Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu gije juma gününe baglaýan gije bolanlygy mynasybetli, Regaib Kandilidir. Bu kandil, dinimizde "Mübärek üç aýlar" hökmünde bilinen Rejep aýy bilen başlap, Şaban aýy bilen dowam eden, rehmeti, feýzi we bereketi bol bolan Remazan aýy bilen gutarýan hözir we ruhy möwsimine girýänligimiziň hem habarçysydyr. Regaib kandili barada has giňişleýin türkmençe maglumaty hiç kim goýmasa, bugün-erte, enşallah, özüm goýmakçy! Häzir bolsa, bir-birimizi bu babatda gutlap bileris! Ilkinji gutlag we dileg menden: Hemmäňizi mübärek üç aýlar we Regaib kandili mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaýaryn! Beýik Biribardan eden ybadatdyr dilegleriňiziň esseleri bn kabul etmegini, bar bolsa günäleriňizi doly bagyşlamagyny, köp mukdarda ragibeler(regaib-sowgat) eçilmegini dilemek bn! Bir-birimiz üçin hususy dileg etmegiňizi hem haýyş etmek bn!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir