Salam butun agzalar we butun talyplar. bir yazgy yazjak welin asla tire taypacylyk edya diyip pikir etmawerin. Magtymguly Pyragynyn bir goşgusy bar, bu goşgyny her kim bilyandir. menin sizden sorajak zadym şol goşgy "teke, yomut, goklen, yazyr, alili. gulluk etsek bir dowlete başimiz" mi yada "gulluk etsek bir ärsara brymyz" ???? haysy şularyn?? halacly oglanlar bilen şul hakda gürleşip bizar boldum...
Arsaramy yada bir milletemi???
-
ata
16 years ago
- Shahyra goşulýan!
-
milliyetçi
16 years ago
halacly oglanlar bilen şul hakda gürleşip bizar boldum...
engineerboy 2008-07-14 08:25:24
engineerboy dost! barda halaçly oglanlara aýt! hetdini tanasynlar! nämow indi magtymguly atamyzyň goşgusynam özlerine düzülen hasap etjek bolýalarmaý! wah, diýjek zadymy bilýän-le men welin, arman ýene tire-taýpa dawasy turar öýdýän-dä. "ärsary" kimmişineý barymyz oňa gulluk eder ýaly?! gitsin-de arabasyny daşrakda sürsün! bagyşlaň, gaty gaharym geldi... aý, bolýada, diýmäýin diýsem...
-
milliyetçi
16 years ago
- engineerboy dost! sen nireden özüň?
-
mylayym
16 years ago
"ärsary" kimmişineý barymyz oňa gulluk eder ýaly?!
milliyetci name beyle godek yazyan, ol goshgynyn dogrysyny yazypdyrlara yokarda sereden bolsan, shu milletparazlyk etseler mena bolamok, goyaynh indi shu gurunleri
-
Fransuz
16 years ago
- ey adam "gulluk etsek bir ärsara bäşimiz" shu setirleri nireden aldyn? ya bolmasa ozunden duzup yormun? kawagt hunun yaly yazgylary goremde jynym atlanyp gidiberyar.
-
mylayym
16 years ago
"ärsary" kimmişineý barymyz oňa gulluk eder ýaly?!
arsarydanam biri prezident bolar onson bay gulluk edileray:))))onsonam hemme adam adamdyr kimishiney diymek gerek daldir
-
Fransuz
16 years ago
- onem biri sssr dowrunde 1-nji sekretar bolupdy. shonda arsarylaryn barysy ashgabada gocup geldilera. shu wagtam sholardan doly. nira barsan arsary.
-
shahyr
16 years ago
- tire-taypa gürrüni etjek dal diyip şony edyanizmi :D
Ol dine sorapdyr, niyetini bilemok welin yok arsary dal döwlet diyip goyman gayta üstüne gidyanizmi ? :)
-
milliyetçi
16 years ago
onem biri sssr dowrunde 1-nji sekretar bolupdy. shonda arsarylaryn barysy ashgabada gocup geldilera. shu wagtam sholardan doly. nira barsan arsary.
Fransuz | 2008-07-14 22:23:21
hawa, fransuz dost! seň diýýän adamyňy men tanaýan. oňa m. gapurow diýýärdiler. tasdan-a paýtagt elimizden gidipdi. ol adam "çärjewi" paýtagt etjek bolupdyr diýip, ýaşulular gürrüň edýärdiler. henizem bagtymyza allajan ýetişip, Saparmyrat nyýazowy (ýatan ýeri ýagty bolsun)1-nji sekretar edip, m.s. garboçowyň üsti bilen iberäýdi. hudaýa şükür, paýtagt aşgabatlygyna galdy. häzirki prezidentem öz adamymyz. muňa-da allajana ýüzde-müň şükür. ýaşy uzak, görjegi gowulyk bolsun! uzagyndan bolsun, hudaýym!!! okanyňyz üçin sag boluň.
-
shahyr
16 years ago
- millyetçi sen gonup göçüp dursunlay :)
lionlionyn yazgisinda ona berekalla diyipsin indem barde yene milletparazlygyn ysy gelyan zatlar yazyan :)
wii tireparazlyk diyjekdim.
Ay bor-da!
-
CeriumOxide
16 years ago
- milliýetçi! saňa söz zaýalasym gelmedi
-
CeriumOxide
16 years ago
- Goşgynyň asly!
Türkmenler baglasa, bir yere bili,
Gurudar Gulzumy, deryayy Nili,
Teke, yomut, göklen, yazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!
soň üýtegidileni(Saparmyrat Niýazow)
Türkmenler baglasa, bir yere bili,
Gurudar Gulzumy, deryayy Nili,
Teke, yomut, göklen, yazyr, saryk, salyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek ýedimiz!
___________________________________________
Magtymguly Saryk bilen Salyr ýada ärsary diýip ýazmandyr! diýmek ol döwürlerde beýle tireler bolmandyr! belkide ol tireler beýleki tirelerden bölünüp aýrylandyrlar.
Tiräň näme diýip soraýalar, teke diýýäň welin,
tekäň nämesi diýip soraýalar. Tekelerem öz aralarynda bölünşen boluşup, ýaman erbedow!!!
Saryklar bilen ärsarylaryň köp meňzeşlikleri bar!
-
mc_merw
16 years ago
- Serdar men saňa eýranly tekeleriň ýasan türkmen sejeresini ugradaýyn, kä bir zatlara göz ýetir.
Sayklar bilen ärsarylar köne sözler ulanýar diýäýmeseň kän meňzeşligi ýokdyr.
Ýene bir zat salyr türkmeniň aslydyr.
Kim magtymgulyň golýazmasyny gördü ? Hemme goşgylary dilden eşidilip ýazylan, döwre görä sözler bilen çalşylyp taýynlanan.
Beýdip gereksiz ýere ot gorjamaň.
Haýsy tiräň göz başyny bilýäňiz ?
Diňe bilinýän biri bar oda Ärsary baba we şu wagt balkan daglarynda onuň mazary bar.
-
Maxat
16 years ago
- uy: (umumy yazgy, hiç kime jogap dal)
birinin sözi bar "özümizin saylamadyk zatlarymyza nadip buysanyp bilerin?", şon yaly ola belli bir tireden bolmak ekeni türkmen bolmagam bir ayratynlyk dal, möhüm bolan adam bolmak, ya-da boljak bolmak)), şony biz saylap bileris, we buysansaňam şona buysanmaga degermika diyyan
-
Oguzhan50
16 years ago
- Söz sözleme söz aslyna yetmeseň!!! Okan adam we bilen adam düybinden güýçli bolyada Meselem Mc_merw sagbol dost. Barde hergun yazyan käbir agzalaryň bu tema hakynda okap öwrenmeklerini isleyarin. Esasanam Ata aga seniň halaçly oglanlara sözüm yok. Ceriumoxide senem birazjyk oka! öwren! Arsary baba hakynda yazgy yazjak bolsaň onuň durmuşyny oka!!! Okamak we öwrenmek gereki eziz agzalar!!!!
-
Oguzhan50
16 years ago
- Düzeltme Ata aga ýerine milliýetçi diyip okap bilersiňiz Ata aga bagyşla täze agza bolamson yazgynyň yokarsynda seni gördim aşagyna seretmeli eken kimin yazanyny biljek bolsaň!!!
-
Maxat
16 years ago
Söz sözleme söz aslyna yetmeseň!!!
Oguzhan50 ! size aga diymelimi ya dost diymelimi bilemok welin)), yöne herkim aslyna yeten zatlary, sözün aslyna yetişi üytgeşikrak bolyar, umumy temalarda öz bilyanlerini aytmagyn bir yerliksiz yeri yok, yöne eger başga birinden has takykgyny öwrensen kabul edersin, bilmeyanligini bilmek üçin we bilyanin öwretmegi üçin bilmeyanligini görkezmeli bolya, belki-de bilyanlerin dogrydyr
-
Farabi
16 years ago
häzirki prezidentem öz adamymyz.
bäh...
-
CeriumOxide
16 years ago
- Myrat aga! ýalňyşyp, bilmän göwnüňe degen bolsam bagyşla!
Meň umumy diýjek bolan zadym şol tireleriň hemmesem bir ýere direýär, hemmesem türkmen. häzir türkmenistany dörseň 1000-e golaý owmadow çykar, şolar üýşip biziň tirämiz indi teke dälde owmadow diýseler, al saňa 200-300 ýyl soň ýene bir tire!!!
Meselem Tekeler, öz aralarynda 3-4 bölegä barmyşyn, menä şolaryň haýsysyndandygymy bilemmok!
men ýazgymda tireparazçylyk edýän ýaly bolupdyryn öýtýän!
Men şu wagta çenli hiç kimden tiräň näme diýip soran adam däl! hiç kimiň tiresi bilen işimem ýok! ýada haýsy tireleriň nirelerde ýaşaýanlyklary baradada kän bilýän zadym ýok! 6 ýyldan bäri gatnaşyp ýören bir aşgabatly dostumyň ýazrdygyny 2 aý öň bildim, onam özi aýtdy!
Ganik diýip bir ors oglan bar, belki bilýänsiňizdir! Türkmenistanyň suratlaryny goýýar internette, we türkmenistany gaty gowy görýär. şol türkmen dälem bolsa men şony köp türkmenden has köp hormat goýýan, meň üçin esasy zat milleti ýada tiresi däl, watanymyza garaýşy!!!
Ceriumoxide senem birazjyk oka! öwren! Arsary baba hakynda yazgy yazjak bolsaň onuň durmuşyny oka!!!
oguzhan50! men tireler barada kän zat bilesim gelenok! maslahatyň üçin sag bol, ýöne men ärsary baba barada ýazgy ýazjagam bolammok, ýazmadymam! men diňe öz pikirimi ýazdym, adamlar ýalňyş pikir edip bilýär!
-
CeriumOxide
16 years ago
Saryklar bilen ärsarylaryň köp meňzeşlikleri bar!
beý diýmegimiň sebäbi, meň tanaýan saryklarymam ärsarylaram ula hormat goýup gepleýärler, özinden 1 gün uly bolsada! plany aga diýip ýüzlenýärler. we dilleri bir birine meňzeşiräk!
-
Maxat
16 years ago
- CeriumOxide, menin ärsarydygymam bilennokdynmy?))
ps: menem sen tekedigini şu wagt öwrendim
-
CeriumOxide
16 years ago
CeriumOxide, menin ärsarydygymam bilennokdynmy?))
wiii seň maňlaýyňda ýazylgydow, ýöne men o döwürler okamany bilemmokdym
-
Dashoguzly
16 years ago
salam hormatly yigitler we gyzlar...
adamlar marsa gitmegin gürrünini edyarler biz hali şu haysı tire , bu haysı taypa , yene name , gereksiz gürrünler bilen orta çagda geip yörüs özimizi aldap yorus. beyle boş , gereksiz yazgylar talyplar.com-y kirletyar içini gysdyryar.
magtymgulynyn bu goşgysyny hemme yatdan bilyar. hiç hili üytgetme yok...
-
Dashoguzly
16 years ago
- sonky wagtlar gereksiz, yazgylar yazilip başlady bu sayta. Düşünip oylanip yazinda yazjak zatlarynyzy. Herkim öz agzyna gelen zady yazsa bu saytyn gadyry gaçar...
saglykda galyn...
-
garabekewul
16 years ago
- milliyetci--- eger sen shu wagt yanymda bolsan, gowy edip dushindirerdim,eger soz b/n hem dushunmesen hem basga hili dushundirerdim!!! sen gayrat etde adamyn degnasyna degiji sozlem yazma!! adamy kicheltme.name u/n diysen shol gümüne gitmeli arsarylaryn biri hem men. ozimem ashgabatda yashayan.arsarylar 14-15 asyryn guychli t-n tayplarynyn biri. rowayatda aydylshyna gore,ugurjyk alpyn 3 ogly bolyar. in ulysy yomut, ortanjysy sary, kichisi teke.saryga bir soweshde tapawutlanany u/n är adyny beryarler.ugurjuk alpa salyr gazanyn prototipi hokminde garayarlar.(salyr gazan- gorkut ata eposy) arsarybabanyn mazary shu wagt balkan welayatynda gyzylgaya diyen yerinde. ondan sonra menin dushinmedik zadym bar shu tayda-- milliyetci diymek, oz watanyny, yurduny, milletini, halkyny soyene aydylyamykan diyyan. ya men shu wagta chenli yalnysh pikir edip geldimmikam?
-
ata
16 years ago
- Açylan mowzuk bir ýagdaýy öwrenmek üçindi, gysgaça şahyr dogry görnüşini ýazdy diýip goldaw beripdim başda. Meň bilşim şahyryň ýazyşy ýalydy, munda säwlik bolmaly däl, pikirimçe?!
Men bärde şahyra goşulmak bn ärsary tiresinden bolan türkmen doganlarymyzy kemsiden ýaly-ha görnen däldirin?!
Eger şeýle gören bolsaňyz, onda munda ýalňyşlyk bar, meniň jinnek ýaly hem islegim ýok beýle säwligi goýbermäge. Näçe ärsaryly ýakyn dost-ýarlarym bar. Merde mert diýmeli, şol tanyşlarymyň aglabasy şeýle!
Ikinjiden, Magtymgulyň goşgusyny şahyryň ýazyşy ýaly bilýän diýipdim. Men bu bahar pasly mähriban watanymyzdadym. Şonda mç_merw agamyzyň öýlerine-de bardym we Magtymgulynyň köp sanly golýazmalaryna we kitaplaryna gözüm düşüp, agzym açyk galypdym. Olary ýygnap bilen ýaşula telpek goýýan men-ä! Şol mynasybetli hem, Myrat aga(mç_merw) dogrusyny bilýändir, men däl diýibem biljek.
Myrat aga, dogry görnüşi nähili onuň, şol şahyryň ýazyşy ýalymy ýa has başgaçarakmy?!
-
ata
16 years ago
- bärde gynanan zadym bolsa, milliýetçiň goýberen säwligi. Adaty ýagdaýda, 1-2 mowzuk daşynda şeýle oňat ýazgylaryna gözüm ilip begenýädim, şu ýerdäki ýazgysyny halamadym!
Bärde Halaçly doganlarymyzyň şol goşgyda säwligi bolup biler, ýöne bu sebäpli, umumy ärsaryly doganlarymyza nähoş zat ýazmak seň hakyňmy?! Gödegräk aýdamda, muny çözmek saňa galypmy agyr uslyp bn?! Munyň bolanok, jigim!
Ýeriňde bolsam ötünç sorardym gynandyran agzalarymdan umumy ýagdaýda şu ýerde! Elbetde, erk seňki, ýöne şol ululygy görkezmegiňi janym bn umyt we dileg edýän! Amal etmeseňem seň erkiň, gynanaryn - bolany!
-
ata
16 years ago
- Umuman aýtsam, şu ýerde gödeklik gerek däl, bu babatda hemme agzalary salyhatly bolmaga çagyrýaryn!
Geliň, agzybir bolalyň! Geliň, birek-biregiň göwnüne degmäliň! Geliň, hemmämiz birimiz üçin, birimiz hem hemmämiz üçin alada edeliň we watanymyzy şeýdip ösdüreliň!
At berip durjak däl, hemmämiz özümizi we ýazgylarymyzy bilýäs! Has agras, salyhatly we paýhasly bolmagy ündeýän size!
Allah bu babatda bizi başarnykly etsin!
Ämin!
Bellik: Agzybirlik barada öňki sahypa görnüşinde bar bolmalydy, gaýtadan täze halyndaka-da ýokardaky bolup geçen gürrüňler we ähmiýetiniň uly bolany sebäpli goýmakçy!
Wagtyňyz bolsa girip okaň we bu babatda goldawlaryňyza garaşýaryn!
Sag boluň!
-
milliyetçi
16 years ago
- garabekewul!
milliyetci--- eger sen shu wagt yanymda bolsan, gowy edip dushindirerdim,eger soz b/n hem dushunmesen hem basga hili dushundirerdim!!! sen gayrat etde adamyn degnasyna degiji sozlem yazma!! adamy kicheltme.
garabekewul | 2008-07-15 14:44:12
bagyşla dost! men öteräk geçäýipdirin. düýn lebaply oglanlaryň biri bilen sözüm azaşdy-da, şoňa gahar edip, ýazaýypdyryn. ol oglanam halaçdandy. ýazjagam däldim welin, "gahar-kapyrda". извини братан!
aslyna seretseň, ärsarylaryň we ýomutlaryň (daşoguzlylar) myhmansöýerligi tekelerden has ýokarydyr. muny hiç kim inkär edip bilmez.
berekella halaçly oglanlar! ýöne, magtymguly atamyzyň goşguzyny üýtgetjek bolmaweriň!haýyşthaýyş!
-
milliyetçi
16 years ago
goşguzyny
goşgusyny bolmaly. sorry!
-
ata
16 years ago
- bagyşla, milleýetçi!
Beýiklik kabul edýän men-ä şol ündewimi we seň ony kabul edip, amal edeniňi, eger Allah bar!
Minnetdar, jigim!
Beýlekilerdenem şol ýagdaýa üns bermeklerini janym-tenim bn arzuw we dileg edýärin!
-
milliyetçi
16 years ago
bärde gynanan zadym bolsa, milliýetçiň goýberen säwligi. Adaty ýagdaýda, 1-2 mowzuk daşynda şeýle oňat ýazgylaryna gözüm ilip begenýädim, şu ýerdäki ýazgysyny halamadym! Bärde Halaçly doganlarymyzyň şol goşgyda säwligi bolup biler, ýöne bu sebäpli, umumy ärsaryly doganlarymyza nähoş zat ýazmak seň hakyňmy?! Gödegräk aýdamda, muny çözmek saňa galypmy agyr uslyp bn?! Munyň bolanok, jigim! Ýeriňde bolsam ötünç sorardym gynandyran agzalarymdan umumy ýagdaýda şu ýerde! Elbetde, erk seňki, ýöne şol ululygy görkezmegiňi janym bn umyt we dileg edýän! Amal etmeseňem seň erkiň, gynanaryn - bolany!
ata | 2008-07-15 19:42:29
ata agamyň hatyrasy üçin ýene bir gezek ötünç soraýan! indiki sapar gaýtalamaryn diýip, umyt edýän! gaýtalaýsamam, şobada duýduryş bereweriň. ýaş oglan-da, näme, ýatdan çykagan bolýar. garaz, geçireweriň oglanlar!
-
milliyetçi
16 years ago
bäh...
Farabi | 2008-07-15 08:07:07
haýran galyberme al-farabi! meň aýdýanlam gaty dogrudyr! şoň üçinem men arkaýyn gezýändirin. hudaýa şükür!
-
milliyetçi
16 years ago
milliýetçi! saňa söz zaýalasym gelmedi
CeriumOxide | 2008-07-15 02:29:16
CeriumOxide, men welin saňa söz zaýalajak dost!
1. Meň ýokarda aýdyp geçenlem taryhy fakt. olary hiç kim inkär edip bilmez.
2. Şolar ýaly edip, ýazgyň üstüni nädip çyzyp bilýäň-eý? gyzyl фломастер bilen. öwredäý-dä?
3. öňki, "linki" nädip goýmalydygyny öwredeniň üçin köp sag bol.ullanypulanyp gördüm, boljak eken. ak gyz ýoldaşyň bolsun, dost!
-
milliyetçi
16 years ago
milliyetci name beyle godek yazyan...
mylayym | 2008-07-14 21:51:38
bagyşlaweri mylaýym gyz! seň üçinem bir ötünç soraýaryn. sorry! aslynda birinji senden soramalydy, ýöne elim degmedi. gyz maşgalaň göwnüne degmek häsiýetim ýok. ýaşasyn gyzlar!!!
p.s. owadan adyň bar eken. nesip etsin!!
"dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,
söz içinde gelin-gyz hem bolmasa..."
CeriumOxide, haýsy şahyryň goşgusydyny daş et, dost!
-
CeriumOxide
16 years ago
- milliýetçi! men beýle faktlar ýok diýemmok, ýöne seň uslubyň we reaksiýaňa gaharym geldi.
"ol bizden, bu sizden, indi biziňki, siziňki däl" seň ýazyşyňa seretseň, senem bir ulyrak işe geçseň "biziňkiler! geliňeý" diýäýjekleriň biri ýaly!
seň aýdyşyňa meňzeş zatlar Nuryýew döwründe Mary Gres-de de bolupdy. ýöne bir adam şeýle etdi diýip hemme adamyň göwnüni ýykmak ýalňyş!
-
CeriumOxide
16 years ago
- soraglaryňa jogap!
hatyň üstünü gönümel çyzyp bolanok. ol bir surat! ýazgyň suratyny alýaň, bir surat programma arkaly isläniňi etýäň we suraty internete ýükläp goýýaň!
ýazgyň suratyny almany bilýäňmi?!
klawiýaturada "prtscn", ýagny print screen diýen klawişe basýaň, onda ekranda näme görýan bolsa şonýň suratyny alýar. onsoň bir suraty gaýtadan işleme programmasynda täze sahypa açyp ol ýere ctrl+V bile basýaň! soň islegiňe görä gaýtadan işläp, internete ýükläp, islän ýeriňe goýaýmaly!
"dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,
söz içinde gelin-gyz hem bolmasa..."
CeriumOxide, haýsy şahyryň goşgusydyny daş et, dost!
men kän goşgy bilemmok, ýöne magtymguly, mollanepes we gurbannazar agaň goşgylaryny gowyrak bilýän!
bu goşgyda Magtymguly pyragyň goşgysy, "duz hem bolmasa"
-
Harmandali
16 years ago
- Way Garabekowul agam barsynyzmy! Gowy yazypsynyz sheydip onurajikden gelmelida bolmasa men yekeje ozum galdyma sonky gunler :( Hich biriniz gorunenizogam :(
"ärsary" kimmişineý
Arsary turkmen bir yerine bellap goy shuny!!
häzirki prezidentem öz adamymyz.
Ey allam bizi oz penanda goraweri!
oňa m. gapurow diýýärdiler.
Koplerin aytmagyna gora gapurow erbet adam bolmandyr. Kop gowy zatlar edipdir.
diýmek ol döwürlerde beýle tireler bolmandyr!
Magtymguly esasan oz towereklerindaki tireleri goz onune tutup yazypdyr ol goshgysynda! Siz weli ol yazmandyr diymek beyle tire yok diyen yaly edyaniz!
-
Harmandali
16 years ago
bärde gynanan zadym bolsa, milliýetçiň goýberen säwligi.
Ata aga siz ona ozunizche sawlik diyip bilersiniz men uchina ol samsyklyk. Ol ozunden bashga adamlary asgermezchilik edyan hich bashga adamlaryn pikirini sylanok ol. Shu forumda hich kime shol sozi diyemokdym belki diyer yaly adamam bolan daldir yone shu shona tuys mynasyp. 1 yazgy 2 yazgy ok yone bu her bir yazgysynda shol beyleki adamlary kicheldip yor. Ona dushundiresin gelya weli ol pahyrjyk adam dilinem bilenok eken.
ýene bir gezek ötünç soraýan!
Bir ak kagyz alda galam bilen chyzyp gor, yzyndanam pozguch bilen pozjak bol hany shol kagyz onki durkuna gelyamika?! Diyjek sozuni pikirlenip diy. gahar dine sende barmy?! Her bir islan zadyny diymeli diyilen zat yok. Bar emosiyany gelip bu saytda dokmeli diyilen zat yok. Gundeligin dal sana bu sayt! Shu wagda chenli her bir yazgyn bilen bar adamlaryn kellesini agyrdyp chykdyn. Ozun bir oturda oz yazan zatlaryny okap chyk hey bir adam chagasyna gelshyamika shol!
-
CeriumOxide
16 years ago
- aý harmandäli, jigim nätdiňaý muny!
ýalňyşýan bolsam ötünç saraýan diýipdim, seň islegiň üçin ýene diýýän şony!
men ol tireler ýok diýemmok, saryk, salyr, ärsary, ata, burkaz..... sanasaň sogaby bar
emma şolaram bir wagt dörändirä, adam-atadan gelýän däldirä!!! men olaryň hiçisiniň taryhyny bilemmok, haçän dörändiklerinem bilemmok, belki magtymgulydan soň dörändirler, ýada bir tireden aýrylandyrlar diýjekdim, emma ýalňyşypdyryn öýtýän!
Magtymguly pyragynyň ol goşgysynda diňe 5 tiräni agzap geçmeginiň belki şul sebäbi bardyr!!!
Belki ol tireler şol döwürde iň agzala tirelerdir. bilýäňa taryhda türkmen tireleri gaty agzala bolupdyr, magtymguly hem ol tireleri(agzala tireleri) ýaraşdyrmak üçin ýazandyr!
-
CeriumOxide
16 years ago
- beýle kara gelmegimiň sebäbi:
ýaşy ulyrak saryklar tekeleri kän halanoklar(täze ýaşlar beýle däl). bir saryk ýaşyuludan eşidişime görä, sarykalar daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan ekeniler, we aram aram teke tiresinden talaňçylar gelip saryklary talap gitýän ekeniler.
-
mc_merw
16 years ago
- Magtymguly pyragy alym adam bolan, hatda weliý adam bolan diýýäler (özümä şoňa ynanýan, kämil adam bolmasa beýle goşgylar ýazyp bilmezdi). Beýliki şahyrlara garaňda ol has intellektual bolan, dünýä garaýşy gyň bolan. Sebäbi pyragy ýurt gezen, il gören adam. Başga ýurtlaryň ýagdaýyndan, gulçylykdan habary bolan. Şonuň üçin hem ol ilkinji bolup watançylyk, agzybirlik, garaşsyzlyk mowzuklarynda ýazan şahyr.
Kä bir taryhçylarda şeýle pikir bolan. Şol döwürler oturymly bolup ýaşaýan diňe ärsary türkmenleri eken. Olarda azda kemde öz hany, serhedi bar eken. Pyragy hem "bir döwlete gullyk edeliň" diýende şony göz öňünde tutan bolup biler diýýäler. "Sebäbi birlik boljak wagtyň närazylyklar, eýle-beýle bolup agzalalyk döräp biler gowysy öňden hany bolan bir ýere baglanalyň" diýen pikir bolandyr.
Esasy ýeri goşgy bilen şol pikir uçgunynyň döremesi.
-
CeriumOxide
16 years ago
- ärsary.
Ärsarylar, Türkmenistanda, Owganystanda, Özbegistanda we Täjigistanda ýaşaýan uly türkmen taýpalarynyñ biridir. Bu taýpa, Ärsary diýen taýpabaşynyñ ady dakylypdyr, ol, 1335-nji yýlda Horasanyñ hany tarapyndan wagşylyk bilen öldürilýär. onuñ hakyky ady Gulmämed (Gulmuhammed) bolmaly. Şu taryhy şahs (Ärsary), XIII. asyryñ birinji ýarymynda Mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilen türkmenleriñ galan-gaçanlaryny daşyna yýgnaýar we olara Ärsarynyñ ili diýen at dakylýar.
Seýitnazar seýdiň "Görülsin imdi" goşgysyndan setirler.
Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçe bilmez derýadan bäri,
Her ýigidiň söweş bolsa hünäri,
Öňümize salyp sürülsin imdi!
Ýagy bolsa salyr, sarygu-teke,
Biz munda il bolmak ogşamaz ýeke,
Beýle oturynça pel çeke-çeke,
Bir gylyja kuwwat berilsin imdi!
Mämmetweli Keminäň "ärsyrnyň gyzy" atly goşgysy
ýarym diýip ýola çyksam
ýollar Ärsarynyñ gyzy,
Jeren gözläp çöle çyksam
Çöller Ärsarynyñ gyzy.
ýerde ýatmaz ýazyñ güli
Saýrayýr bagyñ bilbili,
Men islemen özge güli
Güller Ärsarynyñ gyzy.
Kemine bir dessan ýazar
Kimler dadar, kimler doýar,
ýüregimde daglar goýar
Çöller Ärsarynyñ gyzy.
-
guych
16 years ago
Kim magtymgulyň golýazmasyny gördü ? Hemme goşgylary dilden eşidilip ýazylan, döwre görä sözler bilen çalşylyp taýynlanan.
Edil el yazmasina gormedim weli hemmesi dilden eshidilena dal. Shol goshgylaryn aglabasyny dayim (Abdyrahman Mülkomanov) tayinladi. Arapcha harplar bilen hazilan şeklinde de orginal tapilan goshgylarynyn chapy bar.
Dilden eshitmelerem bardyr weli hemmesi dal.
-
guych
16 years ago
häzirki prezidentem öz adamymyz. muňa-da allajana ýüzde-müň şükür
Sen yalak nache kishi pikir etyarka ?
-
Mahmal
16 years ago
- men ayirimcilik edemok arsarylar yene gaty gorman men su gune cenli garabekewulden anary yagny arsarylary gaty gururli ozune gownu yetyan gordum kopusuni turkmenin gechmisini dine arsarylar alyp chikan daldira???
yalnish dusunman kabul edin gaty ozune gownu yetyanlerin pikirimika diyyan mena???
-
garabekewul
16 years ago
- mahmal--- bagyshlan yazan yazgynyza dushinmedim,(men bir oba oglany ahyryn) ginishlirak yazaysan
-
cendrillon
16 years ago
- barde anti-arsary propaganda edyanizmay?
mahmal,ozune govni yetyan arsarylary gordum diyyan,shol ozune govni yetyana turkmende yetik,islan tirande bar,hemmesini bir chukura gömme.
P.S.halachly oglanlar "prikol tutjak" bolandyrlar,magtymgulynyn sheyle meshhur goshgusyny bilman,olaryn gepine ynanyan bolsan ozunden gor;
-
ata
16 years ago
- ýok-la, ärsarylaryňam bir antipropogandasyny edip bolarmy, giňiş bolsana, uýam!
1-2 agza ýalňyşyp ýazypdyr, onam ulaltmalyň-la?!
göwnüm ýetýär meň-ä ärsarylara umuman.
Hemme tirelerem şeýledir
asyl-a tireleri ýatlamaly däl şu ýerde
hemmämiz tm raýaty, has takygy, ynsan dälmi näme?! Boldy-da şol!
-
ata
16 years ago
- Harmandäli, jigim, men-ä seniň ýazanyňy goldamok! Gelişmedi saňa!
Bärde öz säwligini kabul edip, düzeljek bolýan agza bar, sen bolsa oňa bu babatda goldaw berjegiňe, oda benzin guýan ýaly beter öjükdirjek bolýarsyň pikirimçe. Nämä gerek şeýtmek?! Näme gazanýarsyň şeýtmek bn?!
Duşman, dost däl! Dost gazanmak has amatly dälmi eýsem!? Belki, meň we şonuň ýaly ynsanlaryň dostlugyna mätäç dälsiňdir, bilýän! Ýöne şu ýerde düzeljek bolýan bize goldaw ber-dä! Düzelmegimize kömek et, beter bolmagymyza sebäp bolma-da, jigim!
Maňa dogyr düşünensiňdir diýip umyt we dileg edýärin, jigim!
-
CeriumOxide
16 years ago
- maňa gönelen oklar zerarly, ärsary tiresi hakynnda maglumatlar gözledim, we epesli zat tapdym. mundan öňki ýazan jogabymdan okap bilersiňiz. we birinji ýazan jogabymdaky pikirlerimiň ýalňyşdygynä göz ýetirdim, şol sebäpli ähli agzalardan ýene bir gezek ötünç soraýan!!!
haçan dörände näme, barybir türkmen dälmi, boldyda. beýdip ulaltmak gerek däl!
Myrat aga! belki seň aýtýanyň dogrydyr, ärsary bilen birleşeliň diýen maksat bilen aýdan bolmagy mümkin, ýöne ýokaryda ýazylany ýalygulluk etsek bir ärsara brymyz
diýmejeginä doly gözüm ýetýär. Beý diýse agzybirlik dälde agzalalyga çagyran ýaly bolardy!!!
-
Maxat
16 years ago
- şu gürrüni dowam etmegin hajaty barmy, belki geregem dal welin, yöne menem öz pikirimi yazayayyn
Beý diýse agzybirlik dälde agzalalyga çagyran ýaly bolardy!!!
bir döwlet boljak bolsan, haysy bolsa-da bir hany, bir tiran hanyny serdar edip saylamaly bolya, demokratik saylaw geçirip bolmajaga belli, Magtymgulam sylanyan şahyr hökmünde şeyle teklip öne sürüp biler, beyle bolmanam biler yöne beyle bolayanda-da munyn bilen öwünip bolasy yok(gurur meselesi yapılamaz), esasy zat halkyn bahbidi
ceriumOxide
-
Maxat
16 years ago
- originaly halaçly ildeşlerimizin ya-da bizin önki bilşimiz yaly bolsa-da indi kan ahmiyeti yok, bolmasa indi tireleram aradan çykaryp şeyle edip kabul edayelin
Türkmenler baglasa, bir yere bili,
Gurudar Gulzumy, deryayy Nili,
Ahal, Balkan, Daşowuz, Lebap, Mary,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!
-
Harmandali
16 years ago
- Serdar aga men size hich zat diyemoga otunch sorar yaly!
turkmenin gechmisini dine arsarylar alyp chikan daldira???
Beyle diyyan adam yoga tazeje agza! Her milletin, tiran ichinde-de bara her hili adam! Ozune gowni yetmeyan adam barmyka?! Ozune gownun yetmek erbet zat dala!
Harmandäli, jigim, men-ä seniň ýazanyňy goldamok! Gelişmedi saňa!
Onem kop zat diyyadi yzyndanam otunch sorayady! Mena hich gezegem uytgeshik zat diyemokdym ona. Shu gezek diydim indikisine berk bolsun diyyip. Bu diyeniminem mena gelshiksiz yerini tapmadym. Normalniy yazsyn adamlaryn gownune degman iki ellap goldayyn! Meni tanayan bolsanyz otunch sorayan adamlara nahili goldaw beryandigimi ozunizem bilyansiniz yone bu yagday o yagday dal.
-
ata
16 years ago
- elbetde, akylly adam bir gezek aldanar diýlişi ýaly, senem şeýle etmek isleýärsiň!
Ýöne beýleki tarapdan, "Biribar razylygy üçin, ýalňyşyna düşünip, ötünç soraýan birine ýene bir şans bermek" maňa amatly görünýär. Başga bir zat, meň bn seň pikirlerimiz bu babatda deň gelmän biler, ýöne has amatly bolaýjak ýaly görnensoň şeýle diýipdim, ýene-de diýmäge dowam etjek. Agzybirlik we agzalalyk mowzugyna serediň, şol ýerde-de şol maslahat berilýär, asyl, men däl-de, beýik şahsyýetleriň, aýatdyr hadyslaryň ündewleri olar, men türkmençeleşdiräýdim.
Harmandäli, jigim, seniň hemişe-de salyhatly ýazýanyňy, edip bilseň, ynsanlara kömek edýäniňi, muny birnäçe gezek çagalar bagyna, garrylar öýüne gidip, olara maddy we ruhy goldaw we göwünlik bereniň aýdyň subut edýär. Bu babatda sizleri özümden-ä has üstün görýärin!
Ynha, şu zatlary edýän, meň diýýän zatlarymy hem edip biler diýip pikirlenýän.
aý, uzadyp oturmaýyn-la, şol samrap gider oturaryn. Barybir, näme diýjek bolýanyma düşünensiňdir!
salam we dileg bn,
agaň!
-
milliyetçi
16 years ago
bagyşla, milleýetçi!
Beýiklik kabul edýän men-ä şol ündewimi we seň ony kabul edip, amal edeniňi, eger Allah bar!
Minnetdar, jigim!
ata | 2008-07-15 20:18:18
ata aga, maňa "bagyşla" diýip, özüňizi kiçeltmäň! ýönekeý zat üçin ötünç soramak ýerliksiz diýip, hasap edýärin. aslynda men ötünç soramaly. menem ýokarda sorapdym. şoň üçin arkaýyn.
-
milliyetçi
16 years ago
Onem kop zat diyyadi yzyndanam otunch sorayady! Mena hich gezegem uytgeshik zat diyemokdym ona. Shu gezek diydim indikisine berk bolsun diyyip. Bu diyeniminem mena gelshiksiz yerini tapmadym.
Harmandali | 2008-07-16 21:58:46
harmandäli menden ötünç sorasa welin, gaty begenerdim. "ýuwarmykam" diýýän. ýuwaýsam, hemmäňizi çagyraryn, ýigitler. sorasaňyz, adresimem bererin.
-
el_mariachi
16 years ago
- bu mowzuga okdan monjuk gözlemek bolupdyr...
gereksiz yarany dörjelemek yaly...
-
mylayym
16 years ago
harmandäli menden ötünç sorasa welin, gaty begenerdim. "ýuwarmykam" diýýän.
ay onda omur yuwulman gecilaymese, Harmandali otunc soramayar:)
-
pida
13 years ago
- ey vank alili diyen zatyok ol yerde!,arsary bolmaly!
bashga milletler oz taryhyny ovrenip arsha chykaryarlar.bizin aranyzdaky bizin aramyzdaky tupoylar puja chykaryarlar.
al-ili diyip bashga goshgusynda bolmaly.
Millet paraz bir topar.
ey yokardakylar yazman ozlerinizi pazor edip,ineda beyle zatlary!!!!!!!!!!!!!!!
-
Aristokrat
13 years ago
- Pida $ol go$guda alili diýip ýazylan ärsary däl
-
idealman92
13 years ago
- Türkmen ýañy birleshdi,dagatjak bolmañ!
shahyr 16 years ago- Türkmenler baglasa, bir yere bili,
Gurudar Gulzumy, deryayy Nili,
Teke, yomut, göklen, yazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!