Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat 

Gedaý işigini kakyp bir öýüñ, 
"Men aç" diýip duýdurypdyr ýagdaýyn. 

Ol öýüñ eýesi - bir husyt gende 
Diýen: "Berjek welin, çörek ýok mende". 

Gedaý oña şeýle diýipdir şo hal: 
"Bir bölek et berseñ, bolardym hoşal". 

Öý eýesi aýdan: "Bilip goý, gedaý, 
Etçiniñ dükany däl ahyr bu jaý". 

"Bolmasa, az-owlak unuñam ýokmy?" 
"Men kilwan däl ahyr, nä göreñokmy?" 

"Onda suw bir eçil dolduryp gabym". 
"Görýäñ-ä bu ýerde ýokdugny ýabyñ". 

Öý eýesi husytlygnyñ derdinden, 
Ol näme sorasa, gopan tersinden. 

Gedaý öýe tarap uranda gadam, 
Hojaýyn öñünde keserip şo dem, 

Diýen: "Nirä gelýäñ, ataña nälet!" 
"Etmekçi öýüñde ullakan täret. 

Ötmese käse suw, döwüm nana-da, 
Parhy ýok bu öýüñ hajathanadan".

Edebiýat, Zalymm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir