Salam Hormatly agzalar, bu gün men size Türkmen Forum saýtlary barada mowzuk ýazmagy makul bildim. Mowzukda iň meşhur Türkmen Forum saýtlarynyň 10-sy hakynda durup geçeris.

1-nji orun: Talyplar.com
- Saýta reýtinkde 1-nji orun bermegimiň esasy sebäbi saýtyň esasy ugury Blog bolmak bilen başga hiç hili goşmaça funksiýalarynyň bolmazlygy we şol sanda hem saýt 2007-den bäri öz işine dyngysyz dowam edip gelýär.

2-nji orun: tm.dsm
- Megerem köp agzalar bu saýty bilýänem däldir, ýöne saýt DSM tarapyndan Türkmenistanly Programmistleriň we Web-masterleriniň ýygnanýan iň uly we iň goragly Forum portaly bolup durýar.

3-nji orun: alem.su
- Adminiň aýtmagyna görä saýt geçen ýyl awgust aýynda esaslandyrylypdyr, ýöne meniň özüm ol saýt barada geçen ýyl dekabr aýynda eşitdim. Saýtyň esasy ünsümi çeken tarapy köp ugurlylygy we diňe forum däl-de surat, aýdym, wideo, apk we beýleki faýllary paýlaşmak mümkinçiliginiň bolmagydyr, şol sanda hem saýtyň içinde güýmener ýaly gyzykly zatlar gaty kän.

4-nji orun: akdepe.ru
- Bu saýt gaty gyzyklydy we forum-dan daşary özüniň faýllar arhiwi bilen meşhurdy, gynansakda saýt köp wagtdan bäri elýeter däl. Admini saýty taşlan bolmana çemeli...

5-nji orun: kitapchy.com
- Bloglar, eserler, goşgular, makalalar boýunça iň uly maglumatly saýtlaryň biri bolsa gerek. Şol sanda hem saýtyň adminleri saýtda goýulýan maglumatlaryň hiline gowy gözegçilik edýärler.

6-njy orun: galamdash.com
- edil kitapçy ýaly Makaladyr eserlere baý saýtlaryň biri, saýty kitapçydan pes saýmagymyň esasy sebäbi, saýt gaty haýal işleýär.

Dowamyny teswirde ýazjak...

Sorag-jogap, Darksoft tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir