Hormatly saýtymyzyñ käbir agzalary. Eger siz hem adam çagasy bolsañyz mowzukda hapa paýyş sözleri ýazmazlygyñyzy soraýaryn. Saýta bütin Türkmenistandan girýän okyjylarymyz gaty köp. Eger meni sylamasañyz hem Allatagalany sylañ!

Mowzugy okañ we azyrak bolsa hem ýylgyryñ!

Programmist harytlar dükanyna baryp satyja ýüzlenýär:
- Maňa giriş-çykyş gurluşlaryna gözegçilik edýän serişdelerden berseňizläň!
Satyjy düşmän ýigide seredip durýar. Ýigit soňra düşnükli dilde aýdýar:
- Maňa diş ýuwýan pastany we hajathana kagyzyny beräýiň diýýär.

Ýangyn öçürijilere jaň gelýär:
- Ýanýan, bahymrak geliň, öýüm ýanýa...
Operator oňa jogap berýär:
- Çakylyk kabul edildi.
A siziň öýüňize nädip barmaly?
Öýi ýanýan:
- Siz näme meň üstümden güljek bolýaňyzmy?....
Ullakan gyzyl maşyna münüp geliň.

Keselhanaň öli saklanýan ýerinde iki sany öli gepleşýär:
- Men gije bäşinji etaždan bökerin diýip dostlarym bilen jedelleşdim. Soňra hiç kime duýdurman bökjek ýerime galyň düşek ýazyp goýdum. Özümi bäşinji etaždan okladym welin bir gaty zadyň üstüne düşdim. Ikinji öli hem:
- Men bolsa öýsüz gedaýdym. Bu gije nirde ýatarkam diýip aýlanyp ýördüm welin, ine görsem bir tentek köçede düşekçe ýazyp goýupdyr.

Haýwanat bagynyň müdirinden gezelenje gelen adamlaryň biri soraýar:
- Kapasadaky duran gaplaňlaryň sag tarapdakysy bir hili hakyky däl ýaly we özi hem ýöne tezekläp (sy..p) dur?
Müdir hem:
- Gaplaňymyz keselledi. Şonuň üçin garawulymyza gaplaňyň derisini geýdirdik.
Adam bolsa:
- Onda näme üçin ýöne tezekläp (sy..p) dur?
Müdir hem:
- Sebabi ikinji gaplaň hakyky ahyryn!

Anatomiýadan synag gidýär. Professor talyp gyza sorag berýär:
- Adamyň haýsy agzasy (organy) söýgi nyşany bolup hyzmat edýär? Talyp gyz hem:
- Erkeklerdemi ýa-da Zenanlarda?
Professor hem:
- Eý, Hudaýjan. Biziň döwrümizde bu ýönekeý ýürekdi diýip jogap beripdir)))

*Ýylgyr atly Programmadan toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
10.02.2021ý 00:01
Eger mowzuk göwnüñize ýaran bolsa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir