Futbol äleminde tomaşaçylaryň, şeýle hem futbolçylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan çempionatlaryň içinde birinji hasaplanylýan Çempionlar ligasy ýetip geldi. Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyr duşuşyklary şu hepdäniň sişenbe, çarşenbe günleri başlaýar. Mundan beýläk-de, ýagny final duşuşygyna çenli güýçli toparlar nobatdaky tapgyra çykmak üçin, topara üstünlik getirmek üçin bar güýjüni orta goýarlar. Sebäbi her bir oýunçynyň, tälimçiniň, hat-da toparda zähmet çekýän işgäriň iň uly islegi Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp bolmakdan ybarat bolup durýar. Bu hepdede jemi 4 duşuşyk geçiriler.

Biz bolsa futbol janköýerlerimizi şu hepdede Çempionlar ligasynda geçiriljek duşuşyklaryň tertibini tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

Sişenbe güni geçiriljek oýunlar:

“RB Leýpsig – Liwerpul” (00:45)

“Barselona – PSŽ” (00:45)

Çarşenbe güni geçiriljek oýunlar:

“Porto – Ýuwentus” (00:45)

“Sewilýa – Borussiýa Dortmund” (00:45)



Gysgaça bu duşuşyklar hakynda…

“RB Leýpsig – Liwerpul”

“RB Leýpsig” topary gynansakda bu duşuşygy öz meýdançasynda geçirip bilmeýär. UEFA guramasy bu duşuşygy Budapeşt döwletiniň Puşkaş stadionynda geçirmeli diýen karara geldi. Gurama toparlara beren razylyga özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

“Barselona – PSŽ”

Bu duşuşyk “Nou Camp” stadionynda geçiriler. “Barselona” toparynyň tälimçisi oýundan öň, duşuşykda ýeňiş gazanmak üçin Messiniň üstünlikli çykyşy zerur bolar diýip belleýär. “PSŽ” toparynyň düzüminde bolsa uly ýitgiler bar. Duşuşykda topara Neýmar we Di Maria ýaly professional oýunçylar, ýagny oýuny üýtgedip biljek oýunçylar kömek edip bilmez. Sebäbi olaryň şikesleri bar.

“Porto – Ýuwentus”

“Porto” topary ýerli çempionatda deňme-deň oýnady. “Ýuwentus” topary bolsa myhmançylykda “Napoli” toparyndan asgyn geldi. Ronaldo duşuşykdan soňra topardaşlaryna hiç hili ýagdaýda ruhdan düşmezligi aýtdy we topar bar güýjüni Çempionlar ligasynda görkezmelidigini aýdyp geçdi.

“Sewilýa – Borussiýa Dortmund”

“Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holland toparçadaky soňky iki duşuşygynda meýdança çykyp bilmedigine garamazdan, ol Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda tapawutlanan oýunçy rekordyny goramak isleýär. “Sewilýa” topary hem öz meýdançasynda üstünlikli çykyş edýän toparlaryň biri hasaplanylýar. Ispaniýanyň Şa kubogynda almak babatynda geçirilen duşuşykda 2:0 hasaby bilen “Barselona” toparyny hem ýeňmegi başardy.


çeşme: atavatan-turkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir