ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: KURAN ÝER ŞARYNY DÜZ (GÖNI) MANYDA TESWIRLEÝÄR!!!

Ateistleriñ ýene bir düşünmeýän zatlarynyñ biri bar. Ol hem ''Yslamyñ mukaddes kitaby bolan Kuranda Dünýä düz hökmünde teswir edilýär'' diýilýär. Aýatda ''ýaýyp/giñeltdik'' diýýär. Owwal, diñe düz zat giñeldilmeýär. Munuñ edil ''düzlükdigini'' aýtmak şol manyda däl.
Aýatda ''ýaýyp/ giñeltmegi'' (Dewahnaha-Besatnaha'' sözi bilen düşündirilýär. Geliñ Kurany okanymyzda onuñ terjimelerine däl-de sözlüklerde her hili manylary añladýandygyna düşünmäge synanyşalyñ.
Ýogsam her bir aýdylan sözi göni teswirleýjiñ gönüden-göni terjimelerinden peýdalanýan Allaha ynanmaýan we başga dinli ildeşlerimiz ýalñyşyp bilýärler.
Şol teswirleri okan her bir gaýry dinli ''Yslamdaky musulmanlar gadymy ilkidurmuş döwürleriñ düşünjesinde, ýagny; Ýer tekiz, onuñ aşagynda öküz bar, öküzüñ aşagynda deñizde ýüzüp ýören balyk bar'' diýen ýaly düşünjede gezip ýörler diýip ýañsylamaklary mümkin!?
Aslynda Yslam Ýer togalagyny tekiz diýip göni manyda urgulap aýdýar. Emma ol sözüñ arapça manylary hakynda köp kişi üns bermeýär.
Arapça ''Dewahna'' düýe guşuñ ýumurtgasy diýmekdir.
''Besatna'' - ýaýmak, giñeltmek diýmekdir. ''Düýe guşuñ ýumurtgasy, Ýer şarynyñ şeklindedir. Ýagny ''Ýer şar tekiz bolsa, düýe guşynyñ ýumurtgasy hem tekizdir.
Eger süräniñ aýatyny şeýleräk görnüşde jogaplasak bolmazmyka?
''Ýeri(ñ şekilini düýe guşuñ ýumurtgasy deý) tekiz edip ýaýyp giñeltdik''.


https://www.islamiforumlar.net

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir