Öňki talyplarda-da açypdym “islegler” bölüminde ýene-de açaýyn. Öňki döwürleri gözüm bilen göresim gelýä, köwagtlar şol döwüre düşüp daşlaryndan synlap hemme zady bilesim gelýä. 1. Öňki döwürlerden haýsy döwürde ýaşamak isleýäňiz (öňki ýaly dinozawrlary ýatlaýmaň!) 2. Haýsy şahsy görmek isleýäňiz?! 3. Haýsy ýagdaýy görmek isleýäňiz?! Özüň jogaplaýyn: 1. Hiç birinde-de ýaşasym gelenok. Sebäbi hemmesinem adalatsyz gorkunç hasap edýän. 2. Magtymguly atamyzy, Kleopatrany, K.Gurbannepesowy (gürleşip göresim gelýä oň bilen), 3. Titanik gark bolandaky ýagdaýy, Gökdepe urşuny, Magtymgulyň ýaşan döwrüni goresim gelya. Şu döwür: 1. Haýsy şahsy görmek isleýäňiz? 1. Men entek pikirleneyin :)

Köneler, Harmandali tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir