Iň gowy blog nähili ýazylmaly?
Blog ýazmak barada meniň hem üýtgeşik  bilýän zadym ýok ýöne bilenjelerimi siziň bilen paýlaşmak isledim. "Blog " sözüni ýönekeý dilde " Gündelik " diýip düşündirse bolar. "Blogger" bolsa " Gündelikçi,gündelik ýazýan" diýmek 
3-4 ýyl bäri saýt açmak bilen gyzyklanýan we geçen ýyl alaşyp wpmavi.com  saýtyna düşdüm. Ynanyň bular ýaly blog saýty öň gabat gelmändim. Ine hakyky bloggeriň bloglary. Ol saýtda wordpress-den saýt açmak barada hemme zat ýazylypdyr. Hemme zat diýip ýalňyş ýazýandyryn öýtmäň ynanyň "HEMME ZAT" ýazylypdyr .Soňky oturyna, soňky nokadyna çenli . Ýany meselem (düşündirmänede ýaltanýan dogrusy)  "Wordpress -den saýt açmak . Başlangyç" atly bir bloga girýäň. Başyndan gysgaça düşündirişden başlaýar giňişleýin düşündirşe çenli hatda soňuna çenli okamana ýaltanýaňyz. Gaty köp wagt iş edinip ýazylan bloglar . Arasynda "Iň gowy wordpress temalary" ýa-da "iň arzan hosting firmalary" ýaly şol  bloga degişli ýazan beýleki bloglarynada baglanşyk berýär. Elbetde suratly widioly düşündirişem bar. Ynanyň şonyň ýazan blogyny okap "düşünmedim" diýdirmeýär.
 Ine hakyky bloggerleriň ýazýan bloglary. Men hem şolar ýaly blog ýazmak maksady bilen bloglar.ru saýtyny açdym . Ýöne entek meniň geljegim ,görjegim iň gowy ýazjak bloglarym öňümde .
Hormatmak bilen : Gerçeknazar Amannazarow ,blogger(jik)
Iň gowy blog nähili ýazylmaly?
- 
                Gubadag_A.Alayew
                4 years ago
                
- Спасибо @Гост
- 
                DonMaxx
                4 years ago
                
- tuweleme eyyam hakyky blogger bolup yetisipsina
- 
                yashalym
                4 years ago
                
- wpmavi ýaly saýtlar gaty köp. Olardan gowy düşündirýänem bar. Berekella dost ýöne düzetmeli ýerleň gaty köp
- 
                Gubadag_A.Alayew
                4 years ago
                
- DonMaxx blogger däl bloggerjik
- 
                Gubadag_A.Alayew
                4 years ago
                
- yashalym düzetmeli ýerlerini aýdaýyňda ýaltanmasaňyz.
- 
                Гость
                4 years ago
                
- Kemçilik tapmak aňsat zat.Başarýaňyzmy kömek ediň şol kemçiligini indi gaýtalamaz ýaly maslahat beriň gury gep bilen höwesini gaçyrmaňda!
- 
                yashalym
                4 years ago
                
- Umuman öňki aýdylyşy ýaly adminlik barada bilmeli sen dost. Adminligi bilmeseň islendik zady hem ýöretmek kyn. Hakykatdanam kiçi zatlarada uly jogap berýärsiňiz. Ýazgylary düşnükli dil bilen ýazyň. Siz ulaltýan ekeniňiz we çylşyrymly ýazýan ekeniňiz. Şahsyýetiňizi gaty ýumşak tutýaňyz. Birazajyk serýozny boluň we jogap bermejek boluň köp zada. Başararsyňyz nesip bolsa.
- 
                Gubadag_A.Alayew
                4 years ago
                
- Sag boluň minnetdar yashalym
- 
                TM.
                4 years ago
                
- Yasalalym, salam.
 Azajyk seryozny bolun,jogap bermañ diyeninize goshulamok.Her bir adam shahyyet hokmunde ozine hormat goyulmagyny isleyar.Yazylan zatlara jogap bermese,ulumsy diymezlermi?
 Gerceknazar, sizede ustunlik.In esasysy adamkarcilik.Olam sizde bar.Galan zadam alyp cykarsyñyz...
- 
                Prokuror777
                4 years ago
                
- Menem oz pikirimi beyan etmekci! 
 1nji meselede bloger bolmak ucin soz baylygy hem gerek sen @yashalymyn aydyshy yaly kicijek zady ulaldyan ,, ynanyñ'' diyen sozi kop ulanypsyn, edil agzalara yalbaryp dursyn
 2nji mesele bloger bolmak ucin wpmavidaki okan blogyn yaly nokadyny hem yalnysman polno doly yazmaly yazjak blogyny!
 Sen goyyan mowzuklaryny gordum ,, Gyzykly suratlar dowamy bloglar.ru saydynda'' bu yazgy bilen sen adminlik abrayyny yitiryan! Her gelen yerde reklama etmek saydyn abrayyny gacyryar
 Yorite reklamshikler bilen ish salysh
 Bu tayda reklama etsen gowy dal teswirlerini goryansin agzalan
 Yene-de bir mesele grammatikany gowja owrenmeli
 A tak saydynada girip gordum
 Yazgylan gownume yaramady
 Bir yerinde aydym goyup beryan diyyan, yene bir yerinde gosgy yazyan diyyan, in gulkunc yerem gosgyn bahasy butayda agzap durmayn!
 Men aytsam aydyp oturaryn!
 Maslahatym sular...
- 
                GaRa_TmyN
                4 years ago
                
- wpmavini menem gaty halapdym.
- 
                Gubadag_A.Alayew
                4 years ago
                
- TM göwün göteriji sözleriňiz üçin sag boluň 
 
 Prukoror777 maslahatyňyza minnetdar. Hakykatdanam "Hyzmatlar"sahypasyny täzeden gözden geçirmeli.
- 
                Prokuror777
                4 years ago
                
- Howwa Gerceknazar, sen saydyn adynda blog sayt yone hyzmatlar boluminde hemme zat bar saydam acyan gosgam yazyan aydymam goyup beryan...
- 
                yashalym
                4 years ago
                
- "Azajyk seryozny bolun,jogap bermañ diyeninize goshulamok.Her bir adam shahyyet hokmunde ozine hormat goyulmagyny isleyar."
 
 TM. O zatlara adminler gowy dushunyandirlay
 
                    
Гость 4 years ago- Gerçeknazar gaýrat ediber "yhlasa-myrat"