Hormatly Talyplar! Türkmenistanda şu yylyn 14 yanwarynda deputat saylawlary bar. yagny Türkmenistan Döwletini ynanjagymyz 125 adam deputatlyga saylanyar! Saylawa 3 hepde töweregi wagt galanam bolsa,name üçindir biz olary tanamyzok! Türkmen Groups'da yazylyşyna göra saylawçylar hakynda saylaw güni habardar bolup bilyamişis. Eysem bu nahili saylaw menden arza sorayarlar saylawçylar hakynda bolsa kelam agyz söz yok. kim olar haysy dünyan adamlary tanamyzok! Emma bizden olar üçin saylaw haty isleyarler. Eysem haysy demokratiya sygyar? Eysem siz tanamayan adamlarynyza öz durmuşynyzy ynanyp biljekmisiniz? Men talyplaryn komyn agzalaryna eger aranyzda saylanjak adamlary tanayanlarynyz bar bolsa shu sahypa atlaryny durmuş yollaryny yerleşdirmeginizi hayyş etyan! Eysem sizin pikirinizçe bu dogry yolmy?
Türkmenistanda 14 Yanwarda saylaw bar yöne saylawçylary tanamyzok?
-
.x_xXx_x.
16 years ago
- ay adyny zadyny bileninde nahili adamdygyny nirden biljek kynrak düşaymese dos jan
5x
-
bond
16 years ago
- mejlisinkimi ya halk deputaty sorap gor haysy ,shony bir anykla?
-
alik
16 years ago
- lider, saylawçy seniñ özüñ. sen dalaşgär (kandidat) diýjek bolduñ öýdiýän. olary tanamak hökman däl. sen şu aşakda ýazylany okap haýsysyny mynasyp görseñ, şoña-da sesiñi ber.
"Deputatlar gowy adamlar bolmaly: Watany, halky söýmek hökman däl, esasy zat - Prezidenti söýmeli! Deputatlar gaty sagdyn bolmaly, reaksiýalary tiz bolmaly: ”siz şuña razymy , adamlar?” diýlende, munuñ sorag däl-de, eýse buýrukdygyny bilip, ýüzüniñ ugruna ellerini galdyryp ýetişmeli; bilip bolmaz, öñlerinde düwmeli enjam dagyn goýaýsalar, onda olar gözlerini ýumup, onuñ ”hawa” diýen düwmesini ýalñyşman basyp bilmeli. Dogry düwmä basmak - olaryñ esasy işi bolar! Deputatlarymyz günde-günaşa el çarpmaly bolarlar, şonuñ üçin – bedenleri berk bolmaly. Galyberse-de, akylly bolmaly - ýokardan berlen görkezmeleri ikirjiñlenmän, pikirlenmän çürt-kesik ýerine ýetirmeli."
-
Lider
16 years ago
- elbetde mejlis deputatlary saylanyar!
Olara sorap görenimde Saylawçylar hakynda gysga wagtda türkmen groupsda habar beriljekdigini aytdylar.yöne on üstünden eyyam 15 gün geçdi.
Bizinkem name Türkmen Demokratiyasy:)
Menin Demokratiyam diyen Türkmenbaşy halkyn rahat yatyp turmagy,aç bolmazlygy menin in uly demokratiyam diyipdi.
Men pikirimçe ol haklam!
Yöne indiki geljekler Türkmebaşyn diyen sözlerini yatlarmyka?
Sebabi dünya obahojalyk Birligi(FAO)
2008 yylda 125 milyon aç adamyn bardgyny beyan etdi.
bu hasam köpeljekmiş.
Türkmenistan name de bolsa şansly diyip pikir etyan
-
bond
16 years ago
- shu talyplar barsa okuwyny gutaryp 125 in ustine yene 5 i gosharlar turkmenistanam beyleki dowletlerin yzyndan yeter nesip bolsa ,goryaniza talyp kop demokratiya gozlap yore az galdy konkretni demokratiya bashlar entek ,shol gunler duysh eken diyerler.oser yash nesil dine demokratik dushunje bn baryar deputatam achyk saylanar prizdentem.shu dushunje ylymlary bn.
-
alik
16 years ago
- gadymy grek akyldary Platon şeýle diýýar:
”Syýasata gatnaşmakdan ýüz öwürmegiñ getirjek iñ erbet netijesi - siziñ özüñizden pes adamlardan jeza almagyñyz bolar”
-
Lider
16 years ago
- Hava dalaşgar diymek islapdim.Ötünç sorayan:)
Dalaşgarler eger sen aydyşyn yaly bolsa onda gep gurrunsuz türkmenistan öser.
sebabi bir adamyn agzyna garamak Hytay,Yaponya yaly döwletleri görşün yaly nahili derejede ösdürdi.
Yöne arman olar yokaryn diyenini etman dine öz geljegini gaygy edip halkyn malyny iyyarler.
Eger Prezidentin her bir aydanyny eden bolsalar Türkmenistan belkem hazir Gazagystan yaly ösen döwlet bolup bilerdi
-
alik
16 years ago
- şu ýylyñ 14-nji dekabrynda (ýanwar dal) Türkmenistanda Mejlise saýlawlar geçiriler.
-
Lider
16 years ago
- Göryan velin köp zatda yalnyşlyk etdim:)
Bu açylan mowzuk mana kabir zatlarda kynçylyk döretyan yaly.
Dekabra yanwar diyip dalaşgara-saylawçy diyip otyran boldym.
Yada synaglaryn tasirimi bolup biler:)
-
alik
16 years ago
- lider, dünýäniñ hiç bir ýerinde ýokarkylara sadyk türkmenden başga millet ýokdur.oña göz ýetirmek üçin kabir mysal:
"S.Nyýazow döwründaki we ondan bize miras galan rejim tarapyndan erki elinden alnyp, ruhy ejizledilen, buýruga tabynlaşdyrylan we eldekileşdirilen ilat köpçüliginiñ, aýratyn-da, okuwçy we student ýaşlarynyñ, hökümet başlyklarynyñ, howpsyzlyk guramalarynyñ işgärleriniñ, başga-da hökümete doly garaşly bolan grajdanlaryñ aglabasynyñ birmeñzeş lybaslara beslenip, döwlet tarapyndan yzy üzülmän gurnalýan ähli çärelere gatnaşyşlary, görkezme esasynda oturyp-turuşlary, el çarpyşlary, suwlunyp ýöreýişleri, haýsydyr bir daşary ýurt firmasy jaý gurupdyp, ony hem Prezident kabul etjekmiş diýip, gyşu-ýaz diýman, çagalaryñ şol ýere mejbury sürlüp, aç-suwsuz saklanylyşy! Bularyñ haýsy birini sanajak?
-
alik
16 years ago
- lider, aljyrama meniñ ýazanlarymy ünsli oka.agyp dönüp durma. synagyñ tasiri dal, diñe içindaki dikdaturaniñ we gorkynyñ tasiri.
-
alik
16 years ago
- Biz öz ejizligimizi, namartlygymyzy, ýaltalygymyzy boýun almak islemeýäris. ”Men ýalta, men bigaýrat, men nadan we çöññe” diýyän adama duşmarsyñyz. Şeýle etmek bilen biz durmuşymyzdaky ýüze çykýan näsazlyklarda özümizi däl-de häkimiýeti we ilat köpçüligini günälejek bolýarys.
-
Lider
16 years ago
- Elbetde aydyşyn yaly bu hili işleri etdiler.ederlerem.
Yöne bu hereketler yokardakylardan gorkylyp edilen işlerdir.yagny ya işimden bolaryn yada başga gorkunç işlere sezewar bolaryn diyip bu işleri yerine yetirdiler.
Yöne....
şu yöneler ynsany her hili yagdaya düşürip bilyar.hamana goraymage men senin diyyanlerini goldayan yaly.yöne sonyndan yöne goyyanda gurruni öz tarapyma çekmage çalyşyan!
Yöne Alik olar bu işleri eden bolup yada edip bir gapdalyndan hem döwlet malyny öz tarapyna geçirdiler.men sada halk hakynda aydamok.
Men yokardaky wezipelerde işlanleri diyyan.
Olaram el çarpanam başardylar.hatda arasynda yaranjanlyk hem etdiler.
yönen jübüsinem anyry yany bilen doldyrdylar.
Men olaryn prezidentin isleglerini medeni çareler bilen örtmage çalyşanam bolsalar başga meselelere yagny pul bilen baglanşykly türkmenistanyn gazanjy hakyndaky meselelere gezek gelende herkim çemçan sapy mana da yetdi diyip urdylar iydiler yok etdiler yada bir yerlerik basyp goydylar.
Men sada halky gunalammok.olar elmydama bolşy yaly sada ve sada yenede.
Türkmenbaşam sadady.ol işden ayyryp goymak bilen beylekilere sapak bormyka diyyardi.
Yone olar 6 aylyk wagtym bar basayyn eslini diyip oz bolyslaryna gora hereket etdiler.
Dostym sen sada halk bilen olary den tutma.
Olar dalmi halka zyyan yetiryan.Kelle-Prezidetn yerinde,ahli zada islegli nira yoretsen yurekden kabul etjek sada halk yone sholaryn arasynda duran perde kirli yagny yokardaky organy yoreteciler arassa dal.kelle nache govy ishlesede endamyn agyryp dursa kan iş edesin gelmez.
Men kimden gorkmaly düşünmedim.bu gorky dal diysen diymesen hem synagyn tasiri.gije gundiz yatman okamak kyn elbetde.
Gelejekde de Türkmenistan üçin gije gundiz yatman işlejekdigime soz beryan!
Wagt muny gorkezmegini arzuw etyan.
-
Lider
16 years ago
- ilat köpçülügi eysem kim biz dami?
yagny men yalta men akylsyz diymegi etjek ilat köpçülügi dalmi eysem?
Hakimiyet eysem name ilay köpçüliginden çykanlar dalmi eysem?
onda name uçin biz?biz daşary yurtlymy bizem şolaryn bir parçasy!
Yagny diymek ilat köpçiligi=hakimiyet=biz bolyas.
yagny bizin hemmamiz özümizi tankyt etmani başarmaly!
Muny hakimiyet hem başarmaly
Muny halk köpçüligem başarmaly
Muny bizem Başarmaly
Yagny Bütin Türkmenistan özüni tankyt etmegi ve tankyty kabul etmegi başarmaly şeyle edilende Türkmenistan öser.
Tankytlara açyk bolmak Türkmeni bizş ösdürer.bize zyyan yetirmez
-
alik
16 years ago
- "sebabi bir adamyn agzyna garamak "
lider, ýokarky sözler seniñ sözüñ. sen aýt, bir adamdan başga adamyñ agzyna garadykmy. şol adam agzyna garanymyz üçin bize "garamaýak" adyny berdi, ýadyña düşýan bolsa.
elbetde bir baş bolmaly, akyly baş bolmaly halka, döwlete,türkmene baş bolmaly, emma "başy" bolmaly dal.
-
Lider
16 years ago
- bu sözüne goşulyan dostym.Hava sen aydyşyn yaly baş bolmany başarmaly
-
alik
16 years ago
- S.Nyýazow öz gyzgyn”söýgüsiniñ” demikdiriji tüssesinden halky uzak wagtlap dem almaga mejbur eden hem bolsa, halkyñ içinde wyjdany, mertebesi we özüne bolan sylagy güýçli adamlar beýle gatnaşygy kabulam etmediler, oña endigem etmediler. Belki, şol sebäpli olaryñ ýaşaýşynyñ maddy derejesiniñ ortaçadan pes bolmagy ahmal, ýöne öz ruhy, ahlak we adamkärçilik derejelerini maddy baýlykdan ýokarda goýýan adamlar haýsy başy, haýsy häkimiýet bolanda-da, geljekde-de saklap bilerler. W.Çurçill 1951 ýylda bir çykyşynda şeýle diýyar: ”Wyjdansyz halk ruhy sütünsiz halkdyr. Ruhy sütünsiz halkyñ geljegi ýokdur.” Şu günki gün şol şahsyýetleri halkyñ hakyky ruhy sütünleri, türkmençiligiñ girewi hasap edip bolar.
halk şol adamlaryñ agzyna garamaly.şol şahsyýetleri ýüze çykarmak hukugyna eýe bolmaly. ol hukugy bolsa "garamaýaklaryñ" özi gazanmaly.
-
alik
16 years ago
- bolya lider,sag bol.
-
bond
16 years ago
- alik sen aydyanyn jany bar.
-
ata
16 years ago
- Saýlaw barada turkmenpress-de habar berlen ekeni öňräk, degişli linkleri aşakda goýmakçy, şol ýerden öwrenip bilersiňiz:
1- Saylawlar Baradaky Kanunymyza Üytgetmeler Girizildi.
gysgaça:
Mejlisimiz tarapyndan bu kanun ilki bilen 1999-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 30-ynda kabul edilipdi.Soňky üýtgetmelere göra saýlawlar we sala salşyklar baradaky kanununyň 7-nji maddasynda şular beýän edilýär:“Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň deputatlarynyň, halk wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň agzalarynyýäň, geneş agzalarynyň saýlawlarynyň, ählihalk sala salşyklarynyň (mundan beýläk saýlawlar we sala salşyklar) geçirilmegini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde guraýar, Türkmenistanyň bütin çäklerinde saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky kanunçylygyň bir meňzeş ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär.”
2- Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi gecirildi
gysgaça:
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda özüniň taryhy wezipesini ýerine ýetiren Halk Maslahaty ýatyryldy. Onuň ygtyýarlyklary we wezipeleri Türkmenistanyň Prezidentine we Mejlisine geçdi. Bu diňe bir döwlet institutlarynyň we dolandyryş guramalarynyň tutuş ulgamyny düzgünleşdirmäge däl-de, eýsem olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli we ygtybarly mehanizmini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Başgaça aýdanyňda, Türkmenistanyň häkimiýetiniň ýokary guramalarynyň täze hukuk derejesi kanuny taýdan berkidildi hem-de häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji guramalarynyň arasynda anyk çäkler bellenildi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy M.Garryýew mejlisi açyp, Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň aýratyn jogapkärçiligini belledi. Çünki ...
Bellik: Has giňişleýin linkler arkaly maglumatlary okap bilersiňiz!
-
ata
16 years ago
ata tm yn kanistitusyasy we kanunlary hakynda name uytgeshmeleri hakynda bir mowzuk achyp gurrun bersene.
bond | 2008-12-03 05:28:39
Ýokardaky 2-nji linkde azda-kände bu babatda habar berilýär öýdýän.
Täze degişli ýazgy çyksa, şu ýerde goýaryn-da, enşallah!
Birem, www.turkmenistan.ru sahypasynda habarlar berilýär.
Bellik: Bond, azragam bolsa kömekçi bolup bildimmi?!
-
gunjagaz
16 years ago
- Salam!
Siz saylawdaky dalashgarleri sheyle tanasynyz gelyan bolsa biraz ozuniz sorap iydan. Arayan bulur diyen bir soz bar eger bilyan bolsanyz. arayin bulursunuz.
-
kombat
16 years ago
- kompuň başyndan galman, inetde köpräň kaňkasaň, aklyň çaşyp, başgarak ýeriňe girselerem bilmersiň.
-
milliyetçi
15 years ago
Hormatly Talyplar!
Türkmenistanda şu yylyn 14 yanwarynda deputat saylawlary bar.
* Lider
* 24 jogap
* 253 okalan
* 2008-11-26 03:16:03
dost, saýlawlar bireýýäm geçip gitdi. hiç wagt "çala eşdip, çatma ýykma"! saýlawlar 14-nji dekabrda bolup geçipdi, ýanwarda däl!!!
14.12.2008.
-
milliyetçi
15 years ago
Türkmenistanda şu yylyn 14 yanwarynda deputat saylawlary bar.
* Lider
* 25 jogap
* 258 okalan
* 2008-11-26 03:16:03
lider, häziriň özünde ötünç sora dost, ýazan ýalan maglumatyň üçin!!!
-
Lider
15 years ago
- men milliyetçi yalnyş wagty görkezenim üçin ötünç sorayan!!!
Yöne yokarda ahli zady yazypdyrlar.onyn 14 yanwarda dalde 14 dekabrda bolandygyny hem yazypdyrlar.
Sen derdin name?
Yalan maglumat dal yalnyş yazylan ay ady!!!
Şunyn arasyny açan günin gel sen bilen gürleşeli!!!
Onsonom men bolgysyz zatlar üçin zatlar ötünç soraman!!!
Yöne natjek prosudur üçin etmeli bolyar
-
milliyetçi
15 years ago
- lider dost!
gowumy ýagdaýlaryň?
birwagtky ýazgymy tapyp, okap, jogap bereniň üçin köp sag bol. minnetdar! :)
ýöne şol saýlawlara men hem gatnaşdym. ses berip gaýtdym. dalaşgärler hakynda maglumatlary hem bilýän. olary ýurdyň gazet-žurnallarynda we radio-telewideniýesinde gün yrman aýdyp durýalar. ýöne, sen öz ýazgyňda meň gatnaşan saýlawymyň "b..uny böregine garypsyň-da..."
meňem muny okap gaty gaharym gelipdi. "men-ä jan çekip saýlawa gatnaşyp, ilata çakylyk paýlap, özümem ilden öňürti gelip ses berýän, soňundanam eşitjegiň şu bolsa..." diýip, ýokardaky ýazgymy ýazmagymy makul bildim.
ýöne, gödegräk ýazaýypdyryn öýdýän. :)
dost, gaty görme. aslynda, men-ä seň ähli ýazgylaryň okaýanam, halaýanam. Türkiýede oba hojalyk boýunça okap ýören bolmaly, özüňem maryly. dogry dälmi?
isleseň ýakyndan tanşaly. maslahatlaşmaly käbir zatlar bar. e-mailiňi bersene ýa-da ine, meň e-mailime hat oklaý.
e-mail: milletparaz@rambler.ru
saglygyň!
-
Lider
15 years ago
- Milliyetçi dostym şukur hudaya.sen nahili?:)
men sana hat okladym.habarlasharys nesip bolsa.ozune govy seret sagbol!!!
Lider
shahyr 16 years ago- İçlilige jaň edip sorap görmeginizi maslahat berýän.