Nazar fm, sahypamyzyň täze agzalaryndan biri emma köpimiz ony öňdenem tanaýas. öňüräk oň çykaran täze albomy barada bir mowzuk hem açypdym. şol ýerde käbir agzalar nazar fm-iň özi barada da ýazaýsaň diýdiler, inda nazaryň özi bu sahypaň agzasy, sorajak soraglaryňyzy özüne soraberiň! nazar barada gysgaça: Nazar Annagurban, 1986-njy ýylda paýtagtymyz aşgabatda dogulan, şu wagt norwegiýada okaýar we ýalňyşmaýan bolsam iň uly hobbisi aýdym-saz:),,,, galanynam özünden soraň!
Nazar fm bilen söhbetdeşlik.
-
Kaya
16 years ago
- ceriumoxide gowumy adyn ary agyr ekeney nazaryn adresini berda
-
CeriumOxide
16 years ago
- ýokarda öňki ýazgyň linkini goýupdym, ýalňyş gidipdir, inhi bolmalysy Nazar fm, täze albom çykarýar
buda öz saýty:
nazar.annagurban.com
-
garabekewul
16 years ago
- serdar bäh ahlije soraglary berayipsin howw:)
bolya bu soraglary jogaplasa nazar basga gapdalyndan berayeris!
1- yashlykda saz ugurundan okadynmy,yagny t-n saz gurallary ustunde?
2-ozun meger hem yat yurtda bolmaly, a senin halypalaryn kimler,yagny turkmenistandamy ya da oz hazirki okayan yerinde?
ay hazirlikce shular,,,......
-
NuryHan
16 years ago
- Serdar chyndanam sorag goymansyna bize..:)yok men bir zady bilesim gelya...olam NAZAR in taze albomynda ''onem eshden yaly'' diyen bir sazy bar ..saza soz yok gul yaly..berekella..yone chyndanam men shu sazy onem eshden yaly..shu saz tazeden ishlenedmi?shony bilesim gelya..ozem gaty irki saza menzeya...egerde ozu duzen bolsa onda tuweleme ,yoluk achyk bolsun diyaymk galya...
-
nazar fm
16 years ago
- 1. özüň barada gysgaça gürrüň beräýseň!
Näme diýjegimi bilemok-da, ýönekey oglanjyk hehe...
2. saz düzmäge haçan başladyň?
13 ýaşymda kakam birinji sintezatorymy (Casio) alyp berdi sebäbi meniñ hemişe saz gurallara gözüm gidýärde we esasan düwmesi köpräk gurallary gowy görýärdim. Şol ýylyñ güýzünde okuwdan daşary saz mekdebe ýazyldym we hepdede 2 gezek sapak aldym. Biderejik sazlary çalmagy öwrenemsoñ, okuwdan çykdym sebäbi meni gündogaryñ sazlary gyzyklandyrýardy we özüm isleýän sazlarymy çalmaga synanyşdym. Ädim-ädim şeýdip başladym...
2. ilkinji düzen sazyň haýsysy?
Ilki düzen sazlarymyñ köpüsi doly gutarylmadyk, öwrenmek üçin düzen ýarym ýalta işlerim gaty kän, olaryñ arasynda haýsy birinjidigini özümiñem ýadyma düşenok. Ýöne saz düzüp başlamadan öñ, men gowy görýän sazlarymyñ midisini ýasardym we midi.ruda goýardym. Şeýdip onsoñ özümde ideýalar we pikirler döräp başlady.
4. hobbileriň we fobileriň?
Esasy hobbym sazymdyr, saz gurallar. Ýöne ara-syra gysgajyk filmler düşürmegi gowy görýän. Nahar iýmegem gowy görýän zatlarymyñ biri.
5. haýsy aýdymçylary gowy görýäň, diňleýäň?
Gowy görýän aýdymçym kän, diñleýän sazlarymam kän we dürli-dürli. Olaryñ hemmesini ýazyp çykyp bolmaz. Belli bir genre (stil) bilen çäklenomok. Ýöne turkmen artist diýseñ onda Nury Halmammede uly hormat goýýan.
6. öz düzen sazlaryňdan iň gowy görýäniň?
Soñky ýasanyñ köplenç tehniki taýdan iñ gowy görýäniñ bolýar sebabi her sazda bir zat öwrenýärsiñ. Emma iñ gowy görýänimi saýlap bilmesemem, "7 ýyl" iñ gowy sazlarymyñ biri diýesim gelýär.
7. okaýan ugruň näme?
Software engineering (masters)
8. düzen sazlaryňa nämä görä at berýäň?
Aý her ýerden tutup at berip goýberýän, ýada inspirationa gärä berýän.
9. gelejekdäki planlaryň?
Akyllyja oglan bolup ýetişmek
10."haýrana galar"-y gaýtadan işlemek planyň barmy?
Serdar maña Nury Halmammeding versiasyny iberenden soñ, isleýän öza
-
nazar fm
16 years ago
- 1- yashlykda saz ugurundan okadynmy,yagny t-n saz gurallary ustunde?
Ýok, türkmen saz gurallaryny çalyp bilemok, çalyp bilsem her sazymda dutar bilen gyjak eşiderdiñ. Şu gün türkmende biderek aýdymçylaryñ köplügi we gowy sazandalaryñ azlygynyñ esasy sebäbi mümkinçiligiñ ýoklygy. Men kiçilikden dutar öwrenesim gelýärdi, ýöne mümkinçilik bolmady.
2-ozun meger hem yat yurtda bolmaly, a senin halypalaryn kimler,yagny turkmenistandamy ya da oz hazirki okayan yerinde?
Saz mekdebine bary-ýogy 2 ýyl gatnadym (Norwegiada), basic zatlary öwrenmek üçin. Soragyña jogap berýändir diýip umyt bilen şu aşakda düwma birje gezek dürtýän.
-
nazar fm
16 years ago
- Nuryhana:
"Öñem eşiden ýaly" sazy doly özüm düzdüm, ýöne oýa şeyle at berenimiñ sebäbi bar, oda şol sazy öñem eşiden ýaly bolansoñ. aslynda başga saz meñzeýänliginiñ hem sebäbi, cliche elementlar ullanmagym, aýdymyñ adyna cliche dakjakdym, ýöne türkmençe dakaýyn diýip gabatlap dakdym. Pikir edip görseñ gündogaryñ köp sazynda skripka, gyjak, keman, kemençe uly rol oýnaya, şony ullanyp, gündogar äheñde çalsañ biri birine meñzeýär.
-
CeriumOxide
16 years ago
- nazar! beren jogaplaryň üçin minetdar!
1. özüň barada gysgaça gürrüň beräýseň!
Näme diýjegimi bilemok-da, ýönekey oglanjyk hehe...
suratyňa seretseň kiçikäň gaty bet bolana meňzeýäň, hol gözi ýanyp duran çagalar bolýara, betlik gözläp ýören :D:P
soraglaryň dowamy!
1. öňki işleriňden "galdy" diýýän sazyňda "asuda mix" diýip ýazylan. Asuda kim?
2. ýalňyşmasam demir gate adynam ulanýaň, ol ady ulanmagyňyň maksady näme? Daşary ýurtly diňleýjileriň üçin ulanýan adyňmy ýa?
3. techno we trance görnüşde mixler ýa da sazlar düzmek planyň barmy?
4. haýsy dillerde gepläp bilýäň?
5. haýsy ýurtlara gidip gördüň?
6. şu wagtky türkmen aýdymçylardan gowy görýäniň barmy? Saz ogurlasa da sözi gowy bolupdyr, sesem gowy gelişipdir diýýäniň ýokmy?:)
7. sazdan daşary aýdym aýtmak planyň barmy?
8. maşgala gurmaklyk barada planlaryň! haçan öýlenmekçi?
9. soňky albomyňdaky "belki bir gün" sazy bir gyza düzülen diýipdiň! şol barada gysgaça aýtsaň! :D
10. soňky albomyňdaky sazlar barada gysgaça gürrüň beräý! haýsy sazda düzeňde nämelerden ylham aldyň!
-
nazar fm
16 years ago
- 1. öňki işleriňden "galdy" diýýän sazyňda "asuda mix" diýip ýazylan. Asuda kim?
Asuda mix diýenimde, saz asuda manysynda, ýuwaşaja versia diýen ýaly.
2. ýalňyşmasam demir gate adynam ulanýaň, ol ady ulanmagyňyň maksady näme? Daşary ýurtly diňleýjileriň üçin ulanýan adyňmy ýa?
Demir Gate agressivrak, trance stillarda ýasaýan sazlarym üçin ullanýan adym, hemme zady bir ada garmaly diýip, ýöne soñky döwür agressiv zat düzemok heh
3. techno we trance görnüşde mixler ýa da sazlar düzmek planyň barmy?
Men ilki synlasañ trance bilen başladym, dance-insdustriesda ilki sazlarym trance stildadyr, soñam Demir Gate bilen bir trance saz çykardym, emma soñ chillout stilda has kop azatlyk tapdym we şoña görä düzýän. Birem tranceda edilmedik zat galmady diýip hasaplaýan.
4. haýsy dillerde gepläp bilýäň?
turkmenche, englische, turkce, norwegche, orscha we pattyk-suttyk almancha
5. haýsy ýurtlara gidip gördüň?
nirä çagyrsalar goşymy düwüp gidýän hehe
6. şu wagtky türkmen aýdymçylardan gowy görýäniň barmy? Saz ogurlasa da sözi gowy bolupdyr, sesem gowy gelişipdir diýýäniň ýokmy?
pälwany öz boluşly gowy hasaplaýardym, akustik gitarasy bilen aýdýan wagtlary.
7. sazdan daşary aýdym aýtmak planyň barmy?
nazar sesigözel ady bilen çykyş etmekçi. oýun edýan, sesim ýoklay meň, aýdym aýtsam, wah sazyñ bilen oñaýmaly ekeniñ-dä diýersiñiz.
8. maşgala gurmaklyk barada planlaryň! haçan öýlenmekçi?
saçym mydam daralgy (suratdaky ýaly), gowy gyz duşanda öylenibermeli
9. soňky albomyňdaky "belki bir gün" sazy bir gyza düzülen diýipdiň! şol barada gysgaça aýtsaň!
Menem Bushdan öwrenen stilimde jogap bereýin, hawa täze albom çykardym :))))
10. soňky albomyňdaky sazlar barada gysgaça gürrüň beräý! haýsy sazda düzeňde nämelerden ylham aldyň!
10 saz barada gysgaça aýdanyñda-da uzyn boljak, ýöne şol albom proýektine başlanymda bir türkmençilräk motiwly sazlar bilen günbatar beatlary garasym geldi...
-
ata
16 years ago
- tüweleme, Serdar, Nazar FM bn nireden tanşyp, ony eýýäm söhbetdeşlige yryp ýörsüň, eý, telpek goýdum-ow, berekellah!
Neme, men söhbetdeşlikde kän aktiw bolman bilerin welin, men hem 1-2 sorag soraýyn:
1- haçan öýlenýäň :)
2-Gollndiýada diýdiler sen barada, ol ýerde özüňe erk etmek nähili şu gyzlar barada, ýa ýewropa stili ýaşaýalarmy ol ýerdäki az sanly türkmenler hem?!
Indi bolsa, sorag sorajak däl-de, 1 zady ýazmakçy.
Men Nazar FM-i tanamok, sahypaardan tanadym 2-3 günlükde ýöne düýn agşam ony düýşümde görüp ýetişdim eýýäm :)
Men oýaly-ukuly onuň ýanyna barýarmyşym, ýanymda ýa Serdar ýa-da başga bir agza bardy şu töwereklerden. Özümi surata düşürtýän şol agza Nazar bn. Ýöne ýaman ukuly görünýän men, täzeden düşürtjek bolýan, sebäbi, "sahypa goýarys" diýip gülüşýärdik.
Örän geň ýagdaý :)
-
ata
16 years ago
- Gollandiýa diýipdirin, Norwegiýa bolmaly!
-
MuhaciR
16 years ago
- arada turkmen hiphopcylary sen mixyny tazeden mix edip aydymjyk aydan boldylar (kecpelegin sazyna) şolara garayşyn nahili? goldaw beryanmi?
-
CeriumOxide
16 years ago
- soraglaryň dowamy!
1. bir üýşmeleňde ýada ýörite gurnalan organizasiýada konsert berip gördüňmi?
2. eger konsert bermedik bolsaň, şu wagt öz "live peroformance"-yňa ynamyň barmy?
3. nirede de bolsa bir studio bilen şertnamaň barmy, ýagny almob çykaryp satyp gördüňmi?
4. türkmen studiolar sataýyn diýip rugsat soramazam welin, eger bir türkmen studio albomlaryňy satmaga rugsat sorasa, rugsat berermidiň?(seň girdjiň bolanok :D)
5. öz stiliňde saz düzýänlerden kimleri ussat hasaplaýaň?
6. men seniň sazlaryňy "dead can dance"-iň käbir sazlaryna, ýagny stiline meňzetýän, seň özüň öz düzen sazlaryňy biriniňkä meňzeden wagtyň boldymy, bäh şuň sazy meňkilere meňzeş ekenow diýdiňmi?
7. gelejekde de aýdym saz bilen ýakyndan işleşmekçimi ýa öz ugruňdan(software enginearing)-den gitjekmi?
8. aýdym saza dowam etmegiňe maşgalaň nähili garaýar?
9. siz näçe dogan?
10. goroskobyň näme?
-
nazar fm
16 years ago
- Ata:
1- haçan öýlenýäň?
- bu soraga ýokarda berdim jogap :P
2. 2-Gollndiýada diýdiler sen barada, ol ýerde özüňe erk etmek nähili şu gyzlar barada, ýa ýewropa stili ýaşaýalarmy ol ýerdäki az sanly türkmenler hem?!
- soraga gaty düşünmedim, bärde gaty kän türkmenä ýok, özümä adam ýaly ýaşajak bolýan :D
aýdyp beren zadyñ dogrydanam geñ hehe
Muhacire:
arada turkmen hiphopcylary sen mixyny tazeden mix edip aydymjyk aydan boldylar (kecpelegin sazyna) şolara garayşyn nahili? goldaw beryanmi?
- aý men iliñkiden ogurlandan, menden alsyn diýýän...
Cerium daýy:
1. bir üýşmeleňde ýada ýörite gurnalan organizasiýada konsert berip gördüňmi?
- 15-16 ýaşymda aktiwno sintezator çalýadym, radio geçirlen nowruz baýramda zatda çykyş edýädim, universiteta başlamsoñ ol zatlar bilen meşgul bolamok
2. eger konsert bermedik bolsaň, şu wagt öz "live peroformance"-yňa ynamyň barmy?
- live performanceda men play basyp tans edaýmesem, başga näme edeýin? janly çalyp bolýan sazama däl düzýänim :D
3. nirede de bolsa bir studio bilen şertnamaň barmy, ýagny almob çykaryp satyp gördüňmi?
- almob satyp göremok, niýetlenemogam çynymy aýtsam, men bu işi hobby hökmünde edýänim üçin, sazdan pul gazanmak maksadym ýok. diñleýjim bolsa ýeter.
4. türkmen studiolar sataýyn diýip rugsat soramazam welin, eger bir türkmen studio albomlaryňy satmaga rugsat sorasa, rugsat berermidiň?(seň girdjiň bolanok )
- meniñ üçin esasy zat sazymyñ diñleýjisini tapmasy, şonuñ üçin albom şekilinde satylmagyna garşy däl
5. öz stiliňde saz düzýänlerden kimleri ussat hasaplaýaň?
Inspiration alýanlarymdan ýadyma düşýänler edil şuwagt:
- schiller, anahata, ayla, hans zimmer, ludovico einaudi, gulden caz, marco beltrami, mark isham, nury halmammet.
6. men seniň sazlaryňy "dead can dance"-iň käbir sazlaryna, ýagny stiline meňzetýän, seň özüň öz düzen sazlaryňy biriniňkä meňzeden wagtyň boldymy, bäh şuň sazy meňkilere meňzeş ekenow diýdiňmi?
- men sazymy başgalary diñläp düzýän, şonuñ üçin meñzemän bilmeýä-dä... pianoly sazlarymyñ ĸöpüsi ludovico einaudi sazlaryna meñzedýärin, yada bahymlaşdyran depleri anahata meñzedýärin...
7. gelejekde de aýdym saz bilen ýakyndan işleşmekçimi ýa öz ugruňdan(software enginearing)-den gitjekmi?
professional bolup öz ugrumdan giderim, (öz ugrumdanam yza galamdyrnow, masteryma sponsorship gazandym) ýöne hobby hökmunde saz ýanymda bolar.
8. aýdym saza dowam etmegiňe maşgalaň nähili garaýar?
bir akylly jogap beresim gelýär welin ... :D
9. siz näçe dogan?
bir jigim, bir doganym bar
10. goroskobyň näme?
o diýýäniñ näme iýilýän zatmy? :P
-
Maxat
16 years ago
- - masteri haysy temada etyan? (saz bn baglanşyklymy)
- software eng.-den haysy dilleri ulanyan?
- geljekde nahili wezipede işlemek isleyan?
-
nazar fm
16 years ago
- maksada:
- masteri haysy temada etyan? (saz bn baglanşyklymy)
- saz bilen baglanyshygy yok, software engineering temam, general ady informatics
- software eng.-den haysy dilleri ulanyan?
inglische
- geljekde nahili wezipede işlemek isleyan?
edil okuwa gutaryp, programmer, song analyst, songam mugallym :) tanri omur berse
-
CeriumOxide
16 years ago
- live performanceda men play basyp tans edaýmesem, başga näme edeýin? janly çalyp bolýan sazama däl düzýänim
1. bu sahypany nädip tapdyň?
men bärde bir sapar mercan dede konserdine gidipdim, şola çalýady gowja edip :D
2. bu sahypa we agzalary barada näme pikir etýäň, we nähili zatlar maslahat berýäň?
3. nähili kitaplar okaýaň?
4. türkmen ýazyjy we şahyrlardan kimleriň haýsy eserlerini gowy gördüň?
5.10. goroskobyň näme?
o diýýäniñ näme iýilýän zatmy?
doglan wagtyň we şo wagtlar ýyldyzlaň düzülişi bilen baglanyşyklylaý :D
-
CeriumOxide
16 years ago
- birinji sorag nirä gitdäý:(
1. bu sahypany nädip tapdyň?
-
Maxat
16 years ago
- software eng.-den haysy dilleri ulanyan?
mena türkmençe yazyan, kawagtam buluçja))
inglische
-
Farabi
16 years ago
- 1. "software engeenering" bilen baglanyşykly eden proyektlerin barmy?
2. "software engeenering" üstüne esasan haysy temalar bilen gyzyklanyarsyn?
-
nazar fm
16 years ago
- serdara:
Mercan Dede live instrumentlary kop recording edip ullanyar, shong uchin live chalyp bilyar, birem ozem tuydukchi. Men sintezatoryng live chalynmagyny halamok, bashga instrumendam chalyp bilemok. Shong uchinlay, birem Mercan Dede okde a men owrenji :D
1. bu sahypany nädip tapdyň?
- sen aytdyng :D
2. bu sahypa we agzalary barada näme pikir etýäň, we nähili zatlar maslahat berýäň?
- ideya gaty gowy, yone ara-syra gaty sada zatlar yazylyar, shonga geng galdym
3. nähili kitaplar okaýaň?
- Koplench tehniki kitaplar, ondan dashary dunya klassikleri George Orwell, Aldous Huxley, William Golding. Yone gaty kop cheper eser okamok, okamaly yone.
4. türkmen ýazyjy we şahyrlardan kimleriň haýsy eserlerini gowy gördüň?
Gurbannazar Ezizing goshgularyny gowy goryan, elbetde Magtymgulynam gowy goryan. Bizing klassiklerimizing kopusini gowy goryan.
-
nazar fm
16 years ago
- Maxada:
mena türkmençe yazyan, kawagtam buluçja))
Men soragy yalnysh okapdyrynlay, haysy dilde okayang diyip dushunipdirin. diling tapawudy yoklay, problemany chozya diyip uygun gorseng prology ullansangam bolya. yone C'dan gachyan, halamok.
Farabi
1. "software engeenering" bilen baglanyşykly eden proyektlerin barmy?
2. "software engeenering" üstüne esasan haysy temalar bilen gyzyklanyarsyn?
Aslynda saz barada gurlejekdi welin, software engineeringa gechdik. zatlay:
1. ing uly projectym shu bachelor projectym Trolltech (Qt doreden firma) uchin etdim: Synchronization of mobile devices operating on Qtopia platform with Linux KDE.
2. Web technologies, distributed systems, secure applications
-
garabekewul
16 years ago
- nazar sen gulluk etdinmi?
gulluk eden bolsan gulluga bolan garayshyn, ya da gulluk etmedik hem bolsan ol hakdaky dujunjelerini yazaysan?
saz duzyarsin hemishe, a aydym aytmayarsynmy, ya da gelejekde aydym aytmaklyga bolan garayshyn?
eger aydym aytmaga synanyshsan, haysy aydymlary aydarsyn meselem, halk aydym ya da taze ......
-
NuryHan
16 years ago
- salam!jogap ucin kop sag bol!bashka sorag goymandyrlara sorayjakdym welin..yolun achyk bolsun..taze taze albomlara garshyas..
-
ata
16 years ago
- haçan öýlenýäň?
- bu soraga ýokarda berdim jogap
Eý, Nazar, berekellah, bar-a :)
Saňa başarnyk dileýän hem saz älemiňde, hem durmuşyňda, hem bilim pudagyndaky okuw we käriňde!
Ýokardaky sitata üçin bolsa, söhbetdeşligiňi okaman ýazypdym, Serdar ýazan däldir öýdüpdim, ýöne ýalňyşan ekenim :) Garagol bar soraglary sorap çykaýypdyr-a :)
Saňa 1 sorag:
Serdar bn nädip tanşyp ýörsüň?!
Söhbetdeşligini-hä men geçiripdiň onuň bn welin, sen ony nähili tanaýarsyň?!
-
nazar fm
16 years ago
garabekewul
nazar sen gulluk etdinmi?
gulluk eden bolsan gulluga bolan garayshyn, ya da gulluk etmedik hem bolsan ol hakdaky dujunjelerini yazaysan?
saz duzyarsin hemishe, a aydym aytmayarsynmy, ya da gelejekde aydym aytmaklyga bolan garayshyn?
eger aydym aytmaga synanyshsan, haysy aydymlary aydarsyn meselem, halk aydym ya da taze ......
Gulluk edemok, TMdan kichi yashda gochduk, bardede edemok yone. idili gulluk bolsa garshy dal, yone TMdaky gulluk gulluk dallay.
aydym aytmakchy dal, sesim yok :D
-
nazar fm
16 years ago
- Ata:
Sagja bol :)
Serdar bilen MSNda tanyshdyk... promotion bilen komek edyan sag bolsun
-
CeriumOxide
16 years ago
1. bu sahypany nädip tapdyň?
- sen aytdyng
meňä ýadyma düşenok, garrapdyryn! :D
Serdar bilen MSNda tanyshdyk... promotion bilen komek edyan sag bolsun
nazar fm | 2008-10-01 05:20:28
nazar seň sazlaňy gowy görüp diňleýän, emma köp gowy aýdymçylar, sazandalar kän tanalanok,,,
seň sazlaryňy halajak diňleýjilere ýetirmäge, kömek etmäge hernä taýýar :D
üstünlik hemraň bolsun, täze gowy sazlara garaşýas ;)
-
CeriumOxide
16 years ago
- soraglara dowam!
1. haýsy türkmen aýdymçylar, sazandalar bilen işleşip gördüň?
2. indiki albomyňy haçan çykarmakçy? :D
3. gowy görýän 3 kinoň!
4. sssr döwrindäki filmlerden haýsylaryny gowy görýäň?
5. "saçyň daralgyja" düşülen suratlaryňdan başgada 1-2 sanjagyny goýaýsaň!
-
nazar fm
16 years ago
1. haýsy türkmen aýdymçylar, sazandalar bilen işleşip gördüň?
2. indiki albomyňy haçan çykarmakçy?
3. gowy görýän 3 kinoň!
4. sssr döwrindäki filmlerden haýsylaryny gowy görýäň?
1. Men köplenç Bekgi bilen pikir alyşýan, we şoñ bilen işleşyän. Diñläp gören bolsañ, Project 21, Bekgi bilen meniñ işim. Perhat diýip ökde gitara çalýan dostym bar, oñ bilenem Bitterfate diýen sazy record etdik.
2. Belli bir wagt berip biljek däl, ýöne saz bilen hemişe diýen ýaly işlejek bolýan. Geljekde belki albom şekilinde däl-de her aýdymy gutaran wagtym paýlaşaryn. Albomy diñe torap şekilinde sazlar ýasasam onda bile çykarmak bolar ýogsam üýgeşik tapawudy ýokmyka diýýän, albom edip çykaranyñ ýada ýeke-ýeke. Diñleýjiler şol babatda nähili pikirde?
3. Men gaty köp kino görýan, dürli dürli, olañ arasynda 3 sanagyny saýalamak kyn. Men edil şu wagt kelläme gelýän gowja kinolary sanaýyn iñ gowysy, Infernal affairs trilogy, Godfather trilogy, scarface, gladiator, cube, 12 angry men, 7 samurai, harakiri, SPL.
Men 1 ýyl bäri hemme gören kinolarymyñ adyny we gören datomy belläp goýýan, geçen ýyl 204 kino görüpdirin hehe.
4. nikuliniñ kinolaryny gowy görýän, näme diýseñen şolary görüp ulaldyk. Kemal Sunalyñ kinolarynada elimiz ýeten bolsa gowy bolardy.
5. ilki olary internetda goýmaly hehe
-
CeriumOxide
16 years ago
Diñläp gören bolsañ, Project 21, Bekgi bilen meniñ işim.
hawa, gowja saz, yakymly.
Perhat diýip ökde gitara çalýan dostym bar,
perhat diýýäniň türkmenmi, onuň aýdym-sazlaryny nireden tapyp bolýar!
Diñleýjiler şol babatda nähili pikirde?
beýleki diňleýjileriň näme diýjeginä bilemmok welin, meniň pikirim, single çykarsaň ýekeje aýdym bolanlygy üçin köp diňlenip soň ýüregiňe düşýär, saz näçe gowy bolsa da belli bir wagtdan soň kän diňläswiň gelenok, ýöne albom bolsa gezekleşdirip diňleýäň welin kän ýüregiňe düşenok,,, elbetde öz biljek zadyň, ýöne köp garaşdyrman çykarsaň bolýar :D
geçen ýyl 204 kino görüpdirin
3 güne 2 kino ýaly boluberýämaý :D, bäh!!! haçan saz düzüp ýetişýäň :D
ilki olary internetda goýmaly hehe
nädip surat goýmaly :D:D:D
-
Komendant
16 years ago
- Birinji gezek adyny eşidýän. Menden oňa maslahat: Gowja tejribe gazanman, kän reklama ediljegem bolma, ýigrenilersiň.
-
CeriumOxide
16 years ago
Birinji gezek adyny eşidýän. Menden oňa maslahat: Gowja tejribe gazanman, kän reklama ediljegem bolma, ýigrenilersiň.
Komendant | 2008-10-03 01:35:17
gaty ýerliksiz, samsyk gepleň bareý seň! birinji gezek eşitýän adamyňa maslahat bermek saňa galmandyr!!!
-
shahyr
16 years ago
Birinji gezek adyny eşidýän. Menden oňa maslahat: Gowja tejribe gazanman, kän reklama ediljegem bolma, ýigrenilersiň.
Birinin hobbysine çenli sokulşmak namane gerek. Hobby özün üçin edilyar, birine gowy görünmek üçin dal.
-
d_oguz
16 years ago
- İldeş gaty gowy berekella sende bir zatlar bar how,yaman dal.
Menden sana seylerak soraglar:
1.Orta mekdebi norvegyadamy okadyn yada tmde?(goçdük diyip yazypsyn)
2.Haçanrak göçdünüz..?
3.Okayan yerinde başga tm talyplary barmy?
4.Türk dilini nireden öwrendiniz.?
5.Göçmankan tm niresinde yaşayadyn?
6.Sportyn haysy görnüşünü halayan yada haysy görnüşü bilen meşgullanyan?
7.Türkmenistana gelmek yada türkmenistan barada pikirleriniz.?
-
nazar fm
16 years ago
- Komendanta:
Birinji gezek adyny eşidýän. Menden oňa maslahat: Gowja tejribe gazanman, kän reklama ediljegem bolma, ýigrenilersiň.
Bir-iki sahypada bellik ýazdylar dostlar, gyzyklananlar diñlärler ýaly, şoda ýüregiñe düşen bolsa, onda bagyşla!
-
nazar fm
16 years ago
- d_oguza:
İldeş gaty gowy berekella sende bir zatlar bar how,yaman dal.
Menden sana seylerak soraglar:
1.Orta mekdebi norvegyadamy okadyn yada tmde?(goçdük diyip yazypsyn)
2.Haçanrak göçdünüz..?
3.Okayan yerinde başga tm talyplary barmy?
4.Türk dilini nireden öwrendiniz.?
5.Göçmankan tm niresinde yaşayadyn?
6.Sportyn haysy görnüşünü halayan yada haysy görnüşü bilen meşgullanyan?
7.Türkmenistana gelmek yada türkmenistan barada pikirleriniz.?
1. 52-nji mekdepde başlap, 55-nji geçdim 5-nji klasda, onsoñam norwegia göçdük-dä.
2. 1998
3. Okaýan ýerimde başga tm ýok, master okaýanlara reklama edýän, geläge synanşyñ diýip Study in Norway.
4. Kemal Sunalyñ kinolaryndan :)
5. Aşgabat, mir 1
6. Söweş sungatlary (muay thai, karate, göreş we ş. m.)
7. Dönmek arzuwy bilen ýaşap ýörün şu wagda çenlä, yzynam nesibe görkezer-dä.
-
Komendant
16 years ago
- Meniň tankytlarymy göwnüňe alma-da olardan dogry netije çykar. Şonda utarsyň. Galanynam özüň seret. Abraý seniňki.
-
ultimatum
16 years ago
- Norwegiyada diskriminasiya barmy?
-
kätmen
16 years ago
- dost aydymalryny aldym, gowy ishler edipsin, gownime yarady. saz ishlande haysi programmalary ulanyang?
-
nazar fm
16 years ago
- komendanta:
Meniň tankytlarymy göwnüňe alma-da olardan dogry netije çykar. Şonda utarsyň. Galanynam özüň seret. Abraý seniňki.
Men gaty görmesine gaty göremok we dogry, tankytdan dogry netije çykarmaly, ýöne seniñ tankydyñ ilki bilena kreativ tankyt däl, ikinji bilenem ýerliksiz.
Sebäbi:
Birinji gezek adyny eşidýän.
Hemmekişinem eşitmekden öñ birinji gezek eşitmeli, gitjek ýeriñ ýok. Hemme gowy sazlary eşitdim diýjek bolýañmy ýa?
Gowja tejribe gazanman, kän reklama ediljegem bolma,
Tejribäni diñlenmän nädip gazanmaly? Bir ýerde sazyñy goýman, nädip diñlenmeli? We sungatda tejribe şeýle uly rol oýnayamy? Köpri gurup üstünden geça diýmedim. Gowja tejribä ýetip ýetmänimi nädip bilmeli?
ýigrenilersiň.
Bir blogda ýazylan zady reklama hökmünde kabul edip ýigrenýän bolsañ, señki kyn eken. Saña zor bilen oka, indir we diñle diýen zadymyza ýokdyr, haýbatam atmadyk. Emailyña gelýan spam hatlar, ýada tvda görjek bolup duran filmyñ öñunden çykýan reklama garaýşyñ nähili? Ikinjidenem, ýigrenilersiñ diýmede, ýigrenerin diý! senden başga närazyny görmedim, diñlän diñleýär, gowy gören gowy gördum diýýär, başgalar öz ýolyne dowam edýär. Onsuzam dünýäniñ iñ uly dagyny aşdym diýip baramok men, ine sazym diýýän, gyzyklanýanlar diñläp biler, bolany.
-
nazar fm
16 years ago
- ultimatuma:
Norwegiyada diskriminasiya barmy?
Daş töwerek, kürtdir, somali we pakistanli. şolañ bolar ýeri diskriminasiasyz oñup bilmez... işiñi oñarsañ zat diýýän ýok ýöne.
Kätmene:
dost aydymalryny aldym, gowy ishler edipsin, gownime yarady. saz ishlande haysi programmalary ulanyang?
Ilki bilen, adyñ gowy eken :)
Fl studio ullanýan we recommend edýän :)
-
shahyr
16 years ago
- Okuw okanda diňlemek üçin gaty gowy sazlaryň bar ekeni. Hemme sazda okap bolanok, seňkileri haladym. Elleriň dert görmesin.
-
Komendant
15 years ago
- bileniňden galma.
-
kätmen
15 years ago
Ilki bilen, adyñ gowy eken
Amerikanlarda catwoman bar bolsa, turkmenlerde kätmen bar. hehe
dost mundan sonraky ishlerinde ustunlik dileyan.
-
Komendant
15 years ago
- kätmen maldis, şeýle dowam ediber.
-
MuhaciR
15 years ago
9. soňky albomyňdaky "belki bir gün" sazy bir gyza düzülen diýipdiň! şol barada gysgaça aýtsaň!
Menem Bushdan öwrenen stilimde jogap bereýin, hawa täze albom çykardym )
bildirýä başy birhili hindi sazy başlan ýaly. ;)
-
MuhaciR
15 years ago
9. soňky albomyňdaky "belki bir gün" sazy bir gyza düzülen diýipdiň! şol barada gysgaça aýtsaň!
Menem Bushdan öwrenen stilimde jogap bereýin, hawa täze albom çykardym )
bildirýä başy birhili hindi sazy başlan ýaly. ;)
-
kombat
15 years ago
- men-ä käwagt keýpine diňleýän sazlaryňy, ýöne sazy erbedem däl welin, manysyna üns beräýseň diýjekdim.
-
mc_merw
15 years ago
- Men hem elektroniki sazlaryň muşdagy, esasanam progressive trance-yň. Her hepde ASOT-y sypdyrmajak bolýan. Birem reggea (dub beats) halaýan.
Gate bilen bir trance saz çykardym
Linkini ýazaýsaň, bir diňläp göreli, baha bereli.
Şu sazy men düzen bolsadym diýen ýeriň barmy ?
-
CeriumOxide
15 years ago
- agzalara! nazaryň sazlaryny diňlän bolsaňyz, esasy haýsy sazlary göwnüňize ýaranyny ýazaýsaňyz!!!!! (belki indiki düzjek sazlarynda ýol görkezer) :)
meniň iň halaýanlarym:
Decade on
bosluk
belki bir gün
reach (demir gate)
yatlama
words
ýoly kesilen ýolagçy
galdy
project 21
eger nazaryň sazlaryny diňlemedik bolsaňyz, aşakdaky salgylardan edinip bilersiňiz!
Bu dünýäde (iň soňky albomy)
"Dance-Industries"-däki sazlary
irki sazlary
-
nazar fm
15 years ago
- mc_merw:
trance sazymy shutayda dinglap bilersing
Demir Gate @ Dance Industries
-
Mejbur
14 years ago
- yazylan komentariylara okamdym wagtym az ozin bagshydygyny bildim reper bolsan 1-nji jankoyer mendirin yone gayrat edip turkmen rebini osdurelin logini yazsana vkontakte.ru ili na mail.ru
-
Myjy
14 years ago
- Nazarik kak ty ? Nazarik ty kogda zokanciwal shkola. Señ diýen mekdepleñ 2 sindenem pocti hemmesini tanaýan. Ýöne seni tanamok. Perhat gitarista ýa toje znaýu nawerna on hajy stil pesnýa paýot ? Sowet kogda muzyka rabotaesh, tuda perkusionista impiriwizasiýa mnogo postaw na primer minium 8 taktow. Sola barabana prosto kaýfda nazarik. Üstinlik dost saña roland fantom g8 insturment arzuw edýärin. Betow shu insturment.
-
zumerchi
13 years ago
- salam nazar fm senin adyny zumerchasam raplarynda kop agzaya. Onunam sazlaryny duzyanmi? Onun namesi bolyan? Menem zumerin fanaty
CeriumOxide 16 years ago- ilkinji soraglaryňy men bereýin!
1. özüň barada gysgaça gürrüň beräýseň!
2. saz düzmäge haçan başladyň?
3. ilkinji düzen sazyň haýsysy?
4. hobbileriň we fobileriň?
5. haýsy aýdymçylary gowy görýäň, diňleýäň?
6. öz düzen sazlaryňdan iň gowy görýäniň?
7. okaýan ugruň näme?
8. düzen sazlaryňa nämä görä at berýäň?
9. gelejekdäki planlaryň?
10."haýrana galar"-y gaýtadan işlemek planyň barmy? :D