GARA ŞAL

Aklymdan azaşan deý bakýan men gara şala,
Buz ýaly sowan kalbym çekýär köp ahy-nala.

O mahallar ýaşdym men, kelläm göçüp gezýärdim,
Ýaşajyk grek gyzyny ölüp-öçüp söýýärdim.

Ol ajaýyp näzenin çoýýardy mähri bile,
Ýöne sähel salymdan düşdük biz gara güne.

Şat myhmanlarym bilen meýlis gurýarkam bir gün,
Gapymy kakyp, öýe geldi bir jöhit ㅡ melgun.

Pyşyrdady: ''Dostlar bilen edÿärkäñ zowky-sapa,
Grek gyzy özge birin söýüp, boldy biwepa''.

Menem ony näletläp, berdim bar altyn pulum,
Öz ýanyma çagyrdym derrew wepadar gulum.

Soñ çykdyk-da, tiz eñdik ýyndam ata atlanyp,
Barýan gahar-gazaply, derdimi içe salyp.

Grek gyzyñ gapysyndan ýañy ätlän badyma,
Gözlerim garañkyrap, zat düşmedi ýadyma.

Gyzyñ ýatýan jaýyna gazaply girdim weli,
Ýatyrdy gyz ýanynda ony öpýän ermeni.

Unutdym men dünýämi, gyljymy işe saldym,
Öpüşmesin goýmanka, deýýusyñ başyn aldym.

Başsyz galan göwräni depgiledim ep-esli,
Gyza sessiz seretdim, ýüzüm ýuwlan ak esgi.

Özelenip ýalbarşy hem akan gan ýadymda,
Heläk boldy grek gyzy, yşk galmady janymda.

Ölen gyzyñ serinden sypyrdym gara şalyn,
Şol ýaglyga süpürdim gyljymda galan ganyn.

Agşamyñ garañkysy ýüzün bürände ýeriñ,
Gulum Dunaýa zyñdy olaryñ jesetlerin.

Şondan bäri öpmeýän şol ajaýyp gözleri,
Unutdym şagalañly gijäni-gündizleri.

Aklymdan azaşan deý bakamda gara şala,
Buz ýaly sowan kalbym çekýär köp ahy-nala.

Aleksandr PUŞKIN.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.


http://www.kitapcy.ga/news/gara_sal/2020-03-22-10958

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir