Eñegine tüý çykan ýetginjek oglan,
Gartaşan atasyn gysaja gysyp.
Onuñ mekirligin, yalançylygyñ,
Il-günden gizlemän yüzüne basyp.

Käbir adamlaryñ aýdyşlaryça,
„Anryk gecip geçilmeli serhetden''.
Atanyñ hem hormatyny gaçyrdy,
Özüni hem mahrum etdi hormatdan.

Eñegine tüý çykan ýene bir oglan,
Gartaşan atanyñ göwnüni gözläp.
Onuñ mekirligin, ýalançylygyñ,
Özüne-de aýtman, ildenem gizläp.

Käbir adamlaryñ aydyşlaryça,
„Añryk geçmän geçilmeli serhetden".
Atanyñ hem hormatyny saklady,
Özüni hem gaçyrmady hormatdan...

Kerim Gurbannepesow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir