Salam. 
Öňünden aýdýan mowzuga hapa, paýyş söz goýsaňyz okamaň. Diňeje pikiriňizi ýazyň.
Meniň bugünki gozgaljak meselemä köpüňiz oňlamarsyňyz diýip pikir edýan. Garaz bu günki mowzugymyň näme hakda boljagy maňa hem näbelli.


Gepiň gysgasy meniň şu döwürdäki köp oglan gyzlarymyza gaty gaharym gelýär. Sebäbi internetde söýüşýärler biderek wagtyny gidirip. Çünki, Internetdäki söýgi çyn söýgi däl how ynanyň sözüme. Meniň maslahatym siziň hemmäňiz hem öz bagtyňyzy Real durmuşdan gözläň. Gözüňizi ulurak açyň, durmuş size türk seriallaryndaky ýaly zat däl, ýalan ol zatlar. Men söýüşmäň diýjek bolamok, elbetde söýüşiň. Söýgi bu iki ynsanyň arasyndaky pynhan gatnaşyk bolmaly. Muny ile güne duýdurmak hökmän däl. Men hem birwagtlar şeýle bolupdym. Ýöne gaty ökünýän şol bolşuma. Indi häzirki ýaşlara maslahatym diňe okaň, okaň, okaň. Serediň how adamlar kosmosa çykdy, a biz nämeler edip ýörüs? Nobeli siz alyň, Oskary siz alyň. Şol baýraklary alan adamlar hem biz ýaly adamlar.


Ýene-de bir zada gynanýan bir bende ogluny ýada gyzyny uly umytlar bilen ösdürüp ýetişdirýär welin bu akylsyz hem bir akylly bilen söýüşýär welin aradan 2-3 aý geçip akylsyzy taşlap gidýär. Soň bu akylsyz hem akyllynyň taşlap gideni üçin özüniň janyna kast etmek ýada uksus içmegiň ugruna çykýar.
Indi a howw bu akylsyzy ene-atasy ne bir umytlar bilen ösdürüp ýetişdirýär bu bolsa....
Soň ýene söýgi üçin öleseňiz gelse, ilki bilen söýgi üçin ýaşamany öwreniň.


Wagtyňyzy biderek zatlara gidirmäň. Meniň pikirim eje-kakaňyzyň saýlan gyzyna ýada oglanyna durmuşa çykyň. Çünki ene ata ýalňyşmaz. 
Galan meseleleri hem beýleki temalarda gozgaryn!

Taýýarlan - Perhat Sabirovv
Halan bolsaňyz 👍 bilen goldap durmagyňyzy soraýaryn. Halamasaňyz 👎 

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir