Essalowmaleýik, hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Armaň-da okuwlar we işler bn! Ýokarda mowzugyň adyndanam belli bolşy ýaly, Gurban baýramy ýetip gelýär. Adaty ýagdaýda 8-nji Dekabrda Gurban baýramynyň ilkinji güni bolmaly. Garaz, 8-12 Dekabr aralygy 4 günläp Gurban baýramy bellener dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň arasynda, şol bir sanda Türkmenistanda hem. Elbetde, täsirini beýleki ynançdakylar hem alar, ýagny, programmalara çagyrylyp, soýulan gurbanlaryň etlerinden paýlaryny alyp we ş.m. Gurban baýramyny, elbetde, köpüňiz bilýänsiňizdir. Ýaşap, duýup görensiňizdir. Şeýle bolsa, onda azyrak gürrüň beräýseňiz?! Nähili baýram bellenileni, näme nahar iýeniňizi, nirelere gideniňizi we ş.m. Özüm aşakda ýazaryn, enşallah, özüm bn baglanşykly bolan TM-däki we TÇ-däki käbir degişli wakalardan. Ýene bir zat, gurban ybadaty barada yslam.info sahypasynda goýuljak gerekli käbir maglumatlary bu ýere-de goýmakçy. Muňa goşant goşmak isleýänere, elbetde, minnetdarlyk bildirerin we bildiriler, enşallah! Bulam bir hyzmat bolar islän ynsanlarymyza! Men aşakda goýup başlaýan onda! Sag boluň!
Gurban_baýramy ýetip gelýär...
-
ata
16 years ago
- Gurban kesmegiň hikmetleri
Gurban – hem şahsyýet, hem-de jemgyýet taýyndan ençeme peýdasy bolan, mal bilen edilýän ybadatdyr. Gurban – Allaha ýakynlaşmaga we Onuň razylygyny gazanmaga wesiledir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emr etdik. Ryzk hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allahyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe Oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla», (Haj, 34). Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Kurany Kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allah ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülk we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Allahdygyny ýatladýar. Gurbanlygyň hezreti Ibrahim we ogly Ismail bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ibrahimiň düýşünde ogly Ismaili gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ismailiň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allah ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň Allah Tagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler.
Gurban kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Allaha ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki, Kurany Kerimde Allah Tagala şeýle buýurýar:
«Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Allaha ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Allaha bolan tagatyňyzdyr», (Haj, 37).
Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir.
Gurban kesmegiň ahyret peýdasy barada Pygamberimiz hadysy-şerifinde şeýle aýdýar: «Gurbanlykda malyňyzyň gowusyny kesiň, çünki, olar syratda siziň ulagyňyz bolar». Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Adam ogly gurban baýramy gününde damak çalmakdan başga haýsydyr bir gowy iş bilen Allaha ýakynlaşyp bilmez. Damagy çalnan mal kyýamat güni şahy, toýnagy we gyly bilen geler. Gurbanyň gany ýere degmänkä, ol mal Allahyň dergähinde belent mertebä göteriler. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy göwnühoşluk bilen kesiň» diýilýär, (Mälik, «Muwatta», Ibni Maje).
-
ata
16 years ago
- Gurbanyň wajyp bolmagynyň şertleri
Gurban – azat, mukym, baý bolan her bir musulmana wajypdyr. Ymamy Agzam we Ebu Ýusuf gurbanyň wajyp bolmagy üçin gurbanlyk kesmäge borçly ynsanyň akylly we kämillik ýaşyna ýetmelidigini şertine goşmandyr. Bulara görä, baý bolan bir çaganyň ýa-da däliniň hossarynyň olaryň adyna gurban kesmegi şertdir. Ymam Muhammede görä bolsa, akyly ýerinde bolmak we bulug ýaşyna ýetmek şertdir. Gurbanyň ybadat bolmagy sebäpli, ybadatlarda akyly ýerinde bolmagyň we bulugyň hökmany şertdigi üçin, çagalaryň we dälileriň malyndan gurban kesmek wajyp däldir. Fetwada Ymam Muhammediň pikiri esas edilip alynýar.
Häzirki döwürde gurban kesmek üçin kişiniň azat bolmak şerti öz-özünden ýitipdir. Mukym bolmak barada aýdylanda, ýolagçylyk şertleri häzirki döwürde düýbünden üýtgäpdir. Baýram günlerinde ýurduň içine ýa-da daşyna gezelenje çykan, ene-atasynyň öýüne myhmançylyga gelen kişiniň ýagdaýy tapawutlydyr. Ol öňünden gurbanlygyň aladasyny edip, birine wekillik berip, gurban kesmegi ýa-da baran ýerinde gurban kesmegi has gowudyr. Çünki, gurbanyň namaz, oraza deýin şahsyýetiň niýeti we ruhy dünýesi bilen baglanyşygynyň bolşy ýaly, jemgyýetde ijtimagy deňlik we adalat bilen hem baglanyşygy bardyr. Şol sebäpli, gurban ybadatyny her hili şertde-de ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr.
Gurban kesmek mükellefiýeti üçin dördünji şert – kişiniň gurply bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, gurban kesmegi wajyp kylýan baýlygyň ölçegi, zekat we fytyr sadakasynda zerur saýylýan şertler bilen meňzeşdir. Ýagny, kişiniň bergi we asly zerurlyklaryndan başga 85 gr. altyna ýa-da muňa deň gelýän pula ýa-da mal baýlygyna eýe bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, baý bolmak: ýaşaýyş jaý, egin-eşik, ulag we maşgala agzalarynyň çykdajylaryndan başga nisap mukdary baýlygyna eýe bolmakdyr. Ýöne, häzirki günlerde asly zerurlyklara her kese laýyk bolup biljek belli bir ölçeg goýmak mümkin däldir. Bu meselede her kesiň wyždany özüne ölçeg bolmalydyr, ýagny, gurban baýramynda janly almaga güýji ýetýän adamyň gurban kesmegi has gowusydyr. Ýöne, gurbanlyk mal almaga mümkinçiligi bolmadyk kişiniň gurban kesmek üçin özüni kyn güne salmagy hem dogry däldir. Bu meselede käbir alymlar beýle kişiniň özüne wajyp bolmadyk ybadaty wajyp edýändigini, kesilen gurbanyň bolsa, nezir boljakdygyny belläpdir. Şonuň üçin garybyň alan gurbanlyk janlysy ýitse we ikinji gezek gurbanlyk janly alsa we bu aralykda birinji mal tapylan ýagdaýynda, onuň iki malyny hem kesmegi hökmandyr. Bu höküm: maddy mümkinçiligi ýok halda ilden galmajak bolup ýa-da ybadat sogabyny ýitirmejek bolup gurban kesmäge özüni mejbur edýän kişini oýarmak üçindir.
-
ata
16 years ago
- Gurbanyň görnüşleri
Gurbanyň «wajyp» we «nafile» diýen iki görnüşi bardyr.
Wajyp gurbanlar
1. Udhyýe gurbany – nisap mukdarda mal baýlygy bolan kişiniň gurban baýramynda kesen gurbany. Gurban kesmek niýeti bilen satyn alan malyny gurbanlyk etmäge mümkinçiligi bolmadyk garybyňam ol janlyny gurban etmegi wajypdyr.
2. Nezir gurbany – bir möhümiň bitmegi üçin nezir edilen, ýagny, Hudaý ýoluna aýdylan gurbandyr.
3. Hedý gurbany – hajy kyran we hajy temettu edeniň kesýän gurbany. Muňa şükür gurbany hem diýilýär. (ser. Haj).
4. Jeza gurbany – hajda hajynyň hatasy sebäpli kesilýän gurban.
Nafile gurbanlar
1. Akika gurbany – täze doglan çaga üçin şükür niýeti bilen kesilýän gurban.
2. Hajy ifrat edeniň kesýän gurbany. (ser. Haj).
3. Gurban baýramyndan başga gün kesilen gurban.
-
ata
16 years ago
- Gurban kesmegiň düzgüni
Gurbanlyk ediljek malyň damagy çalnanda käbir düzgünler berjaý edilmelidir. Maly kesiljek ýere ynjytman äkitmeli we ýüzüni kybla tarap edip, çep ýanyna ýatyrmaly. Mükellefiň gurbanyny özüniň kesmegi mendupdyr. Oňarmasa başga birine wekillik berip kesdirip biler. Gurban kesjek kişiniň musulman bolmagy has gowudyr. Ýöne jöhit ýa-da hristian gassabyna hem gurban kesdirmek bolýar. Çünki Ähli Kitabyň kesen maly halaldyr.
Dinimizde damak çalmaga «tezkiýe» diýilýär. Tezkiýe «zebh» we «nahr» diýen iki görnüşe bölünýär.
Malyň eňeginiň aşak ýanyndan çalynmagyna zebh diýilýär. Bu usul goýun, geçi, sygyr mallarynyň damagy çalnanda ulanylýar.
Malyň bogazynyň göwreden çykan ýerinden çalynmagyna bolsa nahr diýilýär. Nahr düýeleriň damagy çalnanda ulanylýan usuldyr.
Damagy çalnan malyň «ewdaj» ady berlen dört agzasynyň kesilmegi hökmandyr. Olar: kekirdegi, gyzylödegi we iki sany boýun damarydyr. Damak çalnanda ganyň doly akyp gutarmagyna garaşmaly, jany çykmanka, boýun ýülügini kesmek mekruhdyr.
Mal öldürilende gurbanlyk edýän kişiniň şol ýerde bolmagy müstehapdyr. Mal ýere ýatyrylanda ol:
«Meniň namazym, ybadatym, gurbanym, diriligim we ölümim – hemmesi älemleriň Rabbi bolan Allah üçindir» (Engam, 162) manysyndaky aýaty okasa has gowudyr. Soňra: «Eý, Allahym, halylyň Ibrahimden, habybyň Muhammetden kabul edişiň ýaly, menden hem kabul et» ýaly dogalar edip, tekbir hem tehlil getirmeli we malyň damagyny çalmaly.
Gurban kesýän kişi mala ezýet bermezlige çalyşmaly. Pyçak ýiti bolmaly, ony mala görkezmeli däl. Damak çalnanda,
«Bismillähi Allahu Ekber» diýmeli. Gurbany wekil kesen ýagdaýynda, gurbanyň eýesi hem besmelä goşulmalydyr. Gurban kesen adam besmele aýtmagy unutsa zeleli ýokdur. Bilip aýtmasa, şol malyň eti haramdyr.
-
ata
16 years ago
- Galan degişli maglumatlary yslam.info ýa ylmyhal.narod.ru sahypalaryndan tapyp bilersiňiz!
Goşmaça goşant ýa degişli soragyňyz bolsa, onda ýazyp bilersiňiz!
Soramak bolýar ýöne jogabyny almak barada bir zat diýip biljek däl B-)
-
ata
16 years ago
- Şu Gurban baýramy diýemde, guramaçylyklar ýadyma düşüp gitdi:)
Ýadyňyzda bolsa, sizi londona-agsham-naharyna çagyrypdyk :) Allaha şükür, gowja geçipdi. Indi ýene şoň ýaly bir guramaçylyk, has takygy baýramçylyk belläsimiz gelýär Londondaky Türkmenistanly talyplar bolup.
Remezan Baýramy we Garaşsyzlyk baýramymyzy-ha uly göwrümde gutlap bilmändik Londonda, ýöne, enşallah, Gurban baýramyny üýşüp bellemegi niýet etdik şu ýerdäki 4-5 agza bolup :)
4-5 sany adam gelýär diýmek däldir, 4-5 bolup ylgajak bolýas, sany näçe boljagyny bir Allah bilýär:)
Hawa, häzir takyk däl, ýöne gysga wagtda belli bolarmyka diýýän haçan we nirede Gurban baýramyny bellejegimiz. Uly ähtimallyk bn Londonda merkezräkde bir ýerde 11-nji Dekabr, Gurban baýramynyň, şol bir sanda hepdäniň hem 4-nji güni agşam sagat 5-9 aralygynda belläp bileris. Takyk bolsa "guk!" diýeris-dä bu ýerde-de, enşallah!
Ünsüňiz üçin sag boluň:)
-
CeriumOxide
16 years ago
Ynsanperwerligiň iň ýokary görkezijilerinden biri ynsanyň gurban etmek ukyby bolsa gerek. Hezreti Muhammet pygamberimiziň atasy Abdulmuttalybyň iň söwer ogly, geljekde dünýä injek iň soňky pygamberiň kakasy bolmaly Abdullany Allahyň öňünde beren sözünde tapylmak üçin gurban etmekçi bolşunda ýa-da Pygamber Serwerimiziň has aňyrdaky ata-babalaryndan Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýylyň damagyna pyçak goýmagynda uly many bar.
Synag meýdany bolan bu dünýäde her kim öz derejesine görä synagdan geçýär. Sadalaşdyryp aýtsak, bäşinji klasyň okuwçysyna berilýän sowallar bäşinji kursuň talybyna berilýän sowallar bilen deň bolup bilmez. Muhammet (s.a.w.) pygamberimiz dünýä inýänçä onuň ata-babalary iň ýokary synagdan - Allahyň ýoluna jiger balasyny gurban etmek synagyndan geçmeli bolýarlar.
Allahyň ýoluna diýlip edilýän hereketiň Allatagalany begendirjek, razy etjek, seniň bu ýola näçeräk wepadardygyňy görkezip biljek hereket bolmalydygyna biziň köpímiz düşünýäris. Şonuň üçin uludan-uly sadaka berip, şonda gurban eden janlymyzyň ululygyna görä-de uly sogap gazanarys diýip oýlanýarys. Hakykatdan-da sadaka näçe uly bolsa, şonça-da oňa gelip nahar edinjekleriň, nahardan soň doga-töwir etjekleriň sany köp bolar. Emma…
Bir rowaýatda Osmanly patyşalaryň biri öz baýlygynyň hasabyna üýtgeşik bir mesjit saldyrmagy ýüregine düwýär. Ol mesjit hernäçe gymmat düşse-de, onuň ähli çykdajylaryny diňe özi çekip, oňa hiç kimi şärik edesi gelmeýär. Hatda goňşy döwletlerden gelen kömekleri hem almaýar. Gurluşyk gyzgalaňly dowam edýän mahaly, howanyň yssy günleriniň birinde ol ýere bir garry ene ussalar içsin diýip bir okara aýran getirýär. Sowujak aýrany gurluşykçylar derrew başyna çekipdirler.
Şol gije patyşa düýş görýär. Düýşünde gurulyp gutarylan mesjidi sogap terezisinde çekip görýärmişler. Tereziniň bir taýynda mesjit, bir taýynda bolsa aýranly okara duranmyş. Şonda tereziniň okaraly tarapy agyr gelýärmiş.
Patyşa gören düýşüne haýran bolupdyr.Onuň mesjit gurduryp, Allahyň ýoluna gurban eden baýlyklaryndan pukara bendäniň bir okara aýranynyň gymmatly görülmegi ony oýa batyrypdyr. Bu ýerde syr pukara bendäniň şöhrata kowalaşman, bir okara aýranyny ak ýürekden bermeginde bolsa gerek.
Sogap terezisinde her bir amala öz möçberindenem agyr agramlyk berip bilýän ak ýüreklilige birnäçe gurban etmeleriň üsti bilen ýetilýän bolsa gerek. Egerde şol Osmanly patyşa mesjidiň gurluşygyna goýan baýlyklaryndan öňürti ýüregini şol baýlyklaryna buýsanmak duýgusyndan saplan bolsady. Çünki kalby päklemek hem azapsyz geçmeýär.
Gaharyňy ýuwutmak, diliňi gybatdan saklamak, päliňi pes tutmak, sözüňe wepaly bolmak, halaly-haramy saýgaryp iýmek, sogap gazanmak… ýaly ak ýüreklilige alyp barýan amallary berjaý etmek ýeňil iş däl. Biz ilkinji nobatda ähli doga-dileglerimiziň kabul bolmagyna kepillik – ak ýüreklilige ýetmegiň dilegini etsedik. Beren gurbanlyklarymyzyň kabul bolmagy üçin Allahyň buýran parzlaryny berjaý etmäge päsgel berýän häsiýetlerimiziň „damagyny çalsadyk“. Bize käteler günde görşüp, ýören işdeş ýoldaşymyzyň deňinden salam bermän geçmegimize sebäp bolýan „işlisiremämizi“ gurban etmek başartsady. Iň ýönekeýi – bäbeklikden saýlananymyzdan „hany, salam et“ diýlip öwredilen salamyň sogabyndan galmazlyk bir başartsady. Terezä mündürilende soňraky etmekçi bolýan uly sogap işlerimiziň agzy salamlyja oglanyň çaganyň eljagazlaryna sygan sogabyndan ýeňil gelşini görüp haýran bolup durmazymyz ýaly…
Eý, dost, sen maňa Allahyň ýoluna nämeleri gurban edendigiňi aýtsaň, menem sende näçeräk ynsanperwerligiň bardygyny aýdardym. Agşam geljek myhmanlaryň bilen şady-horram oturmakdan geçip bilmän, Pygamberimiziň halamadyk aragyny olara hödür etseň, şeýdibem myhmanlaryň öňünde adamçylyk, ynsanperwerlilik edendirin öýtseň, nähili ýalňyşýaň! Çünki seniň diýýän şady-horramlygyň şeýtanyň şatlygy, Allahyň bolsa gazabydyr, eý, dost.
Beren gurbanlyklarymyzyň kabul bolmagy üçin Allahyň buýran parzlaryny berjaý etmäge päsgel berýän häsiýetlerimiziň „damagyny çalsadyk“, eý, dost.
-
ata
16 years ago
- nireden tapdyň-aý ol maglumatlary, Serdar?!
Bolsa-da daýow ekeniň, berekellah, jigim!
Ýokarda"Nähili baýram bellenileni, näme nahar iýeniňizi, nirelere gideniňizi we ş.m. Özüm aşakda ýazaryn, enşallah, özüm bn baglanşykly bolan TM-däki we TÇ-däki käbir degişli wakalardan..."
diýip ýazypdym, bu babatda:
Ilkinji gezek B-aly TTM-de gutlanypdy öýdýän meň durmuşymda şu Gurban baýramy. Ýadyma düşýär mekdebimiziň howlusynda birnäçe düýe, birnäçe öküz we birgiden goýunlaryň gurban edilişi. Bizem ilki çukurlary gazmakda, soň goýunlary baglap, demire asmakda, derisini ýüzmekde we kesilen etlerini daşamakda hem-de iň soňundan tämizlik edilmeginde goldaw berýärdik mugallym, terbiýeçi we gassaplara. Gurbanlygyň damagy çalynmaka tekbir getirýänimiz hem ýadymda olara goşulyp: "Allahu Ekber, Allahu Ekber. Lä Ilähe illallahu wallahu Ekber! Allahu Ekber we lillähil hamd!" diýip.
Garaz, örän gyzykly we gowy geçýärdi. Et baryny iýýädiler talyplar:)
Onuň daşyndan, 1 ýyllyk et "stogy/depo" edilýärdi welin, ýarym ýyla-da ýetýän däldir-laý onça et:) Sebäbi, mekdebimiziň töweregindäki mätäjräk maşgalalara we işgärlere-de etden paýlanýardy belli mukdarlarda(hersine azyndan 5-10 kg)
TÇ-de bolsa, her ýyl UÝJ-mizde TM oglanlar bolup, 2-3 goýun dagy soýýardyk we hezil edip iýýärdiler oglanlar.
Men kän et iýemok, ýöne towuk eti welin iýýän :) Şoň üçin Gurban baýramlarynda nahar iýsemem, etini iýemok ýa-da göwün üçin azajyk iýäýmesem :) Wiý, gowurma edip, birnäçe gün iýýädiler oglanlar soňam :)
Gurban baýramy ertirlik edinýärdik üýşüp UÝJ-mizde galýan ähli daşary ýurt milletlerinden talyplar bn. Soňam özara futbol ýa woleýbol bäsleşigi geçirýärdik.
-
ata
16 years ago
- TM-da bolsa, bir maşgala bir goýny gurbanlyk edip soýsa, onda nahar bişirýärler şol etiň belli mukdaryny ulanyp. Onsoňam goňşy-golamlary çagyryp, gurban baýramyny belleýäler. Kän bir dini maglumatlar berlenok, toýa meňzeş ýagdaýda bolup geçýär öýdýän?!
Etiň galan mukdarynam, mätäç birnäçe goňşa paýlap bilýäler ýa-da gowrup, öz maşgalalary üçin saklaýalar. Esasanam, ikinjisi bolýan bolmaly bilşime görä?!
Ýa beýle dälmikä?!
-
agayunus
16 years ago
- ertir gurbalykdyr öýdip gitdim. birden howsalandyrýaňyzow...eýýäm şu iki minudyň içinde onam etmeli munam etmeli nädip ýetişerkäk diýip hopugyp başladym. adamlar beýtmäň-dä, häli intäk bir ýakynlaşybersin-dä Gurbanlyk:D
-
jankaka
16 years ago
- nesip bolsa gurbetde yagny watandan uzakda 2 nji gurban bayramyny bellaris uysup bu yerde hindistanda gurban bayramy 1 gun yone oran gowy gecyar ata aga sag bolun yatladanynz ucin ellermizi cermap baslamaly
-
d_oguz
16 years ago
- oglanlar yazylanlary kan okamadym yöne şeyle bir teklibim bar eger kimde kim gurban üçin kömek puly bermek isleyan bar bolsa şu bank hasabyna öz göwnünden çykaranyny berip biler:
00158007284925537 vakıf bank(türkiyede okayan-işleyanler-yaşayanlar üçin)
eger berjek pulunyzyn gityan yerinden ynjalyk duyyan bolsanyz şu emmaile mail atyn men size nomerimi bererir şeydip habarlaşars.
recepmuratrecep@yahoo.com
berjek kömek pullarynyz boşuna gidenok owganystandaky kyn yagdaydaky doganlarmyza we jigilerimize gidyandir,mundan şübhaniz bolmasyn.
yardamlarynyz üçin sagbolun!
-
Feya
16 years ago
- ata aga salam! gowumy yagdaylarynyz? shu yerde halynyzy sorayynla :)
bagyshlan, shol howlukmachlygym bilen yokarky yazgylary okap yetishmedim goz ayladym, belki chalarak aylandyryn. gurbanlyk haysy gune dushyarka??? her kim bir zat diyya belli senesi hachanka kim bilya???
-
.x_xXx_x.
16 years ago
- salam atam
salam feyajyk
gowmysnz menem gurban bayramy bolanson bir girip gutlayn didim
GURBAN BAYRMYNYZ GUTLY MÜBAREK BOLSUN
gurban bayramy dekabryn 5i diyip bilyan men a yalnysh bilmeyan bolsam...
5x
-
ata
16 years ago
- Waleýkim salam, Feýa we Araz!
Şükür Allaha, men oňat! Özüňem oňatjamyň?!
Gurban baýramy 4 gün dowam edýär. Bärde-hä 8-nji Dekabr, hepdäň 1-nji güni Gurban baýramynyň ilkinji güni. 11-nji Dekabr hem iň soňky bolan 4-nji güni!
-
daKING
16 years ago
- Gurban bayramynyz gutly bolsyn halayyk...
(öňräk gutlayyn diydimdä)
-
ata
16 years ago
- Gurban baýramyna 5 gün galdy. Ýakynlaşany mynasybetli, şu mowzugy gaýtadan herekede geçirip goýbereýin degişli maglumatlar arkaly:
Gurban bilen baglanyşykly käbir meseleler
Bir kişiniň başga biriniň wekili hökmünde gurban kesmegi dürsdür. Wekil bolan kişi gurbany alyp, kesip, paýlap bilýär. Gurbanda wekillik habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilse hem dürsdür. Çünki, mal bilen edilýän ybadatlarda gurban berýän bilen wekil deňdir.
Sogabyny ýogalan garyndaşyň ýa-da hormatlaýan kişiň ruhuna bagyşlap kesilýän gurbanyň gurban baýramynda kesilýän beýleki gurbanlardan tapawudy ýokdur.
Bir kişi öz puluna gurbanlyk mal alyp, sogabyny ýogalan birine bagyşlap bilşi ýaly, kesen gurbanynyň etinden özi hem iýip bilýär, özgä-de iýdirip bilýär. Beýle gurbanyň baýram güni kesilmegi hökman däldir. Ol islendik gün kesilip bilner. Ýöne Arafa güni kesip, etini garyplara paýlamak has gowudyr.
Bir kişi ölmezinden öň öz adyna gurban kesilmegini wesýet eden bolsa, bu gurbanyň gurban baýramy günlerinde kesilmegi hökmandyr. Ýöne bu gurban edilen malyň etinden kesen kişiniň iýmegi dürs däldir. Ol etiň baryny sadaka edip paýlamalydyr. Merhum wesýet etmedik bolsa, gurbanlyk onuň pulundan alnyp kesilse, bu gurbanyň hökümi hem wesýet edilip kesilen gurbanyň hökümi bilen deňdir.
-
ata
16 years ago
- Bu mowzugy 1 aý öňräginden açypdym Gurban baýramynyň başlangyjyna görä. Onuňam aýratyn sebäbi bar - agzadyr myhmanlara has öňräginde Gurban baýramyny ýatlatmak, ol barada giňişräk maglumatlar bermek we haýra sebäp bolmak we ş.m.
Hökman 2-3 gün öňünden açylmaly diýen pikir ýalňyşrak, pikirimçe. Şoň üçinem aljyrap ýörmäň indiki gezeklerde :)
-
ata
16 years ago
- sizi we maşgalaňyzy, ýakyn dost-ýarlaryňyzy ýetip gelýän Gurban baýramyňyz bn gyzgyn gutlaýaryn!
Kesen we kesjek gurbanlaryňyzy, eden dileg we ybadatlaryňyzy hem Biribar iň oňat ýagdaýda kabul etsin!
Işleriňizde, haýyr amallaryňyzda başarnyk hem-de her iki älemde bagt dileýärin size Biribardan!
-
gunjagaz
16 years ago
- Hemme musulman alemini Gurban Bayramy bilen tuys yurekden gutlayan> Berilen Sadakalar kabul bolsun!!!!
-
kombat
16 years ago
- ämin ýa Rebbil Älemiýn.
-
ata
16 years ago
- Ýene bir zat:
Dün ikindi wagty wajyp bolan "Teşrik tekbirlerini" getirmäge başlandy. Gurban baýramynyň 4-nji güni ikindi wagtyna çenli "Teşrik tekbirlerini" getirmek biz musulmanlara wajyp diýip bilýärin!
Ýatladaýyn diýdim!
Teşrik tekbirleri şeýle getirilýär:
"Allahu Ekber, Allahu Ekber! Lä ilähe illallahu wallahu Ekber! Allahu Ekber we lillähil hamd! "
-
ata
14 years ago
- Essalowmaleykim agza we myhmanlar. sizi we maşgalaňyzy, ýakyn dost-ýarlaryňyzy gurban baýramyňyz bn gyzgyn gutlaýaryn! kesen we kesjek gurbanlaryňyzy , eden dileg we ybadatlaryňyzy hem Biribar iň oňat ýagdaýda kabul etsin! işleriňizde, haýyr amallaryňyzda başarnyk hem-de her iki älemde bagt dileýärin size biribardan!
-
nauk
14 years ago
- amin. Alla razy bolsyn ata aga edil oz dileglenni ozunede dileyan. Bayramlan gutly bolsyn hem kabul bolsyn
-
gerkez
14 years ago
- Berekella Ata sen entagem yazyan ekenin.
Sen bize name dilesen Alla Tagala sana iki
essesini bersin!
ata 16 years ago- Gurban
«Gurban» sözi – ýakynlaşmak, Allaha ýakynlaşmaga wesile bolan zat manylaryny berýär. Bu sözüň ystylah manysy: ybadat maksady bilen belli bir wagtda, belli şertlerde, usulyna laýyklykda malyň damagyny çalmak diýmekdir. Gurban baýramy günlerinde damagy çalnan mala «udhiýe» diýilýär.
Gurban kesmek – zekat we baýram namazlary ýaly, hijretiň ikinji ýylynda meşrug kylynýar. Gurban kesmegiň Kitapdaky delili Kewser suresidir. Bu surede Allah Tagala Resulullaha ýüzlenip: «Rabbiň üçin namaz oka we gurban kes» (Kewser, 2) diýip buýurýar. Bu aýatdaky emr Pygamberimize degişli bolsa-da, hanefi alymlary gurban kesmek ähli musulmana wajypdyr diýen hökümi çykarypdyr. Gurban kesmegi emr edýän käbir hadyslar hem bardyr. Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda: «Ýagdaýy bolsa-da gurban kesmedik kişi biziň mesjidimize ýakynlaşmasyn», (Ibn Maje), diýse, başga bir hadysda: «Eý, ynsanlar, her bir maşgalanyň her ýyl gurban kesmegi wajypdyr» diýilýär, (Tirmizi, Ibn Maje). Pygamberimiz gurban kesmek ybadatyny hemişe dowam etdiripdir.
Beýleki üç mezhebe görä, gurban kesmek müekket sünnetdir. Güýji ýeteniň ony etmezligi mekruhdyr.