hormatly talyplar,gadyrly ýaşlar! indi ençe wagt bari şu saýtda türkmençilik,millilik,ata-baba ýol ýörelge,hazirki zaman türkmen jemgyýeti we onuň demokratileşmegi,döwrebaplaşmagy,dünýäniň gazananlary bilen aýakdaş gitmegi barada dürli bloglar açylyp, gyzykly çekişmeler,pikir alyşmalar dowam edip gelýar.bu diskusýalaryň netijesinde gaty tasin pikirler döreýär. men şu blogy sözbaşydan hem belli boluşy ýaly başga milletleriň bize tasiri barada pikirleriňizi ýazmagyňyzy we şol pikirleriň töwereginde gyzykly çekişmeler gurnamagy göz öňünde tutup açýaryn. şu maksada gönükdürilen şu şygyr hem täsirli bolar diýip umyd edýän: Hondan bärsi bolsaň del geýim geýip Del kişiniň äheňinde sözleseň, Beýiklikmi öz kaddyňy har edip, Ýa amanat alyp ýörmek özgeden?! Ile öýkünýäris çagajyk ýaly, Agtarman türkmene mukaddes täri. Wah, biz bizkäk özgelere öýkünýäs, Bizem il-ä dünýä döräli bäri.
öz arrygyn har eden,kişi arrygyna zar bolar.
-
mazmun
16 years ago
- Ajal syndyrmadyk serimiz biziň,
Egilýär alnyna zyňlan köpüge.
Gan döküp gazanan türkmenligimiz
Naçar düşüp, kast etmäli köküne
Dinden çyksa çykyp –
ilden çykmadyk,
gördüm ikisinden çykan pillesin.
Milletiň ýitirip,
milletiň satyp
näme alynýanyn men-ä bilmedim.
-
btp
16 years ago
- mazmun, dogry diýýäň, tasir netijesinde öz milliligimizden uzaklaşmagymyz howply bir yagday, munuň öňüne geçmek gerek bir şekilde, yöne asyl mesele nädip!?; wagty bilen gowşan milletleriň başgalaryň täsirine girmegi adatdan bir yagday bolsa gerek, garaz men yazsam temany yene bizi dolandyryanlara getirin we sögmage başlaryn, milliligiň ýoly dilimize eýe çykmakdan geçýä dälmi, seniň halkyň rus kanallaryny yzarlasa, orslaryň kitaplaryndan bilim öwrenmage dowam etse, millileşmek ugruna bir somut iş etmese bu düzeler öytyanmine
-
mazmun
16 years ago
- btp,
ilki şu tendensiýany kabul etmegimiz zerur.şeýle de meseläniň çynlakaýdygyny bilmegimiz gerek.
ikinjiden bu ugurda herbir şahsa düşýän jogapkärçilikleri ýüze çykaryp,şolary düzetmegiň ýollaryny agtarmaly.meselem dil babatda herbir şahsyýet türkmen dilini gaty kämil bilmeli we pikirlerini beýan edende türkmen dilini ulanmagy kiçilik bilmeli däl.dogry dilimiz kä halat asgyn duýulýar. muny diňe köpçülikleýin ulanyp kämilleşdirip bileris.
men seniň bu ýagdaýa adaty ýagdaý diýeniň bilen ylalşmaýaryn.sebäbi özbegistan hem postsowet respublikasy,halklarymyzyň ykbaly meňzeşiräk. emma olar şu meseleleriň hötdesinden halk hökmünde gelip bilýärler. döwlet derejesinde hem kän işleriň edilýänligi duýulýar. Ýöne, halk esasanam ýaşlar biperwaý bolmaly dalmikä diýýän.
özge milletleriň täsirinde bolmagy dereje bilmeklik arsyzlykdyr.ol türkmençilige edilýan kast ahyryn.ata baba kesekiniň buýunturugynyň aşagyna girmejek bolup gör näçe pidalar berdi.biz ýaşlar bolsa hazirki wagtda meýletin milli mertebamizi aýak astyna atýarys.sözlerim gury bolmaz ýaly bir mysala ýüzleneýin.
daşary ýurt aýdymlarynyň sazyny göz görtele ogurlap dilimiziň hem işini görüp,bimany sözleri maýmyn ýaly böküşip ýerine ýetirýan türkmen ýaşlaryny görüp,janyň ýanýar.bu sungat dal masgaraçylyk.ol aýdymlary diňläsi gelýän ýaşlar asyl nusgasyndan diňleseler has göwne makul bolmazmy. egerde sungatyň şol görnüşi bize de gerek bolsa sözleri manyly,sazy özleri tarapyndan döredilen hakyky türkmen eseri dörese dogry bolmazmy.
inede şu ýagdaýy bir şahyryň suratlandyryşy:
Rok-saz
Pop-saz
Ýok munda ýok saz
Okly kirpi ýaly saçlak pyýada
Mikrofony gemirip,
Jynssyz gygyrýar.
Çuw ýalaňaç bolup utanç-haýa-da
Çygyrýar,
sygyrýar,
bagyrýar,
Şaňňy saza asman- zemin yranyp
Jaý atylyp barýar wagşy aýdymdan
Göräýse Homeýnem gider ynanyp.
Adamzadyň döränine maýmyndan.
-
SerJon
16 years ago
Dostum, türkmen atyna at diýdirdi,
Kowsa tutup,
Gaçsa ujuz gutulyp.
Dostum, türkmen itine it diýdirdi,
Saýhally,
sabyrly köpek tutnyp.
Türkmen halysyna haly diýdirdi,
Türkmeniň baýdagy- türkmen halysy
Türkmen dutaryna dutar diýdirdi
Saz bilen aýdyşyp arzy-halyny.
Şaý-sepine şanyň gözi gyýdyrdy,
Ekledi uly ili türkmeniň pili.
Indem...
ata babam nadan bolupdyr –
Diýip ýörüs,
Päheý, akmagyň biri!
mazmun | 2008-12-18 08:59:46
Bet yazypsynay shu goshgyny Tuweleme!!!
Goldayan!!
-
d_oguz
16 years ago
- tüweleme sonky döwürde agzalaram birneme içine jan gelipmi name mi? şun tasiri mun tasiri diyen bolup? GEROY BOLMAGA ÇALYŞYANA DALDİRNA HERNA..
HERKİM ÖZÜNE BAŞLYK BARDE! HERKİMİN ÖZÜNE GÖWNİ YETYA.sEN BİR ZAT DİYMANKAN O 3 ZAT DİYYİP ÖÇÜRÜP BİLJEK UKYPDA.ŞONUN ÜÇİN YAZAN ZATLARYNYZY EGER ADAMLARA SAPAK BERMEK MAGSADY BİLEN YAZYAN BOLSANIZ MYLAKATLYRAK,HERKİMİN DÜNYA GARAYŞYNA HORMAT GOYUP ONSAN YAZSANYZ HAS GOWY BOLARDY. mAZMUN YAZANLARYNY DOLY OKAMADYM YÖNE MUNY ETMAN YAZMAGAM BİR KEMÇİLİK MYKA DİYYAN.SAGLYNYZ
-
btp
16 years ago
- d_oguz, senem arada bir girip ahkam kesip gidyanow tüweleme, bu saydyň şeýle agyr agalarynyň barlygam gowy zat...
-
d_oguz
16 years ago
- bah bir zat diyan beyle yene bir zat diyyan yene de beyle.bu na how onda bu saytyn name ahmiyeti bar.Yada kabir agzalar yazıp kabir agzalar göwnune göra yazsyn diyilen bir kada barmy?eger şeyle bolmasa onda goyun agzybirlikde yazyşaly.
Kan girmeyan sebabi pulum yok :)..
-
btp
16 years ago
- mazmunam bizin yali talypdyr belki, elden nameler gelip biler bu yagdayda; aslynda bir tm talyp, okayarka watanyna nadip hyzmat edip biler atly bir mowzuk açmak makul bolardymyka diyyan mena, sebabi boş wagtymyz hökman tapylya we muny watanymyzyn peydasyna ulanyp bileris:
meselem, internetde türkmençiligin yayradylmagy, yagny muna wikipediyanyn türkmençesini ginişletmekden, taze başga maksada yönelik tm dilinde saytlar açyp başlap bileris; muna liderlik etjek birilerem gerekli aslynda...
-
Erkin666
16 years ago
- sazy ogyrlanmadyk rok,pop saz barada, kliplerde yalanaçlanmagy, bökmegi, "homeynin (:D) aydyşy boyunça maymyna menzemegi we ş.m. türkmenin döwrün gazananlary bilen ayakdaş gitmegi diyip hasaplayan.
-
mazmun
16 years ago
- Erkin666,
joşmak, galkynmak elbetde hazirki zaman ýaşlaryna mahsus,emma seniňem tassyklaýşyň ýaly ogurluk,öýkünme bolmaly däl.ile gülki bolmaly däl.men biziň ýaşlarymyz özleri döretse, has kämil sazlar dörejegine ynanýan.emma türkmen oglan-gyzlaryna mahsuz gylyklar(haýa,agraslyk,mertlik,gözellik)saklanmaly.meselem käbir milletlerde aýp hasaplanmaýan meňzeş jjynslaryň gatnaşygy,köpçüligiň öňüne ýalaňaç we ýarym ýalaňaç çykmagy we ş.m zatlary biziň halkymyz näletleýar,oňlamaýar.
-
mazmun
16 years ago
- d_oguz, men hiç kimiň garaýşyna hormatsyzlyk etmedimmikän diýýän.onsoňam sapak bermek maksady bilen ýazamok,diňe pikir alyşmak üçin ýazýan we mylakatlylygam elden bermejek bolýan. muňa garamazdan mylakatsyz ýazan ýerim bolsa ötünç soraýan.
käbir agzalaryň içine jan gelmegine düşünmedim. ýagty jahana gelenimiz bäri janymyz içimizde!...
geroýlyk bärde ýazgy ýazmak bilen bolmaýandygyny ýazgy ýazýanlaram sençeräk bilýän bolsa gerek.
temanyň töwereginde pikir alyşsak gowy bolar.özara gürrüň üçin oglanlar ýörüte blog açypdyr. munuň ýaly gürrüňleri şol ýerde edeli!...
-
Maxat
16 years ago
- mazmun, sen özün barada yazsana az owlak, sen önden bari barik agzamy?, barini nirden/"name sebapli" tapdyn?, yazgylandan senem türk mekdeplerinde okana menzeyan, türkçani nirde öwrendin?, okayanmy ya talypmy?, şu wagt haysy yurtda özün?, barik goyup biljek mail adresin barmy?,
)) köprak zadam soradym öytyan, eger bir zyyany yok bolsa jogaplarsyn-da, menem yöne soraydym, bilesigelijilik gursun))
-
daKING
16 years ago
- no comment
-
mazmun
16 years ago
- Maxat,seniň soraglaryňa gysgaça jogap bermäge çalyşaýyn:
Maxat: -sen önden bari barik agzamy? barini nirden/"name sebapli" tapdyn?
mazmun: -ýok öňden bäri agza däl.golaýda googlede gezmeläp ýörkäm gabat geldimde,agza boldum.sebäbine näme ýazjagymy bilemok.üýtgeşik bir sebäp ýok.pikirlerimi ýazýan,pikirleriňizi okaýan.
Maxat: -türk mekdeplerinde okana menzeyan(?)
mazmun: -ýok, ol mekdeplerde-de okamadaym.
Maxat: -türkçani nirde öwrendin?
mazmun: -türk dilini tömerde öwrendim.
Maxat: -okayanmy ya talypmy?
mazmun: -okaýan.
Maxat: -şu wagt haysy yurtda özün?
mazmun: -seniň golaýyňda.
Maxat: -barik goyup biljek mail adresin barmy?
mazmun: -ýok.
-
jankaka
16 years ago
- mert we namardyn arasynda bolup gecen geplesik
-
mazmun
16 years ago
- jaňkaka köp sag bol, garaýşyň üçin.
jaňkaka, seniň mertlik we namartlyk düşünjesine garaýşyňy bilesim geldi.ýöne beýleki bir blokda ýazyşyň ýaly jogap ýazjak bolsaň arrygyňy gynap oturma.
beýle zatlary saňa ýazmaklygyň mynasyp bolmaýşy ýaly bärdäki agzalara we myhmanlara ol ýazgylary okamak hem oňaýsyz.
-
jankaka
16 years ago
- natdinay dostum bak sana su pikirlerinden son hem dost diyip yuzlenyan elinden gelse asmany cek yone yerdediginem untma men arkayin sen nahili baha bersenem cunku men bu yerde indi 1 yildan gowrak bari agza we su taydakylaryn kopusu bn dost dogan yali gunde gunasa telefonda emailde habarlasyan son ucin men arkayin kim name baha berse bersin
-
mazmun
16 years ago
- umuman düşündim.
pikirleriň üçin minnetdar.
ýöne, bu ýazanlaryň mertlik baradaky düşünjäňmi,namarlyk baradaky düşünjäňmi?
(özüňi mysal görkezmek gerek däldi.)
-
Maxat
16 years ago
Maxat: -şu wagt haysy yurtda özün?
bah bir şaherdemi, ya yurdy gözününe tutdunmy, bir şaherde bolsa jan etsene)), ya-da ipujy beray, şahsyyetinem kan möhüm dal welin şonda-da dertleşerdik-da?))
mazmun: -seniň golaýyňda.
mazmun
-
Kuraldyshy
13 years ago
ostum, türkmen atyna at diýdirdi,
Kowsa tutup,
Gaçsa ujuz gutulyp.
Dostum, türkmen itine it diýdirdi,
Saýhally,
sabyrly köpek tutnyp.
Türkmen halysyna haly diýdirdi,
Türkmeniň baýdagy- türkmen halysy
Türkmen dutaryna dutar diýdirdi
Saz bilen aýdyşyp arzy-halyny.
Şaý-sepine şanyň gözi gyýdyrdy,
Ekledi uly ili türkmeniň pili.
Indem...
ata babam nadan bolupdyr –
Diýip ýörüs,
Päheý, akmagyň biri!
mazmun | 2008-12-18 08:59:46
hak söz,,
-
turkmenntug
13 years ago
- wah mazmun aga...
-
Panturkist
13 years ago
- global dünýäde ýaşamagy oňarjak bolmaly. demirgazyk koreya ya-da eyran boljak bolmaly dal.
-
turkmentalyp
13 years ago
- eyran gonshular bn narmalnyy yashap yor. gan dokup yorenok. yone gonshulara azar berip gan dokup yorenlere gozden gachyryas.
-
Panturkist
13 years ago
- turkmentalyp eyran konserwator yagny, öz düzgünini saklamak sistemasyna seret, men şony tankyt edyan. gonşylar bilen aran gowy diymek halkyna gowy seredya diymegem dal...
-
turkmentalyp
13 years ago
- onda beterragem bar, gan bulap yoren.
-
Panturkist
13 years ago
- ol diyyan döwrin afrikada galdy...
-
turkmentalyp
13 years ago
- o dowur shu wagtam bar. prosto degerli baha bermani basharmaly. terezide goymany basharmaly. dunkuldap media gora bulashyp yormeli dal
-
Panturkist
13 years ago
- wellat agan gölesi ölüpdir!
-
turkmentalyp
13 years ago
- bah bolubilyar. hay bolmandyr yone ola. halallap iysedin. ay nesibedirda o-da.
mazmun 16 years ago- Dostum, türkmen atyna at diýdirdi,
Kowsa tutup,
Gaçsa ujuz gutulyp.
Dostum, türkmen itine it diýdirdi,
Saýhally,
sabyrly köpek tutnyp.
Türkmen halysyna haly diýdirdi,
Türkmeniň baýdagy- türkmen halysy
Türkmen dutaryna dutar diýdirdi
Saz bilen aýdyşyp arzy-halyny.
Şaý-sepine şanyň gözi gyýdyrdy,
Ekledi uly ili türkmeniň pili.
Indem...
ata babam nadan bolupdyr –
Diýip ýörüs,
Päheý, akmagyň biri!