Söýýän gyzyny yrmak her oglanyñ başarýan işi däl, we munyñ üçin gaty ökünýäñ. Işiñ içine biraz «Romantizmy» hem goşsak hasam bu iş agyrlaşýar :)Geliñ onda gyzlaryñ, aýallaryñ beden dilini bileliñ.Aýallaryñ, gyzlaryñ gözüne seredip olaryñ sizi halap halamaýandygyny bilip bilersiñiz. Aýallar öz duýgularyny gözlerine seredeñde ele berýändirler. Gözlere seretmek beden dilinde gaty gereklidir. Eger bir aýal gözüñüze seretýän bolsa erbet duýgusynyñ ýokdugyny bilip bilersiñiz. Elbetde gyzlaryñ köpüsi utanýandyr we sizden gözlerini aýyryp biler, eger gürleşip durkañyz utanyp gözlerini sizden aýyrýan bolsa ol gyzyñ hemme duýgularyny okap bilmegiñiz ahmal. Gyzlary özüñe ýakyn tutmagyñ we olara has ýakyn görünmegiñ iñ uly usuly olaryñ gözlerine seretmekdir. Gözlerine yzygyderli seredip dursañyz onuñ gözlerindäki duýgyny bilip bilersiñiz. Eger gyz utanyp sizden gözüni aýyrsa onuñ gözlerine seredip has ýakyn görnüp bilersiñiz. Elbetde bu göz usulyny ulaltman ýerine ýetirmelidir arasynda sähel başga ýerlere seretmegiñiz ýeter.Eger bir gyz siz bilen gürleşende elleri bilen saçlaryny oýnap gözlerini aram aram sizden aýyrýan bolsa bu gyz siz barada erbet pikirde däldir.Köp gyz utananda, içi gysanda ýada gaharlananda ellerine sereder. Elbetde bu kişiden kişä üýtgeýändir. Bir aýalyñ siz barada nähili pikirdedigini bilmek üçin ony dogry şekilde synlamalydyr, her hereketinden many çykarmalydyr. Meselem sesinden, sesiniñ nähilidiginden, saçlary, gülüşi, jogap berişi, işjeñligi, eden gowy işleri we ş.m.Eger bir gyz dodagyny dişleýän bolsa bu size garşy gowy erbet pikirde däldigidir. Eger bir gyzyñ duýgularyny bilmek isleseñiz dodaklaryna seredip bilersiñiz. Elbetde muny hem ulaltmaly däldir. Eger ulaldylsa erbet düşünjelerede ýol açyp biler.Bir gyz agzyny berk gysýan bolsa hatda dişlerinem görkezmeýän bolsa duýgularyny gizlejek bolýandyr. Eger agzy açyk we aşaky dodagyny dişleýän bolsa «meni haladymyka ?» ýaly soraglary berýän bolmagy ahmal.Eger bir gyz ellerini agzynyñ aşagynda goýup, düşünjeli ýagdaýda size seredýän bolsa intek siz barada doly karara gelen däldir. Bu ýagdaýda gyzyñ duýgusy «maña seret, owadanmy men ?, maña bir zatlar diý» ýaly manyny berýändir.Eger äñiniñ aşagyna ellerini goýup gözüni süzüp size seredýän bolsa «meni ynandyr, saña ynanaýyn» ýaly manylary berýändir. Içinden özi bilen gürleşýändir. Elbetde muñada düşünen düşünýär. Her aýal (gyz) söýýän adamyna üýtgeşik sereder. Elbetde muny duýup bilmeli, eger duýup bilseñiz, garşyñyzdakynyñ sizi nähili görýändigini bilip bilersiñiz.Eger bir gyz saçlaryny gulagynyñ yzyna ýada arkasyna atan bolsa owadanlygyny görkezmek isleýändir.Eger bir gyz siziñ bilen gürleşende sizi ellemek üçin pursat tapjak bolýan bolsa bu sizi halaýanlygydyr. Eger bir gyz bir oglany halan bolsa size duýgulary bilen ýakynlaşjak bolarlar, gülkünç söz ýada degişme aýtmasañyzam gülerler, we siziñ elleriñizi ýuwaşja ellärler.Gyzlar söýýän oglanyna dogruçyl bolmany isleselerem käwagt ýalanlara goşulyp biler. Eger adatdan beter hereketler etýän bolsa size ýalan sözleýändir. Gürläp durka burnuny oýnaýan bolsa, agzyny ýumýan bolsa ýada ellerini saçlaryna kellesine ýetirýän bolsa size ýalan sözleýändir ýada ýalan sözlär. Umuman ellerini nähili köp ýüzüne, kellesine getirýän bolsa ýalan sözlemegi gaty ahmal. Sebäbi ýalan sözleýänler esasy elini ulanýar.Kellesini saga gyşardyp göni gözüñüze seretýän gyz, aslynda ne sizi diñleýändir, nede gepiñize düşünýändir. Çünkü gyz size garşy duýgulary bilen girip gidendir. Bu pursady gaçyrmajak bolmaly.Gyzlaryñ iñ güýçli ýaragy olaryñ ýylgyryşydyr. Gaharlananlarynda ýada öýkelänlerinde özlerini güýçli görlezmek üçin gülerler. Ýöne ara söýgi girse bu ýagdaý başgadyr. Islenmeýän ýagdaýda gyz daş töwerege şatlyk ýaýradar. Esasy aşyk bolan gyzlar şeýledir.Siz bu barada näme pikir etýäñiz

Ceshme:syrlywakalar.ru

Bilim, Mr_arsen. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir