- ymgyr manyly sözler!
aý saýlanajan ýaşlardyr-da, diýer goýarlar. nä barik girip türkmenistany halas etmejeklera belli. senemä oturyp-oturyp "düýe" diýdiň :D