Dünýäniň müň derdi bar,
Ejemiň bir derdi bar.
Derdi meni öýerjek,
Şol bahana toý berjek.
Boýum bolanmyş derek,
Gelinlik tapmak gerek.
"Öýlen" - diýp giç-ertir
Gaçyrýar meň mazamy.
- Wepa oglum, ulalýaň,
Bu ýörşüňe garraýaň.
"Haçan sen öýlenýäň?"
Şu sowala oýlanýan.
- Bugün Güldäne geldi.
- Howwa bilýän, näme diýdi?
- Şony alaý diýjek bolýan
- Eýýäm bar ony Söýýän.
- Onda al goňşy gyzy!
- Sözüniň ýoklaý duzy
- Duz atyp gepledersiň.
- Eje!!! Gylygyny nädersiň?
- Onda öýlen Aýgüle.
- Gülki bolaýynmy il-güne?
- Aýgüliň nämesi barmyş?
- Şäherden gezýäni barmyş.
- Göwher daýzaň gyzy bar,
- Onuň porsy ysy bar.
- At dakma, gowy bol.
- At dakamok. Porsy şol.
- Serdar daýyň Şirini?
- Ýuwanok saçyn kirini.
- Kiçisi nä, Şekeri?
- Ikisem bir ekeni.
- Başlygyň gyzy Gülýar,
- Ola maňa iki gelýär.
- Jeren gaty owadan,
- Gezmedigi ýok obadan.
- Jahana näme diýersiň,
- Ony näme edersiň?
- Sen haçan öýlenersiň
Şeýdip gyzsyz galarsyň...
Ejem sözün tamamlap,
Çykyp gitdi gaharly....

Täzelikler, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir