*Häzirki döwür Internetde, 13-14 ýaşly gyzlar "Ýigidim taşlady" diýip aglaşyp ýörler. A men bolsa olaryň ýaşynda wagtym diňe Kleýton Tarzanyň maýmyn ejesini öldürenine aglap gezýärdim.
*Gelin wepaly bolsun öz ärine, Jelep dolanmaz dolanar öz kärine.
*Iň uly samsyklyk - şol bir edýän zadyňy etmek we ondan başga bir netijä garaşmak.
*Iň garyp adam puly bolmaýan däl-de, arzuwlary hasyl bolmaýan adam.
*Öz eden işiň üçin öz başyň egilse egilsin, ýöne eneň ataň başy hiç haçan egilmesin!
*Özüñ büdräp öz ýykylan ýeriñi, il ýykylmaz ýaly düzlegin eý adamogly.
*Eger kimdir biriniň göwnüne degip, soň köp gezek ýagşylyk edenem bolsaň, ondan seresap bolmalydyr. Sebäbi bedene çümen peýkam sogrulan hem bolsa, onuň ýarasynyň yzy giden däldir.
*Bir zady ýatda saklamak gerek. Hemişe biziň isleýän zadymyz bize hakykatdan hem gerekli zat däldir. Ol zat häzir bizde ýok bolsa, diýmek haýyrlysydyr. Biz diňe Allahdan özümize haýyrlysyny etmegini dilemelidiris.
*Gül ýaly owadan bol ýöne, tikeni ýaly zalym bolma.
*Hiç haçan kömek etmekden bir gezek boýun gaçyran adama ýüz tutma.
Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
19.03.2021ý 00:23
Atsyz mowzugyñ dowamy #8
-
Nätänyş adam
3 years ago
- *Gelin wepaly bolsun öz ärine, Jelep dolanmaz dolanar öz kärine.
Durmuşyň dramasy-örän manyly.
-
Xyivenia
3 years ago
- Oz eden isin ucin oz basyn egilse egilsin, yone enen atan basy hic hacan egilmesin!
++++++++++++++++++++++++++
19.03.2021 11:11
-
soho
3 years ago
- ... dolanmaz dolanar oz karinemi ya ... duzelmez dolanar oz karine?
-
soho
3 years ago
- kimdir biri gownuñe degip, kop yagshylyk etse, sen onuñ gownuñe degenini dal-de yagshylygyny yatla (men:a sheydyan)
-
soho
3 years ago
- iñ garyp adam puly bolmayan dal-de arzuwlary hasyl bolmayan adam, yone arzuwlaryñam hasyl bolmagy uçin koplenç pul gerek...
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- @soho, Dolanmaz dolanar öz kärine
GaRa_TmyN 3 years ago- +++++