talyplar.com-yn agzalaryna ýalkymly salam!!! :) Size bolan wakany ertekileşdirip ýazmak isleýän. Mowzugy söýgi. Bu mowzukdan ýadan bolmagyňyz mümkin, ýöne durmuşyň maýasy bolan söýgüden ýadadym diýip el çekip bolanok. Ýazjak ýazgym durmuş tejribäňize az-da kän-de peýdasy deger, ynanaýyň. Orslarda bir söz bardyr: normalniy çelowek uçitsya na swoih oşibkah, umniy çelowek uçitsya na drugih oşibkah. Pikirlenme älemiňize hödürleňän bu ýazgymy. Bir bar eken bir ýok eken, türkmeniň altyn zamanasynda juwan yaşlar ýaşaýan eken. Günleriň birinde bir oglan bir gyzy halapdyr we oňa söz aýdypdyr, maşgalasyny gyzyň öýlerine ugratmak isleýändigini aýdypdyr. Gyz hem razylygyny beripdir. Şeýdip iki maşgalalar garyndaşlyk açmak barada ähtleşip gudaçylyk meselelerine başlapdyrlar. Aý geçýär gün geçýär gudaçylylyk meselesi galyn diýilen päsgelçilikde säginip galýar. Gyz tarap alyp bildiginden aljak oglan tarap bolsa bermän bildiginden berjekdäl. Garaz mesele uzadykça uzaýar. Sabyr käsesi dolan oglanyň maşgalasy bir mukdar aýdyp şu ýerde duralyň ýa-da şu mesele döwülýär diýýär. Şo wagt bolýa diýen gyzyň enesiniň oglan tarap gideninden soň ýene-de nefsi oýanyp başlaýar. Gyzyny igeläp başlaýar. Ozalam titräp duran meseläniň antlaşmasyny gyz öz dili bilen bozýar we boljak iş bolýar. Arkasyndan pyçak iýene dönen oglan şo bada gyzdan sowaýar. Gyz soňundan eden işine puşmandygyny, onuň pulda hiç hili gözüniň ýokdugyny, enesiniň ýakaryşlaryna daýanyp bilmän aýdandygyny şunça düşündirjek bolýar emma bary biderek... oglanlar gyzlar, hany sizem bir pikirlenip görüň. gyzyň eden şu ýalnyşlygy durmuşy döwmäge ýeterli sebäpmidir? gyzyň düşündirişleriniň hiç bir ähmiýeti ýokmy? Ýa oglan ony hakykat-da söýmedimi ýa-da söýgi diýýän zady bir ýalnyşa gurban gidip biljek derejede ejizmidi? söýgi diýmek birbiriňe siňip ebedileşmek diýmek dälmi, senä ol olam sen diýmek dälmi? gyz ýalnyşlygyny bilip eden bolsa munça puşmanlyga näme gerek barka?
örän kyn mesele
-
turkmenbalasy
16 years ago
- men pikirimçe yada mana göra diysem has dogry boljak bir iş nahili başlasa esasanam durmuşda yzy hem köplenç şeyle dowam edya.öz ejesine pikrini aydyp bilman bugün ejesinin pikrini dinleyan gyzlar sonam şeyle bolyar diyip pikir edyan.oglana yalnyşypdyr diyip biljek dal.yöne bu söygü dalde göni gudaçylyk bilen bolan işe menzeya kim alsam alayin diyen pikrli oglanyn ertekisi.özüm bolsama gyzam söyyan bolsam gyzyn ejesi kakasy bilen gürleşerdim.obada türkmençilige sygmaz diyselerem.
-
arsaryoglan
16 years ago
- ındı shu temalara hıc kellamı agyrdamok.. oylenmek soygının onune gecya hemıshe.. yagny oylenmek yada durmush gurmak uchın soyusmek hem soyga gırmeya. bu zatlar ıkınjı plana goyulsa.. basda senın soyyan we senı hem soyyan bırıne dushyancan oylenmek dıyen dıyen zat sana degıshlı dal.. soymek we soyulmek bolsa bular dıne yasap gormelı beyan edıp bolmayan duygular bular..
name uchın gyz bılen oglan bırleshyar yashamak uchın.. yone soygı bolmasa yashayyshyn name manysy bolar..
azajyk samahyllan bolmagym mumkın yone men shulara ynanyan..
-
jankaka
16 years ago
- maslahatly bicilen don gysga bolmaz we hemme zady bir olcap iki kessen sony peydaly bolarmyka diyyan sonky tuykuluk sakal ezmez diyipdirler yada sonky pusman ozune dusman yone yenede atiyajy elden bermeli dal her isde bir hayir bardyr gun dogmadan nameler dogar diyen niyetde bolmaly
-
ata
16 years ago
- 7 ölçäp, 1 kessek amatly elbetde :)
pikirimçe, gyzyň nebsewürligi däl-de, ejeiniňki bar ýaly göründi bärde?!
Çünki, oglan bn durmuş gurjak gyz, onuň ejesi däl. Gyz, elbetde, söýýän birine kän kynçylyk çykarman, goş birikdirmek islär. Ejesinde işdämän nebis bar bolsa, öz balasynyň bagtyny däl, eýsem-de şahsy bähbidini gözlär. Men şeýle ejelere närazylyk bildirýärin.
beýleki tarapdan bolsa, gyz hem berk durup bilerdi pikirimçe. Edil şu ýagdaý meniň bir dostumda boldy ýaňy-ýakynda. Näçe wagtlap görüşen bolmaly olar. Karar berilýär 2 gezek gudaçylyk netijesinde, ýöne her ikisinde-de gyzyň ejesiniň täsiri bn bu ýagdaý bozulýar. Oglan we maşgalasy hem goýbolsun edýäler sözlerinde 2 gezek durmandyklary üçin.
Belki, ýaş juwanlar bir-birlerine mynasypdylar, muny pikir edip gynanýaryn, beýleki tarapdan bolsa, "bardyr munda bir ýa-da birnäçe haýyr!" diýip, özüme teselli berýärin. Şol dostum bn şol işiň bolmagy üçin, birnäçe gezek gepleşdimem ýogsam.
Haýyrlysny bolsun-da her ikisi üçin hem, enşallah!
-
ceyhun82
16 years ago
- wahh.....boyle zadlar byzlerdede bardyr.kän mashgalalar nefsine durup bilmän kädesy az berjek bolup kädesy kän aljagh bolup gül yaly durmushlary bozyarlar . allah werkezmäwersyn hiç byr musulman bendesyne. has jowan täze durmusha pykyr edenlere
-
agayunus
16 years ago
- bu işler kysmat meselesi-dä ýöne, ýa gyzyň enesi ýa-da oglanyň enesi birden biri sebäp bolmalyda, bolmajak bolsa bolanok eken.
Belki, ýaş juwanlar bir-birlerine mynasypdylar
belki...bunlara biz degil Allah karar veriyor ki.
-
ata
16 years ago
- nämä türkçä ýazyp gidäýiňsiň-ä?!
Ýokardaky ýagdaýdan mazaly täsirlenene meňzäp gitdiň-le how :)
Hawa, kyn bolýar kämahal. Meselem, özümde-de bar şol ýagdaý. Käbirleriniň şeýle beýikligini kabul edýän. Özüme seredýän welin, şol beýiklige özümi mynasyp görüp bilemok. Onsoň ýaman gynanýan, ýöne ýene Biribardan şol haýra, beýiklige laýyk görmegini dynuwsyz dileglerimde isleýän, ýagny, "Allahym, maňa şol ýagdaý boýunça haýyrlysyny ber!" diýýän - "haýyrlysyny ber!" däl. Bulam bir säwlik bolup biler welin, men şony edip bilemok-da. Etmegem islämok. Ýöne şol ýagdaýdan zyýan görjeklerini bilsem, bir minut durman uzaklaşarynam-la hiç-hili zyýan ýetirmejek bolup.
Ehh, hany, görüberýäs-dä! Hemmeleriň plany bar, ýöne gutarnykly plan Allaha degişlidir. Biz öz erklerimiz bn bir ýagdaýy seçeris, ynha, şolam biziň üçin iň haýyrlysy bolar. Bize her ýagdaý üçin haýyrlysyny, ýa-da şertli haýry dilemek düşýär, Allaha bolsa, şol dileglerimiziň içinden ýene-de biziň erkimize we Öz "ata"syna(kysmatyň jilwelerinden biri) görä iň haýyrlysyny bermek ýaraşýar!
-
agayunus
16 years ago
Ýokardaky ýagdaýdan mazaly täsirlenene meňzäp gitdiň-le how
ýokardaky siziň ýazgyňyzdaky ýagdaýdanmy ýa meň ýazgymdakydanmy?! umuman ikisem ýürek awudyjy ýagdaý.
ýöne gutarnykly plan Allaha degişlidir
doly goşulýan!!!
-
ata
16 years ago
- hawa, her ikisem şeýle. Sebäbi, 1-1-i bn baglanşyklyrak diýseňem boljak.
Eh, bolýar-da, aýat näme diýýär: " Siz 1 zady hakynyzda hayir gorersiniz, yone ol sher bolup biler, yene 1 zady hakynyzda sher gorersiniz, yone ol sizin hayir bolup biler, siz bilmersiniz yone Ol biler "
hawa, şeýle-de!
-
Harmandali
16 years ago
- Oglan gyzy ya-ha soymandir ya-da gaty boynyyogyn (ya-da ketjal) ya-da gaty gorupdir eken. Men pikirimche soymandir. Gyz yalnyshyny boyun alanyndan son oglan gyzy soyen bolsa ylalashardy. Beyle chalt sowashmagy soyyanligine shubhe doredya.
Gyzda-da guna bar eger halan bolsa galyn yaly mayda meselelere uns bermezdi. Belkide ejesi hem has gepe chumurendir. Garaz name uchin shunun yaly yagdayda hemme zady duzeldip bolanok. Gyz yalnyshyna dushunen bolsa boldy ahyry yarashybermage derek ozlerini kosap yoryaler soygin yoly gaty inche yaly yonekeyje sebap ara dushsede uzulayya. Ine shunun uchin hem halamok shol duygyny.
Kawagt pikir edyan bu galynly mesele kan bir kyn mesele dal in esasy zat enen-atany razy etmek. Olar razy bolmadyk yagdayynda durup bilermikam “yok men dine shona barjak” diyip?! Birhili bir tarapdan gelshiksiz yaly gyz bolup sheyle zatlar aydyp durmak weli yone beyleki tarapdan bu sen oz durmushyn. Men uchina galyn meselesinden beter olaryn razylygyny almak has kyn yaly.
-
ceyhun82
16 years ago
- aydyan zaldlaryň.meniň üçin beterde kyn meseledyr.çünku sglyg ojaginiň psikolgu boldugum üçin ayda 30-dan känräg adam ky olaram kopleyinç yaş adamlar keselhana gelyärler we olar bylän yakindan görushup gepleshyän.olaryň kopusu yşgh meselesy üçin we kädesy maşgala içindeki dawalar üçin.ghyzlarda erkeklerden känragdyr.
farsçasi khodkoshi dyr.
-
Pelen
16 years ago
- oglan bilen gyz birbirini hakykatdan hem soyen bolsa, akyllyja bolup dusunusmeli ve meselani ene ata goymali dal.
yone ene ata da, hemme zada biz karar bereris.sen gosulma diyip oglanin ya da gyzyn ykbalyny cozyan bolsa ona da diyip boljak zat yok. ay garaz kyn mesele..
aslinda mesele yaman simple. eger yaslar birbirini tanan bolsa, soyen bolsa ve ynam bildiren bolsalar, pul,galyn,zat vapse hiczada how... birbirini soyen ve ynam bildiren yaslar bu zatlari nadip problema edyarler,dusunup bilemmok.sebabi soyen oglan ya da gyz garsylykly birbirine ynanyar diymek.we birbirini tanan yaslarda da bular yali problema bolmayar.sebabi durmus galyndan ybarat dal. Alla omur berse 40-50 yil bile yashamali olar ve zat diyenin yagdayi bilen boliberyar ve Alla da olari hor etmeyar.
yone bu da adamlarin durmusha garayish meselesi ve yashlykdan yetisme sertleri bilen baglanshykly meselemika diyyan..
Ay garaz yashlar ve heniz oylenmedik juwanlar!!! Alla hemme kisha akyl payhas beripdir..shoni ulanin we gin pikir edin. sebabi o yerde goyberjek kicicek yalnisiniz durmysynyza tasir edip biler ve etyar de..
-
kombat
16 years ago
aslinda mesele yaman simple.
eger mesele bolýan bolsa simple,
Pelen | 2008-10-14 00:25:25
sen bolarsyň hemmelere gowy sample.
-
Pelen
16 years ago
- eger mesele bolýan bolsa simple,
sen bolarsyň hemmelere gowy sample.
Kombat, goryan welin shahyrlyk tarapin guycli.tuweleme.
durmyshda kop zady kynlasdirip, problema doredyan adamzadyn ozi.
eder eder, kendine eder...adamzadynky shol da..
-
Maxat
16 years ago
eger mesele bolýan bolsa simple,
güldürdünay)))
sen bolarsyň hemmelere gowy sample.
yöne kawagt şeyle yagdaylaram bolya, bir problema çyksa şol problemany çözmek yagny üstüne gitmek hayyrly/bahbitli bolarmy ya şol çykan problemany bahana edip arany üzmek bahbitli bolarmy yaly dilemma düşülyan yagdayam bolya, netijede nesibe bolup galaymasa
-
daKING
16 years ago
- romantika girmalin gayrat edin.
-
ata
16 years ago
- Salam Pelen!
Hoş geldiň!
Tüweleme, aramyzda maşgalaly agzalaram köpelýär, begendim :)
Bu mowzuk babatda gowy ýazgy ýazypsyň we karara gelipsiň welin, netijesinem ýazarsyňyz-da bärä soň :)
-
ata
16 years ago
- Kyn bolýan ekeni başky ýazgydaky ýagdaý bolsa, Biribar biziňki ýaly ejiz gerdenlere ýüklemesin onça ýüki! Ämin!
-
Pelen
16 years ago
- Salam Pelen!
Hoş geldiň!
Waleykim Ata.
hosh gorduk. bu sahypany cynymy aytsam haladym.
esasan hem yash oglan,gyzlar ucin ve galybersede beyleki yasdaky adamlara da gaty peydaly. Allajan dowamyny getirsin
bu işler kysmat meselesi-dä ýöne, ýa gyzyň enesi ýa-da oglanyň enesi birden biri sebäp bolmalyda, bolmajak bolsa bolanok eken.
muna gosulyan yone sheyle bir yagday hem bar.hemme gunani taleyin ustune atmak hem dogry dalmika diyyan.eger bolup gecen hadysalarda bizin gunamiz,yalnysymyz bar bolsa ony ay bolmajak bolsa bolanok ekenda, taley sheyle diyip yalnysy basga yere atmak hem dogry dal. sebabi Biribar herkime erk,pikir,ygtiyar beripdir. bizi gyzyklandiryan hadysalarda sertlere oran seretmeli,elimizden geleni etmeli emma netijani de Biribara goymali.
-
kombat
16 years ago
hosh gorduk. bu sahypany cynymy aytsam haladym.
Pelen | 2008-10-16 00:35:08
ine munyň başga gürrüň. ýogsa derek galmady diýen bolýarlar.
-
ata
16 years ago
hemme gunani taleyin ustune atmak hem dogry dalmika diyyan.eger bolup gecen hadysalarda bizin gunamiz,yalnysymyz bar bolsa ony ay bolmajak bolsa bolanok ekenda, taley sheyle diyip yalnysy basga yere atmak hem dogry dal. sebabi Biribar herkime erk,pikir,ygtiyar beripdir. bizi gyzyklandiryan hadysalarda sertlere oran seretmeli,elimizden geleni etmeli emma netijani de Biribara goymali.
bäý-bäh, telpek!
Şu ýagdaýa daşyndan aňsatlyk bn dogry diýip bolýar, ýöne şony diýjek ynsanyň özi şol ýagdaýa düşende welin, muny diýmek şeýl kyn bolsa gerek?! Men diýmez diýemok, ýöne kynlyk möçberiniň örän agyrlygyny aýtmak isledim.
-
Maxat
16 years ago
hemme gunani taleyin ustune atmak hem dogry dalmika diyyan.eger bolup gecen hadysalarda bizin gunamiz,yalnysymyz bar bolsa ony ay bolmajak bolsa bolanok ekenda, taley sheyle diyip yalnysy basga yere atmak hem dogry dal.
yöne mesele başgarak, yagny ortada bir mesele bar yöne çözgüdi/jogaby bir dal, 2+2=4 diyen yaly jogap bir dal, mutlak bir jogap yok, şonun üçin haysy netije bolsa-da birine kesgitli dogry ya-da yalnyş diymegin özi yalnyş
pelen
-
ata
16 years ago
- men düşünip bilemok kä ýagdaýlara.
mümkin, gelinen kararlar dogrudyr. Hemme zatda bir haýyr bardyr. Ýöne gül ýaly ynsanlaryň şeýdip düşünişmezlige düşmeklerine gynanýaryn. Çözüp boljak aňrujy ýagdaý bolsa, çözülse amatly dälmi näme eýsem?!
Bilmedim-dä, Allah şu ýagdaýa düşenleriň kömekçisi bolsun! Ämin!
-
kombat
16 years ago
- Hemmelere akyl deň paýlanmandyr. Ýöne hemmeler bizden akylly.
-
Maxat
16 years ago
- ne perejivay diyyalermi orslar
-
Adybeg
15 years ago
gyzyn ejesi kakasy bilen gürleşerdim.obada türkmençilige sygmaz diyselerem.
turkmenbalasy | 2008-08-22 08:06:39
eger hakykatdan da söyyan bolsam menem şeyle ederdim, kan gürleşmani başarmasamam, söyyan gyzym üçin kynam bolsa synanşardym....
ay in bolmady ogurlaymaly borda ... (şutka)
çözülmesi kyn bir mesele bolsada, çözüp boljak mesele bu, gyz bilenjik jik me jik gürleşmeli bolarda,sonam ejesi kakas bilen, düşindirsen düşünmeseler onda .... başga syyasat yöretmeli bolar myka diyyan, söyyan diyip ölüp yatan bolsan galyn üçin taşlap bolmazlay :P:P
-
MH
15 years ago
başga syyasat yöretmeli bolar myka diyyan, söyyan diyip ölüp yatan bolsan galyn üçin taşlap bolmazlay Adybeg
ugryň syýasat öýtýän :0)
-
Adybeg
15 years ago
ugryň syýasat öýtýän :0)
MH | 2009-07-28 00:47:53
yok ugryma mollymçylyk welin natjek söygi üçin syasatam okamaly bolarda :P:P
bolmasada "one minut" diymeli bolar :D
-
tgala
15 years ago
- 1.hekaýadaky türkmeniň altyn zamanasy haçan bolýarka?
2.el çarpmaly ýerinde biriňiz eliňizi galdyraýyňda gaýrat edip:-)
agayunus 16 years ago- ertekimiň adyna çakdan aşa kyn mesele diýmeli ekenim:D okap gören NO COMMENT diýip çykyp gidýär öýtýän:D