Tyr-tyr pih-pah degişmeler 1

1 Gyzy:
- waý kaka ylga ejem ýüregi agyryp dem alyp bilmän ýatyr...
Kakasy:
- bol çalt 03-e jaň et...
Gyzy:
- dur birinji lentama ýazaýyn...
                         ***
2 Sögüşenimiz sebäpli 5 gün bäri aýalym bilen gürleşmän ýördüm. Şugün irden öýden çykmakam sms ýazýar: "Haýwan ýaraşmak üçin ýazýandyr öýdäýme, daşary sowuk, ýylyrak geýin!"
                          ***
3 Oglanlary urşdyrmak gaty yeňil bu dowur ! Uysup otyrkalar oglanlar Real guyclimika ya Barca diyyan yetik ! Yada Ronaldomyka ya Messi diyyan yetik !
                      ***
4 Talyplaryn kwartirasyna giren ogrynyn nebsi agyryp,,, Olara : 2 kg sogan 2 kg kartoska 2 kg pomidor goyup cykya.
                       ***
5 Birinin gujigi:
- moo moo, meee meee, miaaawww..
Diyip aylanyp yormish, eyesinden sorapdyrlar:
- agam gujiginiz name beydip yor..??
Eyesi:
- dashary yurtda okap gelen, 3 dil bilya..:))
                     ***
6 Kicijik sycan ejesi bilen gurleshyar, eje bu dunya gaty genay:
Biz pishiklerden gorkyas,
Pishikler gujiklerden,
Gujikler oglanlardan,
Oglanlar gyzlardan,
Gyzlaram bizden gorkya..:))

                       ***

7 Egerde 30-40 sany gyz şol bir tarapa seredýän bolsa ýa skidka bardyr ýa-da men geçip barýandyryn
                            ***
8 Men akyllyja, oyunde oturan, yaka edyan, sacy uzyn, telefon ullanmayan, yalykly gyza oylenjek diyyan oglan 50 yaşady el carpalyn!
                       ***
9 Bir ýa$uly telewizor görüp otyr. Telewizorda 5 minut kino berse 10minut reklama berýä diýýä, garaz iciñi ýakýar. Ýañky ýashulam sheýle diýýämish: bä bu orslaram betaý, reklamañ arasyndada kino berip ýeti$ýäler.

                        ***

10 Iki ýashuly caý icip gürleship otyr. Bir ýashuly:
- bä bu Belladin Amerikany basyp aljagow-diyýämish.
Beýleki ýashulam caýdan azajyk owurtlan bolup:
-bäh ondan Wan Dammyñ dagyn habary ýokmyka-diýyämish
                        ***
11 Adamlar samolýotly barýarka ýanyndaky oturan adam tualede gidýär. Bulam onuñ ýerinde oturýar. Tualede gidenem yzyna gelip Guwanja:
-bu ýer meniñki haýysh etýän turuñ-diýende Guwanch:
-men siz düshensiñiz öýtdüm-diýýä.
        
                       ***
13 Doktor howlukmaclyk bn hassasyna jañ edýär:
-saña ýaman we beter ýaman habarym bar. Haýsyny aýdaýyn?
-ýamany aýt göreli.
-barlagdan geceñizden soñ gördik welin 24 sagat ömrüñiz galypdyr.
-ey, mundan bashga näme ýaman habar bolsun?
-men size düýnden bäri habar berjek bolup ýörin ýöne shu wagt tapdym.
                     ***
14 Sapaga gijä galmagam aýratyn bir dert. Giç gelýäñ welin göýä birini pyçaklan ýaly ýüzüñe seretýäler blýat.
                      ***
15 Bir adam bir gün doktora gelip derdini aýdýar:
- doktor, barmagymy kelläme bassam kelläm agyrýar, aýagyma bassam aýagym agyrýar, arkama bassam arkam agyrýar, ýüregime bassam ýüregim agyrýar- diýende doktor gowy barlagdan gecirýär welin netije: ol adamyñ barmagy agyrýar.
                       ***
16 Iki gyz meñze$ e$ik geýýär: waý ol menden görüpdir,ogry.
Iki oglan meñze$ e$ik geýýär: ooo biz bratlaý dost.
                        ***
17 Öñki döwürde bir öýde 7 sany adam neşe cekip otyr diýýä.
Biri:
-öýe milise gelýär.
Ýene biri:
- derrew ýygnañ bu zatlary calt boluñ- diýýä. Añyrdan milise gelip:
-salawmaleýkim.
Ýañkylañ biri oñ salamynam alman gürläp bashlaýar:
-inim biz ýöne otyrys bärde hic wagt neşe diýilýän zat edilmändi indem edilmez.
Milise: dogrudyr welin agam agzyñdaky mü$dügiñi bir aýyrsana.
***
18 Rus, türk we türkmen synaga giryarler. synag şerti: sana pişik berjeklermişin we senem şol pişige köp çaga dogyrtmaly.
onam rus giryar otaga, 1-2 sagatdan 3 sany çaga pişik bilen çykyar..
türk giryar otaga, 4-5 sagatdan sonra, elinde 8 sany çaga pişik bilen çykyar..
gezek türkmene gelyar. türkmen giryar otaga. 2 sagat geçyar çykanok, 5 sagat çykanok, ahyrynda 7 sagat son yanynda mürrüjek, horja, yarawsyz yekeje pişik bilen çykyar. türkmen gaharly, gazaply:
- hay, nejisler!! mana erkek pişik beripdirler-a how!!!!
                      ***
19 Omrunde teatr gormedik biri spektal gormage teatra barypdyr. Bilet almakcy bolup kassa barypdyr. Kassir "Zohre-Tahyra" bilet bermelimi diyse:
-Yok ozume-diyyamish.
                     ***
20 breyk-dans boyunça ýaryshda birinji ýere podwalda ýangyn  dörändigini duýdurjak bolýan lal garagul eýe boldy..
                      ***
21 -wahh..birwagtlar men ýash hem owadandym..
-a häzir näme?
-häzir diñe owadan...
                       ***
22 bir oglany jadygöý aýal jadylap..ýylda iñe 1 söz aýdyp biler ýaly edipdir..bu oglanam bir gyzy söýüpdir..indi söygüsini duýdurjak bolup 7 ýyl hiç zat gürlemän 7 söz jemläp gyzyñ ýanyna barypdyrda:
-Men seni söýýän..sen maña durmusha çyksana..? -diýipdir welin..ol gyz gulagyndan naushnigini aýyryp:-NÄME..?...
***
23 Ony elime tutdurdy, ilki sygmajak boldy. Özem uludy, yokary-aşak sallap başladym. Biraz wagtdanam çogdy welin srazu agzyma saldym. Azajyk üstüme döküldi, zyÿany yoklay, süpürip aÿraryn. Yöne beter gaz'ly etyäler şu Coca-Cola'ny...

***

24 - Pişijegim!

- How towşanjygym!?

- İkimizem haywanay hä?

***

25 Gyzlar näm üçin 2 barmak görkezip dodagyny çömmeldip surata düşyändiklerini indi bildim; 2 manat oklasañ 1 sapar ogşatjak' diymek eken...

***

26 Germança: Wiedersehen!

İñlisçe: See you!

Türkmençe: Bolya onda davay, özüñe gowja seret, saglygyñ, hoş, poka davay, aha bor, giday indi dalbayob...!

***

27 Hiç bir gyza "Agzyñy yum" diymäñ. "Dodaklañ bir-birine degip duranda beter owadan görünyäñiz" diyiñ, kelläñizi işlediñ...
***
28 Öñki söygülimiñ täze söygülisine yüzlenyän; Şol gyzy terk edäymegin, soñ yene maña gelyar!

***

29 Sagat 03:15, yataÿyn diyip internedi öçürjek bolyan welin..., "Salam!"
***
30 Geyip yören mayka'larymyz haysy bet firmañky bolsa-da az wagtdan ejelerimiziñ eline pol tryapka bolup düşer. Sabyr ediñ!

***

31 Bolyandyr şeyle yagday; Bir adam bilen gürleşip durkañ añyrkyñ agzyndan kiçijek tüykülik yüzüñe düşyär we sen ony bildirmän yuwaşlyk bilen aÿyryañ...

***

32 Towşan bolmagam kynay. Howlukmaç işiñ bolmasada hemme yere ylgap gitmeli)

                       ***

33 Bir oglan howlugyp ylgap barýaka, bir gyzyň aýagyndan basyp geçýä. Birnäçe aralygy geçsede ol gyza dözmän ötünç soramaga yzyna ylgap gelýä. Gürlejek bolup agzyny açmaka, gyz:

— Bolýa-la, bar gidiber, men eýýäm seň arkaňa tüýkürdim.
***
34 Bir oglan gyza sms yazyar:

- Şalam

- Näm üçin Şalam diyip yazyañ?

- Agzymda nas bar.
***
35 Hormatly müšderi sizin hasabynyz 99999.0 manat.  hasabynyzy azaltmagyňyžy hayys edyaris

36 Daşarda gezip yörkam töweregimdäkilere "Söygülisi bar eken" diydirjek bolup 0801'den gelen şu sms'i hem ÿylgyran bolup okayan...Yekelik gaty kyn

***
37 Söygülim, sen meni terk edip gidensoñ öyde hiçzadyñ duzy tagamy galmady. Çynyñ ayt, nirde goyduñ duz'lary...?
***
38 Gözleriñi yum balam.

Yumdum!

Näme göryäñ?

Garañkylyk.

Ine, meniñ durmuşym sensiz şunyaly garañky. İndi açay gözleriñi.

Way, açdym welin yene garañky?

Svet'lary öçürdim haywan!
***
39 Bagtly bolmak üçin; söygi, biraz erkinlik, saglyk, biraz şadyÿanlyk, azajyk burç, duz, 2 düyp sogan, 1 petruşka,, entägem okayañmy? Sirke hem goy onda azajyk..
***
40 Wah söygülim, gülüşiñi bu dünyäde hiç bir zada çalşyp bilmezdim, emma güleñde dişiñe yelmeşen ot'y göryänçäm hemme zat gowydy...
***
41 Näçe kurslara gatnasañ gatna, iñlis dilini hemmesinden gowy bilyän diyseñem "30 years" sözüni edil şuwagtky yaly içiñden "Otuz yiers" diyip okarsyñ
***
42 Yeketägim, maña erteki aydyp beräydä!

Biz hiç ayrylmarys ezizim!
***
43 Hytayda iñ köp aydylyan söz: Bagyşla dost, başga birine meñzetdim!
***
44 Yatyrkak televizoryñ pulty beyleräkde duran bolsa almana yaltanyarys emma daşarda oglanlañ urşup duran sesi eşdiläyse penjiräñ yanyna ylgayşymyz Huseyin Bolt'yñkydan güyçli...
***
45 Telefonumyñ zaryady 1% bolup durka zaryada goymana ylgap baryarkam reanimasiya hassasyny yetişdirjek bolyan doktor yaly duyyan özümi...
***
46 Çörekçi "Seret jigim, saña täzeje gyzgyn çörek beryärin" diyende "Peydasy yok agam, öye barsam ejem yene öñki çörekleri iydirer" diydim. Gujaklaşyp aglaşdyk...
***
47 Kafeda otyrys:

- Söygülim, gerek zadyñy ayt ofisianta

- Mmm, maña içi süytli, karamelli, extra buzly, şokolad bölejikli, frappuccino latte gerek, saña näme gerek Medet?

- Gitjek!
***
48 Gyzlar! Bir oglanyñ dyzyñyza çökmegini isleyäñizmi? Isleyän bolsañyz iki ayagynyñ arasyna gatyrak depiń, awtomatiçeski özi çöker!
***
49 Gyzlar 3 zada "Yok" diymez; Köwüş, sumka, eşik, şokolad, gül, makiyaž esbaplary, pul, duhi... Yok blyat, 3 däl eken!
***
50 Eje, men Mars'a baryan!

Üstüñe galyñrak birzatlar gey, o yerler sowukdyr, tizräk gel, gijä galayma
***
Awtor: Halk arasyndan.
Toplan: Arslan Alaýew.
Paýlaşan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir