1. Okuwyňa ähmiýet ber!

Mekdebi doly okaman taşlap, iş durmuşyna başlan Bill Geýts, ýaşlara okuw ýyllaryna gowy baha bermegi we mugallymlaryna ýokary baha bermegi buýurýar. Şeýle hem, öz ýolbaşçylaryny tanandan soň mugallymlaryny has gowy ýatlajakdyklaryny degişme şekilde aýdýar.

2. Wagtyň gadyryny biliň!

Meşhur telekeçi wagty dolandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekip, wagta dogry baha bermelidigini we durmuşyň diňe dynç alyş bilen çäklenmän, eýsem işlemek bilen baglanyşyklydygyny belläp geçýär.

3. Kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boluň!

Durmuşda elmydama ýeňip bolmajakdygyny we ýaşlaryň ýüze çykjak kynçylyklara öwrenişmelidigini nygtaýan meşhur telekeçi durmuşyň kynçylyklaryna garşy durmagyň zerurdygyny aýdýar.

4. Öz ýalňyşlyklaryňyzdan sapak ediniň!

Geýts, ýaşlaryň ýalňyşlyklary üçin jogapkärçilik çekmelidigini we her ýalňyşlykdan sapak almalydygyny aýdýar.

5. Hiç haçan ýüz öwürmäň!

Meşhur telekeçi bir işde üstünlik gazanmak üçin özüňe ynanmalydygyny we hiç haçan ýüz öwürmeli däldigini nygtaýar!

çeşme: bilgirje.ashgabat.com

Bilim, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir