Ondan soñ 5-aŷyrak wagt geçdi....

Men indi ôñkûlerim ŷaly Rôwşeni başga gyz bilen gôrsem aglap ŷôremokdym... Dogry içimden gabanŷadym, gaty gaharym gelŷãrdi ŷóne daşyma çykarmaŷardym.
Olam maña ûnsem berenokdy. Bar bileni şol Merjendi..
Bir gûn kursdaş joram menden:

– Leŷli señ doganyñ bara uly kursdaky ana şol ôŷlenŷâmi?- diŷip sorady.

– Ŷoklagyz, mena eşidemok kim diŷŷâ ony? - diŷip bilesigelijilik bilen ôzûne sorag berdim.

– Kimiñ diŷŷânini bilmedim ŷône şo kursdaşy Merjen gûrleŷâmiş "Rôwşene barŷan, biriniñ ŷekeje ogly, ôzlerem gurplyja ŷaşaijalar" diŷip.- diŷdi.

– Kim ŷaŷradyp ŷôrkâ olar ŷaly bolgusyz gepleri?! Merjeni nâme etsin ol ?! Ony sôŷenoga ol - diŷip janygyp gûrlâpdirin. Joram menden sorap başlady:

– Kimi sôŷŷâ onda ol, haçan gôrseñâ şol ikisi bileje goşa gumrylar ŷaly. Onsoñam Merjenem owadanja ikisi mynasypja - diŷip ôwdi.
Ol ôwdûgiçe meñ gaharym gelýârdi. Ondada syr bermejek bolup ôzûmi zordan saklaŷardym...

Ol gûrrûñ ŷône gybatdyr diŷip ûnsem bermedim, ŷône bir gûn bize Altyn gelnejem geldi, şonda ejem ikisi çaŷ içip otyrkalar, Altyn gelnejem bilen ejem ikisi Rôwşeni ôŷermek barada gûrleşdiler:

– Bâgûl gowja gyz gôzleŷân Rôwşenjana bir guda gidip gôresim gelŷâ. Atada ôŷerjek gowy maşgaladan gyz tap diŷip meni hiç goŷanok. Agyz mena şu gyz gowja diŷip gôz ôñûme tutanymyñ ŷa sôŷûşŷâni bar, ŷa şoña meñzeş kime guda gitjegimi bilemok. Heŷ daş tôweregiñde, tanyş bilşiñde bir gowja maşgalaly gyz bileñokmy?- diŷip sorady.

Ejem:

– Wah Altynjan. Sen ôz ogluñdan bir sorap gôrdûñmi? Belki oñ ôzi bir gowja gyz tapandyr -diŷdi.

– Soradym. Ŷône ŷok diŷŷâ. Wah onsoñam bulañ ôzleri tapany bize ŷarajakmy ŷaramajakmy iñ gowusy şol ôzûmiz tapsak gowy bolaŷmasa?!

– Nâbilâŷindä Altyn. Bular biziñ tapanymyz bilen oñsalar boljakla welin...- diŷip ejem ŷuwaşjadan pyşyrdap diŷen gúrledi.
Men olaryñ gúrrúñini eşitmeŷân ŷaly bolup ôz otagymda işimi edip otyrdym, ŷône gapym açyk bolansoñ olaryñ gúrrúñleri eşdilip durdy.

Şonda ejem:

–Altyn Leŷlijanada guda geldi arada ŷône hiç etmân durda entâk okajak diŷip, bolmasa gaty gowja ŷer. Gaŷyn gaŷynataly il halaŷan maşgala ekenler, menä razyla welin Leŷli nâme karara gelenini bilemok.- diŷip ŷuwaşlyk bilen gúrledi.

– Bâgûljan gowja sorap idâp ŷedi ôlçâp bir kesip onsoñ berewergin. Birden soñ gyzyñ aglap gelip bûtin ômrûñe ôkûnâŷmegin dogan.- diŷdi.

– Hawala soraşdyrdym. Aŷal doganymam ôwŷâ gowy ŷer diŷip. Ŷóne şu Leŷlijandan ŷene bir sorap gôrmeli. Bolŷa diŷse olar uzaga çekjek dâl diŷŷâler şu tâze ŷyl geçer welin edinjek diýýâler.- diŷdi.

Bu gûrrûñleri daşyrakda oturanam bolsam eşitdim. Eşitmedik bolsam gowy bolardy... Men ŷenede gaŷgy gam çekip bar zada hôwessiz agym tutup zordan otyrdym... " Gapy diñlân ôz gúrrúñini eşider diŷileni boldy bula" diýip gaharlandym..

Ondan 1-2 gún soñ Ejem işimi edip otyrkam ýanyma gelip ol bul barada soran bolup ahyry guda gelenleñ gúrrúñiniñ ústini açdy:

– Leýlijan aradaky guda gelenlerä şu gún ýenede habar soradylar menâ entãgem senden soramadygymy aýtdym. Gyzym belli bir karara gelmediñmi? - diŷip mylaŷymlyk bilen sorady.

– Eje sen menden şeýle ýadadyñmy? Men saña şeýle ýúk bolÿanmy? - diŷip aglamjyrap başladym

– Ýokla gyzym edýán gúrrúñiñ náme? Nâmeler diýip otyrsyñ ? - diýip sôzûni dowam etdi:
– Ŷóne gyz bolsañ ahyry gitmelidâ gyzym gowja ýerler sorap durka. Seni arzylap aljak bolup durkalar ôz arzyñy gaçyrmanjyk toý tutmaly.

– Eje men entâk okajakdym, meñ entâk etsem petsemlem bardy, onsoñam ejejan men seni ýeke goýup hiç ýere gidesim gelenok, men seni ýalñyz goýup gitmâge dôzemok. Iliñki ýaly kakam bolan bolsady ýanyñda...- diýip agladym.
Ejemem meni kóşeşdirjek bolup ôzem durup bilmedi.
– Señ bagtly bolanyñy isleýán gyzym. Meni alada etme enták óz gúnimi ózùm górerin. Garran çagym kómek edersiñ jan gyzym, men diýip óz bagtyñy saklama. Señ mañlaŷyñ bir meñki ýaly ćóken bolmasyn. Allajan ýóne buñada şúkir kem zadymyz ýok. Ata kakañ ýetimdigiñi billirmedi.

– Eje ýóne men ol oglany enták doly tanamogama. Arada góremde hiç sulhum almady.

– Alar gyzym adamyny birinji gezek górúp góni tanap bolmaŷa. Enták toýy táze ýyldan soñ etjek bolsalar tanyşyberiñ. Gyzymjan men saña pikirlen gowja diýipdim pikirlenerçe wagt geçdi indi bir meñ sôzûmi ýykma jan gyzym. Ýene birje gezek gorersiñ sulhuñ alar. - diŷip ŷalbardy.

–Bolýa Eje. Goý señ diýeniñ bolsun. Men ony ýene górerin sulhumam aldyrjak bolaryn. Ýóne sen bir aglama - diýip ejemi gujakladym.

Soñ ejem begenip daýzama jañ edip Leýli razy diýip aýtdy..

Men bolsa.... Men bolsa Rôwşenden daşlaşjagyma, ýúregimde Rówşeni saklap durmuşa çykmalymam Serdar boljagyna hasam beter gynandym....

Dowamy bar....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir