Käbirleriňiziň bu teoriýany bilýändigiňize ynanýaryn, ýa-da belki, bilmän bu teoriýany durmuşyňyzda ulanýansyňyz. Bilýän ýa-da bilmeýänler üçin elimden geldiginden sada dil bilen düşündirmek we teswirlemek isledim.

“Bir binanyň aýnalarynyñ biri döwülen bolsa, beýleki aýnalaryny hem döwmekden gorkmazlar. Olar muny jenaýat hökmünde görmeýärler ". Bu sözlem okalanda kelläňizde bir zatlar peýda boldumy? Eger bolmadyk bolsa, mysallar bilen düşündirilende has gowy düşünersiňiz.

Döwülen aýna teoriýasy.

Bir synpda, üstüne gygyrylýan, kemsidilýän bir okuwçyny göz öňüne getiriň. Okuwçynyň hiç hili kemçiligi ýok, ýöne töweregindäkileriň özüne etýän hereketlerine garşy gelip bilmeýär. Kimdir biri gygyrsa, beýlekisi hem gygyrmakdan çekinmeýär. Ol gygyrýan bolsa, menem gygyryp bilerin, barybir sesini çykarmaz diýip pikir etýär...

Döwülen ýüregi döwüp, öñem döwükdi, diýip bilmeris. Eger döwülen bolsa, başga biri ony bejermeli, ony döwmeli däl. Ilki başlan adama duýduryş bermegiň ýerine, şol bir ýalňyşlygy gaýtalamak gowy däl bolsa-da, gynansakda, köp adam gaýtalaýar. Wagtyň geçmegi bilen, özüni şol ýagdaýa uýgunlaşdyrýar.

Başga bir mysal getirjek bolsak, awtoulag duralgasyndaky aýnalarynyñ biri döwülen, köneräk ulagy göz öňüne getiriñ. Şol awtoulagyň beýleki aýnalary hem döwülse, kän bir üns bermezler. Ýöne, täze bir maşynyň aýnasyny döwüp bilmezler. Bu täze we gowy ulagyň aýnasyny döwmäge hakyňyz ýok diýip pikir edýärsiňiz. Emma döwülen ulagda, hakyňyzyň bardygyna özüňizi ynandyrdyňyz. Munuň gülkünçdigini bilýärin, ýöne bolgusyzlygy sebäpli hakykaty inkär edip bilmeris.

Men köplenç döwülen aýna teoriýasyny ýürek bilen baglanyşdyrýaryn. Muny başga bir adam üçin däl-de, özüm üçin pikir edýärin. Ýüregiňi döwen birine garşy bolmasañyz, "ýok" diýmeseňiz başgalarynyñ döwmegine hem sesiñizi çykaryp bilmersiñiz. Bu ýagdaýa, isleseñiz "endik" diýiñ, ýa-da başga zat...

Gynansagam bolýan ýagdaýlar şeýle. Başga biriniň sizi gynandyrmagyna ýol bermäň. "Hiç kimiň size zyýan bermegine ýol bermäň!". Bu sözleri öz durmuş pelsepäñize öwüriň.

Makalany uzaldyp oturman, orta mekdep mugallymymyň aýdan, ýatdan çykmadyk we çykarmajagym sözüni belläp geçmek isleýärin:
"Ýüregi döwmek, Käbäni ýok etmekden has günälidir. Sebäbi Käbäni Hz. Ybraýym (a.s) gurupdyr. Ýüregimizi bolsa Allah ýaratdy".

16 ýaşly, "Ayçiçek🌻", lakamly bir gyzjagazyñ ýazan makalasy.
Terjime eden: Akif Türkmen
Rejelän: Nirvana

Bilim, Akif_Turkmen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir