Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji,
Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy.
Ajysyz süýjy ýok, tikensiz gül ýok,
Gül yşgynda saýramadyk bilbil ýok.
Aman Kekilow

Söýgi hemmeleriň başyna irde-giçde gelip geçýän duýgudyr.  Söýgi duýgusynyň her adamda dürli bolup geçişi ýaly, onuň häsiýeti hem dürli-dürlüdir. Watana, ata-enä, aýaldogana, ýanýoldaşa bolan söýgüdäki duýgular birmeňzeş däldir.  Ynsany dälilik hetdine ýetirýän bu näzik duýgy nämekän!?  Elbetde, oňa bir söz bilen jogap bermek mümkin däl.  Bu beýik duýgy barada eser ýazmadyk ýazyjy-şahyr ýok  diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa beýik şahyr  Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly, ahlagyň çägindäki asylly söýgini beýan etmäge  çuňňur aralaşyp bilen bolmandyr. Söýginiň lezzetini,  jebir‑jepasyny ussatlyk bilen açyp görkezmegi başaran  şahyr «Bu derdi» diýen goşgusyny halk arasynda bar bolan  rowaýatlar esasynda ýazypdyr diýen çaklama bar.  Söýgi barada halk arasynda dürli rowaýatlar döräpdir.  Şol rowaýatlaryň birinde Ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlarynyň  üstüne göze görünmeýän bir dert inýär. Bu  dert örän ýakymly hem şeýle lezzetli duýgy bolsa-da, onuň  ýüküni hiç bir janly-jandar öz üstüne alyp bilmändir. Olar bu ýüki çekerden ejiz gelipdirler. Dagam, daşam, asmanam,  deňiz‑derýa-da çekip bilmändir, hatda asmanam bu ýüki  göterip bilmändir. Ol derde uçran her bir janly-jandarlar  janyna jaý tapman, bagyryp çöle çykýarlar. Bu ýüki hatda Ýerem göterip bilmän, lerzan bolupdyr.

Keşt eýleýip gezdim yşkyň dagynda,
Ne beladyr kimse çeker bu derdi.
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

Iň soňunda tebigatyň iň merdana ynsany bu derdi öz  üstüne alýar. Muny beýik şahyr şeýle jemleýär:  Gaçdy derýa adam almyş boýnuna, Dört müň ýyllap çekip gelmiş bu derdi.  Türkmen halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri  bolan «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr»,  «Gül-Bilbil», «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra» ýaly  dessanlarda  arassa, päk söýginiň belent ahlak nusgalarybeýan  edilipdir. Bu dessanlaryň hemmesinde diýen ýaly baş  gahrymanlaryň  – aşyk-magşuklaryň biri-birine gowuşmak  üçin çeken jebir-jepalary netijesinde maksat-myratlaryna  ýetýärler  ýa-da şol ýolda özlerini pida edýärler.

Dessanlardaky  beýan edilýän pajygalar ýa-da aşyk-magşuklaryň  çekýän jebir-jepalary okyjyda yşk ýolunyň howp-hatary,  hesreti barada çynlakaý oýlanmak, bu ýola düşeňsoň, öz  söýgiň ugrunda ýan bermän göreşmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.  Söýginiň nämedigini öwrenmek üçin käbir filosoflar,  lukmanlar bütin ömürlerini sarp edipdirler. Şeýle-de bolsa  şu wagta çenli onuň doly kesgitlemesi tapylanok. Ýöne welin, bir zat hemmelere aýan, ýagny juwanlaryň biri-birlerini  sulhlary almagy söýginiň başlangyjy hasaplamak bolar.  Sulhlaryň alşyp bilmeýän ýerinde söýgi ody alawlap bilmez.  Şahyryň «Perizat hatyny pis görner, bir sylhy almaýan  ýigide» diýmegi söýginiň döremegi üçin, ilkinji şertleriň  biriniň iki tarapyň-da häsiýetleriniň kybapdaş gelmegi bolup  durýandygyny aňladýar.  Söýgi her kimde bir hili döreýär. Birinde ir ýüze çykýar, birinde giç. Ony her adam özüçe kabul edýär. Käbir adam  onuň hupbatyny saýhally, durnukly halda başdan geçirýär,  käbir adamy dälilik derejesine ýetirýär.

Söýgi  diýen düşünjä käbir ýaşlar dogry düşünmeýärlar. Seýil  baglarda,  köçelerde öz duýgusyna buýrup bilmän, dälilik  derejesine ýeten ýaşlaryň hiç kimden utanman, wejera bolup  oturyşlary ötegçilerde ýakymsyz duýgy döredýär. Şahyr  K. Gurbannepesow  bu «söýgini» teýeneli ýazgarýar, tankyt  astyna alýar:

Söýgi hem modadan gaçýar diýýärmiň?
Hak aýdýaň, söýgä-de ýetipdir moda.
Kä gyz şu gün irden birini söýse,
Ertir irden düşýär başga bir oda.

Ýaşlar gazetinde okadym bir gün
Gurban diýen ýigdi söýüpdir bir gyz,
Onsoň Şamyrady, onsoň Igdiri.
Häzirem söýýärmiş gazak ýigidin,
Ertir kimi söýjek belli däl heniz.

Her bir zadyň öz edebi bolşy ýaly, söýginiň hem  öz ahlak kadalary, edebi bar. Ony ýaşlygyň ýelginine öwürmän, mukaddeslik hasaplamalydyr. Mukaddes söýginiň bezegi bolsa ilki bilen juwanlaryň utanç-haýasydyr.  Söýgi adamda bir gezek bolýar diýýärler. Ony duşuňdan  geçirseň, geleňsizlik etseň, bütin ömrüňi ahmyr bilen ýaşamagyň  mümkin.  Käbir ýaşlar öz ata-eneleri tarapyndan çala garşylyk görseler, gaçyp durmuş gurýarlar. Elbetde, bu gaçyp barmak, gyz alyp gaçmak ata-baba dowam edip gelýän  däpleriň biri hökmünde görülýän hem bolsa il içinde ýazgarylýandyr. Bu däp türkmen edebiýatynda hem öz beýanyny  tapypdyr. B. Seýtäkowyň «Doganlar», H. Derýaýewiň«Ykbal», B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» ýaly romanlarynda  gyzlaryň ýigitler bilen şowly ýa-da şowsuz gaçmaklary  bu däbiň gadymy türkmen durmuşyna häsiýetli bolandygyna  şaýatlyk edýär.

 Elbetde, bu däp gadymdan bäri bar hem bolsa, ol halk köpçüligi tarapyndan doly oňlanylmandyr. Aýratyn-da, gaçyp giden gyzyň hossarlaryna ýokuş degipdir. Olar gyzyň özlerini namys astynda goýmagyny bagyşlap bolmajak etmiş hasaplapdyrlar. Kähalatda ata-eneler ömürleriniň ahyryna çenli gaçyp giden gyzlary bilen gatnaşmaýarlar. Olardan bolan çagalar-da baba, mama mährine zar bolýar. Galyberse‑de, gyzyň bütin ömrüne «gaçyp gelen» diýen tagma ýaran bolup galýar.  Ata-enäniň başgalaryňky ýaly gyzlaryny deňli-derejeli durmuşa ataraslary gelýär. Olar gyzyny gelnalyjylap, şowhun, dabara bilen ugratmagy, gör, niçe ýyl bäri arzuw edip gelýärler. Gyzyň ýaşlyk ýelgini bilen eden hereketi ene‑atany bu süýji umyt-arzuwdan mahrum edýär. Şonuň üçin gyzlar‑da, oglanlar-da bu mesele barada çynlakaý oýlanmalydyrlar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir