Türkmeni adam etjek bolanlañ hemmesi ýanyp bişip geçendir. Men neneñ olaryñ agysyny aglamaýyn? Togrul Beg, Çagry Beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Magtymguly... ýaly läheñleriñ ýanynda men kim? Men ýöne bir san,belki-de bir gury san. Ýöne men bir topar nadanyñ öz gecmişine neneñsi ýamanlyk hyjuwy bilen düw düw topulyşyny gördüm. Gözlerim görmeze ýolugan bolsa mundan gowy bolardy! Özüni goramaga ukyply milletiñ içinden beýle adamlar çykarmy eýsem? Bu halk özüne Tañrynyñ beren baýlygna-da eýe çykyp biljege meñzänak. Munuñ iñ uly betbagtlygy biri-birine ynanmazlygydyr. Göçmeligne janyñy ýakjakmy ýa hepbesiz zeýreñjeñligne? Gepletseñ arly namyslydyr. Emma bu diñe indiwid derejedäki zat. Şahsyýet ýa millet derejesinde däl! Bir söz üçin biri biriniñ damagny çaljakdandyr. Emma,birigip milletiñ ar namsyny goramaly diýilse duran ýeridir. Türkmene il deñine ýet diýme,kölegede erteki otaryp ýat diý. Türkmen akmagyna han diýer. Akyllysyny akmaksyradar, danasynyñ çetine deger,äsgermez,aýdan zadynyñ dûýbüne ýetip bilmän,garşysyndan tutar. Munuň kimin millet ýokdur. Käşgä munuñ üçin janyñy ýakanyña degmesedi - diýip "Ak Welsapar - Mülli tahyryñ Hudaýlydy"-atly romanynda ýazýar!

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir