Kömek ediñ söygi yoldan geçenler!
Ullakan bir mesele bar çözmeli.
İlem söyyär, menem söyjek birini,
Yöne bilmen haysy gyzy söymeli.

Uzynynmy ya söymeli keltesin,
İşlisinmi ya bolmasa yaltasyn?
Ayt dost, yöne soñy ahmyr bolmasyn,
Şol gyzlardan haysy birin söymeli?

Garasy bar, sarysy bar, agy bar,
Akyllysy ya-da añy yogy bar,
Käsi arryk, käbirinde yagy bar.:-)
Maslahat ber! Haysy gyzy söymeli?

Daşy jäjek, içi möjek pikirli,
Ya tersine bar gününe şükürli.
Söygi diyseñ, öwser käsi müñ dùrli,
Saylap, olañ haysy birin söymeli?

Gözeller kän, saylamaly birini,
Ikisikän, yogsa söyjek baryny.:-)
Kül etmez dek gül ömürin yaryny
Aydyñ dostlar haysy birin söymeli?

Beti -betdir, tabyn eder gorkagy,
Bardyr kä erkekden beter erkegi.:-)
Käsi güymär bir özi on telpegi.:-)
Aydyñ, bulañ haysy birin söymeli?

Yelek yaly, emma şekili gözel,
Ya-da sypatyndan akyly gözel.
Däp-dessurly, köynek yakaly gözel.
Başym çaşdy, haysy birin söymeli?

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir