Şizofren, şizofrenik ýada şizofreniýa, bir adamyň hereketlerini, häsýetlerini, düşünjelerini üýtgeden, maşgalasy we sosial töweregi bilen gatnaşyklaryny bozan psihiki beýin keselidir. Şizofreniýa umumy aýdylanda «Bölünen akyl» diýen manyny aňladýar. Gaty howply bolan şizofreniýada adamlar, hakykat bilen arasyndaky baglanyşygy ýitirip, üýtgeşik hereketler edip, bolmajak zatlara ynanyp, öz şahsyny ýitirerler. Şizofrenik hassalaryň köpüsi her hili üýtgeşik galýusinasiýalar görer. Ömürlik keseldir, şo sebäpli yzygiderli barlanmalydyr. Dogry çäre bilen hassalygy saklamak mümkin. Şeýle ýagdaýda durmuşda adaty adamlar ýaly ýaşap biler. Kesel bejerilen wagtynda sähel bir zat ýalňyş gitse adamyň ýene öňküsi ýaly bolmagy ahmal, şo sebäpli gaty sünnäläp etmek gerek.
Şizofreniýa keseline duçar bolan adamlar özleriniň şizofrenik hassadygyny kabul etmezler. Gaýta özlerini başga adamlardan üstün hasaplarlar.
Mediýalarda, ýada telewideniýada görkezilişi ýaly şizofrenik hassalar howply ýada topulyp duran däldir. Gaýta adaty adamlara garanyňda daş töwerege has az zyýan berýärler. Sebäbi içinde bolup geçýän ýagdaýlar bu adamyň daş töwerekden çekinmegine sebäp bolýar. Ýagny olaryň derdi diňe özüdir.
Şizofreniýa keseline duçar bolan adamlary başda tanamak kyn düşer. Sebäbi başda has erbet bolmazlar, ilki duýgy, pikirleri we hereketleri üýtgäp başlar.
Şizofrenik hassalarda esasy şu ýagdaýlar bolar :
1. Hakyky däl zatlara ynanarlar, meselem biriniň özüne gaty erbet aşyk bolandygyna, haýbat atylandygyna we gorkuzylandygyna, biriniň yzarlaýandygyna, ýakynda bir betbagtçylygyň peýda boljakdygyna ynanýarlar.
2. Şizofrenik hassalar esasy galýusinasiýalar görerler, bu hassa adamlarda hakyky ýaly duýular.
3. Düzgünsiz geplemek, ýada ýöne gepläp durmak hem şizofreniýanyň bir alamatydyr. Hassalar gürleýärkä özüni tanadyp bilmez, soraglara beren jogaplarynynyň sorag bilen baglanyşygy bolmanam biler. Gürlänlerinde manysyz, düşnüksiz sözler diýip biler.
4. Çaga hereketler, gerekmejek artykmaç hereketler, aýdylanlara gulak asmazlyk, geň duruşy we ş.m zatlar bolup biler.
5. Wajyp meselelere garşy duýgusyz bolmasy, göz-göze gelmekden gaçmak, maşgalasyna we ýalynlaryna garşy şübhelenmek, öz endiklerine garşy keýpsizlik ýaly ýagdaýar hem bolup biler.
«Paranoýak» şizozfreniýa keselli adamlar köplük ýerlerde adatydyr, bu hassalaryň zyýanlary esasy özlerindedir.
Öň şizofrenik kesele duçar bolan psiholog Eleanor Longdon gowylaşýan mahalyndaky ýagdaýlary şeýle düşündirýär :
«Biz hiç kime meňzeş däl, biziň ýerimiz doldurylyp bilmez. Içimizde ýatan zat hijem aýrylmaz, alynmaz. Ýagtylyk asla ýok bolmaz»
Reddit-däki ýazyjy bolan ErosPram, şizofrenik bir aýal. Ol Reddit-de «Maňa islän zadyňy sora» ýazgysy bilen blog açdy. ErosPram, özüniň şizofrenikdigini, gören zatlarynyň galýusinasiýalardan ybaratdygyny, eşitýän sesleriniň hakyky bolmadygyny bilen ýazyjy şizofrenik barada berilen soraglara jogap berdi. Oňa «Eşiden we görýän zatlaryňy suratlandyryp bilermisiň? Hemmesi aýalmy? Günde olar bilen nädip gatnaşýaň ?» soragyna ol «Eşitýän seslerim içimde ýaşaýar, bir bedende ýaşaýan ençeme kişi ýaly. Bir zat gürlämde ýada edemde ara goşulýarlar. Ýöne bedeniň eýesi men bolanym üçin sessizje we hormat goýup edýärler. Iki sany aýalyň sesi bar, birem şeýtan „Demon“ atly biri bar. Ol erkek diýip bilerin, ynsan ýaly görünenok we ynsan ýaly hereket edenok. Şonuň bilen başa çykmak kyn. Ony görmedik wagtlarym çygyrýar, menden başga hiç kim ony eşidenok. Agşamam olar bilen gürleşýän, ýöne köplük ýerde däl»
Soňra oňa «Görýän kişileriň seniň bir zat etmegiňi isleýärlermi ?» diýip soraýarlar. Ol "Şeýtan maňa diňe özüňi öldür diýýär, ýöne edip etmezligi ýene men saýlaýan" diýýär. Ýene-de oňa «Görýän we eşitýän zatlaryň bir gün ýitse gynanarmyň ?» diýip soranlarynda ol biraz geň we elhenç jogaby berýär «Muny köp wagtlap pikir etdim, olary göresim geler, şeýtanam. Sebäbi olar elmydama meniň bilen birlikdedi» diýip jogap berýär. Oňa ýene-de «Hemmesiniň bir islegi bolsa näme islärlerdi ?» diýip soraýarlar. Ol "Şeýtan: Jähennemde ölmegini islärdim, bir aýal: Özüme aýratyn bir bedenim bolsa, ýene bir aýal bolsa: Gowy bir maşyn, bir beden we bir million dollar. Şeýle bolsa hiç kim bilen gürleşmeli bolmaryn"
Oňa «Saňa görünen demonyň suratyny çekip bilermisiň» diýilende ol şu suraty görkezdi :
"Şeýtana çeken suratyň barada sorasana" diýdiler, ol "Şeýtan surat çekişimiň özim ýaly işi gaýdandygyny aýtýar" diýdi. Oňa "Şeýtana diýeniňi etdirip bilmegiň bir ýoly barmy ?, oňa eýe bolup bilermisiň ?, özüni öldürmesi üçin ony ynandyryp bilermisiň ?" diýip soradylar, ol "Şeýtan özüni hemme kişiniň ýigrenýändigini bilýär, ondan halas bolmagyň bir ýoly ýok. Öň edipdim, ýöne bu onuň has erbet çygyrmagyna we has güýçli bolmagyna sebäp boldy" diýip jogap berdi.
Şizofreniýa keseline nämäniň sebäp bolýandygy doly bilinmesede, beýinde emele gelen näsazlyklar diýilip aýdylýar. Keseliň sebäbini bilmek üçin geçirilýän işlerde şizofrenik adamlaryň beýini adaty adamlara garanyňda tapawutlydygy bilindi.
Şizofren keseli aslynda name?
-
Zulfikarow
3 years ago
- SSSR döwründe erkin pikir edýän adamlary, hökümetiň syýasaty bilen razylaşmaýan adamlary, dälihanalara dykmak üçin ulanylýan iň ýaýran diagnoz, "wýalo tikuşşaýa şizofriniýa". Esasanam ýazyjylar, şahyrlar we žurnalistlara garşy ulanmaga iň gowy ýarag. Dogrymy aýtsama şol ýaragy biziň döwrümizde-de ulansaň boljak, mysal üçin seň pikirleriň bilen telewizordaky pikirler deň gelmese, diýmek sen şizofrenik....eýsen nädip 140 milýon adam beýle pikir edýär, seň ýeke özüň bolsa başgaça? Onsoň seni halas etmäge öýňüze tiz kömek maşyn bilen iki sany daýaw sanytar ugradýarlar. Tak çto oglanlar daş töwerek nähili üýtgesede siziň kelläňiz bir üýtgemesin. Bar zat wagtlaýyndyr, azajyk sabyr ediň we şizifrenik bolmajak boluň.
-
Гость
3 years ago
- Bar zat wagtlaýyndyr, azajyk sabyr ediň we şizifrenik bolmajak boluň.
Agzyňdan Hudaý eşitsin omyn.
-
Jeksparro
3 years ago
- Temanyň asyl çeşmesi syrlywakalar.ru dälmi!?
-
Nirvana
3 years ago
- Ýaş wagtynda psihaktiw ýa-da psihotropiki dermanlary ulanmak, ejesi göwrelilik döwründe ýeterlik iýmitlenmezlik ýa-da toksinlere ýa-da wiruslara sezewar bolmak ýaly faktorlar beýniniň ösüşine täsir edip biler we şahsyýetlerde şizofreniýa ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
LadaKalina. 3 years ago- bah++++++)