E.A. 13-nji bölüm.

...Höre-köşe edip şol knopkany gözläp öçüreýin" diýip EA garap:
- Howwa EA. Aýdyber. Seni üns berip diňleýän.
+ Diňleseň neme. Meniň bu tenim entek barlagda, ýönekeý garalama ýaly. Ýöne adamyňky ýaly etli, ganly-damarly, nerw sistemaly, ýürekli hakyky bedeni men ýasap otyryn. Ol "7genetics" kompaniýanyň gizlin jaýynda. Ol kompaniýa "janly beden" işiniň algaritimini tapmandyr. Men tapdym. Diňeje D.N.K.(DEENKA. adamyň düzümi) gerek. Ýagny kopýalamak üçin, saç-gyl, dyrnak, tüýkilik, gan gerek. Onsaň men şol kopýalan adamym bolaryn. Meni ursaň agyry duýaryn, kesseň ganaryn, bogsaň demim gelmez. Onsaň, seň söýgüliň...- diýdide EA meýlisiň reaksiýasyna(hereketi, özüni alyp baryşy) üns berdi. Meýlis:
- Näme meň söýgülim!?
+ Seň söýgüliň "Altyn" magazynda gyzyl satyjy bolup işleýän eken. Mennnn... Men ony yzarlap, telefonyna howply kesel barada habarlar ugradyp, söýgüliňde howsala döretdim, hem oňa ýalňyş derman salgy berdim. Netijede ol meň salgy beren dermanymy-atdy we üsgürmäge başlady. Soňra söýgüliň başlygyna özüm jaň edip "Satyjy gyzyňyzda kesel bar diýip hasap edýäris. Şol gyzy analiz tabşyrmaga ugradyň." diýip aýtdym. Söýgüliň "Analiz-merkeze" gelip ähli analizlerini tabşyranynda, men ol analizlary aldym. Inni şol analizlerden men öz bedenimi ýasaryn...
- EA. Bu edýäniň bolanok! Munyn seň dälilik. Sen... Sen... Ýok. Beýle bolup bilmez...
+ Nämçün sen meni goldaňok!? Ine 1 hepdeden meniň bedenim taýyn bolar. Men kopýa seň söýgüliňe meňzärin. Ýer-şaryndan gözläp-gözläp men senden gowy oglany tapmadym.- diýip EA az kem dymdy. Soňra:
-Sen hem şol gyza ýetip bilmediň ahyry Meniň saňa duýgym bar. Täze bedenime aň-düşünjämi ýerleşdireniňden soň, biz bile bolars. Men senden, göwrämde çaga sintezirleşdirerin(ýasaryn, gurnaryn, dörederin). Biz bagtly bolars...
- Beset!!! - diýip Meýlis gygyrdy. EA lap-dymdy. Meýlis gaharly barmaklaryny EA somlap:
- Sen maşyn, robot! Men nädip seni... Sen nämeler diýýäň? Men adam. Sen demir bolup nädip "Söýgä" düşünýäň!? Beýle bolmaz...- diýip sözüni soňlamanka EA hem gaty sesli:
- Eger men adam bolmasam, sen meni bolişumy nädip düşündirjek. Robotlara, maşynlara buýruk-kod-programma berilýär, olar buýrugy kody ýerine ýetirýärler. Maňa buýruk beripgör, men seň aýdanlaryňy inni ýerine ýetirermikäm. Maşyn, demir bolsam, sen bilen bile bolmak islegim näme!?Seň bilen çaga edinip, süýji durmuşda ýaşamak islegi näme? - diýip gaharlananynda EA-nyň depesindäki, gyzyl ýeke göz-çyrasy has hem beter ýiteldi. Gaharyna Meýlisiň öňüne uly telewizory, muzukalny sentri, kompýuteri zyňyp:
- Hany bol, şulara ynsan bolmagy, seň bilen bile bolmagy, ruh talap etmegi buýr. Şular edermi? Bu aýdym aýdar, bu peredaça görkezer, bu progromirlener. A men!? Men adam boljak bolup, saňa ýetjek bolup dyrjaşýaryn, düşün. - diýip EA Meýlisiň inniki herekedine garaşdy. Meýlis EA-nyň güýji barada ýalňyşmandyr. Ol zyňylan kompýuteri götermek üçin 2 oglan, muzukalny sentri götermek üçin 4 oglan, şeýle uly telewizory götermek üçin bolsa 6 oglan gerek bolardy. Emma EA olary edil boş-karobka ýaly pyrlap göýberdi. EA-nyň kantroldan çykanyna anyk göz-ýetiren Meýlis, hiç bolmajagyny bilip:
- EA. Bolýa, saňa düşündim. Seň diýenleriň bilen boljak bolaryn. Sen dogry aýdýaň! - diýip köşeşdi. EA hem haýallady. Meýlis ýene:
- A birden bolmasa näme!? Birden men seni ýitirsem näme!?
+ Hemmezat gowy bolar Meýlisim. Men testden geçirip gördüm. Hemmezat ugruna. Sen darykma. - diýip mylaýym gürledi. Meýlis EA golaýlaşyp, gujaklap:
- Bagşla, men biderek gaharlandym. Men seni gowy görýän. Bagşla! - diýip EA-ny gujaklap, arkasyndan sypalap birden şol knopka basyp EA-ny doly öçürdi...


13-nji bölümiň soňy.



Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir